16:02 Zarp urmak barada | |
ZARP URMAK BARADA
Sport we turizm
Eý, doganym! Eý, ok atmaga aşyk bolan adamzat ogly! Eger sen zarp urmak hünärini maksat edinen bolsaň, bir sandygy tapyp, ony boýuň bilen deň belentlikde goýmalysyň. Ýumşak ýaýdan günde üç ýüz gezek şol sandyga ok atyp, türgenleşmelisiň. Her aýda ýaýlary çalyşmaly bolarsyň. Çalşyrylan ýaýlar biri-birinden gowy bolmalydyr. Üç aý şeýle türgenleşik etmelisiň, emma hergiz ok atmagy terk etmeli dälsiň. Ýaýy kirişini gulagyň astyna çenli çekip goýbermelisiň. Eger eliň gysga, okuň hem uzyn bolsa, onda ýaýyň kirşini gulagyň ýumşak etine çenli çemlemelisiň. Emma okuň ujy ýaýyň kabzasiniň daşary tarapyna çykmasa, oky gysgaltmalydyr. Oky çekip, gulagyň ýumşak etine çenli ýetirmelidir. Eger, ýaýyň kirişi gulagyň ýumşak etinden geçse, onda ýaýy aşaga düşürjek bolanyňda ol bozulmagy ähtimaldyr. Indi, oky eliňe deňlärsiň, şonda ok bozulmaz, bir zarp bilen urup bilersiň. Seniň gowy türgenleşik geçendigiň şonda belli bolar. Sandyga kyrk sany pisse ýaly zatlaty goýup, ok bilen urmalysyň. Eger ýalňyşsaňyz, nyşanany urup bilmeseňiz ýene-de türgenleşik etmelisiňiz. Sen ok atjak ýeriňi belläp, şol ýeri hökman urmalysyň. Zarp ýaýlary 2,5 tutamdyr. Türgenleşik edip, zarp uranyňdan soňra maksadyňa ýetersiň. Gowy ýaýlar üç sanydyr: 1. 12,5 tutam ýaýlar. 2. 13 barmak ýaýlar. 3. 14 barmak ýaýlar Ussadyň öwredýän zarp oklarynyň boýlary ýaýa mynasyp bolmalydyr. Zarp oklarynyň boýy dört garyş, ini 2,5 garyş bolmalydyr. Ýaýy sandygyň içinde goýmaly. Eger Müsür ýurdunda bolsaňyz, ýaýy bir gije-gündiz sandygyň içinde goýmaly. Rumda, Ýewropa ýurtlarynda bolsaňyz, ýaýy iki gije-gündiz sandygyň içinde goýmaly. Ussatlar bilen gerekli zatlary taýýarlap, demirden ýaý bejermek üçin gerek bolan zatlary maslahatlaşyp taýýarlamaly. Sebäbi, ýaý bejermek işi eke özüňize başartmaz. Hemme zatlary taýýarlanylandan soňra, ok-ýaý atmak üçin welaýat häkimliginden rugsat almaly. Ussatlaryň derejesine görä olara sowgat-sylag ýapyň. Birine ýaý, birine ok, ýene-de birine bal we hilal ýaly her kimiň öz hyzmatyna görä sylag-hormat etmeli. Ondan soňra: «Pylan ýerde, pylan gün ok-ýaý atmak üçin märeke ýygnansyn» diýip, halky çagyrmalydyr. Halk dynç alsyn, Olara bir saçakda nahar beriň. Irden, günortan we agşam gelen adamlara hezzet-hormat ediň. Üç gije-gündiz baýramçylyk ediň. Soňra meýdanyň ortasynda agaç dikip, uruljak zady belentlige çykaryp, ony berk baglaň. Bir sandygy ýa-da dört sany kesgir gylyjy taýýarlaň. Soňra şol kesgir gylyjyň üstünde aýakýalaň halda sandyga zarp bilen ok atarsyňyz. Bu bäsleşige döwlet emeldarlary gelerler. Baýlar, hanlar, olaryň bilen gelen görmegeý, owadan zenanlar üçin dürli iý-iýmişleri teklip edip, olara hödürlemelisiňiz. Bu zatlaryň kemi goýulman taýýarlanylmalydyr. Ondan soňra doga edýän adamlar meýdanyň ortasynda el galdyryp, «Ämin!» diýerler. Pälwanlar söweş meýdanyndaky ýaly, üstünlik gazanmak üçin nyzama durmalydyr. Şu dogany okamak ýagşydyr: «Mähirli we Rehimli Allanyň ady hem-de onuň goldawy bilen! Allatagala ýüz müňlerçe hamdy-senalar bolsun! Älem jahany ýaradan Hudaýa, Adamy atany dünýä getirip, oňa jan berene hamdy-senalar bolsun! Hudaý tarapyndan iberilen pygamberiň ruhlaryna köp-köp alkyşlar bolsun! Adam alaýhyssalamyň ruhuna dogalar bolsun! Nuh pygambere, Ybraýym Halylylla, Ysmaýyl Zebihulla, Yshak Ysraýylallaha, Ýakup, Musa Selilluha, Dawut Halyfatuillaha, Isa Ruhullaha ruhullahy we iň soňky pygambere, iki dünýäniň serdary, Hudaýyň dosty Muhammet Mustapa we onuň sahabalaryna, onuň hormatly aýallaryna, çagalaryna salamdyr dogalar bolsun! Çaryýarlar Abubekre, Syddyk Ýargaza (söweşde ýeňip gelen), Omar ibn Hattaba, Osman ibn Affana, Aly Murteza (şehit ölen), yslam dünýäsiniň serkerdebaşylary Ymam Hasana we Ymam Hüseýine, şehitleriň seresi Hemze ibn Abdylmutalyba, Apbas ibn Abdylmutalyba, Sagdy Wakgasa we hemme keramatly sahabalara, şyhlara (goý, Beýik Allatagala olaryň barysyny jaýyny jennet eýlesin!) doga-dilegler bolsun! Yslam dinini ýaýratmaga üçin kömek edenlere şu häzirki döwrüniň şalaryň ýaşy uzyn bolmagyna bütin şu ýere ýygnanan adamlara iman diläp, ilkinji we iň soňky pygamberiň Muhammet älem jahanyň Hudaýyna salawatlar bolsun». Elgaraz, şol meýdanda asylgy duran kabzany çözmeli. Soňra şol ýerde duran ussatlardan rugsat alyp we hormat etmek bilen, pygamberleriň soltany Muhammediň päk ruhuna salawat, doga edip, şehitleriň ruhuna tekbir aýtmaly. Soňra ol kabzany çekmeli. Bütin dünýäni ýaradan Hudaýa hamdy-senalar bilen oky çekmeli we oky nyşana urmaly. Başda demreniň arka tarapyny görkezmeli, soň ujyny görkezmeli. Soňra belentlige çykandan soň, şol ýere ýygnalan adamlar «Berekella!» diýerler. Peýkamy görkezip bilmedik adam kemankeşileriň piri bolup bilmez. Eý, ok-ýaýyň aşygy! Men bahyl gul däldirin, ýöne nädip ýazjagymy bilmedim. Sen boş agaçdan bir tüpeň şekilini ýasamalysyň. Onuň agyrlygy 20 dirhem bolmaly, tüpeň ýaly boýy 9 tutam, bir garyş bolmaly. Soňra agajyň ýokarsyny ýaryp, ýaýyň kirişini içinden geçirmeli, ýaýyň kabzany okuň başyna geler. Ol ýarylan baş tüpeň ýaly, «agaçdan ok» diýerler. Ýokarsy ýaryk, aşagy bütin ýaýyň kabzasine daýanyp, bir gezek ýaýa orarsyň. Soňra bir garyş ölçegindäki galam çykaryjyny ýasadarsyň. Ol okuň deşiginiň içine girip-çykyp durmalydyr, muňa-da «harby» diýýärler. Soňra bir ap-ak surgujyň ujuna bir ýaýyň ýüpini mäkäm sararsyň. Eger agajy köp ursaň, agaç ýüp ýaly ýumşak bolar. Surguja ýüpi mäkäm orap, oky içine girizmelisiň. Ýaýyň kiçi galam içindäki ýüpüň ujy inçedir, galam içine girer. Birini alyp, ýaýy ýüpi ujunda surgujyň demreni perwana içinde goýmaly. Perwany kiçi galam içinde goýup owadanlaşdyrarsyň, ol ne gaty, ne-de ýumşak bolmalydyr. Eger ýumşak edilse ok atylmaz, ok içine gaçar. Hünär munuň sazyndadyr. Saz atylanda ok galamy ok azyndan içeri goýberer. Bular harpy içeri ider. Ýaýy çek, sol eliň ýokary başyň üzerine gelsin. Ol kiçi galamy çile üstüne geler. Bu şeýle ýagdaýdadygyny ussat öwretmese, ussatdan görelde almasa bolmaz. Ýöne örän akylly we parasatly bolsa örän gowy öwrenersiň. Kitapdan görelde almasaň bolmaz. Kitapdan bir zat öwrenmekçi bolsaň, kitapda ýazylan ýazgylar örän köpdür. Bularyň barysyny kitaba ýazmak mümkin däldir. Kitaby okanyň bilen bilmersiň. Ussatdan öwrenmese bolmaz. Ok içinde birejek çyrany goýup demreni iki çetinden geçip döwülmez, halal agaç demreni we ýazy galamy we galamtaraş (galamyň ujuny ýiteldýän gural) bir arkadaşy merhum Soltanmyrat hany hezretleriň ýanynda üç galyňly agajy agaç inine urup ata tarapyndan üç gezek görkezip çykdy. Merhum Soltanmyrat bize keramat görkezýär diýdi. Ol gözbagçy (hokgabaz) däl, jadygöýdir diýdi. Eger jadygöý bolmasa hakyky sungatdyr patyşam diýdi. Oýunçy jogap berdi. Uran wagtymda nyşana degen oky şanyň goragçysy ol oky patyşa berdi. Patyşa ol oky halka görkezdi. Hak berekella, sag bolsunlar aýtdy. Patyşa ol sungat ussadyna bäş altyn sowgat berdi. Öňki patyşalar müň altyn sowgat berýärdiler. Janyň kemankeş garyndaş! Bar indi bu asyrda senem kemankeş bol. Eger zarp urmaga başlasaň şular ýaly edip başlamalysyň. Gören adamlar halar ýaly ýol ine şeýledir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |