Главная »
2019 » Mart » 28 » Näme üçin kompýuteriñ klawiaturasy elipbiý tertibine görä düzülmedik?
16:02 Näme üçin kompýuteriñ klawiaturasy elipbiý tertibine görä düzülmedik? |
NÄME ÜÇIN KOMPÝUTERIÑ KLAWIATURASY ELIPBIÝ TERTIBINE GÖRÄ DÜZÜLMEDIK?
Häzirki wagtda dünýäde QWERTY klawiaturalary giňden ulanylýar. Bu klawiaturadaky harplaryň ýerleşişi ýazuw maşynkasynyň oýlanyp tapylanyndan bäri o diýen üýtgemedi. Ýazuw maşynyny oýlap tapan Kristofer Letem Şoulz 1867-nji ýylda ýazuw maşynkasynyň patentini alýar. Emma bu enjamda tehniki näsazlyk ýüze çykýar. Bu enjamdaky harplar çalt-çaltdan basylan-da, harplaryň ýaýlary gysylýan eken. Şoulz bu meseläni çözmek üçin harplaryň iňlis dilinde haýsy harpyň näderejede ulanylýandygyna görä üýtgedýär. Şeýlelikde, başlangyjynda «Q» harpy duranlygy sebäpli «Q» klawiatura diýilýän harp tertibi döreýär. 1874-nji ýylda onuň önümçilik hukuklaryny satyn alan «E. Remington & Sons» şereketi hem şol harp tertibini saklaýar. Şeýle hem ýazuw maşynynyň iňlisçesi «Type Writer» sözüni emele getirýän ähli harp klawiaturanyň ýokarky setirine ýerleşdirilipdir. Munuň sebäbi şol döwür täze oýlanyp tapylan enjamyň adyny aňsatlyk bilen kagyza ýazyp, ony mahabatlandyrmak aňsat bolupdyr.
Soňky ýyllarda has aňsat ýazmak üçin başgaça tertipli klawiaturalar hem teklip edilipdir. Mysal üçin, Waşington uniwersitetiniň professory Awgust Dworak 1932-nji ýylda iňlis dilinde has köp ulanylýan harplary ortaky setire ýerleşdirilen tertibi teklip edipdir. Emma «Q» klawiatura öwrenişilensoň, öňki düzgün dowam etdirilipdir. Bulardan başga-da, türk dili üçin «F», fransuz we beýleki käbir diller üçin has amatly bolan «A» klawiaturasy hem bar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
|
Категория: Geň-taňsy wakalar |
Просмотров: 606 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 5.0/2 |
Awtoryň başga makalalary
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary