18:44 "Ömrümiñ her güni ýaz bolar ýaly " | |
«ÖMRÜMIŇ HER GÜNI ÝAZ BOLAR ÝALY»
Ýatlamalar
..Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlary bolsa gerek. Hazar kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine döredijilik saparyna barypdyk. Biz ikidik, ýanymda şahyr dostum hem bardy. Şonda köne tanyşlaryň biri — serhet gullugynda işleýän Öre bizi myhmançylyga çagyrdy. Asly şahandaz, wäşi öý eýesi duýdurdy: «Biliňiz guşalgy bolsun! Ýene bir myhmana «gel, bäri!» edendirin. Söze, saza ökdedir. Öräniň Aşgabatdan gelen myhmanlary asgyn eken» diýdiräýmäň!». Başdan aýdaýyn. Asgyn bolup gaýdanymyz-a çyn. Giňden ýazylan supranyň başyna geleniň Didarberdi Allaberdiýewdigini, özüniňem hukukçydygyny aýdanlaryndan soň, söhbedimizem gyzdy. Goşgy okaldy, aýdym diňlendi, edebiýatyň az-owlak jedelem edildi. Garaz, göwün solpusyndan çykyldy. Şonda Magtymgulydan gürrüň çykanda, ady agzalan goşgyny güzledip oturyşy, ondan gaýdyp, Balgyzyl, Garajaoglan, Baýram şahyr, aşyk Çaňly, Ärsarybaba... agzalsa-da, änik-şänik ediberişi, Atamyrat Atabaýewiň, Nobatguly Rejebowyň, Gurbanýaz Daşgynowyň goşgularyny ýatdan aýdyşy... agzymyzy açdyrdy. Balkan degresiniň haýsy jelegaýyndan gep açylsa-da, şol ýeri «özi ýasan ýaly» edip oturyşam, «Gezende eken-ow» diýdirdi. Şonda näme üçindir «özem ýazýar» diýip, janygylsa-da, ýeke setirinem okamady. Diňe süýnmegrägede bugdaýreňk ýüzüni, giň gara gözlerini mähir bilen güldürip, «Bizden şahyr çykasy ýok-la» diýip, ýylgyryp «ýeňäýdi». Şondan kän wagt geçmänkä, ol Aşgabada geldi. Işleýän ýerime — «Garagum» žurnalyna gelip: «Sowuldym-da, salamlaşyp ötägideýin» diýip dur. Gyssanmaçlyk bilen päpgesinden sogran bäş-alty sahypa kagyzy uzatdy: — Okap gör, derdiňize ýarasa peýdalanarsyňyz. Okap, soňam maşynkadan geçirip, baş redaktorymyzyň stolunyň üstünde goýduk. Ertesi çagyrdy: — Şu Didarberdi Allaberdiýew diýilýäniň özi geldimi, ýa goşgularyny iberipmi? — Özi geldi. — Onda näme men habarsyz? Şahyr bolsa, ýakasyndan tutup, meniň bilenem salamlaşdyrmaly ekeniňiz-dä. Onda-da beýle goşgy ýazyp bilýäni. Ol aýgyt hem joşgun bilen gürledi: — Beýle goşgulary ýazybilýän şahyr bolsa, men günuzyn aňkarylyp oturmaga-da kaýyl. Me, indiki sanymyza beriň. Özem şo Didarberdi ýene Aşgabada gelende, meni görmän gitmesin, düşnüklimi?! Şodur-da, şodur, ady Didar dädä öwrülip giden şahyr öýümize göwnemese-de, gazet- žurnallaryň ýygy, onda-da arzyly myhmany» boldy gidiberdi. Söýläp şygyr şalygynyň tagtyny, Eýerläp Pyragyň münen «atyny», Gezsem yşk dagynyň kemer-gatyny, Kalbymda lowlaýan bir o:t gerekdir. Beýle setirleri ýazaýmak üçin nähili hyjuwjoşgunyň gerekdigi aýtmasaňam düşnüklidir. Munuň üstüne ýene bir «syry» goşmaly. Ony men Didar dädäni tananymdan has soňrak bilip galdym. Onam özi aýtmady. Gaty ýakyn tanaýanlaryň, her gün görşüp, oturyşyp-turşup ýörenleriň biri aýtdy: — Didarberdi bir-ä Gurhany hatm edendir. Soňam ol arapçany, parsçany, azerbaýjançany, türkçäni, tatarçany, gazakçany, rusçany suwara bilýändir. Bereket etrabynyň bir gapdalyny Garagumuň guba çägelerine direýän, beýle degresinde dag gerşini ýassanyp ýatan Isgender obasynda 1957-nji ýylda dünýä inen oglanjygyň emer-damary çarwaçylyk bilen güzeran aýlan, özem il içinde halalhonlygy, sahypkeremligi bilen tanalan nebereden. Ýumruk ýalylygyndan atasy Atjantemek Allaberdi oglunyň yzyna düşüp, dabanyna çöňür çümdürip, injigini gyzgana çyzdyryp, goýun-geçi bakan Didarberdi ýyldyzlar bilen sözleşip, nurana Aý bilen oglan ýüregindäki arzuw-hyýallaryny paýlaşyp, çölüň ysyny, dagyň keremini on iki süňňüne siňdirip ulalýar. Atasy gündiz dymmaragam bolsa, iňrik garalyp, dowarlar gäwüş gaýtaryp, töweregi ümsümlik gaplanda, söwer agtygyna Magtymguly işanyň (ol şahyryň adyny şeýdip tutan) goşgularyny ýatdan şeýle bir labyz bilen, damaryňy yzarlaýan owaza salyp aýdyp beren. Käbir goşgular-a bir diňländen Didarberdiniň bekemedik beýni- sine magnit bolup ýapyşan. Galan goşgulary- da her gije gulagy ganansoň, tutuşlygyna ýat beklän. Köneden habarly çopanyň «sandygy» bihal bolmadyk. Ol eli egri taýakly bolsa-da, Gurhany başdan-aýak ýatdan bilen kary eken. Ondan agtygynyň gulagyna geregini guýupdyr. Didarberdem eşidenini, ýatlanyny eşrepi ýaly edip, köňül sandygynda gaýym gizläpdir. Kämil çykyp, şygyr bossanyna girmek bagty miýesser edende, bu ahwalat şeýle dile getirilýär: Dünýä göz ýetmek eken, Sogap iş etmek eken, Giden bir mekdep eken, Atamyň aýdanlary. 1975 — 1980-nji ýyllarda şol döwürdäki Türkmen oba hojalyk institutynyň awtomehanizasiýa fakultetinde okap, ýokary bilim alandan soň, Balkan welaýatynyň ençeme ulag, gurluşyk-gurnama kärhanalarynda işlän. Ýöne Magtymgulydan doly ýüregi, halallyk, haýyr, bir gyly iki bölýän adyllyk hakdaky pikir-oýlar ýigidiň küýünde gaýnap, ahyrsoňy ony Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň gapysyndan getirýär. 1988 — 1994-nji ýyllar aralygynda okap, hakyky hukukçy bolýar. Öz ugrundan çirksiz işläp, alkyş baryny alýar. Käte-käte «içine sygmadygyny» kagyza geçirse-de, hergiz hiç kime görkezmeýär. Käte halys heýjana salyberende, iň ýakyn dostlarynyň ýanynda okap, içini gowzadýar. Özi aýtmyşlaýyn, akyl käsesi kemsiz doluşansoň, gazet-žurnallarda ady görnüp ugrasa-da, hergiz petde kagyz göterip gelip, redaksiýalary ýeke gezegem bezikdiren awtor däl. Gaýtam, aznawur şahyryň edebiýatyň ala meýdanyna bil guşap gelenini bilip, gazet-žurnallar Didarberdä jaň edip, hat ýollap, goşgularyny gowşurmagyny towakga edýärler. Bu juda arzyly awtorlara nesip edýän bagt. ...Bir gezegem Hazar kenarynda şeýle ahwalat bolýar. Haýsydyr bir baýramçylyga barlanda, öňden bir-birini gaýybana bilip, didarlaşmagy küýsäp ýören iki ussat — Nobatguly şahyr bilen Didarberdi sataşýar. Olar goşgynyň, pelsepäniň, durmuşyň, şahyrlaryň, edebiýatyň, taryhyň... gürrüňini edip, daňa çenli kelleleri mis ýaly gyzýar. Aşgabada gelip, Nobatguly şeýle goşgy ýazýar: ...Magtymguly-akyldardyr, welidir. Şarkyň poeziýasyn çepbe çöwüren, Goşgyny aýata-doga öwüren, Pyragy türkmeniň pygamberidir. Oka, dostum! Goşgyň özi ýazylar, «Gögi büküp, gara Ýeri ýarybam». Ýazylar, hut däli silli çabganyň gelşi ýaly, garnyn ýaryp asmanyň. Tüweleýläp ýanýan çagyň ýazylar! Ýazylar, tamdyra dönse içiňem. ...Ýöne şahyr Pyragyny ýat bilmez, Didarberdi bolmaz bihal kişiden! Uly şahyr çykanda bolsa şol ahwalatlary «Magtymgula ýüzlenmesinde» şeýle beýan edýär: Sa:lymy söz ummanyňa okladym, Gijelerne şygryň bilen ukladym, Tutuş kitabyňy ýatdan bekledim, Ýazan setirlerim-güwäm gelipdir. «Kişini tanajak bolsaň özgeleri gürlet» diýipdir türkmen aga. Özümiňem-ä Didar däde hakda «içime sygman» duran zatlar azlyk eder ýaly däl weli, ýöne özümden ökdeler bar. Ine, Osman Ödäniň Didarberdi Allaberdiýewiň «Sözlär Senaly dilim» (Aşgabat, 2015) atly goşgular kitabyna ýazan sözbaşysy bar. Ýöne ýeri gelende, okyja has düşnükli bolar ýaly bir zady aýdaly. «Senaly» Didarberdiniň edebi tahullasy-lakamy. Indi Osman agany diňläli: «Onuň dünýä edebiýatyny erjellik bilen özleşdirendigi, Gündogar edebiýatyny içgin öwrenendigi, galyberse-de, yslam edebiýatyny, keramatly kitaplary yhlas bilen okandygy, onuň beýan edýän temalarynda, getirýän delilleridir mysallarynda mese-mälim görnüp dur. Şahyryň Watan, berkarar döwlet, bagtyýar döwür hakda ýazýan setirleriniň owazly hörpi has-da belent». Belli edebiýatçy, professor Muhammetguly Amansähedow şeýle ýazýar: «Didarberdiniň Magtymgulynyň şygyrlaryny tutuş ýat bilýändigi, diňe bir bilmek däl, şygyrlaryny örän çuňňur yzarlaýandygy, neşirlerdäki goýberilýän säwlikler baradaky pikirleri, beýik şahyryň şygyrlarynyň arapçasyny, parsçasyny, rusçasyny deňeşdirişi meni haýran etdi. Didarberdiniň dil we edebiýat ugrundan ýörite bilimi ýok. Onuň işlän käri hem çeper döredijilik bilen galtaşykly däl. Zehini Biribar eçilse, dannawy bolmaz ekeni. Didarberdiniň aýdym-saz sungaty baradaky örän çuňňur makalalary ýörite saz öwrenijiler üçin-de peýdalydyr diýip pikir edýärin». Dogrudyr. Şahyryň süňňünden syzylyp, ýüreginden üzülip gaýdýan setirler seni heýjana salýar: Ömrümiň her güni ýaz bolar ýaly, Janymyň saglygy saz bolar ýaly. Başarsam hemişe gülüp gezjek men, Aglamaga wagtym az bolar ýaly. Ine, şahyryň ömür ýörelgesi. Munuň üstüne eli açyklygyny, myhmansöýerligini, tarhandökerligini, mertligini hem goşsaň, tüýs özi bolar. ...Bir gezek bizem Awaza baýramçylyklaryň birine barypdyk. Didar däde Osman aganyň bir dert tapynyp ýöreninden habarly eken. Baryp myhmanhana ýerleşip-ýerleşmänkäk, jaň etdi: «Öýe çagyrsam-a geleňzok. Onsoň öýde bişen tagamdan dadyrmasam, men birhili görýän. Neme, Osman akga nämeler iýip-içýä, şonam bir bileli». «Gaty-gury nahar bilen-ä kän ugry ýok» diýdim. Agşamara ol gazan alyp geläýdi. Özem goşa gazan. Birinde balykly palaw bar, beýlekisinde towuk çorbasyna bişen unaş. Özem guýuşdy- ryp ýörşüne: — Öňem ata-babalarymyz «Unaş — garra aş» diýipdirler. Şuny ilki Osman akgaň öňünde goýalyň, iň ýaşulyňyz — diýip, sypaýylyk bilen sepini bildirmän hödür-keremi sazlaýar weli, haýran galdym. Ýaşkiçiler bolsa düşeme aşly gazanyň düýbüne ýetdiler. Şahyr Gurt Näzliniň Didarberdä bagyşlanan bir goşgusy bar. Birje bölek: Ýedi dilde gürläp bilýär suwara, Saz çalanda dil bitirýär dutara. Göçümlerde ýolun baglap tutan ýok, Küşt oýnunda heniz ony utan ýok. Durşy bilen zehin, talant, ylham ol, Her bir sözi jana şypa, melhem oň. Il üçin, dost üçin gaýgyrmaz jany, Hormatlar, hezzetlär gelen myhmany. Şahyr bu goşgusyny Balkana myhmançylyga baryp gelenden soň ýazypdyr. Öňräjik ýerli bagşylaryň biri tutuş Didarberdiniň goşgularyna döreden aýdymlarynyň elektron ýazgysyny sowgat edip iberipdir. Ajap goşgy goşa taryň «gulagyna» gowy aýdym bolup münende, diňläp doýmaz ekeniň! * * * Bir gezek Awazada dynç alyp ýörkäk, ýöriteläp ol bizi Garaçagyla alyp gaýtdy. Gaty täsin çeşme. Balkanabada ýetmän, gaýrak — kiçi Balkana tarap ýüzüňi tutup gitseň, sähel ýöräňsoň, öňüňden çykýan bygyrdap ýatan çeşme. «Gyzgynlygy 50 gradusdan geçýär» diýdiler. Suwa düşer ýaly jaýjagaz bar gapdaljygynda. Şonda gyzgynlygy endamyňa ornap, süňňüňi guş ýaly ýeňlediberýän, ysgyn-deramatyňy alýan ýaly-da bolsa, burçak-burçak derledip, göwräňdäki azar-derdi sokga sorýany soňrak özüňe magat bildiriberýär. Beýle şepagatly-sahawatly zyýaraty bagyş edeni üçin Didar dädä alkyş aýtdyk. Gaýtam ol bize söýünýär: «Şeýdip Magtymgulynyň, Balgyzylyň dabanynyň degen, Baýram şahyryň awlag eden ýerlerine gelip durmaly-da sizem!». Şonda «ýol kesip», hezreti Magtymgulynyň asyl oturymynyň, onuň öňki nebereleriniň mesgen-mekanynyň şu gezilip ýörlen ýerler bolandygyny şeýle bir delilläp, da:şyny, depesini, oýuny akyldar şahyryň goşgularyndaky setirler bilen berçinläp, wakalar bilen sepläp, rowaýatlar bilen baglap gürrüň berdi weli, walla, öňümizde akademik otyrmyka diýdirýärdi. Garaz, seýil etme, söhbet etme kemini goýmadyk. «Sözlär Senaly dilim» atly kitaby ýene gözläp tapýan. Eliňe agram berip duran kitaby açan ýerimde sünnäli ýazylan şeýle jümleler bar: «Ýagşy söz, goý, göwünlerde gül bolup gögersin. Şeýle gulluga ýüregiň bilen berlip döredýän eserleriň her setiri güle meňzesin, inim!». Seniň gül ysly goşgularyňa beýleki okyjylaryň bilen birlikde bizem muşdakdyrys, Didar däde! Goý, Hazaryň keremli kenarynda döretjek goşgy-gazallaryň deňiz ýaly joşgunly bolsun! Gurbannazar ORAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |