00:37 Oguz gününiñ aşagynda / hekaýa | |
OGUZ GÜNÜNIŇ AŞAGYNDA
Hekaýalar
(Hekaýa) Depelendi ürgün çägäň, Ýetim galdy bala çagaň, Pederleriň süýekleri, Seň çägäňe dökün boldy, Eneleriň gözde ýaşy, Ak çägede akyn boldy, Boldy ýene köp zat boldy... Men bäbejigiň boljagyna begensemem, Göwher gelnejemiň kösenşine gynanýaryn. Ynha indi bir hepdäniň içi, onuň tärimden aslyşyp ýörşüne. Töre – düzlük bolan bolsa, beýle bir oda-köze düşülmese-de düşülmezdi. Häzir ýiti gylyçlaryň ýalpyldysy gözüňi gamaşdyryp durka, paýhasa orun ýok. Çaltyrak başyňy gutarsaň, garabaşyň amal galýar, bolmasa-da... Ýöne goja gozganarly däl. Öz diýenini tutýar. Parzdepäniň daşynda bolsa, ýeke ýowuz ýaraglaryň şakyrdysy däl, ýeňjegine ynamy bolan gelmişekleriň ynamly gülküsi eşidilýär. Duşmanyň gülküsi bir eşidilmäwersin... Olar alkyma dykylyp geldiler. Şonuň üçin hemmeler ýaly Meretli neberesiniň baş bitinligini isleýär. Indi esli gün bäri ol goja ýalbaryp ýör. Şu gün bolsa ol has gaharly, ýalbarjaga meňzänok. Öz tohumynyň ardurja şu ýerde gutarjagyny aýdyp, ýakasyny çäkleýär. Hiç zat ýok ýerden, günäsiz ýatan Baltagyň böwrüne depdi. Bilindäki gylyjy bilen dik duran ýylgynlaryň baryny pürreledi. Gürläýmezmikä diýýän ýaly, goja-da iki gezek gözüni alartdy. Ýöne goja-da ondan peslär ýaly däl. O-da, ýakalaşsaň ýakalaşmaga taýyn, göni oglunyň gözüne seredýär. Olaryň boluşlary Parzdepäniň adaşyndaky boljak uly söweşi unudyp, esasy söweş öz aralaryndaky oňuşyksyzlyk ýaly, şony ylalaşyp bolsa, bar zat çözüljege meňzeýär. Haçan-da garaja öýüň içinde ezýet çekýän enäniň süýji iňňildisi eşidilen mahaly, olaryň ikisem biri-biriniň ýüzüne seredip, lezzetli dymýardy. Ara düşen böwşeňlikden soň, Meretli ýene öz diýenini tutýardy. – Şu ýerde galsak, öz elimiz bilen neslimizi gutararys... Öňem oguz köplük däl-ä... Goja haşlap agyr başyny ýaýkaýar. – Bolmaz... Şeýle jogaby bermek, oňa-da aňsat düşmeýän borly. Ol gözüniň owasyndaky çygjaran damjalary görkezmejek bolup, ýüzüni kesä sowýardy. – O ýerde bäbek üçinem gowy boljak... Dagdan aňyrda däriniň ysy gelenok... Meretli müýnli gepledi. – O ýerde dogulsa näme bor?.. Goja ejizledi. – Oguz bolmaz... Ýat bor... Gojanyň soňky sözi bilen jägildi bile eşidildi. Goja bu gezek saklanyp bilmän aglady. – Men neslim ýat ýurtda dogular, şol ýerde-de ýitip gider öýdüp gorkupdym... Garaja öýden dazlap çykan göbegene begençli pyşyrdady. – Hudaýa şükür, erkejik... Oglanjyk... Zeminiň iň täze adamsy, ýaşajyk Parzdepeli endamynyň entek ýylysam gitmedik bolsa, dünýeden närazy ýaly çyr-çyr aglaýardy. Gojanyň bolsa, öňräkden bäri ýylgyrma diýlen zat ýat bolan ýüzünde, çalaja ýagtylyk görünýärdi. Göwher gelnejemiň ene gözleri, dünýä imi-sala bolsa, menem çagamy göwsümiň üstünde ulaltsam diýýärdi. Biz haý diýmän ýola düşmek bilen bolduk. Ýüzümiz gaýrak, guma tarapdy. Gojadyr Meretli ýowdan daşyrakda boluň diýip Göwher gelnejemi, Ogullany, Gülsün ejäni ýanlarynda erkek göbeklem bolsun diýlen pikir bilen menem goşup gaýralygyna tarap ýola salmak bilen boldular. Men yzyma seretdim. Ho-ol alysda açyk gök asmanyň ýüzünde bürgüt erkana gaýyp ýördi. Ol çalaryp görünýän Parzdepäniň depesinde aýlanyp, ýene ýokarlygyna, dik asmana galýardy. X X X Biz gidip otyrdyk. Arka aýlanan şemal kem-kemden pessaýlap, ahyry bütinleýin ýatdy. Töweregi ýürekgysgynç ümsümlik gaplap aldy. Göýä diýersiň, bütin sähralyk nämedir bir zady eşitjek bolup, demini alman ýatana meňzeýärdi. Meniň gözüme ilki ilen, ýer bagyrtlap ýatan söweş aty boldy. Ol iki öňki aýagyny giňden açyp, hamana bi külpetli toprak bilen hoşlaşýan ýaly, ony gujaklap ýatyrdy. Peýkamyň oky onuň boýnunyň gomry etinden giripdi. Belki, kösenip ýatmasyn diýip, eýesi şeýdendir. Onuň gara ýeri gujaklap ýatyşy, soň-soňlaram gözümiň öňünden gitmedi. Golaýjakdan çykan ses meni aýak çekmäge mejbur etdi. Soň ol ýene gaýtalandy. Men naçar sesidigini tanap, oňa tarap ýönelemde, göwre gymyldady, soňam haýy giden pyşyrdy eşidildi: – Kimsiň... Oguzmyň... Meniň «hä» diýen sözümi eşidip, ýene kynlyk bilen gürledi. – Öz dilimde, oguz dilinde gepleýäňmi... Ol meniň heniz oglandygymy bilip, çalaja gaşlaryny gerdi. – Jigim, köýnegimiň öňündäki öňapbasylary aýyrsana... Ýogsam, olar görüp aljak bolanlarynda, eli tenime deger... Meniň dünýeden arassa gidesim gelýär... Heniz kürtedenem çykmadyk gelin, mejalsyz halda, ýuwaş hem süýji agyry bilen maňa seredýärdi. Onuň nury öçen ýüzi uzak ýaşamajakdygyny duýdurýardy. Üzlem-saplam dem alşy, bi ysgynsyz jesediň ýaşaýyş bilen heniz gazaply göreşýändigini aýdýardy. Köýnegiň ýüzündäki öňapbasylar, çig ýüpek bilen berk berkidilensoň eliň bilen aýyrmak kyndy. Şonuň üçin men olary ýekän-ýekän dişim bilen kertip ýolýardym. Gelniň bolsa barha haly agralmak bilendi. Men iň soňky apbasyny ýolup aýramda, ol gepläp bilmän gözi bilen minnetdarlygyny bildirdi. Soňam özüne zor salyp şeýle diýdi: – Görjegiň gowulyk bolsun ýüwürjim... Indi men dünýeden päk giderin... Ol şeý diýip, ýene ýüregiňi sorýan garaýyş bilen ýüzüme seretdi. Soňam bir zatlar diýjek boldy, ýöne gepläp bilmedi. Men iňňildiniň arasyndan bölüp-büçüp aýdylýan şeýle sözleri eşitdim. – Jigim, ýaşmagym aşak syrylypdyr, kyn görmän şonam düzetsene... Ýaşmagy ýaşamak üçin elimi degiremde, ten eýýäm sowan eken. Men özümi nämedir bir zatda günäli ýaly duýdum. X X X Indi howadan däriniň ajymtyk ysy däl-de, sähranyň öz ysy gelýärdi. Ýene-de azajyk ýöresek gum çygryna düşýäs. Hana eýýäm, daraýy depeler garalyp görünýär. Asmanyň päkize ýüzi arassa. Ho-ol aňyrda sözen agajynyň mertlik bilen buýsanjaň oturyşy çöken göwnüňi galkyndyrýar. Olar hakda ýadaman kimdir birine tükeniksiz gürrüň beresiň gelýär. Birdenem ýerden çykan ýaly, oguz bolmadyk üç sany urşujy öňümize keserdi. Gelmişekleriň pygyllarynyň düzüw däldigini gözleri aýdýardy. Olaryň nazarlary Ogullada. Duran ýerleriniň kesekiniň topragydygyna sähelçe-de müýnürgemän, eýemsiremek bilen bize – üç naçar bilen ýumruk ýaly oglana dokmäde seredýärdiler. Gelmişekleriň gyýtmak gözli, çekgeligi öz dilinde ýoldaşlaryna bir zatlar diýip, Ogulla tarap ýöneldi. Ýüregim erbet bir zady syzan ýaly boldy. Ylgap Ogullanyň öňüne bardym. Çekgelek gaharly bir zatlar hüňürdedi. Onuň sözüne ýoldaşlary gülüşdiler. Soň ýene ýoldaşlarynyň meçew bermegi bilen ol Ogulla tarap ymtyldy. Rejäniň düwüz däldigini aňan Gülsün eje-de, Göwher gelnejemem Ogullany goraglady. Ýüregi bir zat syzýan ýaly, bäbejigem çyrlap aglady. Hatda Gülsün eje, bela dep bolar öýdüp, özüniň ýaramazja saçbagyny – ýüzüne ýolbarsyň şekili çekilen gyranyny, ýaşmakujyny hödürledi. Ýöne gelmişek pälinden gaýdarly däldi. Ol alkymyny ymsynan göherdiň alkymy ýaly edip, barha turşusyny depesine çykarýardy. Ogulla bilen özüniň arasynda germesatan bolup duran Göwher gelnejemi ädikli aýagy bilen batly depdi. Gülsün ejä elini galdyranda, men onuň tüýlek goşaryndan agyz saldym. Soň nämäň näme bolanyny bilemok. Bir-ä başam barmagymyň myrtar agyranyny, birem agzymyň ýer garbany ýadyma düşýär. Ýene-de gözümde galan zat – gelmişegiň Ogullanyň goşaryndan tutany. Soňky gören zatlarym haýýatym uçurdy. Hakyt Ogulla – Parzdepäniň Ogullasy göwni bir ýaly ýapydan aşak barýa, gelmişegem suwumsyz ýylgyryp yzyndan barýa. Ony Gülsün eje-de, Göwher gelnejemem gören borly, ikisem ýakasyny tutýar. Gülsün eje ýüzüni kybla tutup, tükge düşüp aglaýardy. Agynyň arasynda-da bir zatlar diýip samraýardy. Kelläm güwläp duranam bolsa, men olary eşidýärdim. – Ýaşymyň soňunda gözüm nämäni görýär, küpür gepleýän bolsam, özüň geçeweri Ýaradan... Parzdepede şehit bolan bolsam, ibaly bordy... Gözüm beýle zatlary görmezdi... Göwher gelnejemiň ýagdaýam ondan gowy däldi. Ol lal açan ýaly, hiç zat geplemän beterinden saklasyn diýip toba edýärdi. Meniň gözümiň öňüne, topragynyň bir daban ýerinde nesliniň dogulmagyny islän goja geldi... Meniň gözümiň öňüne, dünýe bilen hoşlaşyp barýarka-da, edebini saklan gelin geldi... Meniň gözümiň öňüne, ýapydan aşyp barýan Ogulla geldi... Men özüm bilmezden ýüregimi dolduryp kän agladym. Soň ene agladym. Soňam... Gülsün eje, maňa aglama diýip, özi aglaýardy. – Aglama, barybir çägeler gözýaşlary siňdirmeýär... Gyýtmak gözlüniň köp eglenmesine çydam edip bilmedik ýoldaşy, bihaýa ýylgyryp, olam ýapa dyrmaşmak bilen boldy. Sözlemäge söz gutarypdy. Indi men Ogullany şeýle bir ýigrenmek ýigrenýärdim. Eger Meretliniň gylyjy elimde bolsa, ony gelmişeklerden öňürti kerçejekdigim çynymdy. Soň uzak tagapyl edip bilmän, gelmişekleriň üçünjisi Ogullanyň aşak alaňyndan aşdy. Bu zatlaryň bary biziň gözümiziň alnynda bolup geçýärdi. Şonuň üçin indi, Gülsün eje-de, Göwher gelnejemem Alladan çaltrak amanadyny almagyny dileýärdi. Näçe wagtyň geçeni belli däl, hanha, Ogulla ýapydan aşaklygyna inip gelýär. Elinde-de, ýalaňaç gylyç. Bu gylyja men beletdim. Ogulla ony donunyň ýagyrnişligine salyp Parzdepeden alyp gaýdypdy. Bi sähel salymyň içinde bolup geçen waka, biz entegem aklymyzy ýetirip bilmän aňalşyp durdyk. Ogullanyň gaýdan depesiniň ýokarsynda bolsa, birsyhly garaguşlar aýlanýardy. Sülgün eje Ogullany görüp, gujaklamak üçin goltugyny gerdi. – Asyl beýlemidi balam, Alla günämi ötewersin... Men tas betgüman bolupdum... Ogulla aglaýardy hemem agzyndan şeýle sözleri çykarýardy. – Dur entek... Synamy arassalaýyn... Tenimde haramynyň eliniň yzy bar... Ol şeý diýip, elindäki gylyjy, gelmişegiň tutan ýeriniň ýokarsyndan – bileginden saldy. Men durup bilmän uly ilim bilen agladym. Meniň aglanymy görüp Ogulla-da aglady. Ýöne ol golunyň yzasyna däl-de, namysa aglaýardy. Ogulla owadan gyzdy. Ýöne ol şu wagtkysy ýaly hiç haçan owadan bolmandy. Biz ýene ýola düşmek bilen bolduk. Öňde ykbalyň nähili gopjagy belli bolmadyk, durmuş diýip atlandyrylýan düýpsüz derýa garaşýar. Entek ýagyş ýaganokdy, ýöne howadan onuň ysy gelýär. Arka aýlanan şemala, Ogullanyň boşan ýeňi birsyhly şapyrdap ses edýärdi.. Soň oguz gyzy Ogulla hakynda gürrüň bolmady. Ýöne ajy gözýaşlardan dörän sähra gülleri käte ony ýatlaýar diýýärler. Ogulla gyzyň dodagyndan, Günüň çogly nury öpdi, Oguz gyzyň gül bedenin, Gök sazagyň püri ýapdy, Saba ýeller gürrüň berdi, Nertlik hakda, gyz hakda, Sörtük şemal pyşyrdady, Hiç öçmejek, yz hakda, Ak ýaýlalar gözün sürtdi, Çyn mertligiň tozuny, Parzdepe ýitirmedi. Ogulla gyzyň yzyny... Öwezmyrat ÝERBERDI. | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |