23:20 Ok-ýaýlary timarlamak barada | |
OK-ÝAÝLARY TIMARLAMAK BARADA
Sport we turizm
Eger sen Müsür ýurdunda bolsaň, öň aýdyp geçişimiz ýaly, ok-ýaýyňa bir gije-gündiz timar etmelisiň. Eger sen Rum diýarynda bolsaň, üç gije-gündiz ok-ýaýyňy sandyga salyp goýmalysyň. Ýaýlar goňy timarlanandan soňra, ýüz dirhemlik ýaýy rahatlyk bilen çekip bilersiň. Ýaýy gowy timarlasaň, togsan gezek atyp bilersiň. Ýaýlar dem alar ýaly ýerde goýsaňyz, ýaýlar göýä demire dönerler. Ýaýlary timara goýmazdan ozal ýüp gerekdir. Menzil atylan ýaýyň kirişini ýaýçy sarap goýmaly däldir. Ok atyjylaryň her biri ýaý kirişini saramagy başarmaz. Çünki, bu kyn işdir. Iki dirhemlik ýüpekden we ýüz dirhemlik ýaýa çile saramak mümkindir. Eger, ýaýy gaty çekmek isleseňiz, onda ne uzyn, ne-de gysga, ortaça ýüpi saramalysyňyz. Ýaý çilesi gaty işmeli däldir. Ýaýyň çilesi ne uzyn, ne-de gysga bolmalydyr. Çiläni ussat ok atyjynyň görkezmeleri boýunça saramak ýaraşar. Soňra okuň çilede goýuljak ýerini bellemelidir. Bellenen ýeri tapyp, ýaýy tutup oky ýokary atmalydyr. Hekaýat Bir gün ok atylýan meýdanda ok atyp, türgenleşýärdik. Atan okumyzyň hiç biri nyşana degmeýärdi. Nirede ýetmezçilik barka diýip, gözledik, emma tapyp biledik. Biziň ýanymyzda bir atyjynyň hyzmatkär oglany bardy. Bu oglanyň sözi meýdanda oturanlary haýrana goýdy. Ol: – Haçanda ýaý atmakçy bolanyňzda, ýaýy aşak garadyp atmaň, ýaýy ýokary garadyp atyň – diýdi. Hyzmatkär oglanyň bu sözlerini eşidip,ýaýy okary garadyp atdym, ok ýyldyrym ýaly süýnüp gitdi. * * * Eger ýaýy gowy gözden geçirseňiz, öňküden hem gowy görnüşe geler. Uly meýdanda ok atsaňyz, örän gowy netije berer. Ýöne, ýaý gowy ýasalan hem-de ýaýy atýan adam gowy türgenleşen bolsa, onda menzile atmakda üstünlik gazanylar. Eger-de, ok atyjy gowy ussadyň ýanynda türgenleşe, ol ýeňiş gazanar. Eger, gowy türgenleşmese, ýeňize köp wagtlap garaşmaly bolar. Ok atyjy türgenleşigi gutarandan soňra, ýaýyň kirişini baglap goýmalydyr. Bir dostum türgenleşige gatnaşýanlaryň ýanyna baryp: – Eý, kemankeşler, ussatlar! Men ok-ýaýyma timar berdim. Men siz bilen atyşmagy maksat edýärin. Eger makul bilseňiz, pylan menzile çenli ok atalyň. Siz rugsat berýärmisiňiz – diýdi. Olar: – Sen näçe dirhemlik ýaýy çekýärsiň? – diýdiler. Dostum: – Menzile ok atmak üçin, togsan dirhemlik ýaý hem ýeretlikdir – diýdi. Ýaý üçin beýik menziler bardyr. Saňa: «Pylan menzilde togsan dirhemlik ýaý atylýandyr. Sen öz ýaýyňy beýik menzillere atmalysyň. Sen beýik menzilleri gözlegin. Seniň ýaýyň menzil atmak üçin örän kiçidir» diýseler, sen hiç haçan olara garşylyk görkezme. Sen olara: «Siz nämäni makul bilseňiz, men hem şony makul bilerin» diýgin. Eger sen şeýle jogap berseň, olary ýeňersiň. Olar seniň bilen ok atyşmak üçin meýdana gelerler. Olar ýeňilenden soňra, menzil ýaýlaryny gurup başlarlar. Soňra ok atmaga meýdana gelerler. Başga işlerde iki şaýat gerek bolsa, bu ýerde dört adam gerekdir. Ýagny, iki adam (emin agzalary) ok atylýan ýerde gözegçilik etmelidir. Beýleki iki adam bolsa, okuň baryp düşjek ýerinde durmalydyr. Ol ikisi oklaryň nirä çenli baryp düşendigine şaýatlyk etmelidir. Eger şaýatlar atyjylardyr ýaýçylardan bolman, bäsleşige tomaşa edýän adamlardan saýlanan bolsalar nähili bolarka? Bu ýagdaýda birnäçe adamlar: «Ol şaýatlar keseki adamlardyr, olar oýna daşdan gelendir» diýip, olaryň şaýatlygyny kabul etmezler. Çünki, olaryň şeýle düzgünleri bardyr. Şeýle ýagdaýlarda, sen ussadyň göwnüni tapyp, şonuň aýdanyny makullamalysyň. Soňra gerekli zatlary taýýarlap, meýdana gelmelisiň. Howanyň ýagdaýyna hem garamalydyr. Ok atmakçy bolsaňyz, howanyň yssy ýa-da sowuk, ýagyşly ýa-da dymykdygyny göz öňüňde tutmaly bolarsyňyz. Eger-de, howa gowy bolsa, 150 gezek 200 gezek ara tapawutly bolar. Eger, has yssy ýa-da bulutly howa bolsa, onda şol gün ok atmaly däldir. Eger howa sowuk bolsa bolsa, onda şol gün ok atmaly dälsiň. Çünki, sowuk howa oklara zyýanlydyr. Gaty sowuk howada, ok uzak menzil almaz. Emma howa açyk we şemal öwüsmese ýa-da yagyş ýagyp, asman açylan bolsa, bu ok atmak üçin örän gowy ýagdaýlardyr. Beýle ýagdaýlaryň barysy gowydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |