22:30 Ok atmaga degişli käbir nesihatlar | |
OK ATMAGA DEGIŞLI KÄBIR NESIHATLAR
Sport we turizm
Eý, ok-ýaýyň aşygy bolan eziz doganym! Goý, Allatagala biziň her birimize özümüziň gowy görýän işimizi ýerine ýetirmegi miýýeser etsin! Erbet işlerden özi gorawersin! Omyn! Ok atmak bir tarapdan örän aňsat, bir tarapdan bolsa örän müşgildir. Ýagny, ol örän uly güýç we zehini talap edýär. Oky bir ýaş oglan-da atyp biler, emma ussatdan öwrenmän hiç kim atyň üstünde nyşan urup, zarp bilen uzak menzile ok atyp bilmez. Sebäbi atlaryň yzygiderligi ýa-da «Ansab» («Nesil agajy») kitabynda şeýle ýazylypdyr: «Her bir zady ussatdan öwrenmek, ýaşuly adama hormat goýmak gerekdir. Sebäbi, ok atmak örän uly ylymdyr. Ok-ýaý atmak başga zada meňzänok». Saýlanan sahabalar döwründe, ok-ýaý atyjy ussatlar şulardan ybaratdyklary belli boldy. Ilkinji «Kowusnamany» ýazan Muhammet ibn Ýusup (goý, Beýik Allatagala oňa rehim etsin!) meşhurlyk gazanan ok atyjy pygamber bolupdyr. Muhammet ibn Ýusubyň lakamy Razy bolup, ol bütin jahanda meşhur pälwan eken. Muhammet ibn Ýusupdan soňra ussatlar biri-birinden ak pata alyp, dürli hünärleri we dürli sungatlary bilen şöhrat gazanypdyrlar. Ussatlar belli bolsun diýlip olara lakamlar hem goýlupdyr. Ussatdan soň, ahun bolmaly. Ussatlaryň hem derejesi uly-mertebeli bolupdur. Ussadymyzyň ussady Zähri-mar (Ýylan zäheri) lakamy bilen şöhrat gazanypdyr. Zähri-maryň şägirdi, meniň ussadym merhum Hajy Süleýmandyr. Meniň bu sözleri aýtmagymda maksadym näme? Maksadym şeýledir, eý, doganym, eşit? Senem özüňe bir ussat tapynyp, ok-ýaý atmagy özüňe kär edingin. Çünki, ussatsyz meşhur bolan pälwan ýokdur. Meniň beýle sözlerden maksadym şudyr: «Eger sen kitaplardan peýdalanyp, emma bir gowy ussada gol ýapmasaň, onda sen ok atyp, nyşana urup bilmersiň. Şahyda şahyr bu hakda şeýle diýipdir: Eger-de daragty egri ekseler, Boýy ýetende ol dogry bolarmy? Eý, ok-ýaýyň aşygy bolan eziz doganym! Eger sen bir ýagşy ussadan tälim alsaň, onda gowy hünär öwrenip bilersiň. Ussadyňdan tälim alyp, ok atsaň, nyşanany urmak seniň üçin müşgil bolmaz. Saňa ýene-de şeýle bir nesihatym bardyr, eý, doganym! Sen bu asyrda zarp urup, uzak menzile ok atmaga höwes eýlemegin. Şol bir gowy ýaý satyn algyn, soňra tenha atyş meýdançasyna baryp, nyşana alyp ok atgyn. Çünki, kemankeşleriň, başga-da ok-ýaýyň muşdaklarynyň minnetini çekseň, sen hergiz ok atmagy öwrenip bilmän, günäkär bolarsyň. Sebäbi, ok-ýaý atmagyň köp müşgillikleri bardyr. «Ok atan − altyn atar» diýlişi ýaly, ok atyp başlanyňda özge pikirleri ýadyňdan çykargyn. Gadym zamanlarda kemankeşler uly sylagdan peýdalanypdyrlar. Olara halat-serpaýlar ýapypdyrlar. Patyşalar, emirler, wezirler, döwletiň belent mertebeli adamlary mergen kişilere çuňňur hormat goýupdyrlar. Rowaýat Ajam şäherinde, Duzgoparan atly güýçli, gaýratly bir pälwan bar eken. Geçen döwürlerde, Ajam halkyndan bolan ussa Bagtyýar atly bir pälwan bardy. Ol döwrüniň şan-şöhraty beslenen hökümdarynyň hyzmatynda nyşanlary dogry urup, halaýygy haýrana goýar eken. Ajam ýurdunda pälwançylykda ussa Bagtyýara taý tapylmandyr. Bir gezek hökümdar: − Heý, biziň ýurdumuzda ussa Bagtyýar bilen güýç synanyşjak pälwan ýokmyka?! − diýip, halaýyga ýüzlenipdir. Hökümdaryň nökerleri birnäçe günläp ussa Bagtyýara taý geler ýaly pälwan gözläpdirler, emma tapyp bilmändirler. Bu ýurtda gadym döwürlerde topy daşa berkidip, atar ekenler. Ine, şeýle topuň daşyna demirden halka ýasap, ol daşy hökümdaryň köşgüniň meýdançasyna getiripdirler. Soňra jarçylar: − Kimde kim şu halkadan tutup, daşy ýokary göterip bilse, hökümdar tarapyndan uly sowgat-serpaýlar beriljekdir − diýip, jar çekipdirler. Bu jary eşidip, Ajamyň daş-u uzak şäherlerinden, obalaryndan ýüzlerçe pälwanlar gelipdirler. Emma olar daşy göterip bilmän, gider ekenler. Men-men diýen pälwanlar hem şol daşy bir garyş ýokary göterip, ondan ýokary galdyryp bilmändirler. Şol döwürde Ajamda Duzgoparan atly güýçli, gaýratly bir pälwan hem bar eken. Ol bagraç atly taýpadan eken. Duzgoparan hökümdaryň köşgüniň meýdançasyndan geçip barýarka, jemendäni görüp, olaryň ýanlaryna barypdyr. Duzgoparan daşy göterip bilmän duran bir pälwany görüpdir. Elgaraz, Duzgoparan pälwan başyndaky tahýasyny, bilindäki kemerine gysdyryp orta giripdir. Duzgoparan pälwan baryp daşyň halkasyndan tutup, üç gezek ýokary göterip ýerde goýupdyr. Muny gören halaýyk Duzgoparan pälwana sansyz «Berekela!» sözlerini aýdypdyr. Hökümdaryň ýasawullary Duzgoparan pälwany şanyň gaşyna alyp barypdyrlar. Şöhratly şa: − Bu kimdir? − diýip sorapdyr. Ýasawullar: − Eý, şahy-älem! Biz ýurdumuzdan daşy göterip biljek pälwany tapmadyk. Ine, şu Ajamdan gelip, daşy göteren pälwany siziň hyzmatyňyza alyp geldik − diýip, jogap beripdirler. Hökümdar Duzgoparan pälwanyň tarypyny eşidip, oňa uly sylag-serpaý ýapyp, ýüz sany tylla teňňeleri peşgeş beripdir. Hökümdar: − Eý, pälwan! Sen nireden gelen pälwan bolarsyň? − diýip soranda, garawullar: − Bu pälwanyň asyl ady Isgenderdir. Ol arnud taýpasyndan bolar − diýip, hökümdaryň soragyna jogap beripdirler. Soňra hökümdar şäher häkimine atyjylara we ok-ýaý daşaýanlara halat-serpaý ýapmagy, dürli nazy-nygmatlar bermegi buýurdy. Iki sany hyzmatkär pälwanlaryň ýaýlaryna ok daşamak üçin, iki sany hyzmatkär bolsa pälwanlary goramak hem-de ýatanda çep elleriniň üstünde ýatmasyn diýip gözegçi bellenildi. Elkyssa, şeýle ýagdaýda ussatlar Duzgoparan pälwana alty aýlap terbiýe berdiler. Her günde türgenleşik geçirdiler. Duzgoparan pälwan jahan pälwany boldy. Elgaraz, patyşa hezretleriniň ýanyna Duzgoparan pälwany alyp gelipdirler, soňra Ajamdan gelen ussat Bagtyýar hökümdaryň gaşyna barypdyr. Hökümdar gowy ok-ýaýlary alyp: − Goý, iki pälwan hem ok atmakda güýç synanyşsynlar − diýipdir. Duzgoparan pälwan bilen ussat Bagtyýar patyşanyň gaşynda bäsleşipdirler. Bäsleşikde Duzgoparan pälwan ussa Bagtyýary ýeňipdir. Patyşa ussa Bagtyýaryň göwnünini götermek üçin oňa uly hormat edip, halat-serpaý beripdir. − Eý, ussat Bagtyýar! Sen, indi bar-da, gören-eşidenleriňi gürrüň bergin! − diýip, hökümdar ussat Bagtyýara rugsat beripdir. Duzgoparan pälwan bu şan-şöhratly patyşanyň köşgünde hyzmat edip, älem-jahana meşhur bolupdyr. Bu hökümdaryň wezir-wekilleriniň hem pälwanlary bar eken. Wezir-wekiller biri-birine: «Biziň hem şa pälwany ýaly güýçli pälwanymyz bolsady» diýip, ýurduň çar tarapyndan pälwanlary ýygnamaga başlapdyrlar. * * * Arap dilindäki risalalaryň birinde şeýle rowaýat ýazylypdyr: Gadym Müsür ýurdunda öýsiz-öwzarsyz, ýoksul bir adam bar eken. Ol adam bir täsin oýun oýlap tapypdyr. Tapan oýnuny hökümdaryna oýnap görkezipdir. Oýna göwni ýeten patyşa ol garyba alty müň altyn sowgat beripdir. Ýoksullara, garyplara kömek etmek hökümdarlaryň bezegidir. Raýatlara kömek etmek, sahawatly bolmak şalaryň ýaraşygydyr. Ol ýoksul bendäniň tapan oýny şeýledir: On sekiz adam boýy ýaly agajy ýere gömüp goýmaly. Soňra bir çyra ýag guýup, ony otlamaly. Soňra çyrany okuň ujuna dakyp, ýaý bilen oky on sekiz adam boýy ýaly dik duran agajyň üstüne çykarmaly. Çyra şol belentlikde üç gije-gündizläp ýanyp durmaly. Gadymy türkmenler şol döwürlerde şeýle täsin oýunlary oýlap tapmagy başarypdyrlar. Merhum Soltanmyrat han döwrüň (goý, Beýik Allatagala olaryň günälerni geçip, jaýyny jennet eýlesin!) şu ýokardaky oýny görkezipdir. Agajyň üstünde, ýanyp duran çyranyň daşyndan kebelekler aýlanyp, ýanyp gaçyp durupdyr. Şu wagt hem biziň parasatly halkymyz dürli oýunlary oýlap tapmagy başarýarlar. Soltanlar oýlap tapyjylara halat-serpaý hezzet-hormat we uly sowgatlar berseler, dünýäde uly açyşlar etjek adamlar köpdür. Dünýä hiç-haçan oýlap tapyjylardan boş bolmaz. Eger gowy sylag edilse, pälwanlar ýüze çykar, güýçli mergenler tapylar. Güýçli, ukyply adamlar isleseler deňziň içindäki sadaplardan göwherleri çykaryp, şalara, soltanlara getirip bererler. Gadym döwürleriň şadyr soltanlary sahawat bolupdyrlar. Eý, ok-ýaýyň aşygy bolan eziz doganym! Eger seniň atan okuň uzaga gitmese we ol oky ellerine alyp, «uzaga gitmedi» diýseler, sen başyňy ýerden galdyryp bilmersiň. Çünki, kimdir bir täsin hünär görkezse, «Ony men hem başaryp bilerin» diýip, görüplik edenler hem tapylar. Şahyr: Eger dilden gelen, elden gelsedi, Gedaýlar galman soltan bolardy. Elbetde, bu dünýäde aýdan sözüňde tapylmak örän kyndyr. Alymlar tutanýerli bolmak barada köp zatlary aýdypdyrlar: «Eger tutanýerli adam bir işi hökman bitirmegi ýüregine düwse, ol has agyrrak işi bitirip biler»; «Her zadyň öz syry bardyr, ol syr janypkeşlik bilen amal bolar»; «Her kim zähmeti bilen myradyna ýeter». Elgaraz, her bir kim ýazgydynda näme ýazylan bolsa, şony hem görer. Akyldar-danyşmentler öz akyl-parasatlarynyň güýji bilen syrlaryndan ägä bolupdyrlar. Şahyr bu hakda şeýle diýýär: Nedenli tagalla edersiň, bir myrada ele girmez mukaddardan zyýada. Terjime: «Sen hernäçe myrada ýetmek üçin jan etseň-de, kysmat-takdyryňdan artykmaç zady gola salyp bilmersiň». * * * Gudratly güýçli Allatagala adam ogluna akyl bagyş edipdir. Muhammet pygamber şeýle diýýär: «Hereketde bereket bardyr. Allatagalanyň gullaryna hereket etmek wajypdyr». * * * Abzalar (abhazlar) we gürjüler atyň üstünde ok-ýaý atmak, tüpeň atmak we ýumşak ýaýlardan atmaga ussatdyrlar. Beýle hünärler olar tebigatyna mahsus däbe öwrülen oýunlardyr. Ýöne menzile ok atmak, zarp urmak olaryň bitirjek kärleri däldir. Munuň sebäbi nämedir? Bu sowala şeýle jogap berýäris. Müsürli mergenler ysgynsyz, çydamly däldirler. Olar üç günüň dowamynda menzile ok atmak hünärini öwrenmek isleýärler. Emma üç günde menzile ok atmak atmak hünärini öwrenmek asla mümkin däldir. Danalarymyz şeýle atalar sözlerini aýdypdyrlar «Howlugyp ýörän adam yza galar, ýuwaş-ýuwaş ýörän adam ozup geçer». Ýagny, çalt ylgaýan eşek yza galar, ýuwaş ýörän eşek abraý gazanar. Sebäbi menzile ok atmaklyk howlugyp edilmeli amal däl. Ok-ýaý atmak keramatly işdir, ol sabyrly bolmagy talap edýär. Ýokarda beýan eden hekaýatymyzda Duzgoparan atly pälwan bilen Bursaly mergen ok-ýaý atmak üçin «On ýyl türgenleşik geçmeli boldylar» diýilýär. Siz, şu sözlerden menzile ok atmagyň nähili müşgil işdigine düşünen bolsaňyz gerek. Bu mesele barada, kitabymyzda giňişleýin söhbet etmek ýerlikli däldir. Emma ussat mergenleriň, atyjy pälwanlaryň ruhlaryna alkyş-dogalar etmegimiz wajypdyr. Duzgoparan pälwan şa hezretleriniň köşk pälwany eken. Ol Ajamly pälwanlaryň neslinden bolupdyr. Bir gezek, şanyň golaý adamlaryndan biri: — Eý, şahym! Duzgoparan guluňyza bir gezek gapynyň ýanyna çykaryň – diýip, haýyş edipdir. Bagtly şa bu sölere gaharlanyp, jellady çagyrypdyr. Emma şanyň egindeşleri bu söleri aýdan bendäniň günäsini geçmegi diläpdirler. Emma şa: − Ol meniň ojagymy bozmakçy boldy − diýip, ony jezalandyrmaga höküm beripdir. Duzgoparan pälwany gapydan çykaryň diýen bende köşkde iň atly-abraýly adamlaryň biri bolupdyr, emma bu onuň jezalandyrylmazlygyna peýda etmändir. Birnäçe wagt geçenden soňra, şa Duzgoparan pälwan bilen Ak deňze sapara gitdi. Olaryň ýany bilen iki sany mergen hem gitdi. Gaýdyp gelýärkäler, Duzgoparan pälwan bir kapyry ok bilen urup heläk etdi. Şa onuň batyrlygyny we är kişidigini aýtdy. * * * Osmanly soltanlarynyň döwründe bir arabaçy dostumuz bardy. Düýn ol aramyzda-dy, indi bolsa ol şanyň serkerdeleriniň biri boldy. Bir gün ol biziň otagymyza geldi. Ol bir adamyň adyny gygyryp çagyranda, duşmanlaryň barysy biziň otagymyza çozdylar. Olar: − Beýleki otaglarda hem biziň dostlarymyzyň sany köpdür − diýýärdiler. Soňra olaryň biri arabaçy dostumyza ýüzlenip: − Sen bizi kowma, biz saňa kyrk ýyl hyzmat edeli, janymyz sag bolsa gylyjyň demi bilen dünýäni basyp alarys − diýdi. Eý, okyjy! Beýle sözlerden biziň näme diýjek bolýandygymyza düşünensiň. Pälwanlaryň söweşde ýeňiş gazanmaklar hem-de tutanýerlilikleri ussatlaryna baglydyr. * * * Türkiýäniň Amasiýa şäherinde Mir Alym Ahmet aga atly bir adam odun ýüklenen bir düýäniň astyna girip, ony ýokary götermegi başarypdyr. Soňra ol patyşanyň öňünde iki goýuny bile tutup, ýokary göteripdir. Ol goýunlary göterip, derisini sypyrmagy hem başarypdyr. Mir Alym Ahmet aga dünýäniň iň güýçli we kuwwatly adamlarynyň biri bolupdyr. Mir Alym Ahmet bir ýyllap at bakypdyr, seýisçilik sungaty bilen meşgul bolupdyr. Mir Alym Ahmet gamyşdan ýasalan oklary taşlap, çam atly agaçdan ok ýasapdyr. Bu oklar Mir Alym Ahmediň adyny rowaçlandyrypdyr. Ol gamyş oklary ýasap, hersini bir altyna satypdyr, çam agajyndan oklary ýasap, hersini bir kuruşa satypdyr. Soňra mergenleriň, atyjylaryň barysy çamdan ýasalan oklary atmaga başlapdyrlar. Gamyş oklar bolsa ulanylmakdan galypdyr. Rowaýat Ederne şäherinde ok-ýaý ýasaýan bir ussa bar eken. Ol ussa 500 altyn iberip, köşge çagyrypdyrlar. Ussa köşge gelip, ýedi sany ok ýasapdyr. Oklaryň altysy nyşana baryp ýetipdir, ýedilenji ok bolsa köp ýollary geçip, daga baryp düşüpdir. * * * Rowaýata görä, Ýanmaz lakamy bilen şöhrat gazanan bir atyjy pälwan bar eken. Bir gezek ol ýoldaşlary bilen serhetýakada ýerleşen duşmanlaryň welaýatyna barypdyr. Yzyna gaýdan wagtynda, ýagylar olaryň dag geçelgesinden ýollarynyň düşjekdigini bilip, şol geçelgäniň töwereginde gizlenipdirler. Ýagylaryň sany köp eken, Ýanmaz we onuň ýaranlarynyň sany az eken. Şeýle ýagdaý-da olar örän kösenipdirler. Emma Ýanmaz pälwanyň ýanynda birnäçe oky bar eken. Ol şol oklary kapyrlara garşy atypdyr. Oklar baryp biriniň başyna, biriniň synasyna degipdir. Beýik Allatagalanyň goldawy bilen atylan oklar boş geçmän, ýagylara baryp degipdir. Duşmanlar «Türkiýe örän uzakdadyr. Türkiýeden biziň ýanymyza ok ýetmez. Oklar asmandan ýagýandyr» diýip, gaçyp gidipdirler. Geçelge boşap galypdyr. Elgaraz, Ýanmaz pälwan we onuň ýaranlary heläkçilikden halas bolupdurlar. Atyjylar gadym eýýamlardan bäri, birnäçe tilsimlerden habarlydyrlar. Ok atmakda käbir ýalňyşyklar hem bolupdyr. Pälwanlar menzil oky bilen üç ýerde kapyrlara hüjüm edip, soňra özleri heläk bolupdyrlar. Şeýle kemçilikleri kitaplarda ýazylyp, uly tejribeler toplanylypdyr. Kitaplardaky ýazgylaryň hemmesi synagdan geçirillendir. * * * «Eger bir kişi «Mazrak» atly ýaýdan ussatlyk bilen ok atyp bilýän bolsa hem-de ussadyndan kämil hünär öwrenen bolsa, onda ol jeň meýdanynda on iki sany gylyçly pälwany ýeňip biler»; «Eger iki sany ussat mergen bir geçelgede duş gelse, şol geçelgeden ýekeje duşman esgeri hem geçip bilmez» diýlip, risalalarda ýazylypdyr. * * * Bilşiňiz ýaly, Adam atadan soňra ok atmak birnäçe wagtlap ulanylmakdan galypdyr. «Futuwwetnama» eserlerinde, arap dilindäki «Kowusnamalarda» şeýle ýazylypdyr: «Pars welaýatynyň soltany Nemrut bir ok ýasap, ony asmana atypdyr. Allatagalanyň buýrugy bilen Jebraýyl perişde ýere düşüp, Nemrudyň atan okuny gana batyryp, yzyna gaýtarypdyr. Nemrut muny görüp, «Men Ybraýymyň Hudaýyny öldürdim» diýip begenipdir. Çünki, Nemrudyň nebsi bozuk, göwni gara eken. Nemrutdan soňra asmana Sam Ýemeni, ondan soňra Rüstem Mahras, Ystykbal ibn Araş atdy. Ondan soňra Arabystanly Ybraýym üç sany ok ýasady. Oklaryň biri özüne aldy, birini Ysmaýyla, ýene-de birini Isa berdi. Soňra asmana oky Tawus, ondan soňra Erdeşir ibn Bäbek atdy. Ondan soňra Şapur atdy. Şol wagtdan soňra, birnäçe wagtlap ok-ýaý ýitrim boldy. Ondan soňra, Bähram ibn Bäbek şanyň goluna bir surat düşdi. Suratda okly-ýaýly bir mergeniň keýigi urup duran şekili çekilipdir. Emma Bähram şa ok bilen ýaýy nähili ýasamalydygyna düşünip bilmedi. Bähram şa ilki ok-ýaýy misden ýasady, emma bolmady, soňra demirden ýasady, ýene bolmady, ondan soňra kümüşden ýasady, ýene-de bolmady, ahyrsoňy altyndan ýasady, onda hem bolmady. Soňra Bähram şa ok-ýaý ýasamakdan ejizläp, dürli welaýatlara adam iberip, ok bilen ýaýy ýasap biljek ussalary gözledi. Bähram şa suraty gözleýän adamyň goluna berip: «Kim-de kim şu suratdaky ýaly ok bilen ýaýy ýasap bilse, ony köşgüme alyp gel» diýdi. Ok bilen ýaýy ýasap biljek adam köp wagtlap gözlenildi. Ahyry bir ejiz ussany tapyp, Bähram şanyň gaşyna alyp bardylar. Ol ussa Bähram şa üçin ok bilen ýaý ýasady. Şondan soňra, şu kitap ýazylýan döwre çenli zemin içre ok-ýaý ulanmaklyk dowam edip gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |