11:07 "Napoleon" / hekaýa | |
«NAPOLEON»
Hekaýalar
1. Mämmet işden müň küýüniň birine ymykly örklenip, aýaly bilen nähili gürleşmelidigini, näme etmelidigini kemsiz bişirip geldi. Sadap işden gelen adamsynyň ýüzüne seredenden onuň bir aladajygynyň bardygyny derrew aňdy. Heý, Sadap aňmazmy?! – Näme habar, Mämmet! Mämmet soragyň jogabyny bilgeşleýin garaşdyrdy: – Bu işimden iş bolmaz meniň, Sadap. Ýadaýan. Men bu dünýä bütin ömrümi ylgap geçmek üçin gelen däldirin-ä?! – Öňki pikiri boýunça Mämmet şu ýerde uludan demini almalydy. Ýadyndan çykaran bolarly, ol howlukmaç gürledi: – Ýokary galaýmasam – aňsadrak işe geçäýmesem, hiç boljak däl. – Ýokary? Ýokary wezipede işleýänleriňki aňsatdyr öýdýäňmi? – Elbetde, aňsat! Onuň üstesine-de, ýokary wezipe durşuna pul, sylag-hormat. – Eger ýokary wezipede oturmak şeýle elpe-şelpelik bolsa, seniň öňüne kim böwet goýdy? Şu ýerde gürrüňi nagt etmeli. Mämmet hem öňki pikir edişi ýaly, pert jogap berdi: – Sen! – Kim? Menmi? – Mämmediň pikiri boýunça Sadap ör-gökden gelmelidi. Sadap ör-gökden geldi. Mämmet arkaýynlaşdy. Sebäbi ol eýýäm esasy aýtmaly sözüni aýdypdy. Indi «tamdyr» ýagşyja gyzansoň, «çöregiňi» ýapaýmaly. «Çöreg-ä» bişer, Mämmedem maksadyna ýeter. – Hany, aýt, haçan? – Hökmanmy aýtmak? Özüň bilýänsiň-le. Onsoňam men ýadap geldim. Şu gürrüňi goýaly. – Goýmarys, ýoldaş Mämmet. Bu gürrüňi goýup bolmaz indi, ýoldaş är. Hut häzir aýdarsyň meniň saňa böwet bolan ýerimi. Men mydama seniň hyzmatyňda. Soňundanam eşidýänim şumy? Tamdyr – Sadap gyzyp ugrady. Indi aýdybermeli. Mämmet aýtdy: – «Sylap Atajanowiçlere gideli» diýsem göwnäňok. – Hä-ä... – Sadabyň towy biraz ýatyşdy. – Gör, sen näme diýjek bolan ekeniň?! Meniň üçin Sylap Atajanowiç boldy, Mirap Atajanowiç boldy, tapawudy ýok, ýöne ikimiz bu barada düşünişipdik. Men: «Seniň bilen gaýdyp dagy-duwara myhmançylyga gitmerin!» diýipdim. Onda-da ýolbaşçy adamyň öýüne. Ýadyňdamy şol? – Ýadymda. – Ýadyňda bolsa, näme üçin köne gürrüňi gaýtalaýaň? Seniň dört tarapyň açyk. Islän adamyňka myhmançylyga git. Naçalnigiňkä däl, eger isleseň, ministriňkä git. Men saňa böwet bolmaryn. Ýasy ýanyň müň gezek ýerde bolsun! – Wah, men ýeke gitjek-le, ýöne Sylap Atajanowiçlere barsam, aýaly Gözel derrew: «Hany, Sadap jany getirmediňmi?» diýip soraýar. Soňky gezek baranymda Gözel: «Indi Sadapsyz gelme» diýdi. Men munuň degişmedigini bilýärin. Ýöne her bir degişmäniň aňyrysynda depe ýaly bolup hakykat ýatýandygyny aýdanyňy unutdyňmy? – Meniň ugumy ýekelejek bolma. Maňa hiç zat diýme, öňki beren azarlaryň ýeterlik. Seniň bilen myhmançylyga gitmek iňňäniň üstünde oturandanam müň esse kyn. Soňundan iňirdiň bizar edýär meni. «Pylan sözi aýtmaly däldiň, gerekmejek ýerde güldüň, gülmeli däldiň, ýüzüňi gamaşdyryp oturdyň, beýtmeli däldiň, Sylap Atajanowiç seniň gaýşarylyp oturşyňy halamady, sen şonda kolhozçy ýaly oturdyň, ýygnanybrak oturmalydyň» diýen ýaly tükeniksiz iňirdileriňi indi hiç eşidesim gelenok. Men ýasama bolup bilemok. Ýok, bolup bilýän, men ýasama bolmakdan ýadadym. Bir söz bilen aýtsam, «Mämmet nähili görerkä, çemçä nä wagt el uzatsamkam» diýip gara güne galmakdan ýadadym. Myhmançylykda ýalandan gülüp, ýalandan gepläp oturanymdan, öýümde ýazylyp-ýaýrap, hiç zadyň aladasyny etmän oturjak. Erkekler bilen aýallaryň göwni ýer bilen gök ýaly tapawutly. Ah, aýallar! Äri bir zat diýdigi, uzak oýlanmazdan garşysyna çykar. Bu endik türkmen aýallarynda beýik Oktýabr sosisalistik rewolýusiýasy ýeňip üstün çykandan soň, Sowet häkimiýeti: «Aýallar erkek kişiler bilen deňhukukly» diýenden soň döredi. Garşyňa çykandan soň, käşgä, sözlerinde uzak dursalar! Aýalyň göwni gar ýaly. Gar gün göründigi ereýän bolsa, aýalyň göwni hem sähelçe ýyly söze ereýär. Ärleriniň kösenişlerine mydama dözüp bilenoklar. Bu Mämmediň pelsepesi. Ol aýalynyň: «Seniň bilen myhmançylyga gitjek däl» diýmegine geňirgenip, gaharlanyp duranok. Maksadyna ýetjekdigine ynanýar. Şonuň üçin judabir howlukmaýar. «Sakawyň hem aýalyň soňuna seret – diýip, ol öz ýanyndan pelsepe otarýar. – Aýalynyň, başlygynyň göwnüni tapyp, olary külbikesinde pyrlandyryp bilmeýänden erkegem bolmaz». Mämmet özüni diwana goýberdi: – Öwh! Endam-janym owum-döwüm bolupdyr. Bir gün maýrylyp galaryn men! Iň owusy, bu işiň peýdasyndan geçeýin. – Öýde ýatyberjekmi? – Ýok, öýde ýatjak däl. Çöle gitjek. Çopan boljak. Goý, bir aý horlanaýyn. Soňkusy aý smenimde dynç alaryn. Haýsy aýal adamsynyň bir aýlap öýünden gitmegini isleýär?! Bir aýy däl, bir güni aýt! Bir güni! Adamsynyň gelerine intizar bolup oturmak aňsatmy? Aňsat däl. Bir aýyň on ýyla döner. Ömür bolsa, maşynlar ýaly, wazlaşyp geçip barýar. Bu gün on ýedi ýaşyňa guwansaň, ertir görseň, kyrky sermeläp ýörensiň. Aýtmaklaryna görä, kyrkdan soň «pyrk» bolmaly. Şonuň üçin hem gowy ýaşamaga çalyşmaly. Gowy ýaşamagam myhmançylyga gidip geleniň bilen düzelýän bolsa, näme üçin gitjek däl?! Sadap ýüzüni sallap, gyşaryp ýatan adamsyna haýpygelijilik bilen garady: – «Çopançylyk etjeg-ä» diýme, Mämmet. – Başga gowy iş ýok. – Sylap Atajanowiç öz ýerini bersinmi saňa? – Maňa onuň ýeri gerek däl. Baş inžener edip işe alsa-da ýa özüne orunbasar bellese-de bolup dur. * * * Başlygyň öýüne iki eliňi burnuňa sokup barmak gelşiksiz. Muňa diňe Mämmet däl, Sadabam gowy düşünýär. Biriniňkä baranyňda, onda-da ýolbaşçy adamyňka baranyňda eliň sowgatly bolup, gapyny aýagyň bilen açsaň, gowy bolýar. Çyn, gowy bolýar. Sowgatly gelen adamyň myhman alnyşy hem ap-aýrydyr. Boş barsaň, sen adamlara artykmaç hossasyň. Wah, şuny obadan şäherlileriňkä boş sumkalaryny süýreşip gelýän sadadan sada bir düşündirip bolsady! Mämmet pelsepe otarmasyny goýup, aýalyna ýüzlendi: – Sadap, «Napoleony» alaýsakmyka? – Ol gymmad-a, Mämmet... Her gezek gidenimizde şeýle sowgat äkitjek bolsak, lüt galarys. – Sylap Atajanowiç elten zadymyza görä bolar-da. – Bolaýarmyka? – Soraýaňmy? Döwri bileňokmy? – Bilýän-le. – Sadap ynamly gürledi. Howlukmak bilen boldy. – Men-ä onda konýagyň ýany bilen hiç zadam aljak däl. – Ýeke özüni göterip barsak nähili bolar? Ýolugra magazine baryp, süýji-püýji alaýaly?! Sadap sesini çykarmady. Soňky döwürde köp erkek kişide aýalyndan zeýrenmek nysagy döredi. Aýalyny «Ezraýyl» atlandyryp ýörenem, ýylana meňzedýänem az däl. Aýalyndan gorkmaýan ýok bu zamanda. Ýöne aýalyň ärine, heý, ýamanlygy barmy? Saňa diňe ýagşylyk isleýän, ömrüni saňa bagş edýän adamy näme üçin «Ezraýyl» atlandyrmaly? Mämmet pikirinden göwnühoş halda aýalyna seretdi. Hana, ol iç işikde «Napoleon» konýakly sumkasyny göterip, adamsynyň aňsat iş almagy üçin «söweşe» barýar. Napoleon ýaly ynamly, batyr ol. «Napoleonly» Sadabyň öňünde goşunam, duşmanam, döwem durup bilmez indi. Öňe! * * * – Ynanaý, Gözel jan, seni şeýle bir göresim geldi. Gije düýşüme-de giripsiň. Ak patrak edip, mekge gowurýarsyň. – Çynyňmy, gyz?! – Elbetde. Aklyk alnyňa ýagşy. Barybir, ynjalyp bilmedim. Ýagdaýlaryňyz nähilikä diýdik. Özüňizden baran ýok. Ýadap gelenem bolsa, Mämmede gün bermedim: «Gözeli görüp gaýdaly» diýip. Soň bile gaýdyberdik. – Müň alada, müň dert, gyz. – Sizde dert-alada näme işlesin? Bar-bar bizde bar. Mämmet her gün işden ýadap gelýär. Hiç zat bilenem seri ýok. Her günem şol bir gürrüňi. «Men-ä işden çykjak, Sadap» diýýär. Agyr işde maýrylyp galmasa ne ýagşy. Adamlar düşbi. Seniň her sözüňden giden bir many tapyp, içiňi sakynman okap otyrlar. Sadabyň zeýrenmesine Sylap Atajanowiçem, Gözelem düşündi. Gözel: «Eşidýäňmi, Mämmede kömek etmeli» diýen äheňde adamsyna äňetdi. Adamsy dymdy. Sylap Atajanowiçiň dymmasy Mämmede düşnükli: başlyk köp geplemeli däl. Kimiň elinden iş gelýän bolsa, şol adam köp geplemeýär. Işiňi gepsiz-gürrüňsiz bitirip goýberýär. Kim köp gepleýän bolsa, onuň elinden iş gelmeýän bolmaly. Sylap Atajanowiç Sadabyň sumkasyndan çykaran süýjüsine, birgeňsije «Napoleon» konýagyna çalaja göz aýlady. Çytawun gaşlary birazajyk ýazyldy. Muny Mämmet duýdy. Ol özüni şäherde, ýok, ýok, diňe bu şäherde däl, dünýäde, hawa, hawa, Ýer şarynda iň ökde psiholog hasaplaýar. Şeýle bolansoň iň ökde psiholog garşysynda oturan başlygynyň içki ötlem-ötlem dünýäsini bilmese, okamasa bolmaz ahyryn! – Wah-ýeý, hiç zat getirmeli däl ekeniňiz! – diýip, Gözel dylym-dylym etdi. Çüýşäniň ýüzündäki ýazgyny heçjikläp okamaga başlady. – Gözel jan, bizde iki-üç sanysy bar bolansoň, size-de alyp gaýdyberdik. – Sadap telek aýdaýdymmy diýen terzde, göz astyndan adamsyna garady. Adamsy oňa üns bermedikden boldy. Diýmek, ýalňyşmandyr. Sadap arkaýyn gürledi: – Dogrusyny dogry aýtmaly, biziň-ä sizden başga ýakynymyz ýok bu şäherde. Gatnaşygymyz galmasyn. Mämmed-ä: «Hemme zadymyzy taşlap, oba gideli» diýýär. Menem: «Gözel meniň çagalykdan iň ýakyn joram. Olary taşlap hiç ýerigem gitmäli» diýýärin. Hiç ýerde-de taýýar aş ýok. Hemmesini özüň taýýarlamaly. – Adamsy bilen nazary kaklyşdy. Düşnükli, bir söz nähak aýdylan bolmaly. Ýogsam Mämmet seretmezdi. Sadap hyrçyny dişledi. Oňaýsyz ýagdaýdan çykalga gözledi. Gowy pursat boldy: Gözel çaý getirmek üçin aşhana gitdi. Sadap kömekleşmek bahanasy bilen onuň yzyna düşdi. Mämmet başlygy bilen ikiçäk galdy. Ümsüm oturmany gelşiksiz gördümi ýa Sadabyň hälki sözleri täsir etdimi, Sylap Atajanowiç çepiksi göwresini gozgady: – Prorablygy kiçi görýäň-ow? Mämmet başlygynyň soragynda kine duýdy: – Aý, oňuşmazça-da däl. – Mämmet aýtjak sözlerini aňynda üç gezek gaýtalady: – Dogrusyny aýtsam-a, aňsadam däl. Her obýektim bir ýerde. Olaryň arasynda gatnabam günümi geçirýän. Onsoňam, bir kärde uzak işläberseňem ýüregiňe düşer eken. Saçak ýazyldy. Çaý-nahar getirildi. Ýöne, aýallaryň teklibi boýunça, haýbatly, haşamly «Napoleon» açylmady. – Aýallar höküwmetiň propagandistleri – diýip, Mämmet ýylgyrdy. – Olar mydama içgä garşy... Mämmet konýagyň içilmän galdyrylmagyny öz ýanyndan makullady. Sebäbi onuň açylmazlygyny Sylap Atajanowiçiň isleýändigini aňdy. Belki, olam muny ulurak başlygyň öýüne äkitjekdir? Dünýäniň gurluşy şeýle! Goý, eltsin. Islese, döwsün. Ol öz işi. Esasy zat – «Napoleon» öz işini bitirse bolany. Indi myhmançylykda, köne döwürdäki ýaly, daňdana çenli oturýan adam ýok. Aýdylmaly gürrüň aýdylansoň, gaýtmak bilen bolunýar. Mämmediň hem uzak oturasy gelmedi. Sebäbi iş gerekdigi eýýäm aýdyldy. Myhmanlar köwüşlerini geýensoň, Sylap Atajanowiç bellibir adamyň adyny tutman iş baradaky gürrüňi jemledi: – Baş inženerimi sulhum alanok. Şony işden çywkararmykam diýýän... Mämmet baş atdy. Bu başlygyň näme diýdigi? «Şol ýere seni alaryn» diýdigimi? Baş inžener bilen başlygyň arasyna nähili tow düşdükä? Özi aýdaýmasa başlykdan sorap bolmaz-a! Mämmedem soramady. Durmuşda şeýlebir köp, şeýlebir köp ýalandan gülmeli, ýylgyrmaly bolýar. Hakyky gülki bilen ýasama gülkini terezä salsaň, çyn gülkiniň ýalan gülküden ýeňil geläýmegi gaty mümkin. Wah, şol gülküler hiç bolmanda deňeçerräk bolsady! Bu gezegem adat bolup gidişi ýaly, ýalan ýylgyrma, ýalan gadyr bilen hoşlaşdylar, gatnaşyp durmalydygy öwran-öwran gaýtaladylar. Saglyk arzuw edildi. Mämmet myhmançylygyň, eltilen «Napoleon» konýagynyň özüne peýda edendigine – wezipesini biraz beýgeltjekdigine ynandy. Aýalynyň bizde «Napoleon» konýagynyň iki-üç sanysy bar diýmesini ýatlady. Sylap Atajanowiçiň göwnüne, gör, nämeler gelendir?! «Şeýle gymmat bahaly içgi öýlerinde kän bolsa, Mämmet adamlardan para alýandyr» diýendir. «Öz aýlygy beýle elpe-şelpelige ýetmez» diýendir. «Biriniň işini bitirip konýak alandyr» diýendir. «Şeýle gowy ýaşabam gününden zeýrenýär. Adama baýlykdan doýma ýok, köpden-köpi gerek» diýendir. Şonuň üçinem Sylap Atajanowiç bu gün gije ýatman oýlanar. Menden gorkar, baş inženerlik meseläni hem goýbolsun eder. Assyrynlyk bilen meniň işimi barlamaga başlar. Soňam «Düşewündiňden maňa bary-ýogy ýetýäni bir çüýşe konýakmy?» diýibem azgyrylar. Bar zat bulaşar. Haý, Sadap oňarmady. Ýalan sözlemeli däldi. Bizde iki-üç sany konýak ýok ahyryn! – Oňarmadyň, Sadap, oňarmadyň... – diýip, Mämmet hyrçyny dişledi. – Nämäni? – «Bizde konýak kän» diýeniňde Sylap Atajanowiç nähili geňirgenendigini aňdyňmy? – Ýok. – Men aňdym. Ol «Konýaklary kimden para aldyň?» diýen manyda ýüzüme alaryldy. Men «Aýalym ýalan sözleýär» diýeýinmi? – Diýäýmeli ekeniň. – Diýsemem ynanmajagyny bilýän. Sen: «Bizde hiç zat ýok, juda garyp ýaşaýas. Şonda-da siz ýaly hormatly adamňka boş gelmäli diýdik. Size şuny sowgat getirdik» diýmelidiň. Sen bolsa aldygyna jypdyrdyň. «Sizi görmesek günümiz geçenok» diýdiň. Ýalan sözleýändigiň duýlup dur. Heý, beýdibem biriniň uguny ýekelemek bolarmy? Adam hemişe mertebesini saklajak bolmaly. Dogrymy aýtsam, Gözele kömekleşmäňi hem halamadym. Beýdip ýaranjaňlyk etseň, olar seni aýagasty saýarlar. Ýa men nädogry aýdýanmy?.. * * * Mämmet aýalynyň bu gezegem ur-tut garşy çykmasyny geňläp durmady. Garşy çykmasa geňlejekdi. Mämmet: – Sadap, dargursaklygyň zyýanlydygyny bilýäňmi? – diýip, ýylgyran boldy. Aýalynyň biraz köşeşerine garaşdy. – Gel, şu gürrüňi goýaly. Men saňa börek bişirip bereýin. Mämmediň bu gürrüňi goýup bilmejegi çyn: – Sylap Atajanowiçiň başyna iş düşdi. Şunuň ýaly wagt oňa sähelçe bolsa-da teselli bermek biziň borjumyz. – Ol biziň tesellimize mätäç däl. Onuň dag ýaly arkasy bar. Bir çykalgajyk tapar, gününi görer. – Sen onuň ýagdaýyna düşünmek isläňok. Ine, meniň janymyň ýanýan ýeri. Onuň göwnüne häzir dünýä gapyşan ýalydyr. Bize eden kömekleri üçin oňa hoşamaýlyk etmek, göwünlik bermek bize parz. Onsoňam ýene bir zat bar. Maňa onuň kömegi gerek. – Ol saňa ýene kömek etmelimi? «Prorablyk kiçi wezipe, gerek däl» diýdiň. Ol seni baş inžener edip belledi. Soň ol seni özüňe orunbasar belledi... – Düşün, Sadap, ony wezipesinden çykarjak bolýarlar. – Wezipesi gerekmi? – Hökmanam däl. Ýöne ol işden gidende menden närazy bolup gitmesin. Düşünýäňmi sen maňa? Meni erbetlikde ýatlamasyn. Ol wezipesinden kowuljak eken diýip, adamkärçiligi elden bermek bolmaz-a, Sadap!.. * * * Gapyny öý eýesi däl-de, öý bikesi açdy. Boýdaşy bilen gujaklaşyp görüşdi: – Geleniňiz gowy bolaýdy – diýip, Gözel myhmanlara oturara ýer görkezdi. – Sylabyňam keýpi ýok bu günler. Otyr sortduryp. Men-ä: «Hiç zady gaýgy etme» diýýän. – Saglyk bolsa, galan zadyň bir alajy tapylar-la – diýip, Sadap sypaýyçylygy elden bermedi – Köpden bäri geleňok sen-ä, Sadap. Her gezek Mämmet gelende «Sadap janam alyp gel» diýýän. Olaryň ikisi-hä ümmüldeşip oturmaly, menem bir gyrada içimi hümledip oturmaly. – Özüňizem baraýmaly ahyryn. O gezek Mämmet: «Sylap Atajanowiç dagyny çagyrdym» diýdi. Uly tutum bilen garaşdyk, Goňşularymyzy kömekleşdirip her hili tagamlar taýýarladyk. Kän garaşdyk. Barmadyňyz. – Garaşandygyňyzy bilýän-le. Ýöne o gezek Sylap öýe juda giç geldi. Menem käýindim. Sylabam ap-arkaýyn. «Ýadymdan çykarypdyryn» diýýär. Gaharym geldi. – Huş galmandyr – diýip, Sylap Atajanowiç müýnli ýygryldy. – Zyýany ýok-la – diýip, Mämmet başlygy bilen erke salamlaşdy. – Biz-ä sizden razy, Gözel. Mämmedi Sylap Atajanowiç ösdürdi... – Goýsana, gyz. – Gözel çalaja gyzardy. – Mämmet başarjaň kadr. – Sylap Atajanowiçiň sözi guraksy çykdy. Ýöne bu sözi eşitmek Mämmede-de, Sadaba-da hoş ýakdy... * * * Adamsy bilen egin diňläp barýan Sadap şelaýyn ýylgyrdy: – Aýdyber-ä, Mämmet. – Nämäni aýdaýyn? – Bileňokmy? – Nämäni? – Her gezek Gözellerden çykyp şu deňe ýetenimizde iňirdäp başlaýardyň ahyryn. Mämmet hezil edip güldi: – Diýýäniň näme seniň? Heý, saňa-da iňirdäp bolarmy, Sadap jan? 2. – Sadap jan, biz-ä geläýendiris. – Daş işikde Gözel ýylgyrjaklap dur. – Geliberiň, geliberiň, näme çekinişip dursuňyz? – Mämmet Ballyýewiç öýdemi? – diýip, Sylap çekinjeňlik bilen sorady. – Öýde, öýde. Mämmet Ballyýewiç agraslyk bilen içki otagdan çykdy. Sylap bilen gaşlaryny çytyp salamlaşdy. – Mämmet Ballyýewiç, öýde ekeniňiz. Nämedir bir zadymyz ýetmeýän ýaly boldy durdy. Ahyr bildik näme ýetmeýändigini. Sizi göresimiz gelen eken. Mämmet Ballyýewiç Sylabyň sözlerine onçakly pitiwa etmese-de, baş atdy. – Her gün Sylap işden ýadap gelýär. Her günem şol bir gürrüňi: «Men-ä prorablykdan çykyp, çöle işe gitjek» diýýär. Menem oňa: «Ýüregiňi eliňe alyberme. Hemme zadyň bir alajy bolar» diýýän. – Gözel sumkasyndan kagyza dolangy «Napoleon» konýagyny çykardy. Sadap haýbatly, haşamly çüýşä elini uzatdy. ...«Napoleon» ýene açylmady. 1989 ý. Osman ÖDE. | |
|
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |