08:35 Owadan gyza | |
OWADAN GYZA
Goşgular
«Owadan sen, owadan sen, owadan» Bu aýdym ýaňlanýar her säher, her şam. Ýöne bu gürrüňim aýdym hakda däl, Sen hakda, sen hakda, gara gaş uýam. Şol aýdym aýdylsa – keşdäňi taşlap, Kitabyňy ýygnap, saçlaryň çöşläp, Seredip ýokaryk, äňedip aşak, Kä yzyňa ýöräp, käte öňüňe, Aýnaň içindäki keşbiňi ogşap, Birine pyşyrdap berýärsiň salam, Birinden pyşyrdap alýarsyň salam. Soň bolsa «Eje jan, men owadanmy?» Diýäýjek, diýäýjek, diýäýjek bolýaň. Asyl bir gezeg-ä diýdiň hem uýam, Şonda garry eneň öz balasyndan, Ýa-ha hoşal, ýa-da nägile bolup, Ogşapdy gözleriň pyýalasyndan. Sen bolsa ol posaň manysyn çözmän, Ýene öz ýoluňa bolduň rowana. Ne gözel ýigitler yzyňdan garap, Biri däli boldy, biri diwana. Bolmajagam bolsun, şeýle bir saçlar, Ölçemäge ýetmez kelte gulaçlar. Şeýle bir gabaklar, şeýle bir dişler, Baksaň – ertä galjak şu günki işler. Şeýle bir göreçler, şeýle bir gaşlar, Üç gün bakyp dursa – ölmezdi açlar. Şeýle bir ýaňaklar – reňki çirksiz, Şeýle bir barmaklar – boguny süňksüz. Gürrüňem etjek däl, kirpikler hakda, Degse deşjek Taňrym, penaňda sakla! Ýöne men şonda-da owadanmyň, däl, Entek belli bir zat aýdyp biljek däl. Bir topar ot-suwdan geçeniňden soň, Ýetmiş ýanyp, segsen öçeniňden soň, Ajyny-süýjini içeniňden soň, Bir ýigidi saýlap-seçeniňden soň, Seçeninden soň hem ol ýigit bilen, Nije menzil ýoly geçeniňden soň, Men diňe şondan soň, şondan soň diňe, Owadanmyň, dälmiň aýdaryn saňa! Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |