23:24 Öňüm gelenden soňum gelsin / hekaýa | |
ÖÑÜM GELENDEN SOÑUM GELSIN
Hekaýalar
Atagurban aga täze, 1974-nji ýyly Aşgabatdaky gyzynyňkyda garşylap, indi öýüne—Mara barýardy. Otlynyň ugramagyna ýarym sagat töweregi wagt bardy, ol perronda eýläk-beýläk gezmeläp ýörşüne, alty ýaşlyja agtygynyň berýän üznüzksiz, köpsanly soraglaryna ýetişip bildiginden, jogap bermäge synanyşýardy. —Baba! —Hä, gyzym. —Bu otly haýsy tarapa gidýär, çepemi, saga? —Saga. —Sen bize ýene haçan geljek? Şu otla münüp geljekmi? —Hawa, gyzym şuňa. —Näme, bu otly yzyna-da ýöräp bilýärmi? ...Atagurban aga gyzy we körekeni bilen hoşlaşyp, agtygynyň ýaňaklaryndan ogşap, çaklaňja çemodanyny alyp, yzyna seretmän wagona girip gitdi. Kupede oturan ýolagçy bilen çala başyny atyp salamlaşdy-da, çemodanyny yokardaky gözenegiň içine salyp, penjirä ýakyn oturdy-da, daşardakylara elini bulady, agtyjagy begenjine “Baba, baba!” diýip, duran ýerinde bökjekläp, babasyna eljagazyny galgatdy. Onýança, otly birden “paşş” edip, şakyrdap ýerinden gozgandy. Atagurban aga iň soňky gezek agtygyna elini bulap, gabat garşysynda oturan ýolagçy ýoldaşyna ýerinden turup, elini uzatdy: —Atagurban Aşyrowiç—diýip, tanyşlyk berdi. Nätanyş Atagurban aganyň elini gysyp: —Ilmyrat—diýip, oturan ýerinden çala galyp, başyny atdy. Atagurban aga bu mäşbürünç sakgal-murtly kupedeş ýoldaşynyň ýaşy boýunça özünden esli kiçidigini bada-bat anyklady . “Haý, bolsaň-a kyrk-kyrk bäş ýaşyňdasyň”. Atagurban aga başga güýmenje bolmansoň, ýoldaşyny assyrynlyk bilen synlady. Timar berlen ösgün saçly, sakgally-murtly, egni gaýyş penjekli, aýagy jinsili garşydaşyny synlap: “Sungat işgärine çalymdaş, özüň-ä. Şolar şunuň ýaly erkin we nepis geýinýärler” diýip, öz ýanyndan çaklady. Ilmyradyň sag aýagyny çepiniň üstüne goýup, elleriniň barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirip oturyşyndan saggakoýdygyny anyklady, ýokarky dodagy bilen murtunyň arasyndaky çilimiň sary reňki çep eliniň başam barmagynyň iç ýüzünde-de bardy. “Diýmek bu adam temmäki çekýär, çilimini sorup durka başam barmagy bilen şybygynyň agzyny bekleýär we şol wagt sag eli bieln surat çekýän bolaýmasa, sebäbi sag eliniň barmaklarynda, dyrnaklarynyň içinde sähel bildirýän dürli reňkleriň tegmilleri bar. Bu adam agyr durmuşy başyndan geçirene meňzeýär: pessaý ses bilen gürleýär, arasynda demini uludan alyp goýberýär, iki gözüniň arasyndaky gaýgy gasyny çuňlaşypdyr, ol gasyn Ilmyradyň şähdi açykka-da tekizlenýäne meňzeş däl..” diýip, pikirlenip oturşyna synlaýanyny gizlejek bolup, biperwaýsyran boldy. Dymyşlygy Ilmyrat bozdy: —Ýaňkyja gyzjagaz agtygyňyzmy? —Hawa. —Agtykly-çowlukly boljak bolsaň, irräk öýlenmeli ekeni, meniň uly çagam ýaňy dokuz ýaşynda. Giç öýlendim, otuz bäş ýaşymda—diýip, Ilmyrat penjirä öwrülip, uzaklara seretdi. —Sergilere gatnaşýaňyzmy?—diýip, Atagurban aga morta sorady. Ilmyrat çaltlyk bilen ýüzüni Atagurban aga öwrüp, geň galyp, mölterilip seretdi: —Siz meni tanaýaňyzmy? —Ýok, birinji gezek görýän. Ilmyrat ynamsyz nazary bilen Atagurban aga seredip: —Meniň suratkeşdigimi nireden bilýäňiz?—diýen soragyna, Atagurban aga Ilmyrat barada ýap-aňy dörän pikirini beýan etdi we: —Agyr durmuşy başyňyzdan geçiripsiňiz—diýip, sözüni tamamlady. Ilmyrat muňa has hem geňirgenip: —Atagurban aga, Siz palçy-ha dälsiňiz-dä?—diýip, kinaýaly äheňde sorady. —Yok, inim, palçy däl, lukman.—diýip, Ilmyradyň soragyna biraz dymandan soň, gysga jogap gaýtardy.— Meňem durmuşym seňkiden ýeňil bolandyr öýdemok—diýende, gapy kakylyp, emaý bilen açyldy. Bosagada demirýolçy—wagon ugradyjy göründi, ol ýolagçylara salam berip, iki sany arassaja düşek örtgüleri goýuşdyryp, birnäçe minutdan gyzgyn çaý getirjekdigini duýdurdy-da, çykyp gitdi. Atagurban aga gürrüňini dowam etdirdi: —Ýadyma düşenok, bäş ýa alty ýaşymdadyryn-da, mekdeb-ä gidemokdym. Daşarda oýnap, öýe giremde, ejemiň dogany Owlak daýzam: “Atajan, ýör, oglum, ejeň ýanyna baraly!” diýip, ejemiň ýanyna eltdi. Ejem esli wagtdan bäri yorgan-düşekli ýatyrdy, uzaga çeken agyr kesel ony gaty horlapdy—ýöne süňk bilen ham bolup ýatyrdy. Ejemiň şonda: “ Atamjan, men indi gitmeli boldum, menden razy bol!” diýeni ýadymda galypdyr. Aradan bir-iki ýyl geçendir-dä, kakam başga birine öýlendi. Men ejeligim bilen tiz öwrenişdim. Ol dört sany gyz dogurdy. Onuň öz ogly bolmansoňmy, nämemi meni edil öz ogly ýaly gowy görerdi. Maňa nahar guýanda okarama ullakan omaça salyp bererdi, süýdüň gaýmagynam gyzlaryna bermän, maňa iýdirerdi. Hany indi ol adamalr?—diýip, Atagurban aga gözleriniň ýaşyny süpürdi. Ara dymyşlyk aralaşdy. Atagurban agaň gürrüňini tamamlanyna düşünip, Ilmyrat pessaý sesi bilen dillendi: —Atagurban aga Siz ýaly bagtly adam ýokdur—diýip, bogazy dolup, gepläp bilmän, sägindi. Ilmyrat ýüzüni aşak sallap, öz durmuşyny gürrüň bermäge başlady: —Siz birem däl, iki enäniň mährine çoýunypsyňyz . Men ene mährinden entek çagakam mahrum boldum . Men hem edil Siz ýaly, bolsam bäş-alty ýaşlarymdadyryn-da, mekdebe gatnamokdym. Uruş başlandy, kakam fronta gitdi we birnäçe aý geçensoň, ejem bilen enemiň bir tagta ak kagyza ýazylan hata seredip, aglap oturany çala ýadyma düşýär. Ol resmi hat kakamyň söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat bolanlygyny habar berýärdi... Agşamlaryna enemiň: “ Wah, ýeke dikrarym, iner oglum” diýip, zaryn-zaryn aglaýany ýadyma düşýär. Günleriň bir gününde ejem: “Ýör, oglum, men saňa täzeje köýnek alyp bereýin!” diýip, şäheriň uly bazaryna äkitdi. Bazardaky adam mähellesine—söwdagärleriň, alyjylaryň gohlaryna aljyrap, howsala düşdüm, iki elim bilen ejemiň köýneginiň syýyndan ýapyşypdyryn. Adamlar çasly-çasly gygyryşyp bir zatlar diýýärdiler. Men entek ömrümde munuň ýaly köp adamly märekäni görmämsoň hopukdym, ejemiň elinden berk ýapyşyp, onuň arkasynda gizlenip, oňa “ýelmeşdim”. Bazardan ilikli, täzeje köýnek satyn aldyk. Ejem şobada köne köýnegimi çykaryp, täzesini geýdirdi, soň horazsüýji alyp berdi. Men elimdäki horazsüýjimi sorup barşyma, beýleki elim bilen ejemiň elini mäkäm gysyp sypdyramokdym. Akyp barýan adam siliniň arasynda ýiterin öýdüp howatyrlanýardym. Köp ýöränimdenmi, nämemi, men ýadanlygymy we suwsanlygymy ejeme duýdurdym. Ol ädikçi ýaşula satyn almaly harytlaryny alyşdyryp dessine dolanjakdygyny we şoňa çenli maňa esewan bolmagy haýyş edip, meni ädikçiň çalmarynyň kölegesinde oturdyp gitdi. Men bolsa onuň yzynda aglap galdym, ädikçi ussa meni köşeşdirjek bolup, tüňçesinden bir käse çaý guýup berdi: —Wah, oglum, özüm çaýy süýjüsiz içemsoň, gantjagazam almandyryn. Indiki gelýänçäň seň üçin nabatjyk ýygşyryp goýaryn. Aglama, köşejik, ejeň derrew geljek diýd-ä! Ýadawlykdan birneme saplandym, içen çaýym maňlaýymy çygjartdy. Goýry kölegäniň aşagynda maňlaýymy sypalan salkynjak şemal gözlerimi ümezledip, irkildirdi, ýöne şobada tisginip oýandym. “Birden ejem meni tapman geçip gidäýmesin” diýen pikir zährämi ýardy. Men ädikçä gyssagly aýakýoluna gitmelidigimi aýtdym. Ol: —Bar, oglum, hol gamyşly agylyň ýeňsesine geç-de, ýazylaý! Daşa gitmegin!—diýip sargady. Gamyşdan örülen aýmançanyň aňyrsyna geçemde, o ýer horaz uruşdyrylýan ýer ekeni. Men uly adamlaryň arasyndan geçip, ortadaky kekeçsiz horazlaryň çekeleşigine az salym tomaşa edip, bu gyzyksyz pişäni taşlap, yzyma dolanmakçy bolamda, haýsy tarapdan gelenimi ýadymdan çykardym. Näçe ädim ýöränimi bilemok, uguralla gidişime mal bazaryna barypdyryn. Azaşanyma düşünip, “eje” diýip aglamaga başladym... Aglap-aglap, meň gözýaşlarym şo taýda—Maryň bazarynda gutardy. Şondan soň ekabyrrak oglanlar ýenjip duranda-da, gözümden ýeke damja ýaş akan däldir. Ol bazaryň Marynyň “Teke bazarydygyny” men soň, ulalyp, ýetişemsoň bildim. Näçe wagtlap aglap duranym hakydama düşenok, ak köýnekli, mawy jalbarly milisioner elimden tutup: “ Ýör, oglum, gideli. Ejeňi hökman taparys” diýip, meni şäherdäki çagalar öýüne tabşyrdy. Menden sorag-ideg etdiler, men bolsa diňe öz adymy we ejemiň adyny bilýärdim. Ne kakamyň adyny, ne obamyň adyny, ne-de familiýamy bilýärdim, ýöne Baýramaly sözüni köp eşidýärdim. Üç aýdan soň meni Aşgabatdaky çagalar öýüne iberdiler. Elbetde, şol üç aýyň dowamynda hossarlarym meni idärler öýdüp garaşan bolmaklary ähtimal. Mekdep-internaty tamamlamsoň, çeperçilik mekdebini, soň Sankt-Peterburgdaky Çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamladym. Sergilere gatnaşdym, dünýäde iň bir uly döwletleriniň biri bolan SSSR-iň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy boldum. Şeýdip-şeýdip, nädip otuz bäş ýaşanymam bilmän galypdyryn. “Ýetim öz göbegini özi keser” diýenleri-dä. Halaşýan gyzymyň ene-atasynyň ýanyna özüm sawçylyga gitdim, özüm öýlendim we şondan bäri paýtagtda ýaşaýan. Paýtagtda aýalymdan we çagalarymdan başga ýakyn hossarym ýok—diýip, Ilmyrat dymyp, penjirä ýüzüni öwürdi. Ara ýene dym-dyrslyk aralaşdy. Söhbeti dowam etdirmek maksady bilen, Atagurban aga dymyşlygy bozdy: —Hudaýa şükür! Şu günümizden razy— diýip, sözüni soňlamanka, Ilmyrat söhbetdeşligi alyp göterdi: — Rast aýdýaňyz, Atagurban aga! Meger, kynçylygy başdan geçirmedik bolsam, bu bagtly durmuşymyzyň gadyryny bilmezligim hem mümkin. Ýöne, ynsan oglunyň sähelçe göwni bar ekeni. Agyr hupbatdan saplanyp, bagtyýar durmuşa başlanyma guwanyp, şatlygyny ýakynlarym bilen paýlaşasym gelýär. Ýakynyň diýende, ilki ejeň göz öňüňe gelýän ekeni—diýip, Ilmyrat ýene dymdy. Atagurban aga bu agyr gürrüňi başga ýana sowmagyň ebeteýini oýlanyp otyrka, Ilmyrat ýene öz kyssasyny dowam etdirdi: —Atagurban aga, men sizi örän sulhum aldy. Bular ýaly içimi döken ýerim ýok—diýip, Ilmyrat gizlejegem bolman, penjeginiň jübüsinden elýaglygyny çykaryp, gözleriniň ýaşyny süpürdi-de, uludan demini alyp: —Meni bagyşlaň!—diýdi. Atagurban aga sesini çykarmady. Ara ýene agyr ümsümlik aralaşdy. Onýança wagon ugradyjy gapdalynyň gandy, kökesi bilen iki bulgur çaý getirip gitdi. Ol çykyp gidensoň Ilmyrat özüni dürsedi-de, gürrüňini dowam etdi: —Ejemiň ýüz keşbi meniň ýadymda müdimilik galdy. Men surat çekmäge mazaly ökdelämsoň, ejemiň keşbini ilki kagyza gara galam bilen çekdim, soň ýagly reňk bilen kendire geçirdim. Ol portret köp sergilere gatnaşdy, satyn aljak bolup köp dyrjaşdylar, bermedim. Onuň suratyny ýanyma alyp, ejemiň gözlegine çykdym, her gezek iş bilen Mara, Baýramala baramda, şo taýdaky dostlarym bilen obalara aýlanyp, ahyry ejemi tapdym—diýip, Ilmyrat sähel sägindi-de, sözüni dowam etdirdi.—Ilkibaşda ynanmajak boldum. Adam garrasa-da,onuň ýüz keşbiniň käbir aýratynlyklaryny garransoňam saýgaryp bolýar ekeni. Ol hakda soň bir gün aýratyn gürrüň beräýerin. Ahyry garaşylýan gün geldi. Bir gün ejemiň garyndaşlarynyňka toýa gidenini eşidip, yzyndan bardyk. Şunça özüme teselli berjek bolýan welin, şonda-da ýüregim gürsüldäp, çalt-çaltdan urup, agzymdan çykaýjak bolýardy. Men ejeme näme aýtjagymy bilemokdym. “Ejem maňa näme diýer-kä? Men oňa näme gürrüň bersemkäm” diýip, alada galdym. Tamyň kölegesinde çaý içip oturan aýallaryň deňinden geçip baýarkak, ýoldaşym—Orazmämmet aga, diňe maňa eşidiler ýaly: “Anha, ortada, bärden üçünji, edil şu wagt käsesini ýere goýdy” diýip, pyşyrdady-da, meni galdyryp, eglenmän erkekleriň oturan ýerine tarap ýöneldi. Orazmämmet aga toýuň eýelerinden bir zatlary soraşdyran boldy-da, örän gyssanmaçdygyny aýdyp, toý çakylygyna minnetdarlyk bildirip, yzyna dolandy. Men bolsa duran-duran ýerimde “dikilgazyk” boldum... Orazmämmet aga gelip, ýüzüme soragly seretdi. Men özümi erbet duýýanlygymy aýtdym we şu ýerden çaltrak gitmegimizi haýyş etdim... Ejem bilen salamlaşmaga gaýratym çatman, doňňaradaş bolan göwrämä zor salyp, aýaklarymy ysgynsyz süýräp, Orazmämmet aganyň yzyna düşüp, toý tutulýan ýerden saýlandyk. Bolan wakany öýe gelip, aýalyma gürrüň berenim-de, ol başda ynanmajak boldy, soň meniň oýun etmeýänligime göz ýetirensoň, begenjine eneleriniň tapylanyny çagalara buşlady. Aýalym il deňinde gaýynly bolanyna, çagalarymam eneli bolanlaryna begenişip uçaýjak bolýardylar. Olar haçan eneleri bilen görüşmäge gitjeklerini sorap meni halys etdiler, özleriniňem ýürekleri suw boldy. Ejemi toýda görenimden soň bir hepde geçirip, özümi dürsämsoň, aýalymy, çagalarymy ýanyma alyp, ejem bilen görme-görşe gitdim... Ejem aglap-eňräp, tä bazar sowulýança meni gözläpdir. Haýsy ýere barsa “Ýaňy şu taýda ak koýneklije bir oglanjyg-a gezip ýördi” ýa-da “göremzok, bilemzok” diýip jogap beripdirler. Bazaryň töweregindäki ýaşaýjylardan sorag-ideg edipdir, uç bolmandyr. Milisiýadan, çagalar öýünden habar tutmaklyg-a asla kellesine-de gelmändir. Oglunyň aýatda diriligine ynanypdyr. Men “ýitemsoň”, babam bilen mamam ejemi alyp gidipdirler, soň hem durmuşa çykarypdyrlar... Men ejeme ilki duşamda: “Eje jan, meni bagyşla! Men seň diriligiňe ynanýardym we mydama seni gözledim, ahyry tapdym” diýip dygysyz gaýtalaýardym—diýip, Ilmyrat dymdy. Uzaga çekmedik dymyşlygy ýene özi bozdy: —Atagurban aga! Indi men ýeke däl, meň iki gyz jigim bilen inim bar. Ynha indi, alty ýyldyr ejemiň dünýeden gaýdanyna, bir ýerde sergim geçirilse, men onuň portretini ýanym bilen alyp gidýän, şeýdip o şäherden, o şähere ikimiz bileje gezelenç edip ýöris—diýip, Ilmyrat otla müneli bäri ilkinji gezek ýylgyrdy. Atagurban aga Ilmyradyň ýüzüniň ýagtylanyna begenip: —Ykbaldaş! “Öňüm gelenden, soňum gelsin” diýipdirler—diýdi —Hakykat. Belki, indi olar ýaly durmuşy hiç kime görkezmesin. Şu günüme şükür edýän, çagalarymyza mundam hem bagtly durmuş nesip etsin! —Çagalarymyza, agtyklarymyza hemişe bagtyýar döwürde ýaşamak miýesser etsin! Ýurdumyz parahat bolsun! Olar gijäň ýaryna çenli mesawy gürrüň edip, otlynyň “şakyrdyk-şakyrdygyna” uklap galdylar. Kakajan Balkanow . 2016 | |
|
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |