19:08 Ömür ýadygärligi / nowella | |
ÖMÜR ÝADYGÄRLIGI
Hekaýalar
Men uniwersiteti gutaranymdan soň geologiýa barlag toparyna işe geldim. Toparyň ýerleşen jaýy Hazar deňzine golaý Garagum sährasyny etegindedi. Garagumyň özüne has bolan tebigaty bar, her gün diýen ýaly gyzgyn epgek öwsüp,urgun çäge ondan-oňa geçýärdi. Kä wagtlarda ikindiara deňiz tarapdan jana ýakymly mylaýym şemal öwüsýärdi, Şeýle wagtlarda biz çadyrlardan çykyp, açyk howada gezim ederdik. Käbirimiz dutar çalyp, aýdym aýdardyk, käbirlerimiz küşt ýa-da domina oýnardyk. Topardakylaryň köpüsi dag hem sähra durmuşyna öwrenişen şadyýan, akýürek adamlardy. Aýratynam topar başlygy Nazar Garaýew ajaýyp adamdy. Ol 50 ýaşlaryna gadam basandygyna garamazdan, edil ýaşlar ýaly, gujurly, şadyýan, degişgendi. Öten ýyl Daşkentdiñ politehniki institutyny gutaryp, toparymyza işe gelen Halyda atly özbek gyzy ilkinji günlerden başlap, meniň ünsümi özüne çekdi. Ol gelşikli, görmegeý gyzdy. Halyda örülen, uzyn gara saçlaryny arkasyna taşlasa, şonda has-da göze ýakymly görünýärdi. Emma men topardaky Nazar diýen tehnik ýigidi näme üçindir halamazdym. Ylaýta-da Halydanyň ýanyna baryp, atyryñ ysy kükäp duran saçlaryny sypaşdyryp, gep nokatlap duranyny görsem, belli-beter jynym atlanardy. Halyda-da içiňi ýakaýyn diýen ýaly,onuň bilen gülşüp sözleşýärdi. Meniň bilen gürleşende bolsa sypaýçylygy goldan bermezlige çalyşýardy. Onuň meniň bilen beýle sowuk-sala aragatnaşyk edişiniň sebäbini bilmän, içimi ýakar ýörerdim. Kä mahal bolsa "Gyzyň öz yhtyýary özünde, kime nähili bolanda saňa näme dahyly bar?" diýip öz özüme sorag hem berip görerdim,ýöne ýüregim ynjalmazdy. Dogrusyny aýtsam, men bu gyzy söýýärdim. Nazary ýigrenmegimiň sebäbi hem Halydany ondan gabanýanlygymdan bolsa gerek. Bir gün günorta naharda Halyda görünmedi. Men: "Ol kesellän bolaýmasyn" diýip howatyrlandym-da, nahardan soň hiç bir bahanasyz onuň çadyryna bardym. Onuň ýeke özi çaý içip oturan eken. Men girenimden gyz biraz düýrügen ýaly etdi. - Näme üçin naharlanmaga barmadyňyz?-diýip, men onuň görkezen ýerinde oturdym. - Ýadapdyry... işdämem ýok... Çaý içermisiňiz? - Guýaýyň! Ol çaý guýup uzadýarka stakanyň gyrasyna ýapyşan gyly alyp taşlady-da, assyrynlyk bilen maňa garady. Meniň stakany uly minnetdarlyk bilen alanymy aňyp ýylgyrdy. Men gyzardym. Gyzyň ünsüni başga zada sowmak uçin: - Irden işçiler bilen gidip barýadyňyz, partladyşa tomaşa etdiňizmi?-diýdim. - Hawa, bilýäňizmi nähili hezillik, gazylan daş çukuryna amanaly dykyp, peltä ot degirende, adam şeýle bir tolgunýar, hyýalyňda dag tutuşlygyna partlap, ummasyz baýlyklar göz öňüñe geljek ýaly bolýar. Men günortandan soň ýene gitjekdim, ýöne işçiler hiç bomasa ýarym gün dynç alaly diýdiler - diýdi -de, maña birhili ýeserlik bilen garap: - Geliñ, ikimiz işçilersizem gidip, birje partlaýyş edip gaýdaly - diýip ýylgyrdy. Men Halydanyň teklibine janym bilen razy boldum. Gün agansoň biz biraz amanit hem-de beýleki gerekli gurallary alyp ýola düşdük. Men köz ýaly gyzgyn gumda ýöräp barýanymy syzman, özümi bahar bagynda seýil edip ýören ýaly duýýardym. Çünki ýanymda Halyda bardy. Men pursatdan peýdalanyp: - Halyda, siz näme üçin men bilen örän sowuk-sala gepleşýärsiňiz?-diýdim. Gyz maňa seredip gülümjiredi-de: - Häzirki amanydyň partlaýşyndan dörän yssylyk aramyzdaky sowuklygy gyzdyryp goýberäýmezmikä - diýip gülümjiredi. - Halyda, oýun etmäň- diýdim. "Dogrusyny aýdyň" diýen manyda oňa garadym, gyz az salym dynmdy-da: - Siziñ sowuklyk diýýäniñiziñ tersine bolaýmasyn-diýip, ýüzüni kesä sowdy. Meniň ýüregimde umyt uçgunlary çaknap gitdi. Mähirli göreçler çaknyşdy... Menzile gelip ýetdik. Bu ýer deňiz kenaryny ýakalap gidýän depe-depe belent daşlardan ybaratdy. Deňize tomaşa etmek üçin ikimizem depä çykdyk. Şemal Halydanyň örüm-örüm saçyny galgydyp goýberdi. Örümler aşaklygyna uzalyp gitdi. Gyz saçlaryna esewan edenimi syzan bolmagy çemeli. -Zülplerim ýaraşanokmy?-diýdi. - Diýseň gowy gelişýär. - Nazar gyrkdyryp buýralatsaňyz, gowy gelişjek diýýä. - Halydanyň bu sözüniň erbet täsir edenini bildirmejek bolup,özümi oňa parhsyz garaýan şekilde görkezmäge çalyşdym. - Näme üçin onuň aýdanyny etmediňiz? Ol mekirlik bilen güldi. - Siziň gaharyňyz geler-dä. - Gaharym geljegini nireden bilýäňiz? - Gyzlar örän bilgiç bolýar- diýip, jykyrdap güldi. Biz giçlige çenli iki ýeri partladyp labaratoriýa üçin "nusga" aldyk. Gaýdyşyn ýoly ýakynlaşdyrmak üçin gumy kesip,dogrulap geçmegi karar etdik.Howa özgerip,şemal turmaga başlady. Ýanymda Halyda bolany üçin keýpim örän kökdi. Menden 3-4 ädimlik öňden barýan Halyda birden kürtdürip: - Waýeý, ýylan!- diýip gygyrdy. Men Halydanyň deňine gelip,öňe seretdim, görsem bizden bäş ädim çemesi aňyrda hüjüme taýýarlanýan ýaly, bir kepjebaş ýylan kellesini galdyrypdy. Onuň bedeni batyp barýan günüň batyp barýan şöhlesine ýaldyrap, wehimli görünýärdi. Ol gozganyp başlady. Men çaltlyk bilen öňe geçip,gyzy yza itdim. Ýylan aýaklarymyň aşagyna ýakynlaşandan kellesini nazarlap, bar güýjim bilen depdim. Emma nyşana degmedim. Ýylan çep aýagyma bir uruldy-da, zym-zyýat boldy. Şonda topugymyň ýarym garyş ýokarsy ot basylan ýaly jyzlap gitdi. - Halyda, meni ýylan çakdy öýdýän- diýip seredemde, gorkusyna onuñ ýüzi ak esgä döndi. Ol aljyrady. Soňra ýanyma ylgap gelip, aýagymyñ ýylan çakan ýerinitapyp gördi, ol ýerden iki damja gan çykyp, töweregi gögümtil reňke öwrülen eken. Oňa gözüm düşen badyna ýüregim birhili bolup, huşumy ýitiripdirin. Gözümi açyp seretsem, şäher keselhanasynda ýatyryn. Ýanymda hiç kim ýok. Men ýylan çakan aýagymy ýuwaşja gymyldadyp gördüm. Ol näme üçindir amanat ýaly syzyldy. Soňra ýassykdan başymy ýuwaşja göterip, ýorgany açyp seretdim-de, doñup galdym... Aýagymyň dyzyndan aşagy kesilip taşlanypdyr. Başymda ýüz dürli hyýal at saldy. Geljegim,arzuwlarym bary puç boldy. Indi men nämä derkar, kime gerek? diýen pikir beýnime hanjar bolup sanjyldy. Men özümi dürsäp, gapydan girip gelýänlere äňetdim. Öňde ak halatly doktor, onuň yzynda bolsa saman şlýapasyny golunda tutup, gaýgyly görnüşde Nazar Garaýewiç durdy. - Abdylla, ýagşymysyñ?- diýip Nazar aga krowatyň ýanynda goýlan otugyça çökdi, - Sag boluň, ganymatdyryn. Nazar aga-diýip, ýylgyrmaga çalyşdym. Emma Nazar aga "Ýok, ýasama ýylgyrýarsyň, häzir ýüregiňe hiç hili ýylgyryş sygmaýanyny görüp duryn" diýen manyda maňa seredýärdi. Doktor çykyp gitdi. Biz Nazar aga bilen ýeke galdyk. - Abdylla, eger sen şunuň bilen oýun gutardy hasap edýän bolsaň, örän ýalňyşýarsyň- diýdi. - Men beýle pikirlenemok, Nazar aga!Ýöne.. - Ýöne näme? - Özüňiz pikirlenip görüň. Nazar aga, men 25 ýaşymda. Ömrümiň şeýle bir güllän döwründe hiç kime gereksiz bolup galsam ýaşamak aňsatmy? Ol çynlakaý äheňde: - Kyn, emma baş sag bolsa, kynçylyk hiç zat. Ynsanyň erki her hili kynçylyklardan üstün çykýar. Güýç däl-de, ruh ýeňer. Şony pugta ýatda sakla!- diýdi. Nazar aganyň sözleri maňa biraz gop berdi. "Güýç däl-de, ruh ýeňer!" diýip, ol dogry aýtdy. -Toparda işlemek kyn düşer diýseň,aspirantura giräý, ukybyň bar. Sen alym bolarsyň-diýip dymdy. - Topary taşlap gitmek meniň üçin juda agyr, Nazar aga. Meniň ýüregim topar bilen bir ahyry. - Ýüregiňi hem bile alyp gidip bilersiň. Sen bir zat diýseň ol hem "ýok" diýjek gyz däl-le-diýip, mekirlik bilen ýylgyrdy-da - haýran galma, hemmsinden habarym bar-diýdi. Içimi byjykladyp duran şübhämi indi oňa aýtman kime aýdaýyn. - Indi meni başyna ýapsynmy ol, Nazar aga!-diýip, uludan dem aldym. Emma ol berk ynanç bilen: - Ýok, beýle diýme, meň pikirimçe bu wakadan soň onuň saňa bolan söýgüsi iki esse artan bolsa gerek-diýdi. - Ýüregimdäki umyt duýgusy bilen umytsyzlyk duýgusy bir-biri bilen göreşýärdi.Emma Nazar aganyň sözleri şübhelerimi biraz dargadyp, ýüregime teselli berdi. Ol gitdi şol mahal işik açylyp, Halyda girdi, emma bu öňki Halyda däldi. Onuň meni ýesir eden gara saçlary gyrkylypdyr, nähilidir bir täze modada timar berilipdir, boýnuna ak şarf hem taşlapdyr.Oňa gözüm düşen badyna mende "Özüni Nazaryň islegine görä bezäpdir" diýen pikir peýda boldy. Onuň garaýyşlarynda "Sen indi maýyp, maňa bir seret, şu görküm bilen meni kim söýmesin" diýen many duýulýardy. Şol mahal mende gazap we ýigrenç peýda bolup, ýüregimi mynçgylap başlady. Bu gazaply duýgynyň Halydamy ýa-da Nazaramy-kime garadylanyna akyl ýetirip bilmedim. Ol Nazar aganyň oturan oturgyçynda oturdy-da, sandyrawuk ses bilen: - Abdulla, nähili ganymatmysyňyz?- diýdi. - Sag boluň-diýip, men sowuk-sala jogap gaýtardym. - Men irräk gelmekçidim, ýöne...- diýende, men onuň sözüni kesip: - Zyýany ýok, umuman, gelmeseňiz hem bordy,biderek azara galypsyňyz –diýdim. Halyda maňa geň galyjylyk bilen seretdi.Men onuň kesilip timarlanan saçlaryna seredip, kinaýa bilen: - Täze jemalyňyz gutly bolsun- diýdim. - Ol uýaljyrap: - Näme gelişmeýärmi?-diýdi. Bu gezek sesimde gahar syzylyp:Örän oňat, kemi ýok-la!- diýdim. Halyda bolsa "bu näme boldugy?" diýen manyda maňa seretdi. Men ýene assarly gürrüňimi dowam etdim. - Priçeskaňyzyň ady näme? Gyzyň gözleri kiçeldi. Dodaklary tirpildäp: - Priçeskamyň ady...?- diýip, biraz sägindi. Soňra -"Söýgülimiň ömri üçin" - diýdi. Ýüregime hanjar urulan ýaly boldy. Birden bu ýanyma agdarlyp,gözümi ýumdum. - Halyda... Meni ýeke galdyryň, özümi örän ynjalyksyz duýýan, çykyp gidiň. Haýyş edýän! Birazdan soň ýuwaş basyp barýan aýak sesini eştdim. Ol çykyp gidenden soň: - Şepagat uýasy!- diýip gygyrdym. Şepagat uýasy derrew içerik girdi. Men oňa gödeklik bilen: - Keselleriň rahatlygyny saklamak siziň borjuňyz-diýdim. - Ýanky gyz ýene gelse,meniň ýanyma goýbermäň. Şeýle diýenimden soň, dälizde Halydanyň müňňürip goýbereni eşidildi. Şepagat uýasy meniň bu gödekligimi ýazgaryp, başyny ýaýkady-da, dälize çykdy. Ol Halydany zordan köşeşdirip ugratdy. Ýüregim ynjalandan soň, beýnim biraz parahat işläp başlady."Men nätdim?-oýlanyp Dogry iş etdimmi? Ýok, nähilem bolsa beýtmelä däldim. Hatda ýylan çakandan soň, bu ýere nähili getirlendigimi hem soramandyryn. Belki gynanandyr. Ýok. Ol meniň söýýänimi, Nazary ýaman görýänimi bilýär, ahyry. Onsoňam men şeýle agyr ýagdaýda ýatyrkam. "Ynha men Nazaryň aýdanyny etdim" diýen manyda meniň ýanyma gelmegi näme? Bu meniň maýyplygymyň üstünden gülmek dälmi? Söýýän gyzñyñ ýek görýän adamyňa ýaranmak üçin edýän hereketini görmekden hem erbet zat barmy? Ol sujugyñ islegi üçin şeýle sümmül saçlaryny kesip taşlaýmalymy ol? Priçeskasynyň adyny näme diýdi? "Söýgülimiñ ömri üçin" Ol bu ady nireden aldykan-aýt?!" Bu wakadan soň men iki ýitgä sezewar bolup, durmuş gyssajynda pugta mynjyradylyp başladym. Olaryň biri aýagymdan juda düşmek, ikinjisi bolsa Halydadan. Birinjiden hem ikinjisi agyr degýärdi. Emma özümi ruhy taýdan merdem tutmaga çalyşdym. Nazar Garaýewiçiň sözleri gulagymdan gitmedi. Men özümi geljege ruhy hem fiziki taýdan taýarlap başladym. Polewoýyň "Hakyky adam hakyndaky" powestini gaýta okap çykdym. Aý ýarymda protez bilen ýöremegi kemsiz öwrendim. Bir gün ertirlik çaýdan soň enekeleriň biri geýimlerimi getirip berdi-de: - Geýiniň, öýe gaýdýarsyňyz- diýip, çykyp gitdi. Ana şonda mende çykgynsyz bir ýagdaý peýda boldy. Kellämde geljegim hakynda dürli pikirler at salýardy, men olaryň arasynda azaşan adam ýaly boldum galyberdim. Şeýle ýagdaýda adamyň bir daýanç nokady bolmaly ekeni. Meniň bolsa ol daýanjym Halydady.Ol hem gyl üzlen ýaly bolupdy...Men şeýle oýlar bilen palatadan çykanymda, kimdir biri adymy tutyp gygyrdy.Gaňyrlyp seredenimde, Nazar Garaýewiç bilen başda ýanyma gelen doktory gördüm. Doktoryň elinde kagyza dolanan bir zat bardy. Ol ony maňa uzatdy-da: - Ine, şunam alyp gidiň hem-de ömür boýy ägä bolup saklaň- diýdi. Men haýran galyp: - Bu näme? - diýdim. - Bu siziň ömrüňizden ýadygärlik! Men öňkidenem haýaljyrap: - Ömrümden ýadygärlik?- diýip geňirgendim. Doktor ýylgyryp: "hawwa" diýen manyda başyny atdy. Men kagyzy açyp görsem,iki örüm saç eken. Maňa hemmesi aýan boldy. Meni ýylan çakyp, huşdan gidip ýykylanymda bu sümmül saçlar aýagyma daňylyp,ýüregime tarap barýan zäheriň ýoluny kesipdir. Göz öňüme şol keçebaş ýylan we saçlaryny howlukmaç kesip, aýagyma dañýan Halyda geldi. Onuň bilen aperatsiýadan soňky gysga gürrüňlerimiz hyýalymda gaýtalandy. -Priçeskaňyzyň ady näme? "Söýgülimiñ ömri üçin!" Bu adyň syry indi mälim boldy.Men saçlary goýnuma saldym-da,daşary çykdym.Gulagymda "Söýgülimiñ ömri üçin" diýen sözler ýaňlanýardy... Men şäherden maşyn tutup, toparymyza geldim, ilki bilen göni Halydanyň çadyryna girdim. Ol dürli dag jynslary üýşürilen pessejik stoluň ýanynda oýlanyp oturan eken. Maňa gözi düşen badyna ol: - Abdylla- diýip, zordan pyşyrdady. Men oňa has ýakynlaşdym. Howlugyp demimi zordan alýardym. Şeýle-de bolsa men: - Halyda, meni bagyşlaň, men sizi nähak ýere ynjydypdyryn- diýdim. Ol sesini çykarmady. Emma maňa mähirli dikilen gözleri sizi bagyşlaman bormy diýýän ýalydy. Men saçlary goltugymdan çykardym-da: - Bilýäňizmi, bu örümleriňize doktor näme diýip at berdi?- diýdim. Ol sandyrawuk ses bilen; - Näme?- diýdi. - "Ömür ýadygärligi" Hakykatdan –da men üçin siziň bu örümleriňiz diri galmagymyň sebäbini ýatladyjy ýadygärlik. Men ony iň eziz zat hökmünde ömürboýy saklaryn -diýenimde, gyz özüni gujagyma oklady. Biz ep-esli wagt ähli zady unudyp, iki ýüregiň sazlaşykly düňküldisine gulak asdyk. Birden Halyda gujagymdan çykdy-da,maňa howatyrly garap: - Sizi Nazar Garaýewiç aspirantura gidýär - diýdi, rast gidýaňizmi?-diýdi. Men gyzyň gözlerine mähirli bakyp, şeýle diýdim: - Ýok,ezizim, hiç ýere gitmeris, toparda galarys, onuň bilen sähralary gezeris, daglary partladarys, ýene ýylan duşaýsa, depip kellesini myňjyradarys. Reyimbay Sabyrow. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |