16:17 Nury Halmämmet: “Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm” | |
"GURNANNAZAR ÖLEN BOLSA, MENEM ÖLDÜM"
Edebi makalalar
Nury 1967-nji ýylda birinji simfoniýasyny ýazansoň, dünýäniň saz muşdaklary ol owazlara maýyl bolup ýaşadylar. 1974-nji ýylda saz öwreniji T.M.Wyzgo-Iwanowanyň “Orta Aziýa we Gazagystan kompozitorlarynyň simfoniki döredijiligi” diýen örän çuň mazmunly kitaby “Sowetskiý kompozitor” neşirýatynda çap edilýär we o kitap Nury Halmämmedowyň birinji simfoniýasyna, beýleki eserlerine aýratyn uly baha berýär. Agzalan kitabyň 143-nji sahypasynda: “Döredijilik pikirlenişiniň kuwwatlylygy – Halmämmedowyň örän möhüm üstünlikleriniň biridir” diýilse, 147-nji sahypada Halmämmedowyň birinji simfoniýasy hakda: “Tutuşlygyna alanyňda bu simfoniýa örän talantly eserdir” diýilýär. Soňra bolsa : “Materialy yzygiderli ösdürmegi, ony intonasiýa, faktura, lad taýdan täzelemegi, tembr we garmonika taýdan baýlaşdyrmagy başarmasy ─ Halmämmedowa mahsus sypatlardyr. Onuň simfoniýasy Orta Aziýa we Gazagystan respublikalarynyň kompozitorlarynyň döredijiliginde täze döwrüň başlanýanlygyny aňlatdy” diýip netije çykarylýar. O simfoniýadan soň beýle uly göwrümli eser dünýä inmeýär. Nury kinolara saz ýazmasyny dowam etdirýär. “Aýgytly ädim” kinosyny döredijilere Türkmenistanyň iň uly, iň abraýly baýragy bolan Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berilýär. Emma olaryň arasynda ala-böle Nurynyň adynyň ýoklugy bütin halky haýran edýär. “Aýgytly ädimi” aýdymsyz, sazsyz görüň bakaly, şonda Nurynyň beýikligine has açyk göz ýetirersiňiz. Emma ýokarda oturanlar we olara sözüni diňledip bilenler bu hakykata göz ýumdular. Nurynyň duşmanlary, bäsdeşleri, göripler heşelle kakyp başladylar. Nury bu ýagdaýda özüni nähili alyp barmalydygyny oňat bilýär. Nury özüni o baýrakdan ýokarda tutup gezdi. Göwnibir, gaty sowukganly göründi. “Genilere baýragyň geregi ýok”. Şo günler onuň arkasyndan gizlin, gol çekmän arza baryny goýberdiler. Olar “Nuryny ýeňdik” hasap edýärdiler. Nury: “Jan aga” diýip geler öýdýärdiler. Olar öz garyşlary bilen ölçeýärdiler. Emma diriligine gömülse-de Nurynyň baş egmejegini,ỳaranjaňlyk edip ỳasama ỳylgyrmajagyny bilmeýärdiler. Nury bu dünýäni işläp, iş görkezip, döredip-joşup ýeňmelidigini bireýýämler öwrenipdi. “Gedaýam bolsam, gedemje gedaýdyryn” diýip gezdi. Maddy kynçylyklar ony surnukdyrsa-da, gonorar alanda tygşytlyja sowmany, ak puly gara gün üçin saklamany hiç-hiç öwrenmedi. Moskwada bir ýygnaga üýşen sazandalary, kompozitorlary we ýene-ýeneleri gymmat restorana çagyryp, ähli harjy özi çekdi. Ertesi olar bir-birege bakyşyp: “Bu gün kim türkmen bolarka?” diýişdiler. “Nury doly gapjygy orta taşlaýardy. “Hany, Rejepjan şu gapjyga gurt topulyşyny etsene!” diýerdi”. Bu kompozitor Rejep Rejebowyň ýatlamasyndan. Nury Halmämmet eli açyklygyna begenýänlerdendi, emma özi weli, şol bir kurtkaly, sapy döwlüp, ýerine sim saralan karton çemodanyny süýrär ýörerdi. Onuň ýaşaýşy “Bir gün şa, bir gün geda” diýilýänlerdendi. Nury hiç mahal garyplygy-pukaralygy dert hasaplanlardan däldi. Baýrak berildi-berilmedi-ony hem unutdy goýberdi. Ol Gurbannazar dosty bilen “Görogly” eposynyň daşyna geçýärdi. Şol epos esasynda Gurbannazar opera librettosyny ýazýardy. Nury hem sazyny ýazmakçydy. Nury şo işleri bilen gyzyklanyp döredijilik öỳüne gidipdi. Bir gün otagynda gözüni potologa dikip, beýnisindäki pianinoda Göroglynyň aýdymyny çalyp ýatyrka, telefona çagyrdylar.”Gijäniň bir wagty kim jaň edỳärkä?” Bir ýigit gaty gamgyn sesli gepläp başlady. --Nury Halmämmedowiç, salowmaleỳkim. Size Aşgabatdan jaň edip bilmänsoňlar, maňa bir habar aỳt diỳdiler... Jaň edỳän kişi gepläp bilmän dymdy.Nury:”Alo,alo!” diỳip,sähel gaty gepledi. Yene jogap bolmady. --Alo, men diňleỳän, eşidỳämiň? --Nury Halmämmedowiç, neme... men... bagyşlaň, nädip aỳtjagymy bilmeyän, neme.. Gurbannazar Ezizow atylypdyr. Ertir jaýlajaklar. ─Ýalandyr! – Nury, howa ỳetmänsoň, sag elini bogazyna ỳetirdi. Telefonyň o tarapynda gyk sesleri eşidilip başlady. Nura jaý dar geldi. Ylgap daşary çykdy, ýene öýe girdi. Birine jaň etjek boldy, bolmady. Dodagyny çeýneşdirip, öý içinde eýlä-beýlä ýöredi. Ahyry, öz öỳüne girensoň gözýaşlarynyň çeşmesi açyldy. Nury ýassyga ýüzüni berip, ähli gözýaşlary ýassyga siňirip, edil çaga ýaly horkullap aglady. Uzak aglady. Aglany bähbit boldy. Aglap bilmedik bolsa, ol bomba ýaly partlardy. Ýürek partlardy. Nury ömründe özüne iň ỳakyn gören dostuny, mukaddes hasaplaỳan adamy bolan Gurbannazary ýitirenine hem-de özüniň ömürlik ýalňyz galanyna aglaýardy. Özi ölse, aglajak galmady diýip aglaýardy. Ahyry, gözỳaşlar tükendi. Öỳ içinde aşak bakyp, ikiỳana zowzuldady ỳördi. Daňdanlar surnugyp, ỳykylyp galdy. Ol düỳş gördi: “Gurbannazaryň jesedini egnine alyp, haýdaşyp barýarlar.Olaryň arasynda gözýaş baryny seçeläp, urgudan ýaňa enterekläp, Nury tabyda ýapyşyp barýar. Nuryny görmegiň özi hem uly bir matamça bar. Onuň bolup barşyny görenler iki esse artyk gama batỳarlar. Ol öz-özi bilen gepleşýän ýaly: “Gurbannazarsyz nädip ýaşarkam?!” diýip pyşyrdaỳar. O sesi eşidenler, hat-da doňbagyrlaram gözýaşyny saklap bilmeỳär. Gurbannazaryň meydi gabra salnanda Nury hem gabra girỳär-de Gurbannazaryň meỳdiniň ỳanynda süỳnỳär.“Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm”. Nury ertir oỳananda aýak üstünde dursa-da, ruhy taýdan ölenligini we hiç mahal direlmejegini bilýärdi. Ruhy ölümiň yz ýany bedeniň hem sowap, bir gün doňup galjagyny bilýärdi. Şondan soň onuň üçin bu dünýäniň gymmaty galmady. Her ädimi, her güni, her aýy ony, mazara baka barha ýakynlaşdyryp, üç, iki, bir diýen ýaly, yza sanaw başlady. Halkyň aňynda bolsa Nury, Gurbannazar, Atageldi üçüsi bir eneden dogan ýaly duýgy galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |