16:51 Öwgi we döwgi | |
ÖWGI WE DÖWGI
Publisistika
Turuwbaşdan... şuny ýatlatmak gerek: "Jenaýat hukugynyñ iñ esasy prinsiplerinden biri - jenaýatyñ we jezanyñ şahsylygydyr (ýagny, diñe onuñ özüne degişliligidir -t.b.) Raýat - diñe öz eden etmişi esasynda jogapkärçilige çekilip bilner... Raýat - başga biriniñ eden işi sebäpli günäkärlenip bilinmez..." Bu setirler Jenaýat kodeskiniñ 20-nji maddasynda ýazylan... Indi bolsa, geçen hepdä dolanyp geleliñ: Bilşiñiz ýaly: Halklaryñ Demokratik partiýasynyñ öñki deñdeş başlygy Selahatdin Demirtaş bäş ýyldan bäri Edirne türmesinde tussaglykda otyr. Onuñ aýaly Başak Demirtaş FOX TV teleýaýlymynda Ysmaýyl Küçükkaýanyñ gepleşige berýän "Çalar Saat" habarlar gepleşigine gatnaşdy. Ol şeýle diýdi: - Selahatdin bilen eýýäm 19 aý bäri açyk görşüp bilemzok. Gyzlarymyz on dokuz aýlap kakasy bilen didarlaşyp bilenoklar. Muña hiç düşünip bilemok. Ýapyk görüşme hukugymyzam ulanyp bilemzok. Kellelerine gelen zady edip ýörler. Nämüçin häzirem görülme hukugymyza öñki ýaly idin berenoklar? Ysmaýyl Küçükkaýa bilen birlikde bu sözlerden habar taýýarlan Odatv-niñ adminstrasiýasyna-da sözli-ýazgyly agyzlaryna gelen zady diýdiler. Adyny ýazyp durmaýyn, Erdoganyñ bir halk deputatynyñ "Selo diýilýän it güjükleri bilen görşüp bilenokmyş" diýip, utanman çykyş edendigine şaýat bolduk! Döwlet Bahçeliniñ bir metbugat geñeşçisi şeýle diýip ýazdy: " - Çepçi (sosialist) mediýa! Siziñ baryñyz haramzada, baryñyz adamkärçilik duýgularyñyzy ýitiren mahluklarsyñyz!" Bu sözlerden barypýatan faşizm tüteýär. Selahatdin Demirtaş boýunça entek sudyñ gutarnykly höküminiñ ýokdugyny-ha hasaba-da almalyñ! Diýmek: Onuñ aýaly Başak Demirtaşam günäli, şeýlemi? Olaryñ gyzlary 17 ýaşly Delal we 13 ýaşlyja Dilda Demirtaşlar-da günäli, şeýlemi? Bolýar, etmişiñ şahsylygynam bir gapdala goýalyñ. Iñ ajaýyp adalat - wyždan dälmi? Näme boldy bu jenneti ýurdumyzyñ wyždanyna - aýal-gyzlarymyzyñ, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlarymyzyñ üstüne nagarasyny döwmäge utananoklarmy? • URŞUÑ AHLAGY Žurnalistlige "Aydınlık" gazetinde başladym. Redaksiýanyñ kesgitlenen belli ugurlary bardy: Aýal-ebtat, çaga-çuga beýlede dursun, eli-goly bagly we jogap bermäge ýagdaýy bolmadyk tussaglar barada ýeke habar berilenokdy. Indi "Aydınlık" gazeti Başak Demirtaşyñ "gyzlarymyz kakasynyñ ýüzüni on dokuz aýlap görenok" sözünden habar taýýarlan Odatv-ä hüjüm edýär, nämemiş "akja jüýje görünjek bolnup" propoganda edilýärmiş! Munuñ jogabyny men bermäýin. Sözi 35 ýyllyk egindeşim, "Aydınlık" gazetiniñ žurnalisti Tunja Arslanyñ 2015-nji ýylyñ 19-njy awgustynda çykan "Uruşda mertligi bilerdik" atly makalasyny ýatlatmak isleýärin. Ol has dözümli mysallara ýüzlenipdi: "Urşuñ öz hukugy we ahlagy bar. Hiç şübhesiz bölünişikçi terrorizme garşy söweşseñizem, Türkiýäni Ýugoslawiýalaşdyrmak isläp, NATO-ny kömege çagyran "Biji Obamaçylara" garşy göreşiñem öz hukugydyr ahlagy bar. Haramzadalygyñ we syrtdan urmagyñ hiç hili hukugam bolmaz, ahlagam. 10-njy awgustda Wartodaky ýaragly çaknyşykda öldürilen PKK-li Kewser Eltürküñ ýalañaç jesedine edilenler ortada... Aýal-erkek tapawudy ýok, kim bolanda-da, ölen ýa-da öldürilen adamyñ bedenine rowa görülen kowahada sygmajak iş açyk aýtmaly bolsa, "uruşda we parahatçylykda Hezreti Alynyñ edebi bilen hereket edýändigi" aýdylýan goşunymyzy syrtdan urmakdyr. Bu gabahatlygy görübem görmezlige salýanlaryñ, perwaýsyzlyga salýanlaryñ, dymýanlaryñ, sesini gataltmaýanlaryñam şol syrtdan urýanlar bilen aralarynda hiç hili parhy ýok..." "Aydınlık" gazetinde işleýän ýaş kärdeşlerimi Tunja halypalarynyñ ýokarda mysal getirlen makalasynda agzalýan, PKK-ä garşy telim gezek söweşen polkownik Lewent Göktaşyñ gürrüñ berýän zatlarynam okamagy maslahat berýärin... • ÝENE BIR ÇEKIŞME Selahatdin Demirtaş türmede kyssa eserlerini, romanlary ýazýar. Onuñ birinji "Leýlan" romanynyñ soñundaky belliginde "Bu meniñ soñky kitabym bolup biler" diýip ýazypdy. Bir ýarym ýyl geçensoñ ýene bir täze "Efsun" romany bilen okyjylarynyñ öñüne çykdy. Ol bu romanyñ ýazylmagynyñ sebäbini kitabynyñ soñunda şeýle düşündirdi: " - Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkiýede-de örç alyp ýaýdan kowid-19 ýokanjy zerarly hemmeler öýlerine gabalyp oturmaly boldy... Aýalymdyr gyzlarym hem karantin çäreleri sebäpli birnäçe aýlap öýden çykmadylar... Gyzlarym, aýalym bilen alyşýan hatlarymyz ýygjamlaşyp başlady. Olaryñ "öý tussaglygynda" oturanda içleriniñ gysmagyny islemeýärdim. Çagalygymy gürrüñ berýän gysgajyk hekaýalary ýazyp ugratmaga başladym. Ine, şeýdibem, şolar okasyn diýip, bir roman ýazmagy makul bildim." Geleliñ, beýleki çekişmä: Demirtaşyñ ideologik-syýasy pozisiýasy bilen onuñ çeper döredijilik dünýäsini biri-birine bulaşdyrmazlyk gerek. Düýnden şu güne çenli dünýäde söýlüp okalýan käbir ýazyjylar faşistdir. Muña garamazdan olaryñ döredijiligine oñyn baha berlipdi. Ýazyjynyñ syýasy şahsyýeti bilen edebi şahsyýetini aýry-aýrylykda dogry seljermegi başaryñ. Käbir metbugat organlarynyñ "Efsun" romanyny çakdan aşa öwmegi-de, eýýäm syýasatyñ edebiýaty boýunturugy astyna alandygyny görkezýär. Munuñ bilen arasynda uly tapawut bar ýaly bolup görünse-de, Demirtaşyñ aýalydyr-gyzlarynyñ oñ gujagyna dolmagyna garşy çykýanlardan hiç hili tapawudy ýok! Öwgimizem, döwgimizem çişirmegi gowy görýäris, ýerlikli-ýerliksiz, ölçegsiz-çensiz... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |