12:11 Öküz / hekaýa | |
ÖKÜZ
Hekaýalar
Kertik aga ýarygije oýandy. Daşary çykmaly. Ol daşary çykmajak, çykmalydygyny ýadyndan çykarjak, uklajak bolup çalyşdy. Eýlesine bir agdaryldy, beýlesine-de bir. Haýsy tarapyna agdarylsa-da bolmandan soň, närazylyk bilen ýerinden turup, ýeňlemek üçin mellegiň aýagujuna tarap ugrady. Alagaraňkylyk. Öňem-ä gözleri çöňňe. Alagaraňkylykda oňly görünýän zat ýok. Ýöne, ýöremeli bolansoň, Kertik aga endigi boýunça ýuwaşja çybşyldap barýar. Onuň çybşyldysyna äpet bir zat başyny galdyrdy. Ony gören uky Kertik agany taşlap zut gaçdy. Döw däldigi-hä belli. Döw däl, äpet bir öküz. Onuň ýaly öküzi Kertik aga öz öýünde-de, goňşy-golamynda hem görmändi. Kimiň öküzi boşandyka allajanlarym?! Kimiňki bolanda-da ony ýorunjalykdan kowmalydygy hak. «Çüw, hüşt!» diýip, Kertik aga äpet öküze bakan ýörän boldy. Öküz bir gezek «çüw, hüşt!» bilen gidibermedi. Kertik aga-da oňa judabir golaýlaşmady. Mes öküzdir, bir süsende Kertik agany bu ýaşdan soň o diýen daşda bolmadyk iň soňky barjak ýerine ýetiräýmegi mümkin. «Kertik agany öküz süsüp öldüripdir» diýen masgaraçylyk nämä gerek?! Gerek däl. Şonuň üçin Kertik aga seresaplylygy saklady. Onuň ýöwselläp duranyny gören gara öküz ýene ýorunjadan iýmäge başlady. Adam adamy äsgermezçilik etse, o diýen geň görüljek däl, ýöne dört aýakly haýwan adamy äsgermezçilik etse, degnaňa degjek eken. Kertik aga-da öküziň bu bolşuny halamady, muny äsgermezçilik hasaplady. Ýogsam ýaşuly bir gezek diýensoň gidibersin-ä. Goja duran ýerinden haýbat atdy: – Çüw, bisyrat, hüşt, hüşt, git, git, ýok bol! Öküz has ýowuzrak haýbata öwrenişen bolmaly, Kertik aganyň ýuwaşja aýtmasyna pitiwa-da etmedi. – Gulagyň gapyldymy, hüşt! Öküz düşündi. Ýaşulyny gygyrdyp durman, ýorunjalykdan çykdy. Hemra Illewleň mellegine geçdi. Geçdi-de yzyna öwrüldi. Onuň bolşy: «Kertik aga, indi öz işiň bilen boluber» diýýäne meňzeýärdi. Kertik aga-da öz işi bilen boldy. Ýeňläp, yzyna öwrüldi. Öküz bolsa oňa seredip, haçan öýüne sümülerkä diýip garaşyp dur. Kertik aga ýerine geçip ýatsa-da ýatdy welin, öküziň ýene ýorunjalyga geljegi oňa ynjalyk bermedi. Göwnüne, ertire çenli ýorunjadan hiç zat galmajak ýaly duýuldy. Iýse iýsin diýseňem-ä boljak däl. Ertir öküziň ýorunja galdyrmandygy belli bolsa, Aýjan ejäniň öňünde ol-a Kertik aga eken, ýorunja iýip mes bolan, tekepbir öküzem durup bilmez. Ýaşuly halyňa aýalyňdan iňirdi eşidip oturmagam gelşiksiz. Onsoňam ýorunjany iýen öküz tarka ýarylar. Olam melleginde güberilip ýatsa, eýesem gelip: «Öküzimi bilgeşleýin öldüripsiňiz, bahasyny töläň» diýse, hany, oňa taýýar duran bir petde pul? Gel, puluny goňşy-golamdan karz-kowal edip tapyp berdiňem-dä, öküziň maslygyny nätjek? Öküziň eýesi-hä seniň melleginden süýräp äkitmez, äkidäýende-de: «Kertik aga pylanyň öküzini ýorunja berip, aşa düşürip öldüripdir» diýerler. «Ine, saňa hiç zat ýok ýerinden birgiden güzaplyk. Wah, gije çykmaly däldi! Çykanymy aýalym bilipjik ýatandyr» diýip, Kertik aga oýlandy. – Aýjan, aý, Aýjan! – diýip, Kertik aga aýalyny yralady. – Ýat, çal, ýat! Gije ýatmalydygyny Kertik aga bilmän durmy näme? Äl, ýagşam bir akyl berdiň! Kertik aga aýalyna: «Öküzi özüň kow» diýmekçidi. Onuň birgiden gepiň başyny agyrtjakdygyny aňyp, özi ýerinden turdy. – Çal, meni nä oýardyň? Daşarygam meniň bilen çykjak bolýaňmy? – Düýşümde seni öküz süsdi, soň janyň beri sagmyka diýip oýlandym. – Kertik aga daşary çykyp, ýorunjaly kölçä äňetdi. Hana gara öküz ýorunjaly kölçäniň ortasynda arkaýyn otlap dur. Ynha-da! Muňa näme diýip, näme aýtjak?! Öküz mekirlik eden bolýar, ýaşy birçene baran ýaşulyny aldap dur. Haýwan şeýle mekirlik etse, adamdan näme garaşjak onsoň? – Pis öküz ekeniň. Hemraň öküzisiň sen. Kejirligiň, doýmaz-dolmazlygyň hut şonuňky. Hana, kölçäň ep-esli ýerini iýipsiň. Indi ýatagyňa gidäý-ä. Bir ýaşuly adam saňa: «Git!» diip dur. Kertik aga bu gezek ýöwsellik etmedi. Tagta sekiniň aşagyndan pil alyp okduryldy öküziň üstüne. Öküzem geçen saparkysy ýaly arkaýynlyk etmedi. Patanaklap Hemra Illewleriň mellegine bakan berdi ýazzyny. Onuň bilen Kertik aga oňmady: öküzi Hemralaryň agylyna saljak boldy. Agylyň işigem açyk. Ýöne garaňky, otsuz agylda öküziň nä köri bar?! Giresi gelmedi onuň. Agyla bir girjek ýaly etdi-de, köçä bakan alatapyrdy çapdy. Kertik aga-da onuň yzyndan galmady. Gidiberdi. Dört-bäş öý geçensoň yzyna öwrüldi. Biraz arkaýynlandy. Öküzem: «Ýene kowalajakmy?» diýýän dek, yzyna öwrülip seretdi. Kowgynyň galandygyny görübem, ýoluň gyrasyndaky ota güýmendi. Şeýdip uzagraga kowmadyk bolsa, öküziň ýene geläýmegi mümkindi. Ertire çenli öküz ýorunjany iýip tüketse, kömürli wakadaky ýaly, ýene keýwanyň ýaňsysyna başyňy aşak salyp oturmalysyň. Kömürli wakada-da edil häzirki ýaly alagaraňky gijedi. Özem gyşyň ortasydy. Ýarygije kimdir biri Kertik aganyň ýatan jaýynyň penjiresinden gygyrdy: «Kertik aga, aý, Kertik aga!» «Kim bu ýarygijede ýatman ýören?» «Kertik aga, bu men» diýip, garaňkynyň içinde bir gara kişi seslendi. «Näme habar?» «Size kömür gerekmi?» «Ýok, gerek däl, düşnüklimi, gerek däl». Ine, bar bolan gürrüň. Ertir tursa, gaşynda aýaly dur ýüzüni ak tam edip: – Kakasy, ogullaryňyzyň öňňünki getiren bir maşyn kömrüni gije biri äkidäýipdir. Kertik aga kömür düşüren ýerini görende gijeki: «Kömür gerekmi?» diýip soran sypaýy ogryny ýatlady, aýalyna bu hakda gürrüň berdi welin, onuň iňirdisi artaýdy onsoň. Arada oturylyşykda hälki sypaýy ogrynyň «Kömür gerekmi?» diýşini biri: «Şahyr Atamyrat Atabaýdan eşitdim» diýip, anekdot hökmünde oturanlary güldürip otyr. Kertik aga şu gezek ile ryswa bolmazlyk üçin öküzi allowarra kowşundan razy bolup düşegine geçdi. Ýöne uklap bilmedi. Bu ýakynda ylgap görmändi ahyryn ol. Öküziň yzyndan kowup, ukudan mazalyja açylaýan eken. Näçe uklajagam bolsa, bolmady. Gözlerini petige dikip ýatyşyna, birden iňkise gitdi: hälki öküz ýene gelen bolaýmasyn? Birdenem öküziň molamasy eşidilen dek boldy. Gahar bilen daş çykdy. Asyl, pikir edişi ýaly, öküz ýorunja iýip dur. Iýjek bolsa başga kişide ýokmy? Hemralaryň özlerinde-de bar-a! Gör, onuň öküziniň akyllydygyny! Öküzine görä, Hemranyň özi akylly bolaýmaly ahyryn. Ýa Hemranyň özi biziň ýorunjalygymyza bilgeşleýinden kowýan bolaýmasyn? Hemra bilen gygyryşmaga, sögüşmäge häzirlendi. «Haý, seniň bir eýäňi...» diýip, Kertik aga öküze öküz kimin topuldy. Öküz ýene Hemralaryň mellegine geçdi. Agylyň deňinde bir sägindi-de, köçä bakan gitdi. Kertik aganyň aýagyna bir zatlar ilteşdi-de, gitdi tüwdürilip. Ýer sermäp ýatyşyna durşuna sögünje öwrüldi. Aýagyna ilteşen zatlary aýyrmaga durdy. Birgiden sim. Wah, bu simleriň dagap ýatandygyny Kertik aga öň näçe gezek görüpdi. Ýöne olaryň aýagyna çolaşyp ýykjagyny näbilsin ol?! Sime büdremesi ýöne ýere däl bolaýmasyn? Hudaýtagala şu sim bilen öküzi obadan çykaryp daňyp: «Goý, eýesine sapak bolsun!» diýýän bolsa näbilýäň? Ýogsam gündiz görüp ýören simine büdräýmelimi? Büdrejek bolsa başga zat gutarypmy? Tommuga büdresin, bedrä büdresin, çöp-çöre büdresin!.. A näme üçin büdresin? Büdremesin! Öküz köçä çykyp: «Yzymdan kowjak dälmi?» diýýän dek mölterlip dur. Kowalaşyp ýörmegi halan bolarly. Bir kültem simi eline alyp, Kertik aga öküziň islegini kanagatlandyryp başlady. Öküz öňde, üç-dört öý geçip, Kertik aganyň gelýänini-galanyny anyklaýar. Kertik aga galmady. Ýüregini bire düwdi: obadan çykaryp bir tuda daňyp gaýtdy. Kowalaşyp obadan çykýançalar, öküziň yzyndan ýetip, boýnuna sim dolap, onam bir tuda berkden berk daňýança daňam atdy. Esli giden ekenler. Kertik aga öýüne gelýänçä adamlar oýanyp, ojaklarynda çaý goýdular. Aýjan eje adamsyny görüp, gözüni ýaşlady. Hilbir iş bitiren dek Kertik aga keýpihon gürledi: – Ogurlandyrlar öýtdüňmi meni? – Ogurlapdyrlar! – Gerekli ekenim-ow men! – Wah, çal, ogurlanan sen däl-de, sygrymyz. – O nähili sygyr? Bizde sygyr barmy näme? – Mal bilen gyzyklanýaňmy näme sen?! Haçan agyldan boýnuňy uzadypsyň? – Hemralaryň öküzem ogurlanypmy? – Olarda mal barmy näme? Mal saklajak adammy olar? Çal, entek sygrymyzy uzaga äkiden däldir ol deýýus ogry. – Sögünme, gül ýalak adam bolsa näbilýäň?! Men-ä oňa gowy adamdyr diýjek. – Heý, ogrynyňam bir gowusy bolarmy! O musallaty derrew melisä aýdyň. Türmede çüýretsinler o musallaty. – «Musallat» diýme oňa. Bir öküz diýip, heý, ýaşy birçene baran gül ýalak adamy türmede çüýredäýmek bolarmy? – Ogrynyň öýi türmedir. Eger siz aýtmasaňyz, ine, özümjik gidip melisgä aýtjak. – Eger melisä aýtsaň, Aýjak, ynan, senden gaty görerin! Ynanaý maňa. Uraýmagymam mümkin. Şonuň üçin ýagşydan-ýamandan sesiňi çykarma. Ynha, men häzir gidip, derrewjik öküziňi tapyp geleýin. Ony bir hudaýlykly bende bellije ýerde daňypjyk goýandyr. Ýüregim syzyp dur meniň. Osman ÖDE | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |