13:17 Menzile ýetmedik oklaryň beýany hakynda | |
MENZILE ÝETMEDIK OKLARYŇ BEÝANY HAKYNDA
Sport we turizm
Eý, ok atmaga, ýaý atmaga aşyk bolan doganym! Belli bolşy ýaly, bu bölümiň düşündirlişi örän köpdür. Eger-de, sen gowy okap şu diýiljek zatlary gowyja diňleseň, maksadyňa ýetersiň. Meýdana baryp, ok atmakçy bolsaňyz, ilki bilen özüňe ussatdan alkyş almalysyň. Ussat doga-töwür edenden soňra, şol okuň baryp düşjek ýerindäki eminler bilen ussatlaryň içinde golaý dostuň bolmagy zerurdyr. Şol saňa golaý dost bolan ussat seniň atan okuň nirä baryp düşendigini ýazyp hasaba almalydyr. Käbir adamlar oky gowy atyp bilmän, «Meniň okym seniňkiden uzaklara düşdi» diýip, dawa bilen ýol aljak bolýarlar. Ine, şonda seniň dogruçyl ussat dostuň arkaňy alyp, hakykatdan hem seniň okuň nirä düşendigni aýdar. Jedel edere ýol bermez. Ol ussat, hak sözüni aýdar, adyllyk eder. Ok atyş meýdanynda bir gezek şeýle hadysa bolup geçdi. Kazy hem biziň dawamyzy çözüp bilmedi. Iňsoňynda Hezreti Aýun Soltanyň Şyhy kätibe ýüzlenip: − Eý, şyh! Sen biziň aramyzdaky kynçylygmyzy çözüp ber − diýdi. Soltanyň sözüni eşidip, Soltan hezretleriň aýdanlaryny ýerine ýetirmek üçin onuň buýrugy bilen meýdany ölçediler. Şyh Ependi meýdana baryp görse, merhum Duzgoparan pälwanyň atan oky 30 gez nyşana ýetmän düşüpdir. Bursaly Eşjag nyşana atmanka, şol ýerde ýygnan ok-ýaýçylar bilen şertnama baglaşmagy hödür edipdir. Möhür goýlan şertnama kanuna öwrülipdir. Soňra bir ussat gelip, ilki özi menzil ýaýlary atyp görkezdi. Ýöne otuz üç gez nyşana barman düşdi. Şondan soňra ol: − Bäsleşige gatnaşjak − diýdi. − Otuz üç gez bäri düşse nyşana ok atyp bolmaz − diýip, şertnama baglaşdylar. Ol ussat: − Ok ýigrimi bölekden ybarat. Her bölegi bir gez bäri düşmegi mümkindir. Umuman, bolşy ýaly, kyrk gez bäri düşende-de ýene-de daşa düşjek bolýar − diýdi. Aslynda şeýle kynçylykdan baş alnyp çykylmagy üçin, daş dikilýär. * * * Eý, ok-ýaýa aşyk gardaşym! Eger ýarym gez okuň başy daşdan artykmaç düşse, jan edip daş dikmelidir. Birnäçe adamlary gördük, ol wagtyň özünde ok atyp, daş dikmekleri maksat edipdirler. Sebäbi, oklaryny uzak menzile atyp, bilmändirler. Çünki, olar bahana bilen birnäçe gün türgenleşik etmändirler. Türgenleşik etmek üçin, Nuh pygamberiň ömri ýaly uzak wagt we Eýup pygamberiň sabyrlygy ýaly sabyrlylyk gerekdir. Eger-de, wagty ýitirmän, türgenleşigi dowam etdirseň, onda öz golaý garyndaşlaryň arasynda at gazanarsyň, özünden soň yz galdyrarsyň. Ýogsa, soňra menden soňky gelen nesiller pylanydan galan nyşan diýip, puşman eder. Sebäbi Adam ata döränden bäri, kyýamat gününe çenli gylyç urup, ýurtlary basyp alyp, metjitler, köprüler gurduryp, şeýle haýyrly işler eden adamlar ähli amallaryny sogap-alkyş almak üçin edipdirler. Şonuň üçin hem pälwanlardan, mergenlerden gowy at galypdyr. Eý, ok-ýaýyň aşygy bolan gardaşym! Haçanda ok-ýaý meýdançasynda ok atmagy nesip etse, uly meýdanda, nyşan galdyrmak üçin jan etmelisiň. Alamat myrat ölen dogadyr, Ki ykbal jahanyň bihadyr. Her kim jahanda eseri bakydyr, ölmez, Ol Hydyr sypat diridir, tä magşar. Muhammet pygamberiň döwründe ýaýdan ok atmagyň kanunlary, düzgünleri bar eken. Sebäbi, ol döwürde tüpeň ýokdy. Ok atýan mergenler hemişe ýaýdan ok atyp türgenleşýärdiler. «Ok atmagy öwrenmek üçin mergenleşmegi öwredýän mekdepler bardy. Şol mekdeplerde ok atyş ylmyny tejribeli ussatlar şägirtlerine öwredýärdiler. Arap dilindäki «Kowusnama» kitabynda şeýle sözler ýazylypdyr: «Ok atmak mukaddesdir. Ol söweş etmegiň bir görnüşidir. Merhum dört kişiniň ýörelgesi boýunça ok atmak sogaplydyr». Bu dört kişi Bähram ibn Bäbek, Kazy Takyr Balhy, Ýumre ibn Muhammetdir. Bular öz döwürleriniň ussat mergenler bolupdyr. Bularyň her biri mergenlik ylmynda asyryň öňdebaryjylary eken. Bular ok atmakda örän ussat bolupdyrlar. Yzly-yzyna ok atsalar-da, oklar göni nyşana baryp deger eken. Bu ussatlaryň onlarça şägirtleri bardy. Olar topar-topar bolup, ok atýardylar. Bularyň käbiri gaşyň üstünden, käbirleri gulagyň ýumşak etinden, käbiri uly menzil atýardylar. Her bir özboluşly ok dörde bölünýär: 1. Ymam Eýup Agzam 2. Ymam Şapygy 3. Ymam Mälik 4. Ymam Hanbal (goý, Beýik Allatagala olaryň baryna rehmet etsin!) Şolar ýaly adamlar, öz döwürleriniň iň uly alymlarynyň biri bolupdyrlar. Olaryň töwereginde adamlar topar-topar ýygnanypdyrlar. Olardan ok-ýaý atyş ylmyny öwrenipdir. Özleri-de uly alym bolup ýetişipdirler. * * * Belli bolşy ýaly, Adylkerim Kazy Muhlisa tabyn bolup, beýik ýere münüp, ok-ýaý atýar eken. Abulhasan we Yskak Ryfa, Tahyr Talkyýa tabyn bolup, olar gaş üzerinden çekip, gulak ýumşaklygyndan atýardylar. Şaýylaryň söweşjeň Ymamy Haşym, Bahram Babeke tabyn bolanlar, ok atmagy ondan öwrenip, gulak ýumşaklygyndan atýardylar. Gadymdan gelýän, däp-dessurlary boýunça özleriniň geçiş düzgünleri boýunça ok atýardylar. «Beýle sözlerde maksat nämedir?!» diýip, oýlandym. Men pahyr, soňra öz soraglaryma özüm jogap berip, iň esasy maksat adamyň uzynlygydyr diýen çözgüde geldim. Sebäbi, gysga boýly adam, uzyn boýly adam ýaly dik durup, ok atyp bilmeýär. Ok atanda-da nyşan urup bilmeýär. Uzyn boýly adamlar üçin, dik durup, nyşan atmak aňsatdyr. Gysga boýly adamlar nyşan uranda dogry durman, gyşaryp durýandyrlar. Kiçi adamlaram nyşan urup bilmeýärler. Synasy ýassy adamlar ok atmaga mynasypdyrlar. Orta boýly adamlar dogry nyşan urmaga mynasypdyr. Bu ylymda boýuň uzyndygy, ýa-da gysgadygy örän ähmiýetlidir. Ýagny, uzyn boýly bolmak, ok atmaklykda ussatlyk derejesine ýetmäge kömek eder. Uzyn boýly bolup, hem-de gowy taglym alan adam ok-atmaklykda ussatlyk derejesine ýetip biler. Haýsy din ýoluna golaý bolsa-da, şol ýol ýörelge bilen taglym bermek gerekdir. Şonda onuň myrady hasyl bolar. «Kowusnamada» şägirtleri terbiýelemek üçin ýazylan müňlerçe düzgünleriň ýekejesi hem bize gelip ýetmändir. Biziň pikirimizçe, häzirki döwrüň düzgünleri bilen hem-de geçen döwür bilen deňeşdirlende gowy we üstünliklidir. Sebäbi olaryň döwründe Mukaddes Mekge şäherindäki bolan menzil ok atmak bäsleşigine ýüz ýigrimi adam gatnaşypdyr. Häzirki bäsleşige iki ýüz kyrk adam gatnaşdylar. Duzgoparan pälwan şonuň üçin hem ýeňijidir. Sebäbi, onuň ok atýan ýaýlary örän uzyn we ýogyndy. Eger, şu döwrüň ok-ýaýlary geçen zamanlarynyň ussatlarynyň elinde bolsady, onda olara iki müň adam ok daşap ýetişip bilmezdiler. Sebäbi, olaryň çekýän zähmetleri ýaly, zähmeti bu döwrüň ok atyjylary çekmeýärler. Şu mowzuk barada ylmy tejribeler bolup geçýär. Her bir adamyň bogunlaryny sanap hasaplasaň, togsan üç bogun ýa-da üç ýüz altmyş bogun hasaplapdyrlar. Bogun manysy boglamak çigmekdir. Ýagny, ýaýdan ok atan wagtyň nyşana duran ýaly, hiç bir başga zady pikir etmän, diňe ok-ýaý barada pikir etmelidir. Belli bolşy ýaly, dört tüýsli ok-ýaý bardyr. 1. «Jeňbaz» atly ok-ýaý. 2.«Bahram» atly ok –ýaý. 3.«On dostum» atly ýaly ok-ýaý. 4. «Girift» atly ok-ýaý. Dört hili ok-ýaýyň, özi alty dürlidir. Iki-si eldedir dört aýakdadyr. Ok atmagyň ýedi düzgüni bardyr. 1. Bir gowy ok-ýaý satyn almak. 2. Ýüpüni berk baglamak. 3. Duzly suwa ezip, ýaýyň ýüpüne çalmak. 4. Oky ýaýa dogry düzmek. 5. Demreni ýaýyň içine ornaşdyrmak. 6. Ýaýy timarlamak. 7. Ýaýy dogry çekmäni öwrenmek. Beýle zatlary ussatdan gowy öwrenmeli. Demiri ýaýyň içine geçirmese, onda ýaýyň ýüpi çekiler. Atyjylar beýle adamlary öz toparyna goşmaýarlar. Eger-de, ok atyjylygy öwrenmek isleseň, ýaýy ýokardan çekip öwrenmelisiň. Çep eliň asty boş galsa-da, zyýany ýokdur. Belli bolşy ýaly, ok ýigrimi dört bölekden ybaratdyr. Dördisi ok-ýaý bilen ýüp arasynda bolsun. Ýagny, doludan demire gelinçä, ýigrimi bölege golaýdyr. Şonuň üçin hem demiriň ugruna çenli çekmek gerek, şeýle bolmasa zyýan ýetirmegi mümkin. Okuň nyşana degmegine on bäş sebäbi bar. Dördi ýüpde, biri bir ok-ýaýdadyr, dördisi okdadyr, altysy ok atyjydyr. Ilkinjisi ýüpindedir, ýa-da uzyndyr ýa-da gysgadyr. Ikinji ok-ýaýdadyr, başlary egridir, yzyna bakyp durandyr. Başga sebäpleri hem bolup biler. Mysal üçin: okuň agajy täze ýa-da çyg bolsa, şonda demiri agyr bolar. Her zadyň öz gerekli mukdary bardyr. Atyjy ýaýy elinde berk tutup, atmasa ýaýyň ýüpi onuň eline zyýan ýetirer. Şonuň üçin hem atan ýeriňe baryp ýetmez. Ok barada meseleler köpdür. Aýratynam menzil oklary barada ýüz dirhem bahaly ok-ýaýa alty dirhem bahalysy mynasypdyr. Atyjylar bäş dirhemlik oky atýarlar, emma näme üçin? Sebäbi, bäş dirhemlik oky mynasyp görmeýärler. Ýöne, häzirki atyjylar şeýle oky mynasyp görüp ulanýarlar. Ýagny, häzirki zaman mergenleri öňkülere görä gowy atýarlarmykalar? Men beýle pikir edemok, häzirki zaman mergenleri ýaýlaryna timarlamaýarlar. Timar berilse döwülermikä diýip gorkýarlar. Ýüz dirhem ýaýdan ok atýarlar. Emma ýüz dirhem ýaýy tumarlasalar, bäş dirhem bahaly oky mynasyp görerler. Şol ýaýdan hem müň gezek ok atýarlar. Ýöne, beýle ýaýdan ok atýan atyjy, ok atmaklyk ylmyndan habarsyzdyr. Onuň oky hiç haçan nyşana degmez. Bu ugurda-da köp ylmy gepleşikler geçirip, soraga-jogap edilipdir. Öz döwrüniň at gazanan ussatlary şeýle karara gelipdirler: «Taglym berilýän ýerde on gezek özbaşdak ok atanyň gowydyr. Zarp urmak bilen, sandyga atmakdyr. On gezek howa garadyp, ok atandan, bir gezek barlamak üçin, ok atmak gowydyr. On gezek golaýa atandan, bir gezek daşa atan gowydyr» diýip, geçen döwür ussatlary nygtapdyrlar. Atyjylar şular ýaly, türgenleşip, at gazanypdyrlar. Eý, ok-ýaýa aşyk höwesjeň doganym! Sen hem şeýdip janyň-teniň bilen türgenleşgin! Şonda sen hem ylymda üstün çykarsyň. Arap ýa-da, türki dilinde ýazylan kowusnamalarda, birnäçe tejribeli adamlar şeýle ýazypdyrlar: «Kemankeşlik ylmynda şöhrat gazanan atly abraýly bolan adamlaryň içinde şeýle kanun bardy. Egerde, ok ussady, pukarada bolsa-da, ol bir jemgiýetiň içine giren bolsa, oňa tagzym edip töre geçiň» diýip, ýer görkezýärdiler. Oňa mertebesine laýyk hezzet-hormat edýärler. Şol jemgiýetde oturan adamlaryň haýsysynyň oky uzak gidýän bolsa, oňa sylag-hormat edip, ony töre geçirýärler. Höwesjeňler aşakda oturardylar. Ýöne şol jemgiýetde ýaşuly gojalaram bar bolsa, olarada uly hormat goýýardylar. Saçakdaky nygmatlar ilki olara hödür ederdiler. Beýle hereket etmegi özlerine wajypdygyny bilerdiler. Ussatlar, ýanyna şägirt alyp, olara terbiýe edip bilýärler. Emma bu ylymda taglym alanlar baý dälde, hemmesi garyp, pukaradyrlar. Şolaryň garypdygyna garamazdan, olara hormat edip, ýokarda oturtmak gerekdir. Şu gadymdan gelýän däp-dessurlar barada örän köp. • Hekaýat Belli bolşy ýaly, Mir Alym Ahmet her gezek ok meýdançasyna çykanda, atyjylara sahylyk bilen sowgat-serpaý berer eken. Bir gezek ol beýleki ok atyjylar ýaly, nyşana dikip, ok atmakçy bolupdyr. Çünki, sahy adam bolandygy üçin, ussatlar oňa hormat goýýardylar. Günlerde bir gün, subaşy nämedir bir sebäp bilen, biziň ýanymyza gelip, ok-ýaý atyşlygy barada, ara alyp maslahatlaşmagy buýurdy. Suwbaşy örän keremli sahawatly adamdy. Ol dürli meseleler barada öz pikirini aýtdy. Birnäçe gün türgenleşik meýdanyna baryp, atyjylar bilen işleşdi. Bir näçe günden soňra ok-ýaýçylar, onuň ýanyna baryp ötünç soradylar. Soňra ol türgenleşik meýdançasyna gelip, ok atyjylaryň barysyndan üstün çykdy. Şeýle waka türk dilinde ýazylan risalalarda beýan ediplipdir. Ol ok atyjylara ýüzlenip: − Atyjylaryň arasynda edepli-ekramly mähirli bolmak wajypdyr. Şeýle ýagdaýda atyjylar uly mertebä ýetip bilýärler − diýdi. * * * Indi, şeýle meseleler barada köp jedeller amal edýärler. Hakykaty aýdanyňda, ok atyjylaryň arasynda uly tejribeli, köp kynçylyklary başyndan geçiren ok-ýaý atyjylyk ylmyndan habarly adamlara sylag hormat etmek gerek. Ussat ok atyjylar hem öz talyplaryna ok-ýaýy nädip tutmalydygny, nähili edip ok atmalydygny, ok-ýaý atyjylyk däp-dessury we düzgünlerini öwretmelidirler. Talyp we höwesjeň şägirtlere ok atmak barada pent we nesihat etmelidirler. Bu ylymda bilmeli zatlar köpdir. Talyplar muňa gowy düşünýärler. Beýleki adamlar bu syrlary bilmeýärler. Şeýle syrlary ussatlardan öwrenmelidirler. Syrlary öwreneniňden soňra, şol alan ylymlaryna görä amal edýärler. Howa atyjylar üç adamy saýlap, ikisi nyşananyň ýanynda durmaly, biri bolsa baş nyşandan gaýra durup, oky howa atýarlar. Bagdadyň paýtagynda şeýle ýörelge bardyr. Ýöne, Müsür ýurdunda beýle däp-dessurlar umumy ýagdaýda ulanylýar. Müsürde Nil derýasy bar. Şol derýanyň gyrasynda ok-ýaý atyjylar türgenleşik geçirýärdiler. Eger-de, ýalňyş atsalar, ok nyşana degmän derýa gaçýar. Türgenleşik edýän ýeriň dar bolmagy sebäpli üç howaçy (oky howa atýanlara diýärler) dälde, alty howaçy bolmasa ok atmak mümkin bolmaýar. Soň ok atyjy pälwanlar howaçylara sowgat-serpaý berýärler. Sebäbi howaçylaryň birnäçesine ok degip, heläk bolan wagtlaram bolupdyr. Şular ýaly, kyn we howply işleri ýerine ýetirýän ok-ýaý atyjylar ýardam edýän howaçylara, sylag-serpaý etmek hökmandyr. Merhum Fatyh Soltan Myrathan ok atyşykda örän uly mertebä ýetipdir. Soňra soltan Ybraýym göwherden ýasalan çyralary bilen Mukaddes Medine şäherine Mesgudy ýolap «Mesgudyň sözi meniň sözümdir» diýip, Müsür patyşasyna hat ýazdy. Soltan Ybraýym Müsür patyşasyna özüniň ýazan hatynda: «Mesgudyň näme haýyşy bolsa ýerine ýetiriň» diýdi. Beýle haýyşyň Soltan Ybraýymdan bolandygy aňan halk haýrana galdy. Allatagalanyň hikmeti bilen köp wagt geçmänkä Mesgut Müsüre bardy. Begler, hanlar arasynda ikinji Hatamtaý diýen ada eýe boldy. Bu adam dogrudanam dogruçyl, dindar, sahawatly akyldar adamdy. Garyplara kömek etmek üçin, sebäp gözleýärdi. Baý-garyba, uly-kiçä nazy-nygmatlary berýärdi. Beýle ýagdaýy galam bilen kagyz ýüzüne ýazmak mümkin däldir. Bu döwürde menzil atmak we başga dürli ok-ýaý atyş enjamlary hatyň üsünde ýazylýardy. Her bir atyja uly sylag-serpaýlar goýulýar. Ýaşululara hezzet-hormat edýär. Goý, Allatagala ol hezzetleriniň ýatan ýerlerini ýagty etsin! O dünýäde myrat maksatlaryna ýetirersiň. Ämin!». «Taha» we «Ýassyn» aýatlarynyň keramaty bilen sahawatly Mesgut hezretlerine şan-şöhrat, paýtagtda ýaşaýan Mir Alym Ahmet onuň at-abraýly ady risalalarda ýazylypdyr. Ondan soňra Müsür diwanynda kätiplik eden Muhammet Ependidir. Muhammet Ependi mergen bolsa, on iki kişä öz sahawaty bilen pul kömeklerini etdi (goý, Beýik Allatagala oňa rehmet etsin!). Ondan soňra Mesgut ok atyş meýdanyny täzeden dikeltdi. Soňra Rum diýarynda her bir atyş türgenleşik meýdanynda mümkindir. Sebäbi, Rum diýarynda menzil ýaýlary, türgenleşik meýdançasynda üç kuruşa satylýar. Emma, Müsür ýurdunda menzil ýaýlary on kuruş satylýar. Başga-da, çykdaýjylar köp bolýar. Şonuň üçin, ok atyjylara sahawatly adam pul kömegini etmese, olar ok-ýaý satyn alyp bilmeýärler. Türgenleşik meýdany ok atyjylardan boşap galýar. Mesgudyň mergenligini söz bilen wasp eder ýaly däl. Gadym zamanlardan bäri mermeri hiç bir atyjy ok bilen urup, deşip bilmändirler. At gazanan mergenler ýanyp duran çyrany agaçdan asyp, beýleki kemankeşler bilen öz bilýän zatlaryny barysyny ulanyp, urýan zarplary bolsa, gün ýaly aýandyr. • Hekaýat Özbek welaýatyna bir ok atyjy gelipdir. Ol köp wagtlap türgenleşik edipdir. Onuň atan oky hökmany ýagdaý-da nyşana degýärdi. Ol özüniň güýçli mergendigne buýsanyp men-menlik edip, dünýäni ýetip: − Meniň ýaly atyjy bar bolsa, göreýin − diýipdir. Gysga wagtyň içinde Müsür ýurduna gelip, ok-atylýan meýdana baryp, ýüz altmyş ädim uzaklykda, towuk ýumurtgasyny goýup, ýigrimi sanagyny biri-biriniň yzyna düzüpdir. Ýeke-ýekeden ok bilen urupdyr. Daş-töwerekdäki adamlar haýran galypdyr. Soňra, Müsür atyjylaryndan biri on iki ok-ýaýy taýýarlap, sagdaklaryny düzedip, pälwanlary meýdana çagyrýar. Bütün Müsür seýrana gelipdir. Meýdanda ýaryşýan pälwanlaryň edýän işlerine Müsür halky synlap, baha berýärdiler. Bir ok atyjy pälwan, öz ogluny uzakda goýup, ýumurtgalary uran pälwana ýüzlendi: – Eý, pälwan! Men ogluma tarap ok ataryn, sen şol oklary ogluma baryp ýetmänkä, urup döwersiň − diýdi. Soňra ýaryş başlady. Pälwan ogluna tarap birnäçe oklary yzly-yzyndan atdy. Özbek pälwan atan oklaryny ogluna ýetmänkä ýolda urup, döwdi. Şeýle zehinli pälwany, şol wagtyň soltany görüp, köp sylag berip, uly hezzet-hormatlar etdi. Soňra bu iki pälwan biri-birine dogan boldylar. Müsürde uly metjit bina etdiler. Ikisi-de ýogalandan soňra, olar bir ýerde jaýlanyldy. Şol uly metjit «Özbek metjidi» diýip, şöhrat gazandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |