06:35 Otla gijä galdy / hekaýa | |
OTLA GIJÄ GALDY
Hekaýalar
- Ynanýaňmy, Ýusup, şeýlebir ýadadym. Menem adam-a. Hemişe aşak bolup gezdim ondan. Bir aýdanyny iki gaýtalatmadym. Bir zat diýse, başardygymdan edip, etme diýse, çetde durdum. Şonuň aýdany bilen bolup, synpdaşlarym bilen gülşüp-degişip, dostlaşyp bilmedim. Ol jaň eden wagty men biri bilen gürleşip oturan bolsam, ejem bolsun, doganym bolsun oň üçin tapawudam ýok. Eliň ožidaniýa berdi diýip, diňlemegem islänok. Gygyryp, telefony ýüzüme goýup goýberýä. Soň men oňa näçe gezek jaň edýänem welin, ol bolsa ýöne öçürip goýberýär. Arasynda jaňy alsa-da, sözümi diňlemän gürleşiber şolar bilen diýip ýene öçürýär. Öz eli zanit berse welin, men biragyz kim bilen gürleşýäň diýip-diýmänkäm sen näme ynanmazçylyk edýäňmi, ynanmasaň gürleşme diýip ýene öçürip goýberýär. Gijesi bilen gözüme uky gelenok. Oň bolsa piňine-de däl ýaly... -Ýazgül, sen nädip şolar ýaly adama göwün berip bildiň? Ol nähili adam özi, edil beýdäýmek bolmaz-a. Dogry, erkegiň ýeri bilen gyzyň ýeri başgadyr, ýöne deňlik diýen zadam bolmal-a. Onnaňam, durmuş diňe göwün beren adamyň bilen çäkli däl-ä. Bu durmuşda maşgala bar, dost bar, tanyş bar, garyndaş bar. Ýarym diýip hemmesinden geçip bolmaz-a. Men düşünip bilemok, adamlar nädip şeýdip bilýär. -Dogrym, menem ýadadym. Üç gün bäri gürleşemokdym, düýn özi jaň etdi, menem özi ýaly iküç sapar öçürip goýberdim, soňra aldym. Ol bolsa, görýän welin sen menden dynasyň gelýär öýdýän diýýär. Men aýtdym nähili bolýan eken ýüzüňe öçürilse. Nähili duýgulary başdan geçirdiň, onnaňam, men hemmesinden ýadadym. Şu wagta çenli hiç zat diýmedim. Indi çydamok, beýle zat bolmaz. Şu wagta çen senden aşak boldum. Senem indi meni azyragam halaýan bolsaň senem aşak bolarsyň. Menden aşak bol diýemok, deň bolsak bolýa diýdim. Ol bolsa saňa dil bitipdir öýdýän, gowy edip oýlan. Sen bu bolşuň bilen otludan gijä galarsyň didi. Men aýtdym, bir otlydan galanym bilen, az wagt garaşsam ikinjisi geler. Özem ol oňküsinden has gowy bolmagam mümkin. Onnaňam, aslynda otlyny sypdyran men däl-de sen. Wagt geçse bilersiň. Indi seň bilen işim ýok diýip öçürdim. Şo derejä eltdi ol meni. Hemmesinden ýadadym. Indi durmuşymy täzeden başlajak. - Dogry aýdýaň, beýle bolsa bolmaz-a, biri-biriň bilen deň bolmasaň. Näme, hemişe sen bor diýmelimi, mydam sen aşak bolmalymy? Men saňa gowy edipsiň ýa erbet bolupdyr diýjek däl, ýöne, bir aýtjak zadym onuň bu bolşy bolmaýar. - Aý, näme bolsa-da, gutardy indi hemmesi. - Aý bolýa-la. - Wi, hany, Ýusup, senem uruşdym diýip ýördüňmi arada, ýaraşdyňmy indi? - Ýok, ýaraşamok. Iki gün boldy. Gerek bolsa özi jaň etsin. Haçana çen men onuň näzini çekeýin, haçana göwnüne dgegmejek bolup aýap gezeýin. Goý, özi hereket etsin, men gerek bolsam. Birazyrak ýerini bilse gowy bolardy. Aý, ol bolsa meniň diýenimi etmejek bolýar-a. Hany, göreli, haçana çen baş bermejek bolarkan. At aýlanyp gazygyny tapar. Pişigiň ýynnamlygy samanhana çenli... özi dolanyp geler, özi jaň eder. - Hmm, “dogry”... Ahmet ARAZOW | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |