12:40 Ömür | |
Meniň gözellere ähdi-wepam ýok,
Goşgular
Ony birçak bir gyz juwana berdim. Özgäni ýyladýar kalbymdaky ot, Ony, dostlar, eli sowana berdim. Durmuşym, maňlaýma etdigim togap, Harazdan geçirdi un kibi üwäp. Men bir sorag hem-de gözlenýän jogap Aýym-günüm soňsuz sowala berdim. Ýalňyşdym men özge yza düşüp kä, Kä gözüm aldyryp ýiti yşykla. Akyl paýhasymy berip üşüklä, Syrym yzdan gelýän dowama berdim. Söýüp-söýülmeli ýaşlyk gijesin, Alynmadyk posalaryň näçesin, Kalba goýup ömrüň ähli ajysyn Süýjüsin suhangöý zybana berdim. Meniň bar derejäm, şöhradym-şanym, Gursagymda kemal tapan ynsabym. Şükür, girip ykbalyna ynsanyň Ömrümi ýollara rowana berdim. Nobatguly Rejepow. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||