15:26 Nury Halmämmet: Keramat başdadyr, o täçde däldir | |
KERAMAT BAŞDADYR, O TÄÇDE DÄLDIR
Edebi makalalar
Obadan gelen, üstesine-de uly şäher görmedik Nura Moskwa ummasyz täsir etdi. Aýratynam, Çaýkowskiỳ konserwatoriýasy, o taýda okadýan, atly-atly mugallymlar Nura mukaddes göründi. Öňler diňe adyny eşidip, sazyny çalyp ýören kompozitorlary gözi bilen görmesi, olardan sapak, tejribe alyp başlamasy Nurynyň köňlüne täze kuwwat berdi. Diri klassyk diýilýän şöhratly Şostakowiçiň girip-çykýan konserwatoriýasynda okaýanlygyna Nury monça boldy. Bu konserwatoriýada öňden bäri okap ýören türkmen oglanlar Nura ýol-yz öwretdiler. Onsoň konserwatoriýanyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýedi oglan bolup bir otagda ýaşap başladylar. Iň garyp, iň bagtly talyplyk ýyllary başlandy. Sowuk Moskwada jübшňde şagal uwlaýarka ýaşamak gaty kyndy. Emma açlyk Nurynyň öwrenişen ýagysydy. Ol aç bolup çörege däl-de, aç bolup saza topuldy. Anatoliý Nikolaýewiç Aleksandrow, ýetmiş ýaşly kompozitor, sungat ylymlarynyň doktory, professor hem-de iň gowy tarapy hem inçe yşk aýdymlarynyň awtory Nurynyň mugallymy bolýar. Bu mugallym bir ýyl öň konserwatoriýa giren Aman Agajykowyňam mugallymydy. Onsoň iki türkmen tirkeşip mugallymyndan sapak almak üçin, onuň öýüne gatnaýarlar. Professor örän ýukaýürek, tapbiler bir adam. Ol aşhanasynda bar zatdan iki oglanyň garnyny doýurýar, soňra sapak berip başlaýar. Ol edil ata ýaly talapkär hem mährem kişi ekeni. Aýlar, günler şeýdip geçip durka Nury sapaga gelmesini seýrekletdi. İller okuwa gidende otag boşap, pianinony parahat çalyp bolýardy. Daňdandan gijäniň bir wagtyna çenli aç-suwsuz pianino başyndan aýrylman, aşaky dodagyny aldygna çeýnäp, saz döredýän Nuryny mugallymy gözläp başlanda Aman Agajyk “Nury ýaranok” diýip ýuwmarlaýardy. Ömrüni bu konserwatoriýada geçiren paýhasly mugallym birzatlary güman edýärdi. Onsoň bir gün Nury Aleksandrowyň öýüne kürsäp girdi. Ýanynda-da gelejekki meşhur aýdymçy Myrat Diwanaýew. Nury gelmedik günleri üçin mugallymyndan ötünjem soramady-da göni pianinonyň başyna geçip, öz döreden romansyny çalyp başlady. Döw sesli Myrat Diwana hem aýdyma gygyrdy. Ýarawsyzam bolsa bir gyrada aýak üstünde synlap, diňläp duran Aleksandrow romans tamamlananda Nuryny gujaklady, arkasyna tapba-tapba kakdy. ─ Seniň şeýdip köpräk “ýarawsyz” bolmagyňy arzuw edýän. Gül ýaly, gül ýaly. Geljekde hasam gowy bolar. Onsoň Aleksandrow o romansyň sazyny ýaňadan çaldyryp, däne-däne edip diňläp, atalyk maslahatlaryny berdi. Nury bilen Myrat Diwana Aleksandrowyňkydan çykanda Nury öz eli bilen ýazylan notaly kagyza: “İlkinji romansymy ilkinji aýdan Myrat Diwanaỳewe” diýen ýazgy ýazýar. Ony Myrat Diwanaýewe berýär. O ýazgyly notany Myrat Diwanaýew öz kitaphanasynyň iň gymmatly hazynasy hasaplaýar. Professoryň öwgüsi, çaga ýaly begenmesi Nura ganat berdi. Ol ýene professoryny begendirjek bolup, pianinony tyrňyllatdy oturdy. Ýoldaşlary: “Nury, senem az-kem dynç al, tyrňyllyňy goý, bizem dynç alaly” diýdiler. Nurynyň başyna bir pikir geldimi - onsoň şony bitirýänçä rahatlygy bolmaýar. Bu häsiýeti oňa soňky demine çenli hemra boldy. Aýdogdy Gurbanow, Nury Meredow dagy Nuryny pianinonyň ýanyndan aýrybilmänsoň, özleri otaga girmäge ýaýdanşyp gezdiler. Emma Nury hiç-hiç irmedi. Günleriň birinde-de ýene bir romansy ýazyp gutaryp, oglanlara çalyp berdi. Ol romans Magtymgulynyň “Pukaraýam” diýen goşgusynyň rusça terjimesinedi. Oglanlar oňladylar, emma ertiri Nury ýene pianino başyna geçip, romansy üýtgetdi, sünnäledi, kä ýerine täze goşundy goşdy. Onsoň ýene Myrat Diwana sözlerini öwrendi. Birküç günden ikisi Aleksandrowa täze romansy aýdyp berdiler. Bu gezek professoryň begenişi öňkiniň dagy çaky bolmady. ─Molodes, molodes! Sen meni ýigdeltdiň. O goşgyny nädip tapdyň diýsene! Brawo! Bu romansda şeýle çuň filosofiýa bar. Dowam ediber. Filisofiýa sazyň maňzydyr. Şuny unutma! ─Soňra professor Nurynyň bu romansyna hiňlendi. Gözsüzleriň gözi idim, Lallaryň men sözi idim, İl-günümiň ýüzi idim... Professor hem, Nury hem, Myrat Diwana hem Magtymgulynyň ýesirlikde ýazan bu goşgusyna ýazylan romansa guwanýardylar. Öňde Magtymguly bilen bagly köp-köp aýdymlar ýazyljagyny, Magtymgulynyň şeýle çuň, durmuşy filosofiýasyny saza goşsaň, hasam şirin bolýandygyny, aslynda, bu durmuşa filosofiki bakmak zerurlygyny Nury duýup başlady. Ol Magtymgula ömürlik hemra bolar, gamly günlerinde-de, şat günlerinde-de ol Magtymgula ýapyşar. Kä halatlarda Magtymgulyny ürç edip okap-okap, onuň pelsepeleriniň syryna akyl ýetirip bilmän kösener. “Adam bolup Magtymgula düşüner ýaly däl” diýer. Magtymguly onuň aňynda we stolunda ömürlik orun alar. Nury konserwatoriýada okap ýörkä döreden aýdymlarynyň notalaryny Türkmenistana gezmäge gidýän Myrat Diwanadan iberip, kompozitor Daňatar Öwezowa gowşurmagy, näme diýýänini bilmegi haýyş etdi. Onuň öz notalaryny uçilişedäki mugallymy, atly kompozitor Tagan Myradowa däl-de, ala-böle Daňatar Öwezowa ibermesiniň sebäbi─ Daňatar Öwezow bilen şahsy tanyşlygy bolmasa-da, o kompozitoryň eserlerine Nury aýratyn sarpa goýýar. Onuň sazlaryny köňlüne ýakyn görýär. Daňatar Öwezowy beýleki türkmen kompozitorlaryndan millilikde artykmaç saýýar. Şeýle kompozitoryň pikirini bilmek Nury üçin gaty gymmatlydy, gaty zerurdy. Myrat Diwanaýew Nurynyň notalaryny goltuklap Aşgabada gelşine Daňatar Öwezowy gözläp tapdy. Meşhur kompozitor notalary ünsli okap otyrka: “O-how, oh-how, oho-ho-ow! Tüweleme” diýip seslenýär. Soňra: “Bu oglanjyga beýik geljek garaşýar. Ol biziň iň meşhur kompozitorymyz bolar. Sen oňa aýt, türkmen halk aýdym-sazymyzy gaty köp diňlesin” diýýär. Bu hoş gürrüňe Myrat Diwanaýewiň özi-de ýürekden begenip, begenjini dostuna tiz ýetirjek bolup, telefon stansiýasyna ylgaýar. Üç sagat garaşyp Moskwa bilen gepleşýär. Soň-soň Nurynyň özi Aşgabada gelende, ýörite Daňatar Öwezowa salama barýar. O wagtlar Daňatar Öwezowyň gözi gowy görýärdi. Ol Nury bilen hoşamaý salamlaşyp, döredijilik hakda gürrüň edýär. “Nuryjan, sen saz ýazaňda türkmenligiňi unutmagyn. Türkmen bolup ýazgyn. Türkmen birmahallar dünýäni alan bolsa, türkmen sazy hem dünýäni alarça güýçlüdir”. Şu mahal Nuryda ganat bolsa uçar giderdi. Şu minutlar onuň ömrüniň iň bagtly pursatlarynyň biri bolup galar. Soňra Daňatar Öwezow kör bolar. 1966-njy ýylda bolsa bu dünýäden gider. Emma Daňatar Öwezowyň Türkmenistandaky meşhurlygynyň syrlaryny Nury içgin öwrener, o ýoly uzaldar, giňelder, beýgelder. Daňatar Öwezowyň ady agzalsa, Nury elmydama öz halypasynyň ady agzalýanyny unutmaz. Hat-da gelejekde şöhratyň çürbaşyna çykanda-da Daňatar Öwezow Nury üçin elýetmez belentlik bolup görner. Ýogsa, Nury Türkmenistanyň çäginden daşarda, tutuş dünýäniň altydan birine barabar bolan Sowet Soýuzynyň çäginden hem çykyp, dünýä belli kompozitor derejesine ýetipdi. Nury konserwatorida okaýarka ýazan ilkinji uly eseri “Dutaryň owazy ” diýen pýesady. O saz eseri Bütinsoýuz, ýagny SSSR boýunça yglan edilen konkursda baỳrakly ýere eýe bolýar. Bu eser ruhy halypasy Daňatar Öwezowyň “Dutaryň owazy” eseriniň täsiri bilen döredilenem bolsa, aýratyn, özboluşly orginallyk örän güýçli. Halk sazynyň merjen dänejiklerini ỳürek suwy bilen ussatlarça eýläp orta çykarylan saz. Bu sazda Nurynyň gelejekki döredijilik, tematik ugry, stil taýdan kämillik derejesi, gysgaçasy ─ Nury Halmämmedowyň döredijilik ýüzi göründi. Onuň türkmen saz folkloryny neneňsi çuň öwrenendigi hem bu sazda aýna ýaly aýdyň göründi. “Türkmen sazyny iň güýçli söýen kompozitor Nury Halmämmetdir” diýilýän gürrüň “Dutaryň owazy” diýen saz bilen tassyklandy. Garry mugallymyň-professor Anatoliý Nikolaýewiç Aleksandrowyň öz okuwçysynyň bu ýeňşine neneňsi şatlananyny göräýmeseň, göz öňüne getirer ýaly däl. Bir saz diňlenişikde Nury bu sazyny şeýle bir ussatlyk bilen çalyp berdi weli, dünýäde şöhraty belent D. Şostakowiç, Haçaturýan, mugallymy Aleksandrow, konserwatoriýanyň rektory Sweşnikow hem-de ýene birnäçe professorlar haýran galyp hezil edindiler. Şonda D. Şostakowiç ýuwaş sesi bilen: “Şeýle, şeýle-e. Çaýkowçkiý konserwatoriýasy saz älemine täze sowgat taýýarlaýar” diýdi. Konserwatoriýada, özem uly bir döwletiň iň uly konserwatoriýasynda Nurynyň şöhraty öňküdenem beýgeldi. Gyzlaryň arasynda, edil Aşgabatda bolşy ýaly, Nuryny eýelemek ýaryşy başlandy. Nury bolsa sazdan başga zada bakasy gelenok. Gyzlar Nuryny sorap, otaga irginsiz gelip duransoňlar, otagdaş oglanlaram halys surnukdylar. “Nuryşka, gowusy sen aşakda girelgäniň ýanynda bir çadyrjyk dik-de şo taýda gyzlaryňy kabul ediber” diýişdiler. Nury bu ýyllar gyz meselesini bir gyra goýana meňzeýärdi. Gurbanjemalam, öňki ýaly düýşe girip heläk etmeýärdi. Emma yşk, her zamanky ýaly, duýdansyz gelýär, duýdansyz gidýär. Onsoň o gyzlaryň arasynda Nataşa diýen gyz, ahyrsoňy, Nuryny eredip-akdyryp, kül edip ugrady. Nury ýene dünýäni unudyp, Nataşadan özgäni görmän başlady. Nataşa özüne öwredilen bir pikiri goldaýardy: “Aýala boýun egmejek erkek ýok, diňe täsir edişiň gowşak bolup biler”. Nataşa Nurynyň köňül soltanyna öwrüldi. Indi Nataşany ýa-da Nuryny ýalňyzlykda görenler geň galyp başladylar. Bu ýakynlygyň dowamy öýlenmek bolar diýip umyt edýärdiler. Täze gelen yşk şemaly Nurynyň döredijiligine-de oňaýly täsir edip başlady. Täze aýdymlar, täze sazlar kömelegiň höwri ýaly köpelip başlady. Bir tomus kanikulda Türkmenistanda bolup, mugallymynyň tabşyrygy boýunça köne aýdym-sazlary magnitofona ýazyp, soňra nota geçirdi. Bu Nura täze hazyna tapança ýardam berdi. Türkmenistana alyp gelen öz aýdym-sazlaryny Medeniýet ministrligine satmaga synanyşdy. Ilki almadyksyran boldular, soň az, gaty az hak bermekçi boldular. Nurynyň başga çykalgasy ýok. Ýetimlik bilen bu günlere ýetdi. Az tölense-de tölense bolýar. Jübüsine bir şaýy düşse-de, pulsuzlykdan gowy-da. Aşgabatdaka Moskwadan jaň bary gelip başlady. Nataşa düýş görenmiş, düýşünde Nury başga bir gyz bilen gezip ýörenmiş. Gabanjaňlyga başlan Nataşa Nurynyň tizräk Moskwa gelmegini isledi. Nury kanikul gutaransoň barjagyny aýdanda, Nataşa aglap telefony taşlady. Birküç sagatdan ýene jaň etdi. “Sen eýýäm başga bir gyz tapansyň . Sen aldawçy”. Şeýdip, tomus geçýänçä sabyr-takaty tükendi. Ahyry, Nury Moskwa geldi. Umumy ýaşaýyş jaýyndan Nataşa telefon etdi. Ertir duşuşaly diýdi. Nataşa şobada gelermen boldy. Ol gelýänçä agşam sagat on boldy. Şol wagtam konserwatoriýanyň rektory, ministrlikden iki kişi, partiýa, komsomol komitetleriniň başlyklary, uly-uly ýyldyzly milisionerler, ak halatly dogtorlar umumy ýaşaýyş jaýynyň gapysyna geldiler. Olar soňky wagtlar artan bidüzgünçiligiň soňuna çykmak üçin barlaga gelipdiler. Düzgün boýunça agşam sagat ondan soň jaýa girmek-çykmak gadagan. Nataşany gapy sakçysy gapydan gaýtardy. Nataşa dyzady, rugsat aljak boldy. Bolmady. Emma Nataşa Nuryny görmän gitjekmi?! Penjire tarapa geçip, üçünji gata bakyp gygyryp başlady. Nury penjiräni açdy. Nataşa aglap sözleýär. ─ Ýanyňda kim bar ? ─Oglanlar. ─Ýalan, ýalan! Sen menden dönýäň. ─Ynha, seret, Nataşa jan, şular oglana meşzeýär dälmi?─Penjireden iki kelle boýnuny süýndürip görnüp gitdi. ─Otagy gözüm bilen görmesem bolmaz. ─Nataşa, gördüň-ä, barlag bar. ─Men otagy görmän gitjek däl. ─Özüm ýüp sallap düşsem näme? ─Ýok, ýok. Men seniň sesiňden duýýan. Sen meni söýmeýäň, sen biwepa. Hökman ýanyňda bir gyz bardyr. ─Onda garaş. Nury ony nädip ynandyrjagyny bilmedi. Onsoň otagdaky prostynlary bir-birine pugta daňyp, bir ujuny aşak sallap başlady. Oglanlar garşy boldy. “Özüňem, sallanmarsyň, gyzy-da ýokary çekmersiň. Biz siziň ölümiňize şaýat bolasymyz gelenok”. Garşy bolsalar-da Nurynyň häsiýetini hem bilýärler: ýüregine düwenini bitirmän goýmaz. Çekeleşikden soň, Nury öňi-soňy prostynlary bir-birine daňyşdyryp sallady. Bir ujuny hem penjire agajyna daňdy. ─Ynha, Nataşa, ýa men düşeýin, ýa seni çekip alaýyn. ─Meni çek. ─ Nataşa hiç gorkusyz prostyna topuldy-da kiçijik halka edip iki goşaryny ondan geçirdi. ─Çek, çek. Oglanlar: “Seni Nataşa däliredipdir” diýşip, bu pajyga şaýat bolmajak bolup otagdan çykdy. Nury çemesini tapdy-da Nataşany çekip başlady. Aşaky dodagyny çeýnäp tiz çekdi. Munuň şeýle ýeňil bolşuna özem haýran galdy. Nataşa otaga düşenden, Nury ony garsa gujaklady. Gujaklaşyp durkalar, oglanlar otaga kürsäp girdiler. ─ Rektor gelýä! ─Nataşa tiz çyk, rektor aýlanyp ýör. ─Otagda ýat gyz barlygy bilnäýse, işimiz gaýdar. Nury Nataşanyň elinden çekip, aşaky gata ylgady. Gapy sakçysy garry aýal Nataşany görende gözi dört boldy. Nury otaga gaýdyp gelende, barlagçylar dördünji gata çykypdyrlar. Oglanlar Nurynyň Nataşany nädip çekip bilişini, arkaýynçylykda maslahatlaşyp başladylar. Nury bolsa krowatynda gözüni potologa dikip ýatyr. Bu bolan wakanyň nädip beýle tiz bolşuna onuň öz akly hem ýetmeýär. Ertir bütin konserwatoriýa Nurynyň üçünji gata gyz çekişi hakda gep edýärdi. Bu waka Nura uly reklama boldy. Şondan, soň gyzlar Nura, edil janly Romeo bakan ýaly, bakyp başladylar. Gürrüňleriň bir ujy Nurynyň mugallymy Aleksandrowa-da ýetdi. Ol bir gün sapakdan soň, ikiçäk otyrkalar mylaỳym ýylgyryp dillendi. ─Sen hakda aýdylýan hakykatmy, ýa rowaýatmy? Nury az salym dymdy. Ýüzünde hiç bir üýtgeşme duýulmady. ─Hakykat. Aleksandrow Nura baka eglibräk sözledi. ─Ol şeýle owadanjamy, batyrjamy? ─Hawa. ─Bilip goý, sazdan beýik, sazdan çylşyrymly diňe bir zat bar. Söýgi bar, söýgi-i. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |