23:18 Mumyýanyñ perýady | |
MUMYÝANYÑ PERÝADY Günorta Amerikanyñ Amazonka derýasynyñ kenarýaka sebitlerinde ybadathana we guburhana deregine ulanylan gizlin ýerasty gowakda tapylan 600 ýyllyk mumyýalanan jeset uly seslenme döretdi. Mumyýalanan aýal jesediniñ norwegiýaly suratkeş Edwars Mançyñ meşhur "Perýat" suratyny ýatladýan şekilde gorkudan we azapdan ýaña ellerini ýüzüne tutup, ýüzüni dyrnaçaklaýan ýaly ýagdaýda tapylmagy görenleri haýrana goýdy. ■ Mumyýa Barlagçylar aýalyñ bu bolşy onuñ ölüm gorkusuny nähili başdan geçirendiginiñ aýdyñ subutnamasydyr diýdiler. "Çaçapoýalar" ("Bulut adamlary") taýpasyna degişli bu mumyýalanan jesediñ ýatan gowagy bir obaly daýhan tarapyndan tapyldy. Alymlar gowakda 600 ýyllap üýtgemän saklanan mumyýalar bilen birlikde seramiki, ýüpek we diwar suratlaryny-da tapdylar. Çaçapoýalar uzyn boýly, saryýagyz we ak tenli bolandygy üçin käbir alymlar olaryñ Ýewropadan gelendigini çaklaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |