12:03

Öýke-kine we geçirimlilik hakda kelam agyz

Oýlanmalar
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 540 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Bagabat  
43
Bujagaz oýlanmany, birmahallar (gadym zamanlarda :-)) birine göwünlik, maslahat hem teselli hökmünde ýazypdym. Soň, ýakynda okap gördüm-de: "Aýdylan zatlar diňe bir ýa-da iki adama däl, hemmämize-de, ilkinji nobatda-da özüme degişli ýaly-la" diýen pikir bilen, ony birneme gulaş-kakyş etdim-de: "Goý, okasy gelen okasyn" diýip, şu ýerde goýmagy makul bildim.

0
2 Bagabat  
43
@Haweran, eger-de garşy bolmasaň, pikir alyşmak amatly bolar ýaly bu teswiri, saýtyň myhman depderinden alyp, degişli temasynyň aşagynda goýaýdym.

134. Gülnahal (Düýn 15:20)

Salam Bagabat aga, men saýta agza däl, myhman hökminde girýän ýöne şonda-da siziñ öýke-kine geçirimlilik hakdaky oýlanmalarñyzy okap, teswir galdyrman duryp bilmedim, dogry aýdýañyz, adam giñ govinli geçirimli bolmaly bize edilen ýamanlyga nähaklyga bizem şeýle jogap gaýtarsak, biziñ olardan name tapavudymyz galar gaýtam şeýle adamlara ýalñyş iş edýändigini iñ bolmanda ýekejesine düşündirip bilsek, sogap iş etdigimiz bolar edil siziñ aýdyşyñyz ýaly şeýle ýagdaýlarda menem bir pursat duryp oýlanýan men näme edýan diýip, soñundanam toba edýän, Alla meñ gursagyma ýamanlyk salmaveri diýip sag bolyñ gaty gowy movzyk açypsyñyz, sözleriñiz belki köp adama peýda berer, esasanam ýaşlarmyza.

0
3 Haweran  
411
Siz tarhan, saýtyñ töresi-eýesi agam. Saýtyñ saýt bolup, gorunyñ şular ýaly giñ, okyjylarynyñ şular ýaly gür bolmagynda hyzmatyñyz biziñkiden artyk bolmasa kem däl, göwniñiziñ isläni edip bilersiñiz.
Kän gepe-gürrüñe goşulanok, okabam pikirini ýazanok, garasöýmezmi näme bu diýmäweriñ, gün arasynda saýta girip goýjak zadymyzy goýup çykaýmasak, başga zada wagt tapylanok iş-alada köpräk bolup. Şoñ üçin giren wagtyñyzda özüñiz abraýlaweriñ bärini.
Saýt üçin, saýtyñ okyjylary üçin aladalanyp eserleriñizi gyzgyny bilen ýetirýändigiñize we olary ilkinji bolup şu saýtda paýlaşýandygyñyza bolsa, ýene bir gezek - müñ bir öwran sag bolsun aýdýaryn.

* * *

Beýleki agzalarymyza, okyjylarymyza hem ýüzlenýärin: öñler elektron poçta gelýän eserleri goýup ýetişip bolanokdy. Arada birsellem saýt ýapyk duranyna we adresiniñ üýtgäninemi nämemi, paýlaşmak ü.n eser ugradýanlar mazaly seýrekledi, awtorlyga geçip özi eser paýlaşýan agzalarymyzam öñküden biraz haýallady.
Agzalaryñ, okyjylaryñ işjeñleşip, saýtda öñ paýlaşylmadyk dürli görnüşdäki çeper eserleri, makalalary ugratmaklaryny soraýarys. "Dama-dama köl bolar..." edip dört ýylda hemmämiz bir bolup, çaklañragam bolsa bir köljagaz döretdik. Bu köljagazy guratman saklap, ýene dört ýyldan Hazar deñzi ýaly añyrsy-bärsi görünmez, ýer ýüzüne açyk uly edebi howuza öwürmegi we onlarça ýyllap ýurdumyzyñ we daşary ýurt okyjylarynyñ söýgüli okalga zalyna öwrülmegi üçin gaýratyñyzy, tagallañyzy gaýgyrmazlygy towakga edýärin.

0
4 Bagabat  
43
Sylag-hormatyňa sag bol, @Haweran.
Dogry aýdýaň. Soňky döwr-ä saýtyň birhili şüweleňi gaçan ýaly bolaýdy. Öňler agzalar "ýüz görüp gapyrga syrman" goýulýan materiallaň köpüsi barada gödek-sypaýy pikirlerini ýazýardylar. Çekişmeler gyzgalaňlydy. Soňky döwürler owarramçyllyk üstün çykýarmy nämemi...
Ýöne, bir zada göz ýetirdim, gödek-sypaýy, tapawudy ýok, ýazýan adam üçin öz ýazan zatlary barada islendik nukdaýnazar gymmatly ekeni. Özüň düşün-düşünme, kabul et-etme, ahyrynda aňastaňyňa ornan islendik pikir ýazyşyň özgermegine täsirini ýetirýän ekeni.
Kitapçyň gymmatam, özara pikir alyşmagyň elýeterliliginde ekeni.

0
5 Aksary  
876
"Kim üçin aýdýaň o aýdymlary?
Sesiň zorrukmy?
Ýa bilbil owazlymyň?
Nämüçin tenha özüň gözüňe urlan ýaly bagyryp ýö:ň bi ümmülmez iňlär siňeksiz jelegaýlarda?
Geregi bir bamyka, şeýdip sähne deý gygyryp ýöreniň?..."

Haý Bagabat kaka keýpi düzlediñäý :)

0
6 Yusup  
50
Serdar aga sorag! Ylymyň, edebiýatyň we dini taglymatlary okap öwrenen adam "Ateiste" öwürliberýär diýýäler. Siziň pikiriňiz!?

Meselem filosofiýany, pisgalogiýany öwrenýän alym ýada düşünjeli okyjynyň pikiri üýtgeýär. Şu barada, pikiriňiz?

0
9 Bagabat  
43
@Yusup, köp okan adamyň ateiste öwrülip-öwrülmezligi ol adamyň öz ruhy hal-ahwalyna bagly.
Kimdir biri okap-okap, ylahy ynançlary diňe mantygyň, pragmatizmiň, dialektiki materialimizmiň nukdaýnazaryndan seljerip, olaryň aglaba köp ýagdaýlarda logika, ynsanyň bäş duýgusyna (görmek, eşitmek, syzmak, ys almak we tagam duýmak) laýyk gelmeýändigi üçin ret edýär.
Kimdir biri bolsa, bu şeýtany müňkürlikden, köpbilmişligiň ynsan ruhuna gurýan duzagyndan sag-aman geçýär-de, her bir okan maglumatynyň ylahy hakykaty tassyklaýandygyna ynanýar, uýýar.
Şol sebäpdenem, ateizm ýa-da monoteizm (ýekehudaýlylyk) ýa-da politeizm (köphudaýlylyk) adamyň okumyşlygyna däl-de, onuň içki-ynam ygtykadyna bagly zat diýip hasaplaýaryn.
Mysal üçin, hukuk ylmynda islendik etmişiň (mysal üçin, jenaýat-hukuk etmişi, administratiw-hukuk etmişi, düzgün-nyzam etmişi we ş.m.) düzüminiň (sostawynyň) subýektiw tarapynyň esasy alamaty niýet bolup durýar.
Niýetem öz gezeginde bilkastlaýyn we seresapsyzlyk diýen görnüşlere bölünýär. Olaram öz gezeginde, bilkastlaýynlyk göni niýet we gytaklaýyn niýet, seresapsyzlyk bolsa, harsallyk hem-de özüne aşa ynam edijilik diýen görnüşlere bölünýär.
Niýetiňem mazmunyny we görnüşini kesgitlemek üçin bolsa aň ýetiriş, ýagny akyl (intellektual) we duýgy, erk (emosional-psihiki) ölçegler (kriteriýalar) ulanylýar. Ýagny has sadalaşdyryp aýdylanda, etmişi eden şahsyýetiň niýetiniň bilkastlaýyn diýlip hasaplanylmagy üçin ol öz edýän hereketine, şol hereket amala aşyrylandan soň ýüze çykjak netijelere doly akyl ýetirmeli we şolaryň hut şeýle bolmagyny islemeli.
Munuň bilen diýjek bolýanym, islendik adam öz ynanjyna, ha ol ateizm bolsun, ha monoteizm ýa-da politeizm bolsun, ilki bilen-ä doly ynanmaly we öz ynanjynyň hut şo görnüşde pugta bolmagyny tüýs ýürekden islemeli.
Musulmançylykda ýöne ýerden "Niýet esasymy ýa-da amal?" diýen sowala, gaty köp ýerde niýetiň esasydygy nygtalýan däldir. Üns beren bolsaň, Yslamyň bäş parzynyň ilkinjisi hem Keremli Allatagala iman getirmekdir. Bu bolsa Onuň bardygyny, birdigine ynanmakdan, uýmakdan başlanýandyr.
Ýene-de bir zady bellemeli: Okap-okap ateist bolanlaryňam, okap-okap ynamynda has berkänleriňem günäsem özüne, sogabam. Hiç kim hiç kime derek jogap bermeýär.

0
7 Yusup  
50
Mysal "Bir ateistiñ hapyzlyk günleri" makalany okan bolsaňyz gerek. Eziz Nesin näme üçin beýle bolupdyr?

0
10 Bagabat  
43
@Yusup, türkmenlerde: "Özüni bilen weli" diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Biziň her birimiz özümizi doly bilemzok (eger-de bu şeýle bolmasady, onda dünýe Welileriň dünýäsi bolardy :-)). Onsoň heniz özümiziň näme üçin, nädipdigimize doly düşünip bilmeýärkäk, ol ýa-da beýleki bir adamyň, hasam, şahsyýetleriň arasynda iň çylşyrymly we gapma-garşy içki dünýäli diýlip hasaplanýan döredijilik adamsynyň näme üçin haýsydyr bir zada ynanandygyny ýa-da ynanmandygyny nädip kesgitlejek?
Bu işi Freýd ýa-da Ýung ýaly adybelli, azy ýaran psiholog-alymlar hem doly we gutarnykly başarmasa gerek.
Şol sebäpdenem E.Nesiniň näme sebäpden ateist bolandygyny onuň bir özi belli bir derejede ynama mynasyp edip düşündirip biläýmese...
Ýa-da gysgajyk aýdanyňda: Alla bilsin diýäýmesek :-).

0
8 hoşowaz  
390
Şol Gülnahalyň ýazan teswirin-ä menem kopýaladym özüme.

"Türkmeniň wikipediýasy" diýýädim saýta.

0
11 Yusup  
50
Jagaplaryňa sag bol Serdar aga.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]