00:29 Nury Halmämmet: Dünýä Daýnadan başlanýar | |
DÜNÝÄ DAÝNADAN BAŞLANÝAR
Edebi makalalar
Nury soňky wagtlar tutuşlygy bilen saza çümdi. Onuň ýüz-gözündäki görünmeýän damarjyklaram saz kirşi ýaly tirpilläp başlady. Ol beýnisinde ýaňlanýan saz hazynasyna begene-begene, o sazlary özi diňleý-diňleý heziller edinýär. Bu dünýäni unudyberdi. Nury başyndaky sazlary bu dünýäden has uly, has giň, has möhüm saýyp başlady. Onuň bir adam bilen gepleşip otyrka, birden dymmasyna ýa-da sessiz-üýnsiz, sagbollaşman zym-zyýat bolmasyna köpler düşünmedi. Onuň gijäniň ýarynda ukynyň iň süýji wagty oýanyp, nota depderine bellikler edip oturanyny gören otagdaşlar Nura düşünseler-de bir gün däl, bir gezek däl, ýöne gaýtalanyp duran ahwalatdan irdiler. Nury bolsa biperwaý, parhsyz. Ol diňe sazy bilýär, galan zatlar onuň üçin gaty uzak, gaty daş. Ol bir gün gaty ir oýandy, garaňkyda geýindi-de otagdan çykyp gitdi. Gitdi, emma gapyny ýapmalydygyny unutdy. Sowuk Moskwanyň köçeleri ony biraz özüne getirdi. O salkynlyk, o şemaljyk Nura gaty lezzet berdi. Ylgap-ylgap gidesi geldi. Şeýle bagtly pursatlarda adamlaryň öý howasyna demigip ýatyşlaryna nebsi agyrdy. Ol hiç bir maksatsyz, ýöne bir ýöräp barýanyna begenýär. Birdenem başga bir uly köçä sowulyp gitdi. Ýöredi-ýöredi ýadamady. Bir baksa hemişelerem gelip ýören binasyny gördi – Türkmenistanyň Moskwadaky wekilhana jaýy. Ol Türkmenistandan gelen adamlaryň ýüz-gözünden, sesinden Türkmenistanyň ysyny alasy geldi. Näçe wagt bäri Türkmenistana zar boldy ahyry. Türkmenjikleriň güne gaýzygan, aňňaş-taňňaş ýüzlerini görmegem bagt ahyry. Olaryň gödekleç ellerini iki eliň bilen gysmagyň özi nämä degmeýär?! Nury uly gapyny kakdy. ─Hä-ä ýene kim geldi? Bu gije ýatuw bolmady. Kim? Türkmenistandan Moskwa döküläýdiler-dä. ─Garry aýalyň gapyny açýarka zeýrenji eşidildi. ─ Ýer ýok, ýer ýok. ─Bu men, Nury, Tanýa daýza. ─Tanýa daýzaň ölmedi, bu azaplardanam dynmady. Nury, daňdan näme ygyp ýörsüň? Wah, wah-e-eý, aýajygym! ─Türkmenistandan gelenler bilen salamlaşaýjakdym. ─Hanha, biçäreler, ýer bolmany sebäpli uzak gijäni sowuk mermeriň üstünde geçirdiler. Koridoryň garaňky böwründe haltalaryna, çemodanlaryna arka berip bir-birege ýaplanyşyp, uzak gijäni oýaly-ukuly geçirenleri gördü-de Nury olaryň ýanyna bardy. Bir ýaşuly inçejik, çirkin sesli sözledi. ─A-how, inim, şu aýaly tanaýan bolsaň aýtsana, bir jaýjagaz bersin, biz-ä gawun berdigem weli, etmedi. ─Alarys, agam, alarys. Nury ýylgyrdy, olaryň ýüzlerini görse-görmese, uzan elleri yhlasly gysyp, salamlaşyp başlady. ─Essalawmaleýkim! ─Waleýkimessalam. Inijigim, gurgunjamysyň? Bärlerde okaýamyň-işleýämiň? Nury hem jogap berýärdi, hem elleri gysyp ýördi. Şonda sary ýüzli uzyn ýigit Nurynyň uzadan ellerini iki elläp gysdy-da goýbermedi. ─Agam, ýalňyşmasam siz Nury Halmämmet bolmaly. ─Hawa, men. ─Onda ikimiz garyndaş bolýas. Men Daýnadan geldim. Hälki çirkin sesli sözledi. ─Daýna diýlen ýer nire bolýarka? ─Daýna dünýäň başlanýan ýeri bolýa, agam ─ Nury mylaýym sözläp, beýlekiler bilen elleşip ýaňky ýigidi ýanyna aldy-da bir gyra çykdy. ─ Adyň näme? ─Işanguly. Men Hojagulynyň ogly. Bagşy Atalardan. ─Hä-ä, şeý diýsene. Daýna ýerindemi? ─Nurynyň ýüz-gözi üýtgewsiz bolsa-da, sesi rahat çyksa-da, içinde gowga bary gopup başlady. Ýüz müň soragy birbada aýdasy geldi─ Howalar nähili? Sumbar şu mahal joşýan däldir-le? Diňlideredäki hozlar bamy? Oglanjykkak ogurlap iýerdik. Baýlynyň armydyny bilýänsiň-ä? Ana, şo biziň atamyzyň mellegi-dä. Bäherdene haýsy ýoldan gatnaýarlar? Ýelligaýa owadandyr-a. Sen näçinji ýylda doglan? O-ow, kyrk altyda bizi ýetimhana alyp gaýdypdylar. Nedirguly dagy bilen Bäherdende bolupdyk. Ýaşulylardan kimler galdy? Nury sorag berip ýetişse, garşysyndaky jogabyny berdi. Aralygynda Işanguly hem sorag berdi. ─ Baýly agalara Bäherdene gelip gidýäniňi eşidýäs. Daýna gel ahyry. Dünýä inenje öýňüzem dur. Munça ýyllap Daýnany görmän nädip oňýaň? Nury jogap bermedi. Şol naýynjar, zaryn gözlerini Işangula aýlap, ýene ýere bakdy. Uludan dem aldy. Işanguly beren soragyna ökünip, özüni saýgylap ugrady. Ol Nura göz astyndan utanjaň bakyp goýberdi weli, Nurynyň şeýle nebsiňi agyrdyjy görnüşini duýup, hasam özüne käýindi. Ahyry, Nury ýuwaşja sözledi. ─Ýör, aşak ineli, saňa saz çalyp bereýin. Nury öňden tiz ýöräp, ýerzemindäki sowuk, çygly otaga girdi. Barşyna pianinonyň oturgyjyna çökdü-de gözlerini ýumup, çalyp başlady. Nurynyň öz düzen sazylygyny, özem henize çenli pianinoda eşidilmedik täze sazlygyny Işanguly şobada duýdy. Nury bu dünýäni unudyp, öz dünýäsine syýahata gitdi, örän uzaga gitdi. Ejesi pahyr bilen, doganlary bilen, Sumbar bilen, torraňňylar, serwiler, olaryň şahasynda şemalyň badyna hiňňillik uçýan guşlar bilen duşuşdy. Ol bu gezek ho-ol birmahallar Dänegulyň depesine çykyp, durna seçen pursatyny, durnasynyň asmandan kelemenläp gaýdyşyny gördi. Dogrusy, Nury bu zatlary hakykatda görenem bolsa, munça duýga batmazdy. Sazyny tamamlap, ýerinden turdy. Duýgudan ýaňa gozganybilmän oturan obadaşynyň arkasyny ýumşak sypap goýberdi. ─ Dünýä Daýnadan başlanýar doganjygym! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |