16:05 Ýaýyň ýüpi ses etmeginiň sebäpleri | |
ÝAÝYŇ ÝÜPI SES ETMEGINIŇ SEBÄPLERI
Sport we turizm
Käbir adamlar haçanda ýaýyň kirişi inçe bolsa ýaý çekilende ses edýär. Käbir ussatlar ýüpi ses edende begenýärler. Sebäbi gowy ýaý bolsa onuň ýüpi edil dutar ýaly ses edýär. Ýöne ýüpi ses etse-de ele degip azar bermeýär. Kabza inçe bolsa ony zat dolap ýogynlaşdyrmak mümkin. Ok atmakda kirşiň inçedigi ýa-da, ýogyndygy atylan okyň uzaga gitmegi uly ähmiýeti bar. Ymam Şapygy şeýle diýipdir: «Ok-ýaý daş ýaly bolmalydyr. Ilkinjiden ýüpi uzyn bolmalydyr. Berk bolmalydyr. Ol gaty bolsa, atyjyny kösendirýär. Käbir ýaýlar atylan wagty ele degýändir». Ýaýyň ele degmegi atyjynyň ýaýy nähili tutmalydygyny bilmeýändigini görkezýär. Ýaý ýogyn bolmasa, töweregine müşemmag orasaň gowy bolýar. Ýaý atyp bolandan soňra şol oralan zady, ýaýdan aýyrmalydyr. Ony ýaýdan çözüp almak gerekdir. Sebäbi ýaýdan tutan wagtyň eliň içine doly sygyp ele azar bermez ýaly hemde mylaýym bolar ýaly kiriş käte söýem barmaga degip azar berýär. Zigiriň gaşy uzyn bolsa gowy bolýar. Sag eliň baş barmagy, käte ok atanda agyrýar. Müsür diýarynda Mesgut aga ok atmak üçin daş dikdi. Ok atanda dyrnagy agyrdy. Nämeden agyrdy, öz şägirtlerine gaty gaýymlaryndan saranda, olaryň biri «Uly güýç bilen ataňdandyr» diýdi. Käbirleri zigirdendir diýdi. Belli bolşy ýaly zigir dar bolsa ok atanda dyrnagy agyrdýar. Şonda Mesgut «Alla sizden razy bolsun» diýip öz şägirtleriniň hakyna doga etdi. Häzirki döwürde zigir nähili bolanda-da adamlar onuň uludygyna ýa-da kiçidigine üns bermeýärler. Käbir atyjylar zigiri çykarýarlar. Olaryň taglym alan ussatlary gowy ussat däl bolmagy ýa-da şägirtler zehinsiz ýalta bolmaly. Baş barmagyň çiläniň üstüne berk basyp, ýaýy çekip atmalydyr. Atan wagtyň barmagy aşak basmalydyr. Hernäçe basyp bilseň, şonça gowudyr. Muny ussatlar ok-ýaýy atylyş syrlary hökmünde gizlin saklapdyrlar. Ýöne, bu syry size açdym. Bu sözleriň dogrydygny birnäçe gezek tejribe bolandyr. Ýuwaş-ýuwaşdan türgenleşik geçirmeli. Söýeme barmagy şeýle gaty basyp çekip durmaly. Ýumrugyňy asla açmaly däldir. Barmaklar ýaý agajyny tutanda dyrnaklar görünmeli däldir. Eger atyjynyň uzyn sakgaly bolsa, onda ýaýy aşak tarap çekip atmaly, bolmasa sakgaly çolaşyp azar berer. Käbir adamlar ok atýan wagty elleri içeri tarapa bakýandyr. Ýaýyň ýokary başy, ýagny, ýumrugy ýaýyň kabzasy bilen bileje arkasyna düşer. Ýaýyň aşak başy daşary bakar. Bu ýagdaýda iki häsiýet bardyr. Biri atyjynyň eline degmeýä. Ikinjisi sakgalyna degmeýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |