Men agşamara öz awtoulagymda öýe tarap gidip barýardym. Howa bolsa gar-ýagyşly, gök gürläp, ýyldyrym çakyp durdy. Öňümdäki duralgada üç adam ýagşyň diňmegine garaşyp dur eken. Olaryň biri meniň goňşym. Ol sürüjidi, ulagynda bir kem tapylyp, pyýada galypdyr. Ikinjisi näsag ýaşuly. Ol hassahana barýan eken. Üçünjisi bolsa tanyşmak üçin pursadyny peýläp, daşyndan görüp söýenim. Onuň bilen gürleşmäge wagt tapman ýördüm. Howanyň ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşýardy. Meniň ulagymda olaryň diňe biri üçin ýer bardy. Men: «Olaryň haýsysyna ilki kömek etsemkäm?» diýip, özüme sowal berdim. Sürüji goňşymy alyp gitmesem bolmaz. «Kyn günüňde goňşudan medet» diýleni. Agyr haldaky ýaşulyny hassahana alyp giderdim welin, ýöne öz söýen gyzymy alyp gitmesem, ýüregim ynjalmaz.
Kellämde şeýle pikirler bir salymda çar tarapa at çapdy. Oýlandym. Oňat çykalga tapdym: «Iň gowusy, sürüji goňşymy ornumda oturdaýyn, näsag ýaşulyny hassahana eltip ýerleşdirsin. Men bolsa öz halanyma ýüregimdäki söýgimi beýan etmek üçin duralgada galaýyn».
Ynha, men şeýle-de etdim. Her hili kyn ýagdaýda-da çykalga tapyp, ähli meseläni çözmek mümkin. Bize diňe dogry ýoly saýlamak zerur. Elbetde, adam dogry ýoly saýlap almagy başarsa, durmuşda ähli üstünliklere, bagtyýar ýaşaýşa eýe bolýar.