ON ÜÇ MINUT
09:50
• Ýuwaş, ýuwaş… ine ýetip gelýäs…
• Wa-a-ah ýüregim! Ýüregi-im… kelläm, kelläm… maňa bir ukol uraýyň-a, birje ukol uraýyň-a… ak… ak… haýyş… •Meni öldürmäň. Meni öldürmä-äň, gaýrat ediň!.. Wah, wa-ah… aýagymy goýberiň… elimi goýber, elimi goýber ýüregimi basaýyn, elimi goýbe-e-r…
• Ine häzir, ine häzir, azajyk çyda.
• Bas ahyry, aýagyny bas, çekmesin… elini goýberme…
* * *
09:51
• Näm boldy, eý Hudaý näm boldy? Hany Atajan?
• Köşeşiň ýeňňe, köşeşiň, häzirjek Skora geldi, ýetişdi. •Ýaňyjak gitdi.
• Ýagdaýy nähili, ýagdaýy-y?..
* * *
09:52
•Alo, Ahmet, mallaryňy oglanlara tabşyr-da tiz gaýt, ataň ýykyldy…
* * *
09:53
•Gel, şu ýerräkde garaşaly, goňşy.
•Aýallaryň agysy näme diýsene indi.
•Bir sagadam bolanok Atajan «ЗИЛ»-inde öňümden çykdy, häli.
•Şondan gelip ýykylypdyr. Arendasyna gitmänkä bir tutupdyr ýüreginden, gusandan soň açyldym diýip gidiberipdir-dä ýene.
•Wahe-eý, öňünden duýdurypdyram-da. Şol wagt doktyr çagyraýmaly ekenler.
•Atrawleniýedir öýdüpdir…
* * *
09:55
•Neme diýýäň-äý, pyşyrdap?
•Hakykatdanam ýokmy hiç zat?
•Ýok, nirden Siz smeýniler bar-a… Jaň edende aýtmal-a, padrazdleniýe diýip.
•Maňa atjak bolup duňyz-aý günäni, däri-dermansyz nämüçin geldiňiz. Çagyryldyňyzmy, diýmek ýagdaý serýozna…
•Berilmese nirden aljak, goýsana wadyrdyňy…
•Goýamog-aý şony. Yzyndakylar görüp galdy hiç zat urulmanyny. Hudaý saklasyn häzir bir zat bolaýsa…
•Toba diýe-eý. Men günäkärmi, wagtynda çagyrmaly ekeniňiz.
•Ýuwaşrak, häzir dogany eşidäýse… Sered-ä, bolup ýatyşyna…
* * *
09:58
•Eý gulagy-ym… men… men-n… maň… maňňa bir zarlar uraýyňa-a-a
•Ýuwaş, ýuwaş gygyrma.. ine häzir…
•Eý-ý-ý kellä-äm, kelläm üşeýär-eý… ölümmiýa şü… ä? •Meni öldürmäň, çagalarym, alty çaga-a-am… Howa gelenok, howa-a… Haýyş, maňa kömek ediňle-er!.. •Karzlary-ym-m… gözüm, gözü-üm, meni öldürmä-äň, kömek ediň.
•Ine geldik, geliberdik, men ýanyňda Atajan, ýagşy niýet et…
•Ap-a, apa, çagalary… çagallarry-y… çag… ç-ç-a…
•Ataja-a-an… A-ta-aj-a-n… Haramzadalar, näme sesiňizi çykarman otyňy-y-yz, ä, näme? Birje ukoluňyz ýokdymy ä, birje ukoluňyz… Ataja-a-a-n beýtme, Ataj-a-an dogany-ym…
* * *
10:00
•Gidenlerine on minut boldy, barandyrlar eýýäm. Balnisa girip bilseler boldy, doktorlar alyp çykarlar…
* * *
10:01
– Alo!
•Alo, daýy, iç-daşaryny ýygnaşdyryberiň…
•Näme-e?..
•Atajan gaýtdy.
•Ýetişmediňizmi?
•Ýok, indi balnisaň derwezesine ýetipdik… bolmady, ýetişmedik.
* * *
10:02
•Içigara galan, skora gelensoň bir arkaýynlaşypdym.
•Gelende näme, ana geldi-dä, iki barmagyny burunlaryna sokup.
•Hiç zat ýok ekenmi?
•Hi-iç zadam ýo-ok.
•Onda biz takside alyp giden bolsagam gowy bolajak eken, ony.
•Wah, şeýdäýmeli eken, näme-de bolsa, olardan on minud-a öňräk elterdik.
•Wah, nirden biljek bulaň beýdip geljegini…
10:03
– Boldy et, gyzym, boldy et, häzir balnisa bararlar gül ýaly bolar, bir hepdejik geçmän kakaň güli-ipjik öýňüze geler…
04.07.2018 ý. 11:35
Arzuw UMYDOW.
Hekaýalar