11:46 Oñonlar | |
OŇONLAR
Edebi makalalar
Oňonlar – totemler. Türkmen dilinde şu gadymy sözleri tanamagyň iki sany ölçegi bar. Ilki bilen, olar bir bogundan ybarat sözler bolmaly. Ikinjiden, bolsa iň köne sözler iki hili manyny – hem isim, ýagny zat manysyny, hem işlik, hereket manysyny bermeli. Diliň ösen, özge-ren häzirki döwründe bolsa hut şu tapawutlar sözleri toparlara bölmegiň esasy edilip alynýar. Oň – hem isim, hem işlik. Munuň özi iki jynsy – aýal hem erkeklik agzasynyň bir organizmde bolmagy ýaly bir zatdyr. Adamzadyň iň gadymy siwilizasiýalarynyň miflerinde ilkinji adamlar hem tişi, hem erkek diýlip göz öňüne getirilýär. Bu hili adamlara germofrodit, türkmençe nerre diýilýär. «Oň» sözi bilen baglanyşykly lingwistik, dil nerreligi sözüň juda gadymylygyndan habar berýär. Iň gadymy düşünjelerem nerre düşünjelerdir. Oňonlar ata-babalarymyzyň keramat, Hudaý hökmünde göz öňüne getiren haýwanlarydyr. Yslamyň gelmegi bilen araplaryň ideologik zülpükärinden geçirilen ata-baba oňonlarymyz halkyň aňynyň iň alysky gatlaklarynda saklanyp galypdyr. Köp wagtlap olar diňe diliň hadysasy hökmünde ýaşap gelipdir. «Oň bolsun», «oňarmak», «oňyn», «işiň oňuna bolmagy» ýaly sözler hem söz düzümlerinde atalarymyzyň ruhy dünýäsiniň köneden galan elementleri bolup durýar. Orta asyrlarda taryhçylar Oguz hanyň ogullarynyň hersiniň öz oňonlarynyň bolandygyny ýazýarlar. Esasanam aşakdaky guşlaryň atlary oňonlar hökmünde köp getirilýär: Bürgüt. Ak laçyn. Towşançyl. Gyrgy. Ütelgi. Oňon – bagt hem döwlet guşy. Döwlet gonsa goç ýigidiň başyna... Gonmak – guşuň hereketi. Babamyz Oguz hanyň aýaklary öküziňki ýaly, bili böriniňki, döşi bolsa aýynyňky ýaly bolupdyr. Oňa ýol görkezýän, ony ýeňşe ýetirýän hem gök böri eken. Biziň taryhy hakydamyzda «Oguz» sözüniň özi «öküz» diýen atdan gelip çykypdyr diýen düşünje bar. Baryp örän gadymy zamanlarda öküzi oňon edinen halklar özlerini Aýdan gelip çykan hasaplapdyrlar. Taryhy ýazgylarda Oguz hanyň enesiniň adynyň Aý kagan bolmagy asla tötänlik däldir. Oguz hanyň taryhy şahsyýet bolan Moda han bilen bir şahsyýet hasap edilýän ýerleri hem bar. «Moda» häzirki türkmen dilinde Poda diýen adam ady görnüşinde ulanylýar. «Botlamak» işligi şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bota diliň taryhynda diňe köşek däl, tana, göle manysynda-da gelýär. Görnüşi ýaly, diliň tekizligindäki ýönekeýje maglumatlaryň içki baglanyşygy halkyň geçmişdäki ruhy gymmatlyklaryndan, onuň dünýä garaýşyndan hem ruhy-pelsepewi düşünjelerinden düýpli zatlary gürrüň berýär. Adamzat dili rezin gap pisint bir zat. Oňa ähli duýgy-düşünjeler sygýar. Ol duýgy-düşünjeler dürli formalara girip, formasyny üýtgedip, ulalyp, kiçelip, giňelip-daralyp bilýär. Bularyň barynyň aňyrsynda diliň öz tebigaty boýunça maddy däl-de, ruhdugy, öz üýtgeşik kanunlary boýunça amal bolýan hadysadygy ýatýar. Oňonlarda halkyň ruhy şekillenendir. Oňon – halkyň ruhy gözgüsi. Gurt ýüzi – mübärek. Gurt – biziň Hudaýymyz. Türkmen halkynyň duşmanlary türkmeni tabynlyga salyp bolmajagyny syzdyryp, «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýipdirler. Dogrudanam, olar gurduň çagasyny ekdi, özlerine bakna edip bilmändirler. Gurt – halkyň ruhy rüstemliginiň simwoly. Ruhy ýaşaýşynda diňe simwola ýeten halk «menem» diýip bilýändir. Simwol ruhuň ägirtlik gabarasyny görkezýär. Simwol ruhuň tebigatyny açyp görkezýär. Oňonlaryna garap, halkyň ruhy mümkinçiliklerine baha kesip bolýar. Onuň injigi nämäni göterip biljek, nämäni göterip biljek däl? Oňonlaryň üýtgeýiş, ýerini çalyşyş taryhy boýunça halkyň ruhy ahwalatlar taryhyny yzarlap bolýar. Yslamyň kabul edilmegi hem kök urmagy bilen Gurt, Guşlar tebigatyň adaty mahluklaryna, haýwanlara öwrüldi duruberdiler. Ruh gidip, göwre jesede öwrülende, şonuň ýaly bolýar. Biziň ruhy taryhymyzyň giçki, täze döwri – XVIII-XIX asyrlary özüne täze ruhy etalonlary edindi. Ähli zadyň öz gapma-garşylygyna öwrülişi ýaly, böri ruhy bilen baglanyşykly kakabaşlyk türkmeniň taryhyň çarkandaklarynda ser-sepil bolmagyna-da sebäp boldy. Şonuň üçin täze simwollar has oňat kök urdy. Kim beýik Magtymguludan gowy bilýär taryhyň sapaklaryny?! Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr! Goýun kibi çar tarapa il bolgul! Gurt nesline örňemek juda kyn düşýär. Az bolubam bu dünýäde aljak galaň juda az. Şonuň üçinem biziň giçki orta asyrlarymyz üçin täze ruhy ölçeg hem ruhy ýörelge – goç simwoly boldy. Goç – nesil köplüginiň simwoly. Çünki ýeke goç birnäçe goýna erk edip, nesli çalt köpeldip bilýär. Goç – rysgalyň simwoly, çünki goçuň beren guzulary türkmeniň esasy huruşy bolup durýar. Goç – parahatlyk, rahatlyk söýüjiligiň, oňşukly ýaşamagyň simwoly. Goç simwoly täze ruhy ideologik ölçeg hökmünde halkyň ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna geçdi. Türkmeniň etnografiýasyna degişli halylar, palaslar, dürli ajaýyp, özge bir halkyňka-da meňzemeýän keçeleri, torbalary ýöne bir hojalyk predmetleri däldir. Olar ruhy hojalygyň sypatlarydyr. Çünki olaryň ýüzündäki nagyşlar, şekiller milletimiziň ruhy-ideologik gymmatlyklaryny, onuň ýaşaýşa, dünýä, tebigata garaýyşlaryny özünde jemleýän hem sungat eserleri, hem ruhy-ideologik hadysalardyr. Köçelerdäki, türkmen howlularyndaky tamdyrlaryň ýüzündäki, hatda öňki mazarlaryň başujundaky goç şahynyň şekili, derwezeleriň üstündäki şahlar türkmen ruhunyň haýsy, nähili aýratynlygyny aňladýar?! Munuň özi türkmeniň nesil, rysgal, döwletlilik barada sözleýän özboluşly dili, aňlatmalar hem yşaratlar dilidir. Goç, goýun – nesil tükeniksizliginiň simwoly. Klassyky edebiýatymyzdaky goç ýigit, goç ogul obrazlary şol aňlatmalaryň edebiýata geçen görnüşidir. Edebiýatymyzyň simwolikasynda «goýun» hatda imanyň aňladylmasyna öwrülipdir. Güýz güneşiniň mähriniň üşän endamlara şypaly siňşi ýaly, goç simwolikasy şeýdip ruhumyzyň süňňüne ornapdyr. Türkmen ruhy ilki Öküzdi. Öküz möjege öwrülip, Dünýäni gezdi. Möjek Goç bolup, ýurduna ýygnandy. Möjek – türkmeniň özüdi. Öküz – onuň ynanjy. Goç – onuň rysgaly. At – onuň ganaty. Türkmen geçmiş edebiýatynda adam bilen deň görülýän ýeke-täk haýwan at eken. Mähtäji kylsa güman ol behişti başy sen Bolsa şolar jenneti, sen hem imanly bedew. Imanly haýwan! Başga haýsy halkyň aňynda şu iki düşünje, – bir-birine örän ýat hem daş düşünje şeýle utgaşyp bilýär?! Türkmenler aty mukaddeslik hasaplaýarlar. Şonuň üçinem olar atyň etini iýmeýärler. Şonuň üçinem olar «men» diýen bedewleri hormat bilen jaýlaýarlar. XX asyryň ahyrynda, XXI asyryň içinde Türkmen üçin onuň mähriban topragynda ýaşaýan jandarlaryň hemmesi oňonlar bolar diýen ynanjym bar. Jandary oňon edinmek – olary mukaddeslik hökmünde görmekdir. Oňonlar biziň Watanymyzda ýaşaýarlar, şonuň üçin olar bize watandaş bolar. Oňonlar biziň toprakdan süýt emýärler, şonuň üçin olar bize emekdeş bolar. Oňonlar biziň bile bir ýurtda ömür geçirýärler, şonuň üçin bize ykbaldaş bolar. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |