23:56 Nostalgiýa göknary | |
NOSTALGIÝA GÖKNARY
Publisistika
Baryp-ha 1450-1850-nji ýyllar aralygynda şweýsariýaly hakyna tutma esgerler giñden meşhur bolupdyr. Şweýsar oba-kentlerinden toplanyp, urşujy edip ýetişdirilýän ýaş ýigitler ilki Fransiýadyr Ispaniýada we beýleki Ýewropa ýurtlarynda kireýne gulluk edipdirler... Wagtyñ geçmegi bilen şweýsariýaly esgerleriñ saglygynda meseleler ýüze çykyp başlaýar. Näsaglan esgerlerde özüñden gitme, gyzgynlyk, sabyr-takatsyzlyk, aşgazan agyrysy ýaly alamatlar bardy... Sebäbi anyklanmadyk bu hassalyga "şweýsar keseli" diýip at goýuldy. Gutarnykly diagnozy 1688-nji ýylda Bazelde Ýohannes Hofer goýdy: Esgerler hususanam zol-zol gulaklaryna ilýän çyrlawugyñ sesinden tebil tapýardylar. Diñe bulam däl: meselem, şweýsariýaly esgerler “Kuhreihen” atly ýerli halk aýdymlaryny aýdanlarynda-da ruhy taýdan sarsgyna uçraýardylar! Näsaglyga sebäp bolýan zada “Schweizerheimweh” diýildi, ýagny - "şweýsar watan telwasy!" Şweýsariýanyñ Alp daglarynyñ eteklerindäki sonarlyklarda çyrlawuk sesleridir halk aýdymlary bilen ulalan esgerler dogduk depelerinden uzaklarda muña meñzeş sesleri eşdenlerinde psihologik taýdan täsirlenmä düşýärdiler… Netijede, bu ruhy kesele ýörite at goýuldy: Nostalgiýa... Nostalgiýa - (nostalgia), latyn dilinde “nostos”, (öýe-dogduk depä dolanma ýaly manyda), “algia” - (zar, hasrat, telwas, küýseg ýaly manylarda) sözleriniñ birikmeginden emele geldi... Hawa, nostalgiýa sözi adamzat leksikonyna - medisina terminologiýasyna psihiki näsaglygyñ bir görnüşi bolup girdi. Nostalgiýanyñ biziñ dilimize geçen manysy bolsa - geçmişde galan gözelliklere bolan küýseg duýgusy we bu duýgynyñ basalykly ýagdaýa öwrülmegi, geçmişsöýüjiligi añladýar... Žan-Žak Russo 1767-nji ýylda ýazan “Dictionnaire de Musique” ("Saz sözlügi") kitabynda şweýsariýaly hakyna tutma esgerlere halk aýdymlaryny aýtmazlyklary üçin olara berk temmi çärelerini ulanyp, gözleriniñ odunyñ alynandygyny ýazdy... Sözüme şunuñ ýaly bir mysal bilen başlamagymyñ bir sebäbi bar, gürrüñsiz. ■ HASSALYKLY ÝARAG Nostalgiýa esasanam ýakymsyz duýgularyñ döremegi bilen hasam örç alýar… Nostalgiýa özüñe erk edip bilmezlik duýgularyndan gelip çykýar... Nostalgiýa - hakykatlardan gaçmagy üpjün edýän goranyş mehanizmidir... Nostalgiýa - agyr-stresli wagtlaryñ gözlenýän zadydyr... Nostalgiýa - arkasyna kynçylyklar hopba bolan adamyñ men-menlik duýgusyny we durmuşdaky agramyny artdyrmagyñ hemaýatçysydyr... Adam kynçylyklara garşy göreşmek, ruhy ahwalyny gowulandyrmak üçin nostalgiýanyñ syýyndan ýapyşýar (Nostalgiýa aýdymlary has köp diñleýär, nostalgiýa kitaplary has köp okaýar, nostalgiýa kinofilmlere has köp tomaşa edýär). Geçmişde, taryhyñ dürli döwürlerinde bolup geçen, şahslaryñ öz başyndan geçirmedik, emma gürrüñ berilýän zatlardan eşiden wakalary näme üçin enaýylap ýatlaýandyklary, näme üçin şol döwürlere degişli maglumatlara aýratyn üns berýändikleri psiholog alymlaryñ hemişe diýen ýaly ünsüni çekip geldi... Mysal üçin… professor Kleý Rautlej belli bir maksatlar üçin ideallaşdyrylan-çeperleşdirilen geçmiş pikirine ýüzlenip, nostalgiýanyñ syýasy propoganda serişdesi hökmünde ulanylýandygyny aýtdy... Kleý Rautlej ýurdumyzda her gün diýen ýaly bolup geçýän propoganda-demagogiýa metodyna degip geçýär! Häkimiýet kynçylykly meseleleriñ astyndan çykyp bilmän, nostalgiýany syýasatyn serişdesine öwürdi we häzirem şeýtmegine dowam edýär. Aýdaly, goý "edibersin" diýeliñ! Emma şahslaryñ we gatlaklaryñ düşünjelerine, özüni alyp baryşlaryna täsir etmek üçin has beterini edýär: Nostalgiýasyna "serişde" tapmak üçin taryhy täzeden şekillendirýär, çeper fantaziýa bilen real hakykatyñ arasyndaky çägi hemişe diýen ýaly düşnüksizleşdirmäge jan edýär. Meselem: “Lozan - biabraýçylykdyr” diýmeleri munuñ tipiki mysalydyr… “Soltan Abdylhamyt II - deñsiz-taýsyz patyşady" diýmeleri munuñ tipiki mysalydyr... Sözüñ paroly şu: “Şu günki gün başdan geçirýän meselelerimiziñ düýp çeşmesi - Lozan şertnamasy!” “Osmanly döwleti dowam eden bolsady - häzie dünýä döwleti bolardyk!” AKP garyplykdan, ýetde-gütdelikden, güýçsüzlikden bizar-peteñi çykan argyn halka we krizisleriñ astyndan çykyp bilmeýän öz häkimiýet toparyna “nostalgiýa göknaryny” berýär… ■ MESELÄNI ÇÖZÜP BILENOK Garward unisersitetiniñ professory Swetlana Boým "Nostalgiýanyñ gelejegi" kitabynda şu kesgitlemäni berdi: "XX asyr - gelejege dahylly gurulan utopiýalar bilen başlady, geçmişe dahylly nostalgiýa bilenem tamamlandy!" Gep diñe AKP-de däl... Gep, diñe Türkiýedäki beýleki partiýalarda-da däl... Bütin dünýäde syýasat ýöretme işi teoriýada-da, tejribede-de krizisi başdan geçirýär. Partiýalar neoliberalizmiñ getiren agyr meselelerini çözmekden ejiz gelýär. Täze düşünjäni kemala getirip bilmeýändikleri üçinem nostalgiýany syýasatyñ baş temasyna öwürdiler we öwürmegine dowam edýärler… Hawa, partiýalar ýagty gelejegi berkarar etmäge däl-de, indi diñe “geçmişde nähili bagtly durmuşda ýaşaýardyk” sözlerine gujak açýarlar. Edil Tramp ýaly... Bular ýaly syýasat ýöretme biçüwi bilen gatlaklar real durmuşyñ kynçylyklaryndan "nostalgiýa tirýegi" arkaly daşlaşdyrylýar we mesele başga ýerden gözledilýär. Emma... ýurtlary, jemgyýetleri, adamlary geçmişe sary gaýybana syýahata çykaranyñ bilen şu günki günüñ krizislerini çözmek mümkin däl... AKP ýaly häkimiýetler şuña düşünenok. Galyberse-de nostalgiýa çişirmesi arkaly geçmişi ýalñyş suratlandyrmak gelejekde çözmesi kyn kynçylyklaryñ döremegine sebäp bolýar. Gözüñiz bilen görüp, gulagyñyz bilen eşdip ýörsüñiz: Türkiýe müñ dürli howp-hataryñ astyndan çykyp, hiç aýñalyp gidiberenok. Erdogan "pikir häkimiýetini" beýdib-ä gurup bilmese gerek. Bu kesgitlemäni berenimize, häkimiýet toparlary ýene burnundan demini alarlar! Düýnem şeýledi: Şweýsariýaly hakyna tutma esgerler özlerine “nostalgiýa” kesel kesgitlemesiniñ goýulmagyny ullakan masgaraçylyk, kemsidilme saýardy! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||