14:58 Nyşana ok atmak hakynda | |
NYŞANA OK ATMAK BARADA
Sport we turizm
1. Ýaýyň boýy, uzynlygy, on-on bir tutama deň bolmaly. Oklaryň uzynlygy 10,5 ýa-da 11,5 bolmaly. 2. Alkyş bilen ok atyp, düzgün boýunça nyşana urup, sogap gazanmagy başarmaly. 3. Nyşana ýaýyň yzyndan seredip atmaly, oky ýaýyň kirişiniň ortasynda goýmasaň, köp zyýan ýetirmegi mümkin. Çünki, oky belli bir ýerde goýmaly. Oky ýaýda goýanyňda, ýaýyň ýasalyşyny hem göz öňüne tutmagyňyz gerekdir. Ýaýlaryň barysy bir görnüşde ýasalmaýar. Maksadyňa ýetmek üçin elmydama okuňy hem-de ýaýyňy gowy saklamagyň lazymdyr. Menzil atmak, zarp urmak üçin ok bilen ýaý biri-birine mynasyp bolmalydyr. Oky hemişe aýap gezmek gerekdir. Ýaýa gabat geljek oky tapmak lazymdyr. Indi käbir şertler barada aýdyp geçeýin. Eger ussat tapylmasa, oky özüň ýokary atgyn, ýagny özüň türgenleşmelisiň. Eger ok nyşana baryp degmese, onda ony biraz aşaga atyp görmelidir. Okuň nähili gönüdigni synlamalysyň. Soň ýokary atyp görmeli. Eger boýuň uzyn bolsa, çep omzuňa alyp, dyzyň üstünde oturmalysyň. Eger ýaýyň ýumşak bolsa, nyşananyň ýokary tarapynda goýarsyň. Eger ýaýyň berk bolsa, ýaýy ýokaram däl, aşagam däl, deň saklamalysyň. Şa köşgüniň meýdançasy dünýäde deňi-taýy bolmadyk, çynar agajynyň saýasy düşen jennet mysaly owadan ýerdir. Olaryň sany 300 ädimdir. Şonuň üçin hem her kim şa köşgüniň meýdançasynda baryp, ol ýerde ussatlar arasynda ok-ýaý atmagy başarmaz. Sebäbi olar atan okuny nyşana ýetirip bilmezler. Müsürde nyşanalaryň belentligi kyrk geze ýetýär. Elbetde, her bir pälwan kyrk gezlik ýere ok-ýaý atmagy başarmaz. Köp pälwanlaryň oky on iki tutamdyr. Olar zarp urmaga mynasypdyr. Belli bolşy ýaly, nyşana ok atan wagtyň ýaýayň kirişini gulagyň ýumşak etine çenli çekmelidir. Eger ýaýyň kirişini sag gulagyň astyna çenli çekseň, ok ýokary gider, hergiz aşaga düşmez. Elbetde, okuň hernäçe uzaga gitse hem tapawudy ýok, eliň we ýüzüň açyk bolmalydyr. Her gezek nyşana urjak bolsaň, 100 dirhem bahasy bolan ýaýy çekip, 80 dirhem bahasy bolan ýaý bilen nyşana urmalysyň. Hemişe meýdana çykyp türgenleşmelisiň, eliňi agyrtmaz ýaly, sada ýaýdan peýdalanmalydyr. On gezek yzly-yzyna ok atmagy özüňe endik etmelisiň. Çünki, yzygiderli türgenleşik üstünligiň açarydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |