00:14 Menzil atmak barada | |
MENZIL ATMAK HAKYNDA
Sport we turizm
Eý, meniň gardaşym! Eý, ok-ýaýyň hak aşygy! Bilip goýgun, menzil atmak örän müşgildir. Menzil atmagy maksat edinen bolsaň, ýokarda aýdylşy ýaly, ussatdan öwrenmelisiň, gowy zarp urup türgenleşmelisiň. Türgenleşik geçirlende sandyga zarp bilen urmaly. Menzil atmak üçin bir torbany alyp, içini pagtanyň çigidinden doldurup, adamyň kellesiniň ýokarsynda berkidersiň. On tutam, bir barmak uzynlygy bolan bir ýumşak ýaýdan ýedi gezek şol torba garadyp ok atmalysyň. Çep eliň bilen ýaýy tutup, ýumrugyňy aşaga bakdyrmalysyň. Muňa «jeňbaz» kabza diýerler. Örän dogry durup, nyşana almak gerekdir. Sag eliň bilen ýaýy çekip, ýokardan geçirmelisiň, ýaýyň kirişini gulagyň ýumşak etine çenli çekmelisiň. Emma, sag eliňi tirsegiň aşagyna bakdyrmaly däldir. Ok atylanda tirsek ýokary hereket etse, ol örän gowy bolar. Göni durup, sag eliňden özge agzalaryňy hereket etdirmeli däldir. Şeýle ýagdaý-da, aýda bir gezek ok-ýaýyňy çalyşmalysyň. Türgenleşik gutarýança üç gezek ok-ýaýyňy çalyşmagyň lazymdyr. Kyrk günüň dowamynda şeýle ýagdaýda türgenleşik etmelisiň, türgenleşigi yzygiderli güýçlendirmelisiň. Türgenleşigiň möhleti dolandan soňra, bir ýaýy eliňe alyp, synlap görmelisiň. Soňra bir mynasyp ok-ýaýy alyp meýdana barmalysyň. Stambulda, Müsürde ýa-da has uzak ýerlerde bolsaň hem, ýaýy çep omzuň başyna berkiderersiň. Düzgüne görä dört we bäş sany ok atarsyň, oklaryň baryp düşen ýerini barlarsyň. Oklar nyşana düşen bolsa, eden işiň ýerine ýetdigidir. Her gün irden hem-de üç ýüz gezek gün batyp barýarka meýdana çykyp üç ýüz gezek ok atarsyň. Düzgüne laýykda ok atmagy başarsaň ussatlygy öwrenersiň. Eger aýda bir gün ok atmasaň, onda ýaýyň kirişi gowşar. Şygyr: Her kişiň ýaýy berkdir, Belki, onuň ili terkdir. Eý, ok-ýaýyň hak aşygy! Indi eliňe mynasyp bolar ýaly, düzgün bilen ok atarsyň. Eger şu düzgün boýunça hereket edip, ok-ýaý atsaň, Rüstem bolsaň-da başarmarsyň. Sebäbi, ok güýç bilen atylmaz, hünär bilen atylar. Biziň zamanamyzda ýaý çekmek üçin pälwanlar üýşüp geldi. Emma synag meýdanynda olar üstün çykmadylar. Hekaýat Bu waka Müsürde bolup geçipdir. Jendi Perwiz atly bir pälwan bar eken. Ol güýçli pälwanlara meňzär eken. Jendi Perwiz 120 dirheme bir ýaýy satyn alyp, synag meýdanyna girende: − Men size ok atmagyň nämedigni öwredeýin? − diýip, haýbat atypdyr. Haçanda ol ok atmaga başlanda, onuň özüni alyp barşyny görenimizde, ýüregimiz köşeşdi. Biz öz aramyzdaky iň ýumşak ýaý çekýän adamy muňa ýoldaş etdik. Biziň ýoldaşymyz segsen dirhemlik ýaýy bilen pälwandan üstün çykdy. Bu ýagdaýy görüp, Jendi Perwiz: − Meniň ýüregime ok degen ýaly boldy, segsen dirhemlik ýaýdan çykan ok nädip geçer − diýip gaharlandy. Şol wagt: − Boluň, oklary düşüriň. Her kim öz okuny öz eli bilen çykarsyn − diýdiler. Jendi Perwiz meýdandaky oklary görüp, mekir edilmändigni bildi. Ol özüniň utulandygyny kabul etdi. Ýöne, ol örän mähribanlyk bilen: − Maňa bu ýerde nähili syryň bardygny aýdyň? − diýip, ýürekden diňlemäne başlady. Jendi Perwize: − Güýç daglary-daşlary döwmekde hem, türgenleşik etmekde hem däldir. Onuň hiç peýdasy ýokdur. Türgenleşik diýilýän zat, ilki bilen düzgün boýunça we ýuwaş-ýuwaşlyk bilen başlansa gowy bolar − diýip, nygtadylar. Hatda, Jendi Perwiziň yşga düşendigini gören pelek şeýle diýdi: «Pälwanyň arkasy ýer degdi, ýagny ol ýeňildi. Onuň emri ýokary göterlendir». * * * Eý, mergenlige aşyk gardaşym! Berk ýaý atyjy üçin üstünlik getirýär. Emma üstünlik gazanmak üçin köp türgenleşmeli we sabyr etmek gerekdir. Şeýle atalar sözi bar: «Sabyr bilen guruk (kak edilen erikden) halwa bolar». Merhum Muhammet Ependi bahasy togsan dirhemlik ýaýdan ok atar eken. Emma atyjylar öz aralarynda «Her kime togsan iki dirhemlik ýaýdan ok atmaklyga rugsat berilýär. Başga artykmaçlyga rugsat ýokdur» diýip, şert edipdirler. Ýöne, ýokarda agzalan ok-ýaý Hüseýin atly ussanyň ýasan ýaýydyr. Ussa Hüseýin birnäçe ýyllap Müsür ýurdunda ok-ýaý ýasapdyr. Bahasy ýüz dirhem bolsa-da, ussa Hüseýiniň ýasan ok-ýaýlaryna taý geljek ok-ýaýlar tapylmandyr. Ussa Hüseýin dört tutam bir barmakdan ybarat ýaýlary ýasar eken. Şol döwürde Mustapa Sabyr atly bir pälwan hem bar eken. Ol ussa Hüseýiniň ýasan ýaýyndan peýdalanyp, düzgüne laýyklykda türgenleşip başlapdyr. Hatda, oňa ýüz on dirhem bahaly timarlanan ýaýy çekmäge hem rugsat berlipdir. Soňra Mustapa Sabyr bu ýaýa mynasyp oklary ýasamagy buýurdy. Şol ullakan ýaýyň adyna «Dar» diýýärdiler. Ol ýaýyň kabzasi açyk eken, ýaýyň bahasy bolsa segsen sekiz dirhem bolupdyr. Bu menzile atylýan ýaýdan köp adamlar bäsleşipdirler. Ýöne, «Dar» atly ýaýdan atylan oklar döwülmän, pytraman ýere düşer eken. Çünki, «Dar» atly ýaýyň bahasy ýokdur. Oňa taý geljek ýaý hem ýokdur. Sebäbi, ol ýaýyň belentligi on tutamdyr. Ýöne, onda burmasy azdyr. Günde 600 gezek ok atylsa, otuz gün bir aý türgenleşik dowam etse, ok ýaýdan çykandan soňra ýyldyrym ýaly atylyp gider. Şonda türgenleşik tamam bolar. Bir boş kabza daşyňda bir, çeti sende galaýsa, şonda sen türgenleşigi dowam edersiň. Iki çeti sende galar ýaly bolmaly. Türgenleşik edeniňde başga işlere üns bermeli däldir, dynç alman ok atsaň ýeňiji bolarsyň. Eger biliňi berk guşap, gowy taýýarlansaň, başgalardan öňe geçmegiň mümkindir. Eger, köp türgenleşmeseň, ýalta bolarsyň. Eger ok bilen ýaýyň gowy bolmasa, üstünlik gazanyp bilmersiň. Şeýle atalar sözi bar: «Gurallar bolmasa, el bilen iş bitirip bolmaz». Şonuň üçin hem işi bitirýän guraldyr, el oňa sebäpkärdir. Türgenleşik tamamlanandan soňra zarp ýaýlaryny sandygyň içine goýup timarlamalydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |