08:45 Okuwçylara ussatlaryň ok-ýaý bermek usuly | |
OKUWÇYLARA USSATLARYŇ OK-ÝAÝ BERMEK USULY
Sport we turizm
Ussatlaryň öz okuwçylaryna nähili ýagdaýda ok-ýaý berýärler?! Belli bolşy ýaly, Sagdy Wakgas Hüseýine şeýle diýipdir: – Eý, Hüseýin! Bir gowy ok-ýaý bolsady. Soňra Sagdy Wakgas bir ok-ýaý ýasadyp, ony Hüseýiniň eline berdi. Ok-ýaý atmaklyk Sagdy Wakgasdan miras galandyr. Bu mesele ýassy namazyndan soň, okalýan doganyň gelşine görä, Gurhany Kerimde şeýle ýazylandyr. Ussat haçan-da şägirdine ok atmagy öwretmäge başlanda, şol dogany okamalydyr. Eger ussadyň özi şol dogany okap bilmeýän bolsa, ony okap bilýän adama okadyp ýa-da bir kagyza ýazdyryp, ýaýyň bir çetine dakmalydyr. Ol doganyň mazmuny şeýledir: «Bismilläh-ir-rahmän-ir-rahym! Eý, Allahym! Muhammet Mustapa pygamberleriň seresi, yslamyň nurudyr. Eý, Allahym! Pygamberleriň seresi Muhammet Mustapa atly nurana ynsana salawatlar bolsun! Beýik Hatyja hanyma, Patma, Zöhrä, Kerbela çölünde horlanyp wepat bolan Ymam Hüseýine we zäherlenen Ymam Hasana (goý, Beýik Allatagala olardan razy bolsun!), Ymam Zeýnelabydyna, Muhammet Bakyra, Ymam Japar Sadyga, Ymam Mürze Bazyma, Ymam Hasana, zamananyň eýesi, döwrüň ýolgörkezijisi, beýik mertebeli Ymam Muhammet Mätä (goý, Beýik Allatagala olaryň barysynyň jaýlaryny jennet eýlesin!), ok-ýaý atan pirleriň barysynyň ruhlaryny şat eýle we olara salawat bolsun!». Soňra Muhammet pygamberiň nesline, yslam dinini ýaýratmak üçin söweşip üstün çykanlara, göze görünmeýän ägirtlere, duşmanlaryň ýeňilmegi üçin Muhammet Mustapanyň päk ruhuna salawat-aýatlar okap, ýaýy atyjynyň eline bermelidir. Şeýle däp-dessurlary ýerine ýetirmek bilen, talybyň eline ýag geýdirmelidir. Eger ussat beýle däp-dessury habarsyz bolsa, onda sen başga ussady tapmaly bolarsyň. Müsür ýurdunda ussatlar köpdür. Olaryň barysy merhum ussadymyz Süleýmanyň şägirtleridir. Ussat Süleýman nähili adamdy, daş görnüşi nähilidi diýip sorasyňyz, ussa Süleýman sakgaly biline ýetip duran köse adamdy diyen jogaby eşidersiňiz (goý, Beýik Allatagala Süleýmana rehmet etsin!). Häzir käbir adamlar ussadymyz Süleýman tanaman «Ol meniň şägirtlerimiň biridir» diýip, özüni öwmäge başlaýarlar. Men bir pahyr adam, şeýle bir täsin hadysanyň şaýady boldum. Günlerde bir gün täze satyn alan ok-ýaýym bilen ok atylýan meýdanyň ortasynda durdum. Golaý menzile ok atyp başladym. Töweregime ýygnan adamlar: – Seniň ussadyň kimdir? – diýip soradylar. Men: – Meniň ussadym hajy Süleýmandyr – diýip, jogap berdim. Olar: – Seniň ussadyň Süleýmandygyna niçik ynanaly. Biziň aramyzdan birini özüňe ussat saýlap, şoňa gulluk et – diýdiler. Men gulluk etmekden başga ýol tapmadym. Çünki, meniň ussadym Müsür ýurduna sapara gidipdi. Ahyrsoňy Stambul şäherindäki ýaýçylara we pälwanlara hat iberip, hatyň jogaby gelýänçä garaşmaly boldum. Men şol wagt zarp urulýan öýde kätiplik edýärdim. Şeýle işler bilen meşgullananym üçin zarp urmak ýaryşyna gatnaşmak nesip etdi. Haýsydyr bir şäherde ok atyşmak ýaryşyna gatnaşmakçy bolsaň, ilki bilen ussadyň kimdir diýip soraýarlar. Şonuň üçin her bir atyjy özüne meşhur ussatlaryň birini saýlap almalydyr. Ussadyň ak patasy bilen goluna ok-ýaýy almalydyr. Ussadyň buýrugyna görä, hereket etmelidir. Pälwanlar, ok atyjylar bilen ýaýçylar hemmesi bir meýdanda durmaly. Kimiň ussat ok atyjydygy barada şaýatlyk ederler. Menzil ýaýlaryň we zarp ýaýlaryň soňy 12,5 tutamdyr. Käbirler 14 tutama çenli uzyndyr. Menzil ýaýlarynyň dokuz tutamy bir barmakdyr. Köpüsi on tutamdyr. Ýaýlar hem adamlar ýalydyr. Ýaý dört dürli zatdan ýasalýandyr. Bir bölegi demirden, bir bölegi daşdan, bir bölegi kesekden, bir bşlegi bolsa agaçdan ýasalýandyr. Haçanda ýaýlar uzyn çekilse, uzakdaky nyşana hem urlup bilner. Mysal üçin, on tutam ýaý dokuz tutam ýaýdan uzagrakdaky nyşanany urup biler. Ýaýyň boýy uzyn bolsa, onuň oky hem uzaga gider. Ýaýçynyň boýy uzyn bolsa has gowudyr. Golaýrakdan atmak isleseňiz, ýaýy tutýan eliňizi aşak düşürmelisiňiz. Ýaýy çekýän eliňi gulak ýumşaklygyna ýetirip atmalydyr. Eger-de, ok atýan adamyň boýy ortarak bolsa, onda on dört tutam mylaýym ýaýdan, dokuz tutam ok bilen sandyga atyp biler. On üç tutam ýaý gaty bolsa, bu ýaýdan üstün çykyp bilmez. Gije ok atmak her bir ýaýça başartmaz. Sebäbi ýaýçynyň oky ýaýa daýanýar. Çünki, ok ýogyndyr. Menzil ýaýlary üç görnüşe eýedir. Olaryň uzynlygy dokuz dürlidir, ol on barmaga deňdir. Eger kabza uzyn bolsa, yzy tapylmaz. Menzil ýaýlary okly bolar. Emma atýan adamlar mergen bolmalydyr. Mergen ýaýyny gowy tutup, mylaýymlyk bilen çekip, kirişi gaty gysman, ok atar. Eger yaýyň gasynlary boş we okly bolsa, başy berkedilmez. Eger gasynlary doly bolsa, boş durar, okly bolar. Gasynlaryň boýy uzyn bolsa, örän okly bolýar. Şonuň üçin hem okçy ýaýyň başyna gözegçilik etmelidir. Eger ýaýyň agajy uz bolsa, ok uzaga gider. Eger ýaýyň agajy ýogyn bolsa, oky uzaga gitmez. Ussalar menzil ýaýlaryny ýasanlarynda agajyň gowusyny saýlap tapmalydyr. Ýaýyň agajy gowy bolmasa, gatyrak çekilende döwüler. Birnäçe gezek şeýle ýagdaý bolup geçdi. Käbir ýaýlar elimizde döwülýärdi. Agajy gowy bolsa, hemme zady gowy ýerine ýetirlen bolsa, ýaý näçe çekilse-de döwülmez. Egreler, ýöne döwülmez. Ýöne, ýaýy çekmek kyn bolar we agyr bolar. On tutam ýaýdan uzak menzile ok atjak bolsaň, ýaýy ýumşak tutmaly. Çünki, ýaýlar egrelende ýaýyň ýokarysyny inçe ildirmek mümkin däldir. Ýaý gowy ýasalanda, täze çykan aý ýaly ýokarky çeti inçe bolmalydyr. Käbir ussalar ýaýy ýasan wagtlary ýokarysyny galyň edýärler. Ýaý şeýle ýasalanda hil taýdan gowy bolmaýar. Ýaýyň agajyny çalynýan şekeriň möçberi az bolsa, ýaýyň inçedigni görkezýär. Şeýle ýaýda ok gowy saklanar. Emma agaç has inçe bolsa, menzile ok atylmakçy bolnanda beýle ýaýlar döwülmegi mümkin. Çünki, şeýle ýasalan ýaýlarda ok atylan wagty ýaýy çekmek mümkindir. Ýaýyň kirişi gowy bolsa we menzile ok atmak üçin mynasyp bolsa, oky iki ýüz gez uzagraga düşüp biler. Şeýle ýaýlardan atylan oklar, beýleki ýaýlardan atylan oklardan altmyş gez tapawut edip biler. Bulary ussatlarymy jan edip anyklapdyrlar. Häzirki döwürde ýasalan ýaýlar we oklar ikinji gezek ulanmaga bolmaz. Olaryň güýji azdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |