21:28 Owganystan türkmenleri | |
Sähranyñ gaýduwsyz atlylary ▶ OWGANYSTAN TÜRKMENLERI Owganystanly türkmenler Owganystanda Owgan Türküstany ýa-da Günorta Türküstan diýlen sebitde, aglabasy Türkmenistanyñ araçägine golaý ilatly nokatlarda, bir bölegi bolsa Eýranyñ (Maşat) araçäginde ýaşaýar. Ynançlary boýunça sünnidir we özbeklerden soñra Owganystanda ýaşaýan iñ uly türki kowumdyr. Özbeklerden tapawutlylykda olar çarwa durmuşda ýaşaýarlar we maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. 1885-nji ýylda Russiýa tarapyndan Owganystanyñ arasyna adalatsyzlyk bilen çekilen tikenekli simlerden soñ olar Türkmenistandaky we Horasandaky ýaşaýan türkmen doganlaryndan jyda düşürildiler. Owganystanda türkmenleriñ esasan ärsary, çowdur, ýomut, gökleñ, teke, saryk, salyr, abdal, nohurly taýpalary ýaşaýar. Ol ýerde uly etniki topar ärsarylardyr. ♧ Şwesiýaly diplomat we türkolog Gunnar Jarring Owganystandaky türkmenleri bäş topara bölýär: 1. Salyr Ogurjygyñ neslinden bolanlar: 140 şahaly ýomutlar, 110 şahaly, salyrlar, saryklar, tekeler; 2. Oguz Kaganyñ neslinden bolanlar: 78 şahaly gökleñler, 50 şahaly çowdurlar, hataplar, mukrylar, garkynlar, ärsarylar, baýatlar, agarlar, ogurjalylar; 3. Türkmenleşenler: bu topardakylar 55 şaha bölünýär. 4. Nohurly, sünçeli, änewli, mürçeli taýpalary; 5. Asly oguz bolmadyk, türkmenleriñ düzümine täze goşulan taýpalar. 1930-njy ýyllarda sowet häkimiýetinden gaçyp gelen türkmenler bolsa Antguýa (Andhoý) ýerleşipdirler we söwda-satyk, hakyna tutma işler bilen meşgullanypdyrlar. ■ Dili: Türkmenistandan soñra türkmen dilindäki ýazuw eserleri iñ köp Owganystanda ýaýrandyr. Emma Owganystanda döredilýän bu kitaplarda Türkmenistandaky türkmen dilinde gabat gelmeýän transkripsiýalar (çekimli we çekimsiz sesler) gabat gelýär. Bu ses bogunlaryñ köpüsi oguz toparyndaky türki ýazuw dillerinde duş gelmeýär we ol bogunlar çagataý-özbek ýazuw diline degişli aýratynlyklardyr. ■ Giñişleýin öwrenmek üçin çeşmeler: 1. Emrullah GÜNEÝ "Çarwa kaşkaýlar, Owganystan türkmenleri, Gündogar Türküstan uýgurlary"; 2. S.MICHAUD, R.MICHAUD "Sähranyñ gaýduwsyz atlylary: Owganystanly türkmenler", ("National Geographic" žurnalynyñ 1973-nji ýylyñ noýabr aýyndaky sany); 3. Gunnar JARRING "On the Distribution of Turk Tribes in Afganistan An Attempt at a Classification", Lunds Universitets Arsskrift, N.F. Avd. 1, Bd. 35, Nr.4, Lund,1939; 4. Ridwan ÖZTÜRK "Owganystan türkmençesinde standart türkmen diliniñ daşky görnüşleri", 5. A.G.BABAÝEWA, "Owganystanly türkmenleriñ taýpa-tire düzümi meselesi barasynda" / "Türkmen halkynyñ gelip çykyşynyñ, dünýä ýaýraýşynyñ we onuñ döwletiniñ taryhynyñ problemalary", 98-101-nji sahypalar, (Halkara ylmy konferensiýanyñ dokladlarynyñ we habarlarynyñ tezisleri, 25-26.10.1993 ý, "Ruh" neşirýaty Aşgabat-1993); 6. "Owganystanly türkmen şahyrlarynyñ antologiýasy", Taýýarlan: Ridwan ÖZTÜRK, "Çizgi Kitabevi" neşirýaty, Konýa-2010. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |