19:05 Ojak / hekaýa | |
OJAK
Hekaýalar
Ene oglunyň äkitjek gününe sabyrsyz garaşdy. Indi onuň garaşyp ýörenine bir aýdan gowrak wagt geçdi. Her sapar «Şu ýekşenbede gideris» diýip, ogly söz berýär. Ýöne dynç alyş güni bolsa-da, onuň işi çykaýýar. Soňky wagtlar-a gitmek baradaky gürrüňler selçeňleşdi. Sebäbi her gün diýen ýaly ogluna gitmek barada ýatladyp durmagy ene gelşiksiz gördi. Ýene bir zat, oglam gitmäge onçakly döwtalap däldi. Ýöne ejäniň bu gün meseläni birtaraplyk etjegi garaçynydy. Ol ertirligini edinen ogluna ýüzlendi: – Bu gün-ä oturyşyň arkaýyn. Işiň ýok öýdýän, Halyk jan? – Bu gün ýekşenbe ahyryn – diýip, Halyk ejesine geňirgenme bilen seretdi. – Wah, ony bilýän-le. Ýekşenbe-de, dugtar bolaňsoň, işiň çykaýýar seniň. – Şu gün-ä işim ýok, eje. – Onda, oglum – diýip, Ogulbibi eje ýalbaryjy äheňde ogluna ýüzlendi. – Meni oba eltip gaýt. Wagtyň bolsa-ha oturarsyň ýanymda. Ýogsamam gaýdybirsiň. Garaňky düşüberende yzymdan barsaň bor. – Eje, köne ýurtly gürrüňi unutmansyň-ow? – Heý, men onam unudyp bilerinmi, oglum?! Meniň gül ömrüm şo ýerde geçdi ahyryn. Halyk aga ejesine aýdan sözüniň telekdigine düşünip gyzardy: – Aý, eje, men ýöne aýdyp goýberdim. – Işsizlikdenmi-nämemi, göwnüm: «Öňki ýaşan ýeriňe baryp gaýt» diýip dur. Senem mydama işli bolýaň. «Elim boşaşan wagty äkiderin, eje» diýeňsoň, oglum, meniň-ä şo garaşyp ýörşümdir. – Gidenimiz bilen görüp biljek zadymyz ýok, eje. Obadan nam-nyşan galmandyr. Gowaça ekildi o ýerlere. Häzir gowaça çöpüni aýryp, şüdügär edýärler. – Men hiç kime azar bermänjik oturaryn, oglum. – Dogrymy aýdýan, eje, gitsek, diňe heläk bolanymyz galar. Görüp dursuň-a, howa-da sowuk. Galpyldap durmagyň näme lezzeti bar? Baharda gitsek, başga mesele. Elbetde, men gitmäli diýjek bolamok. Rast, isleýäňmi – gideli. Gitmezlik barada gürrüňem bolmaz. Wah, heý-de men seniň aýdanyňy etmerinmi, eje! – Gideli, oglum. – Gitjegiň gara çynyň-ow, eje – diýip, Halyk aga ýylgyrdy. Käsesindäki çaýynyň soňuny içdi. – Beýle bolsa, ýörüň onda. – Häzir, oglum, häzir – Ogulbibi eje ýerinden ýeňil gopdy. – Men ol-bu zatlary alyşdyraýyn. Senem ho aradaky zyňaly diýen köne halyçamyzy maşyna at. Men ony ammaryň kybla burçunda ýygnap goýupdym. – Düşek nämä gerek? Oturman gaýdarys ahyryn. – Ýok, oglum, oturaly. Heý, o ýere barybam oturman gaýdybermek bormy?! – Isleýşiň ýaly ederis, eje. – Kakaň pahyryň tüňçe üçin ýasan demir ojagynam almagy unudaýma. Çaý gaýnatjak bolsak, gerekdir. – Häzir alaryn, eje. – Gezelenje gidilýändigini aňan Daňatarjyk bilen Gunçajyk Ogulbibi ejeden maşyna öň mündüler. Olar öz ýanlaryndan begenişip, gezelenç etjekdikleri barada biri-birinden rüstem çykjak bolup jedelleşýärdiler. – Siz nirä? – diýip, köne halyçany göterip gelen Halyk aga agtyklaryna azgyryldy. – Goý, zat diýme, oglum! Men-ä çowluklarymyň gitjegine begenip otyryn. – Eje, nämä gerek çagalary äkitmek? Bular biziň o ýerde ýaşandygymyzy bilenoklaram. Biläýenlerinde-de aňlarynda galjak zat ýok. Çaga bular entek . Bize azar bererler. Iň gowusy, ikimiz gideli. – Gitsinler-le, meniň enaýyjalarym. Bilmeýän bolsalar, gürrüň bereris. Goý, bularam bilsin... Gözel nä gelmedi? Men oňa «Tiz çyk!» diýipdim ahyryn. – Näme, Gözelem gidýärmi? – Elbetde, ol gitmese, heý, bolarmy?! Men-ä agtygym Oraz bilen gelnim Zöhräni hem äkideris diýip begenipdim. Olar biriniňkä myhmançylyga çagyrylypdyrlar. «Biz gidip biljek däl. Çowluklaryňyzy äkidäýiň» diýdi Zöhre. Çagyrylan bolsalar, goý, gitsinler. Olar bilen başga bir gün gidäýeris. – Çagalara o ýerde güýmenje ýok... – diýip, Halyk aga birhaýuk sägindi. – Aý, bolýa-la, gitsinler. Gaýtjak diýenlerinde, men öýe getirip gidäýerin. Maşynyň ýanynda ýoluň müşgüli ýok. – Dogry aýdýaň, oglum. – Men taýýar – diýip, eli düwünçekli Gözel eje içerden çykdy. – Münüň onda – diýip, Halyk aga maşynyň gapysyny açdy. – Gel, eje. – Berekella, oglum! Maşyn ýola düşdi. Ol posýolokdan saýlanyp, göni günbatarlygyna ugrady. Uly kanalyň köprüsinden geçilensoň, gumak ýol başlandy. Ýoluň iki tarapy hem ýalazy meýdandy. Gowaça çöpleri ýygnalypdy. Ho gaýra tarapda bolsa iki sany traktor ýer sürüp ýördi. Enesiniň gujagynda daşaryk seredip oturan Daňatarjyk geňirgenme bilen seslendi: – Nirä barýas-aý? Ogulbibi eje çowlugynyň soragyna tisginip gitdi. Ol näme jogap berjegini bilmän ýaýdandy. – Eneň dagynyň öňki ýaşan ýerine barýas, Daňatar jan. – Gözel eje agtygynyň ýüzüne ýylgyryp bakdy. – Eneň saňa öň aýdypdy ahyryn... Enäniň bar ünsi öňdedi. Ol öňki ýaşan ýerine çaltrak ýetmek isledi. Ýol hiç önmeýän ýaly bolsa-da barylmaly ýer indi o diýen uzakda däldi. Tutluk meýdan başlandy. Ene çybyklaryny yraşyp oturan bu tutlary tanady. Bu tutlar Annalaryňky bolmaly. Ogulbibi ejeleriňki bolsa birneme aňyrrakdady. Ol uzakdanam görünmeli. Iki hatar tutlukdy. Özem galabasy peýwend1di. Ýöne soňky birki ýyllykda: «Gowaça ekmäge päsgel berýär» diýip onuň ýarpydan gowragyny goparypdylar. Muny hakydasyna getiren Ogulbibi eje birden öňe omzady. Içki begenjini daşa çykaranyny hem duýman galdy. – Ho-onha... – Ýakynlaşdyk. – Ejesiniň gozgalaňyny duýan Halyk aga maşynynyň tizligini artdyrdy. Ol ýoldan sowlup, biraz sürensoň goşa tuduň deňinde saklandy. – Geldik! – Geldik... Ogulbibi ejäniň emer-damary sökülen dek boldy. Ol kynlyk bilen maşyndan düşdi-de, töweregine seredip, birmeýdan durdy. Halyk aga-da, Gözel eje-de oňa habar gatmakdan saklandylar. Olar agtyklarynyň ellerinden tutdular-da, beýlräk gitdiler. Enäniň bolsa henizem şol bir durşudy. Hany öňki öý? Hany ojak? Bu ýerlerde hiç zat bolmadyk ýaly. Allajanlarym, indi hemmesiniň geçdigimikä? Enäniň şol öňki obasyny, öýüni, özüne tarap aýakýalaňaç ylgap gelýän ogly Halygy göresi geldi. Aňyna berk ornan öýüniň görnüşi onuň aňynda çala janlandy. Ýöne ýaňagyndan syrygan ýyly gözýaş onuň gözüniň alnyny ümezletdi. Ene gelniniň mylaýym sesini eşitdi. – Düşegi nireden ýazsamkam, enesi? – Şu ýerden ýazaý, gelin – diýip, ene agy gatyşykly jogap berdi. Ol maşyndan tüňçäni alyp, çaýkaşdyrdy-da suwdan doldurdy. Ony ojakda oturdyp, odun çöpleşdirmäge başlady. – Siz azara galmaň, enesi. Ody, ynha, häzir özüm ýakaryn. Odunam çöplärin. – Ýok, ýok, diýýäniň näme, gelin?! – diýip, Ogulbibi eje ör-gökden geldi. – Sen otur. Çagalaram otursyn. Halyk, senem otur. Çaýy özüm gaýnatjak. Odunam özüm çöplejek. Men bu ýerlere belet ahyryn. Şu gün bir size hyzmat edeýin. Muny köpden bäri arzuw edip ýördüm. Ene odun getirip ot ýakdy. Çaý gaýnansoň, käselere çaý guýuşdyrdy. Oturanlaryň hersine çaý uzatdy. Oduň howruna bir kesemen çöregi gyzdyrdy. Ylla şol geçen günleri dolanana döndi. Ol öň hem şeýdip ot ýakardy, çaý gaýnadardy, ogluna çaý uzadardy, çörek gyzdyrardy, özi iýmezden öň ogluna bererdi. Häzirki pursat ene üçin diýseň lezzetlidi. Ol häzir şol günleriň täsiri bilen otyrdy. Ogulbibi eje ýene şol köne ädehedine eýerip, ogluna gyzdyran çöregini uzatdy: – Al, oglum! – Enäniň sesi sandyrawuk çykdy. – Al, gelin, senem iýip gör. Meniň oda gyzdyran çöregim has tagamlydyr. Daňatar bilen Gunçama-da bölüp ber. Halyk, sen arkaýyn iýiber. Köze gyzdyrylan çöregi iýmegi sen gowy görerdiň-ä. Ýaňy gaýtjak wagtymyz şol ýadyma düşdi. «Oglum daga çörek gyzdyryp bererin» diýip pikir edipdim... – Taňryýalkasyn, eje, köpden bäri köze gyzdyrylan çöregi iýip göremok. Şol gyzdyryp beren çörekleriň tagamy hiç agzymdan gidenok, eje. Ene çowluklarynyň işdämenlik bilen çörek iýişlerine göz aýlap, çalaja ýylgyrdy. Onuň nazary oglunda saklandy. «Seýit hem ojagyň çep gapdalynda oturmagy gowy görerdi» diýip, ene içini gepletdi. Indi enäniň çep gapdalynda ogly otyr. Ol kakasy urşa gidende ýaňy dil biten çagady. Ata terbiýesini oňly alyp hem bilmedi. Şonda-da onuň edim-gylymy kakasynyňky. Enäniň muňa, öňki ýurtdaky — ojak başyndaky duşuşyga begenjiniň çägi bolmady. Ol oda ýakyn süýşdi. Közüň howry onuň ýüzüne urdy. Bu ony meýmiretdi. Ogulbibi eje durmuşa çykan gününi, ojaga ilki ot ýakan pursatyny, adamsy Seýit bilen hersi ojagyň bir tarapynda oturyp çaý içişlerini, ony urşa ugradyşyny, ogly bilen oduň başynda sary zagpyran bolup oturyşlaryny, täze posýologa göçüşlerini ýatlady. Bu Ogulbibi ejäni imrindirdi. Ol şu müddetiň uzaga çekmegini isledi. Bu ýerlerde Ogulbibi ejäniň çagalygy, ýaşlygy geçdi. Onuň göwnüne, esli wagtlap, nirelerdendir bir ýerlerden çaga sesi eşidilýän ýaly boldy durdy. «Ogulbibi-i...» Birdenem ýaşlygy özüne tarap ylgap gelýän dek duýuldy. Ol alyslarda seretdi. Honha onuň gyzlar bilen oýnan ýerleri. Durmuşa çykaranlarynda hem ony şu ýol bilen getiripdiler. Ind-ä: «Şu ýol» diýere o-da galmandyr, ýitip gidipdir. Halyk dünýä inende oglanjyklaryň oba ýaň berişleri onuň şu günki ýaly ýadynda. «Ogulbibi gelnejemiň ogly boldy, Ogulbibi gelnejemiň ogly boldy!» diýip, oglanlar ikiýana at salypdylar. Ogulbibi oglanlaryň gygyryşlaryna diň salyp ýatypdy. Ony diňläp ýatmak nähili ýakymlydy?! Seýit hem şonda Ogulbibiniň gapdalyna gelip çöküpdi. «Men ogul bolar diýipdim-ä!» diýip, begenjine şo bir ýylgyrdy oturdy. Ejesi gelip kowmadyk bolsa, ol soňam oturjakdy... Halyk aga ejesiniň bolup oturşyna seretdi-de ýylgyryp goýberdi. «Ejem-ä şu gün çaga ýaly begendi». Daňatarjyk bilen Gunçajyk çaý-çörekden bolanlaryndan soň oýnamaga gitdiler. – Siz-ä çaýam içmediňiz. Hany, içseňizläň, enesi! – diýip, Gözel eje gaýynenesine ýüzlendi. – Wah, meni gaýgy etmesene, gelnim. Özüň içiber. Menem häzir içerin. Bu tüňçedäki çaý gutaran bolsa, men ýene goýaýyn. Halyk, getir, oglum, tüňçedäkiniň soňky ajyja ýerini guýup bereýin. Ogulbibi eje tüňçäni suwdan dolduryp, oda süsdürdi. – Öýüňiz haýsy ýerräkdedi, enesi? – diýip, Gözel eje ara düşen ümsümligi bozdy. – Öýümizmi? – diýip, Ogulbibi eje gelnine ýylgyryp bakdy. Ol gapdalyna elini salgap goýberdi. – Ynha, şu ýerdedi. Şu goşa tutdan o diýen bir uzakda däldi. Oturan ýerimiziň öýümiziň içi bolmagy-da mümkin. Ynha, gaýra tarapda agylymyz bardy. Aşak tarapymyz Han agalaryň öýüdi. Öýüniň çar ýany baglykdy. Ir-iýmiş bişende Halyk dagy hezil ederdi. Guýymyzam uzakda däldi. Bäş-alty öýli ondan suw alardy. Indi gömlüp gidipdir. Nirededigini takyk biler ýaly däl. Bu kybla tarap bolsa biziň mellegimizdi. Kakasy uruşdan gelmänsoň, Halyk jan bilen her ýyl ikimiz ýer deperdik. Halys ýadardyk. Özem hemişe ýeri gije Aýyň ýagtysyna deperdik. Gündizine bolsa kolhoz işi... – Bir gezek ýer depenimizde: «Içim agyrýar» diýip men ýalan sözläpdim, eje. Ýadyňdamy? Şonda ýadap, işläsim gelmändi. Ýöne seniň heläk bolşuňy görüp ýüregim awapdy. Bu meniň hiç ýadymdan çykanok, eje. Her sapar muny ýatlanymda öz-özüme gargynýaryn. – Wah, sen horlandyň-la, oglum. Kakaň uruşdan gaýdyp gelmedi-dä. Ýogsam beýle horlanmazdyň. – Ogulbibi eje uludan demini aldy. – Agyr günleriň geçdigi bolsun, ylaýym! – Ene özüniň soňky aýdan sözüne tisginip gitdi. Agyr geçenem bolsa, o günler oňa mukaddes ahyryn. Perwaýsyz aýdylan sözüň sarsgyny esli wagtlap Ogulbibi ejäniň ýüregini elendirdi. Ol öz ýalňyşyna düşündi. Onuň göwni ýene şo günleri – agyr günleri – ýaşlyk günlerini küýsedi. – Ene, ene! – Daňatarjyk gelip, Ogulbibi ejäniň boýnundan gujaklady. – Öýe gaýdaly! – Bar, bar, oýnaber! – diýip, Halyk aga agtygyna azgyryldy. – Näme oýnaýyn? Oýnara hiç zadam ýok. Öýe gidesim gelýär. – Bar, bar. «Oýna» diýýän men saňa. – Gaharlanma, oglum. – Ogulbibi eje ogluna töwella etdi. – Köp oýnadyg-a – diýip, Gunça hem özüniň öýe gidesiniň gelýändigini duýdurdy. – Gideli-le. – Eje, men çagalary eltip gaýdybereýinmi? Derrew dolanaryn? Ene esli dymdy. Agraslyk bilen başyny galdyryp, goşa tuda nazaryny dikdi. Ýüpek gurçugy üçin tut kesmeli bolanda Seýit bu goşa tuda aýratyn hormat goýardy. Başga hiç kime ynanman, muňa diňe özi çykardy. Tuduň guran şahasyny aýrardy. Şol gün onuň oturyp-turşy hem üýtgän ýaly bolardy. Bir gün ol bälçiräp: «Goý, bizem, şular ýaly, hiç wagt biri-birimizden aýrylyşmaly» diýipdi. Oýunlyga salnyp aýdylan hem bolsa, bu Ogulbibi ejäniň aňynda mukaddeslik bolup galdy. Goşa tut öňkülerinden birneme ýognapdyr. Onuň bolup durşy: «Siz-ä aýrylyşdyňyz gitdiňiz. Biziň welin, şol bileligimizdir görseň!» diýip, gyjalat beren dek boldy. Ene tutdan gözüni aýyrman, ýuwaşja gepledi: – Gaýdybereliň indi, oglum... Halyk aga ejesinden soň ýerinden turdy. Ol tursa-da turdy welin, onuň entekler oturasy geldi... – Gaýdalyňmy onda? – diýip, Gözel eje gaýynenesine bakdy. – Gaýdaly, dünýäm, gaýdaly. – Urra!.. – Urra, öýe gaýdýas! Olar getiren zatlaryny maşyna ýüklediler. Ýeňil maşyn ýerinden gozgandy. Ene gaňrylyp yzyna seretdi. Ýaňyjyk hem oturan ýerleri ýene çolaryp galdy. Goşa tut, hoşlaşýan dek, çybyklaryny yraşyp dur. ...Sähel salymlyk dolanan geçen ömür ýene yzda galdy. 1983 ý. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |