14:29 Türgenleşik geçirmek barada | |
TÜRGENLEŞIK GEÇIRMEK BARADA
Sport we turizm
Türgenleşik üçin, eger zarp urup, menzil atmaga maksat edinseňiz, ilki bilen idman − türgenleşik geçmelisiňiz. Hünär öwrenmek üçin yzygiderli idman − türgenlek geçmek her bir şägirde lazymdyr. Türgenleşik geçmeli diýip dilde aýtmak aňsatdyr. Ýöne el bilen idman etmek − türgenleşik geçmek örän müşgildir. Sebäbi şeýle türgenleşikde adamyň bütin agzasy işleýär we hereket edýär. Türgenleşýän adam gaty agyr we uly zähmet çekýär. Türgenleşik geçmek meselesiniň şertleri şulardan ybaratdyr: Birnäçe kişi bir ýere gelip, hiç bolman-da, bäş-alty ýaýy biri-birleriniň öňlerinde goýmalydyrlar. Olaryň aralarynda hökmany bir ussat bolmalydyr. Ilki bilen şol ussat dileg edip, ýuwaşlyk bilen ýaýy ýüz gezek çekmeli. Soňra ol ýaýy, çep tarapynda oturan adama bermeli. Olaryň her biri ýüz gezekden çekip bolandan soňra, iň gowy ýaý belli bolýar. Şol gowy ýaýda hersi on gezek çekmeli bolýar. Şol ýaýy günde on gezekden çekip, kyrk günläp türgenleşigi dowam etdirmeli. Kyrk gün geçenden soňra her günde ýaýy ýigrim gezekden çekmegi endik etmeli. Ýöne, ertir namazy okalandan soňra, ýaýlary timarlap, egin-eşikleriňi geýmeli. Derläp daşary çykmaly däldir. Ýaýlara bal bilen zeýtun ýagyny garyp, çalmaly. Şonda ýaýlar çydamly we gaty bolýar. Kyrk günden soň, nyşan urmagy maksat edinseňiz, onda sandyga nyşan atyň. Eger menzil ýaýlaryny uzaga atmak isleseňiz, onda meýdana barmalysyňyz. Beýle türgenleşikden soňra, ýaýyň uzaga gitmegi atyjynyň çekişine baýlygydyr. Ussat türgünleşige gözegçilik etmelidir. Haýsydyr bir kemçilik bar bolsa, ussadyň özi ony düzetmelidir. Şonuň üçin hem halk arasynda şeýle nakyl bar: «Ýiti zehinli şägirt soňy bilen ussat bolar». Emma iň gowy ussady saýlap tapmakdyr we ondan gowy sapak almakdyr. Eger şägirt gowy bolsa, onda has-da ylym öňe gider. Şägirt ýalta bolsa, ussatlar onuň söýmezler. Şägirt gowy bolsa, ussat oňa ylhamyny bagyş eder. Ýazgytda bolmasa, ussat hernäçe öwretse-de, peýdasy ýokdyr. Bu hakda şahyr gowy belläp geçipdir: Hernäçe jan etseň-de myrada, Nesip bolmaz, ykbalyňdan zyýada. Ýöne, ykbalymda, ýokdur diýip, oturmak ýaraşmaz. Sen hereket etmelisiň, şonda maksadyňa ýetersiň. Sen bir gün türgenleşigi terk etmek isleseň, ol seni ýigrimi günläp terk eder. Hakyky türgenleşik seniň bütin janyňa erk eder. Sen ony hiç-haçan terk edip bilmersiň. Käbir adamlar, bahana tapyp, «ok-ýaý alyp türgenleşmek maňa agyr düşýär» diýärler. • Hekaýat Müsür ýurdunda meniň ökde mergen dostum bardy. Onuň ady Hoja Gazydy. Ol Ýedun atly serhetýaka şäherde ýaşaýardy. Ol Müsürdäki Ezher atly uniwersitetde ylym öwrenipdi. Hoja Gazy bir gezek şeýle gürrüň berdi: «Men ok-ýaý atmagy höwes etdim. Ýöne ýaý satyn almaga-da gurbatym çatmaýardy. Iň soňunda men hurma agajynyň şahasyndan bir ýaý ýasap, türgenleşik geçip başladym. Soňra Hajy Süleýman atly dostum öz ogly üçin ylym öwretmegi teklip etdi. Süleýman agada ok-ýaý bardy. Men şol ok-ýaýy alyp, Süleýman aga degişli bolan sandyga atyp öwrendim. Her gijede men özümiň hurma agajynyň şahasyndan ýasan ok-ýaýymy alyp, Ezhere baryp, türgenleşik geçýärdim. Birnäçe ýyldan soňra men örän gowy atyja öwrüldim. Meniň ok atmakda gazanan üstünliklerimi galam bilen ýazyp beýan etmek mümkin däldir. Ýaýlarymyň sany köpeldi. Segsen sekiz dirhem bahasy bolan sadaja ýaýdan bahasy müň altyn bolan ok-ýaýy satyn almagy başarýardym. Men şeýle bir atyjy boldum, aýdyp diýer ýaly däldi. Iň gowy ok atyjy bolasyňyz gelse, ilki ýumşak we sada ýaýdan atyp başlaň. Ok atyjylygyň hemme düzgünini, tertiplerini bilýän ussatdan sapak alyň. Eger, her bir ok-atmagy başlaýjy adam, ilkibaşda berk ýaýdan atyp başlasa, onuň işi başa barmaz. Ol uzaga gidip bilmez. Sebäbi ýumşak ýaýy köp gezek çekip bolýar. Mysal üçin: gaty ýaýdan on gezek çekýänçäň ýumşak ýaýdan ýüz gezek çekip bilersiň». * * * Bursa şäherinde Eşjag atly bir ok atyjy pälwan bardy. Şol Bursa şäherinde bir ussatdan tälim alypdyr. Soňra hökümdaryň köşgüne gelipdir. Görse, köşgüň meýdançasynda birtopar pälwanlar ok-atmaga meşgul ekenler. Bursaly Eşjag pälwanlara ýüzlenip: − Eý, şahy-älem! Maňa-da bir ok atmaga rugsat ediň − diýip ýüzlenipdir. Merhum Duzgoparanyň töweregine ýygnanyp oturan pälwanlar, Bursaly Eşjagyň sözlerine gülüpdirler. «Pälwanlar, görseňiz-le, munuň özi gaýratly däl-de, lakamy Eşjagdyr. Bu pälwanyň ady Abdydyr. Oňa diňe obasynda Eşjag − Gaýratly diýip lakam beripdirlerler» diýşip, masgaralap, üstünden gülüpdirler. Emma şanyň baş pälwany Duzgoparan bir ok-ýaýy alyp, Eşjaga beripdir. Eşjag bolsa şol ýaý bilen ok atypdyr. Ok örän uzaga baryp düşüpdir. Pälwanlar haýran galyp, Eşjagy patyşanyň ýanyna getiripdirler. Şanyň gaşyna gelen bir pälwan: – Eý şahy-älem! Bu pälwanyň daş keşbi derwüşe meňzeýän bolsada-da, ok atyşy kämil ok atyja meňzeýär − diýipdir. Hökümdar pälwanyň bu aýdan sözüne gaharlanyp, jellady çagyrypdyr. Ýöne wezir-wekiller aman diläp, ol pälwany ölümden halas edipdirler. Duzgoparan pälwan şeýle gürrüň beripdir: «On ýyl türgenleşdim, ýöne Eşjag pälwandan bir ok-ýaýy hem uzaga atmak başartmady». Elbet-de, Eşjag pälwan «Jahan pälwany» eken. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |