03:02 Ok-ýaý dakyp namaz okamak barada | |
OK-ÝAÝ DAKYNYP NAMAZ OKAMAK BARADA
Sport we turizm
Ok-ýaý salynýan halta − sagdak bilen namaz okamak bolmaz. Sebäbi, oklar biri-birine degip, namaz okalýan wagty adamlara azar berer. Gylyç, hanjar, pyçak we ş.m zatlary dakynyp namaz okamak bolýar. Eger haýsydyr bir adam bilen ok atmakda bäsleşik etmekçi bolsaň, ilki bilen ok-ýaýlary taýýarlamalydyr. Eger nyşana atmakçy bolsaň, onda nyşanany belli bir ýerde dikmelidir. Eger uzak menzile atmaly bolsalar, ikisi bir ýaýdan atmalydyr. Sebäbi, mekir-hile etmez ýaly, ýanlarynda ok-ýaý atyjy ussatlardan başga, emin agzalary hökmünde synçy bolmalydyrlar. Ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, bäsleşikde berilýän sowgat-serpaýlary diňe ýeňijiler almalydyr. Ýaryşa gatnaşýanlar bölüp bermek haramdyr. Her bir pälwan ok atmakda özüni tanatsa, onuň oky beýlekilerden uzaga gitse, şol pälwan sylag serpaýa mynasypdyr. Ok-ýaý atyşlygyň iň esasy maksady, güýçli pälwanlary ýüze çykarmakdyr. Eger-de, haýsydyr pälwan başga biriniň ok-ýaýyny rugsatsyz alyp ulansa, şol ok-ýaýy elinde döwülse, ol ýaýyň bahasyny tölemeli däldir. Eger iki kişi bir nyşany ursa, biriniň oky ilki ýere degip, soň nyşana degse, ýeňiji hasaplanýar. Iki kişi nyşan urup, ikisiniň-de oky nyşanyň ortasyna degmän gyrasyna degse, haýsy ok orta ýakyn degen bolsa, şol oky atan adama ýeňiji hasaplanylýar. Eger, bir adam plan zady ok-ýaý bilen ursaň, saňa on akja bereýin diýse, sen şol nyşany urup bilmeseň, onda sen on akja bermeli dälsiň. Sebäbi, ok-ýaý atmak sogapdyr. Sogap bolandygy üçin, ok-ýaý atyjynyň günäsini geçýändir. Eger, iki adam ok-ýaý atmaga bäsleşik etse, olaryň biri, bir zada meşgullanyp durka, ýoldaşy ondan artykmaç nyşana bir oky atsa, onda ol ok hasaplanmaýar. Sebäbi, ok-ýaý atyşlyk baradaky bäsleşiklerde, iki tarapam oky deň atmalydyr. Ýone, şu düzgün hemme düzgünlerden üstün çykýandyr. Gadym zamanlarda ok atyjylar, kemankeşler ýagny mergenler, hünärment pälwanlary gözläp bütin welaýatlary gezipdirler. Hekaýat Geçen zamanlarda Pezerdip ady bilen at gazanan pälwan bardy. Arnutlyk diýarynda şeýle bir waka bolup geçdi. Şol oba bir mergen gelip, adamlary töweregine ýygnap, on günläp ok-ýaý atyp, hezil berdi. Men şol ýygnaga gatnaşamdan soňra, ok-ýaý atmagy öwrenmegi maksat etdim. Günde kakam birnäçe altyn berýärdi. Men şol pulary alyp, öwrenmek şol pälwana berdim. − Meni özüňe şägirt edin, maňa ok-ýaý atmak üçin doga ber − diýip, haýyş etdim. Gudraty güýçli Allatagalanyň kömegi bilen şol ussat pälwan, zehiniňe görä, maňa ok-ýaý atmak hünärini öwretdi. Ata-babalarmyzyň aýdyşy ýaly «Watany söýmek imandyr». Beýt: Kimse gat olmaz jahanda, Gerçe zalym şahynda, Patyşahym gorkusy, olmak gerek Alladan, Her kişi özi, şäheri oňat geler, Babatdan. Bagdat şäheri − Altyn şäher diýip at gazanandyr. Mesgut patyşanyň ýigrimi bir wezir bilen köşgi bezelendir. Şahyr, onlarça öz diwanlaryny şol şäherde döredendir. Bagdat şäherine gelen goşun serkerdeleri, ol şäherden yzy dolanmagy islemeýärler. Her ýerde akar suwlar, howasy göwne ýakymly, şeýle ýerde hem ok-ýaý öwrenmegi maksat edindim. Günde, türgenleşik hem geçýärdim. Ok-aý atmagy şeýle gowy öwrendim. Men on sekiz ýaşymda Bagdada gelenimde, ok-ýaý bäsleşiklerini synlaýardym. Menem bäş-alty ok atyp, bir nyşanany urýardym. Bir gün Merhum Süleýman ýokardan, meni synlap durdy. Ol meni ýanyna çagyrdy-da: − Sen nyşany urduň. Ýöne düzgüni ýerine ýetirmediň − diýdi. Süleýman meniň öz ýalňyşymy düzetmäge çagyrdy. Soňra Süleýman: − Ok ataňda ýaýyňy dört barmagyň bilen tutmalysyň. Barmaklaryňy düzgüne laýyklykda bir-birine baglap, ýaýy at − diýdi. Men nyşana garadyp atdym. Okym ýary ýolda galdy, nyşana degmedi. Men örän utandym. Men öz-özüme: «Men ýaýy çekip, dik durup atamda nyşana degýärdi. Indi näme üçindir degmedi» diýdim. Şonuň üçin hem men gaty gynandym. Şu wakadan birnäçe gün geçenden soňra, Kasym Paşa bir guzyny öldürip etini çişlik edip, Hajy Süleýmany we başga birnäçe ussatlary öz bakjasyna çagyrdy. Çişligini iýip bolandan soňra, elime bir ýaý berip «At!» diýdi. Men baş barmak bilen ýaýy çekdim. Ussatlar meni gowy synlapdylar. Olar maňa ýüzlenip: − Beýle etme aňsatlyk bilen çek − diýdiler. Men: − Bu näme diýdigiňiz bolýar? − diýdim. Ussatlar: − Sen ýaýy sag eliniň üç barmagy bilen çek. Sag eliň üç barmagy bilen ýaýyň ýüpüni tutup çek − diýdiler. Men bar güýjüm bilen ýüpüni çekdim. Baş barmagym bilen çeken ýaly gaty çekdim. Ýöne gaty çekip bilmedim. Soňra ussatlar meniň ejizlänime gülüşdiler. Men ussatlara: − Ýaşlygymdan baş barmagym bilen ýaý atyp türgenleşdim − diýdim. Men sözümi aýdyp gutarmankam, Hajy Süleýman: − Men seni gaty synladym. Meniň saňa maslahatym bar. Gowy habarym bar − diýdi. Men Süleýman näme diýýärkä diýip oýa batdym. Ol: − Men seni gutlaýan. Seniň ok-ýaý çekişiň ýaly, ýaý çekýän adamy görmedim. Sen bular üstümden güldi diýip utanma. Olar bilmän gülýärler. Sen meniň aýdan sözlerimi hiç-kime aýtma. Seniň baş barmak bilen çekmegiň örän gowydyr. Men hem baş barmagym bilen çekýän. Düzgün şeýledir. Şeýle atsaň serçäni urarsyň, çyrany okuň bilen deşip geçersiň. Ýöne seniň okuň ujy döwülmez − diýdi. Süleýman soňra öz sözlerini dowam edip: − Menem sen ýaly baş barmak bilen ok-ýaýy tutuşyň ýaly, ýaýy tutup urýardym. Elbetde, şol wagt gowy ok-ýaýlar ýokdy. Az ok-ýaýlar bilen uzak menzile atmak nesip etmedi. Ýagny, ýaýlary gaty çekmek bolmaýardy. Seniň ýumşak ýaýy ulanyp, baş barmak bilen çekip, türgenleşýändigiňi bildim. Şeýle syry ussatlar örän gizlin saklapdyrlar. Men saňa beýle inçe syry açdym − diýdi. Stambul şäherlerinde we Müsür ýurdunda atylýan menziller bardyr. Bagdat şäheri ok-ýaý atylýan meýdanynda at gazanan pälwanlary bagt synanyşýardylar. Uly bäsleşikler geçirýärdiler. Ussa Bagtyýar atly bir mergen gelipdir. Ol ussa Bagtyýar ady bilen dünýäde şöhrat gazanypdy. Ondan soňra Ýaky Gaýa atly pälwan bäsleşige gatnaşypdyr. Onuň bilen Şirmert atly mergen güýç synanşypdyr. Şirmert bilen Begli gara atly mergen. Soňra, Düýe Kemal atly pälwan synanyşypdyr. Soňra Gapydan beg, soňra Miralam Ahmet aga, müň iki ýüz ýigrimi aralykda goýlan nyşanany urupdyr. 1222 gez menzil uzaklyga Gazzaz Ahmet «Luduz» atly howasy bilen, soňra «Puýraz» atly howasy bilen ok atypdyr. Soňra okçy Senan, Begli gara, Saýs Mahmyt, Senan Subaşy, Sulak Bally, Bursaly Eşjaz, dünýä belli Duzgoparan pälwan, «Puýraz» atly howasy bilen 1236 gez uzaklygy atypdyrlar. Soňra şir Mert atypdyr. Soňra Hattat Şik Ependi, soňra Körinan, Begli gara, Senan Subaşy, Kemal düýe, Sulak Bally, Bursaly Eşjaz, Duzgoparan pälwan 1240 gez menzil uzaklyga ok atypdyr. Olar «Ýyldyz» atly howasyny ulanypdyrlar. Stambulda atylan menziller: Olar on sekiz menzilden ybaratdyr. Elbetde, hersini agzap geçmek bolar. Giňişlikleýin beýan etmek bolmaz. Bu Stambulyň bäsleşiginde goýlan baş baýdaklar: 1.Farak, «Puýraz» howasy bilen 1190 gez. 2.Lüduz, «Lendaha Japar» howasy bilen 1190 gez. 3. Puýraz howasy bilen Ýarbal 1190 gez. 4.Ahmet, Haýdar beg käbşe howasy bilen 1190 gez. 5. Eşjag, «Lüduz» howasy bilen 1139 gez. 6.Çawuş pälwan «Baty» howasy bilen 1186 gez. 7.ussadym Hajy Süleýman «kybla» howasy 1103 gez. 8. Jerrah «ýyldyz» howasy 1056 gez. 9.Lukamçy «kybla» howasy 1053 gez. 10. Senanguly «Puýraz» howasy 1506 baş baýdagy Hajy Süleýman aga aldy. 11. Ýyldyz howasy bilen Akşaý 980 gez 12. Ýyldyz howasy bilen Hajy Süleýman 1102 gez 13. Lüduz howasy bilen Däli Hasan 980 gez 14. Düýeji ýyldyz howasy bilen 980 gez. Ussadym Hajy Süleýman aga 62 gez atypdyr. Galubulda goýlan baýdaklar şulardyr: 1.Duzgoparan dünýä belli pälwan Puýraz howasy 1210 gez uzaklyga ok atdy. 2. Hoja Süleýman Lüduz howasy bilen 1103 gez kybla howasy bilen 1080 gez. 3.Bug begzada pubraz howasy bilen 1114 gez. 4. Baty howasy bilen Muhammet 1114 gez. Müsür meýdanynda bolan menziller şulardyr: 1.Hajy Süleýman çam Pişirow Puýraz howasy bilen 1061 gezek atypdyr. 2.Lenduha Japar ýyldyz howasy bilen 1059 gez 3.Gara ýyl howasy bilen Mahmyt aga we Hajy Süleýman 1024 gez uzaklykda Baty howasy bilen atdylar. Bularyň barysy 932 gün bäsleşik geçirdiler. Ussat Perwan ok atypdyr, 937 gez «Lüduz» howasy. Hekim ogly piri ady bilen şöhrat gazanan ussadymam we Hajy Süleýman agadan atdylar. Olar 1046 gez uzaklyga atypdyr. Şu risalany ýazyjy pukara men, özüm 993 gez uzaklyga atdym. Soňra gazy Mustapa Ependi, soňra Laglyzada Baky Çelebi, Lüduz howasy bilen 1013 menzil uzaklyga atdy. Gadym döwürlerde Stambulda ussat atyjylaryň gatnaşmagynda menziller atypdyrlar. Şol ussat atyjylaryň atlary: ussa Jegeşi, onuň şägirdi ussa Muhammet, ussa Rejep, Arnud ýaýçy, onuň şägirdi Garahasan. Ussa Belýalyň şägirdi Daş Hasan, Hüseýin, ussa Hajy Muhammet şägirdi Hüseýin. Kalat welaýatynda bolan iň gowy ok-ýaý atyjy ussatlar: Menzil atan ussatlar Garamuhammet, Ahmet we Begri. Ussa Bähram, ussa Musa, ussa Jiruz, ussa Mahmyt, ussa Gadary, ussa Osman, ussa Halyl, müsürli Hasan ussa, Hajy Mustapa, ederneli Mustapa. Gadym zamanyň ussat ýaýçylary: Perwana ussa, Bekdaş ussa, Ýahýa ussa Hüseýin, ussa Ryzwan, ussa Ýusup, ussa Muhammet. Ussat okçular: Hüseýin, ussa Mustapa Ahmet, Syýawyş we Çawuş. Müsür ýurdunda, Mukaddes Nil derýasy boýnundaky ýaryşlara gatnaşanlar: Ybraýym Ependi, Sogta Hasan Çelebi, Mustapa Çawuş, Şaban Ependi, Ýusup. Olar 1035 gez meýdana ok atdylar. Sakyýanyň golaýynda «Puýraz» howasy bilen «Pişrow» ok atanlar: Mesgut aga, Däli Mahmyt aga, Jeberri başy, Mustapa kethuda. Bular 1099 gez uzaklyga ok atdylar. Hatdat Ysmaýyl Ependiniň garşysyna «Azan» aýdyjy Ýusup halypa çykyp besleşdi. Ysmaýyl 1005 gez uzaklyga ok atdy. Merhum Mustapa paşanyň çaphanasynyň golaýynda «Puýraz howasy» bilen «Pişrow howasyny» atan ussatlar şulardyr: Jyndy Hajy piruz, okçy Ahmet çawuş, Diwan kätibi Muhammet Ependi, Gazy Mustapa Ependi, Laglyzada, Baky Çelebi, Mustapazada Çawuş, Şaban Ependi. Bular 1055 gez uzaklyga ok atdylar. «Lüduz howasy» bilen ok atanlar şulardyr: Mesgut aga, Gazy Mustapa, Süleýman ok-ýaýçy Ýusup, Jyndy däli Herem, Mustapa aga, Ybaraýym Çelebi, Abdylbaky Baltajy, Mustapa kethuda, Hindi Remezan. Düzgün boýunça her kim ok atanda, bir gazan halwany meýdana geter ekenler. Ondan soňra baýdak asar ekenler. Şu ýerde Beýik Allatagalanyň ýardamy bilen kitap tamam boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |