05:16 Özgäniñ ömri / hekaýa | |
ÖZGÄNIŇ ÖMRI
Hekaýalar
Begmyrat aga çepiksi göwresini egip, garry «hyk-çoky» bilen ho gaýraky atyzdaky şatuda bakan ugrady. Ol pilini uly ýük edinip mytdyldap barşyna, gelinleriň bolşuny göz atuwyna getirdi. Ynha, ol häzir meýdan düşelgesi hasaplanýan şatuduň aşagyna barar. Gelin-gyzlar ony edil ýitirip-tapan dek garşy alarlar. Eline suw akydarlar. Olar ýürekleriniň ýylysyny tüňçedäki suw bilen garyşdyrýan ýalydyr, gojanyň goşawujyna guýlan suw mejalsyz bedenine tenekar deý gurp berer, argyn bili ýazylar. Düýn-ä onuň eline Nabat gelin suw akytdy. Begmyrat aga şonda näçe seretmejek bolsa-da başarmady: gelniň owadanlygyna, näzikligine, her edim-gylymynyň gelşip durşuna gojanyň syny oturdy. Şeýle gelniň ýekeligine nebsi agyrdy. Urşy näletledi. «Özüň-ä ýanýoldaşdan bagtly dogma ekeniň. Sag-aman dolan-da hernä» diýip, Begmyrat aga Nabat gelniň adamsynyň uruşdan dolanyp gelmesini dileg etdi. Içki pikirini daşyna çykaranyny kem görmedi: – Taňry ýalkasyn, keýgim! Ylaýym, ýigitlerimiz sag-aman gelsin, bagtyňyza guwanyň!.. Gojanyň eline suw akydansoňlar, gelinleriň biri oňa süpürinmek üçin ýaglyk getirip berer. Onuň oturjak ýerine torba ýazylyp goýlandyr. Çaýyň üsti basyrylgydyr. Oturanlar goja mähir bilen sereder. Goja hyzmat edip bilseler, olaryň armanlary ýok. Begmyrat aga olaryň bu boluşlaryny ilki geňläpdi. Muňa düşünip bilmän, her sapar mön, çöňňe nazaryny uzak wagtlap olara dikip durupdy. «Meni oýnajak bolýarlar-ow» diýip, içini gepledipdi. Soň munuň uruşdan öňki ram eden degişmeleri däldigine, çyndygyna düşündi. Goja garaňky düşüp göz baglananda öýüne barsa, aýaly Sülgün eşidiler-eşidilmez hüňürdäp ýör. Begmyrat aga aýalynyň aýal-gyzlaryň hezzet-hormatyny gabanyp hüňürdeýändigini aňdy. Munuň ýaly mütdetde habar gatmadykdan gowusynyň ýokdugyny bilýän goja düşege geçip ýatyberdi. Şonda-da hüňürdi ýatmady. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da agşamlyk edinmegiň ugruna çykdy. Tüňçeden elini ýuwdy. Bu-da Sülgün ejäniň gahar böwediniň ýarylmagyna kemsiz bahana boldy: – Ýeri, babaý, nä ýaýdanjyrap dursuň? – diýip, ol abaýly gürledi. – Eliňe suw akytmalymy? Merez akydaryn men... – Näme bolýar saňa, kempir? – Merez bolýar maňa, merez?! Içiň okap otyryn men seniň. Ärsiz eken diýip, indi seniň göwnüň şol ýaş gelinlere gaçýarmy? Utan, galgadyp ýören sakgalyňdan utan! Häh, ýaşy ötüşse-de, şu erkekleriň messebi bolmajak eken... – Sülgün, düşün, seniň bu garry göherdiň kime gerek? Ýeri, kyrk ýyl gabanmadyk äriňi ýetmişe ser uransoň gabanýarmyň? – Aýal bir seretdigi erkegiň ýüregini okap oturandyr. Sen maňa gözüňi oýnadan bolma. Men saňa beletdirin. – Belet bolsaň, gowy-da şol. Onsoňam, keýwany, ýuwaşrak gürlesene. Seniň meni gelinlerden gabanýandygyňy eşitseler, üstüňden gülerler. Şol gezek aýaly bilen düşünişmek Begmyrat aga juda agyr düşüpdi. Sülgün eje köşeşse-de köşeşdi welin, onuň adamsyna bolan müňkürligi galmady. Özara gürrüňde sähel bir ýeňiljek bolsa, Sülgün eje derrew gelinleriň hezzet-hormat edişini adamsynyň ýüzüne bazyrdadyp basyp, rüstem çykyp oturybererdi. Bu ýatlandygy Begmyrat aganyň hem bady gaçardy. Hernäme-de bolsa, gelin-gyzlaryň yhlasy Begmyrat aganyň ýaşlygyny mizana goýýar. Aý, ýok, ol ýaşlygynda-da, soňam beýle gadyr-hezzet görmändi. Murty tabap: «Men-men!» diýip ýören günleri-de oňa köp gyzlaryň göwni ýetmändi. Ol muny gyzlaryň ýüz keşplerinden, söz uruşlaryndan, kineli ýylgyryşlaryndan aňardy. Girdeneje Sülgün başga erkek kişiniň ýanynda lal-jim bolsa-da, Begmyrady gördügi jykyr-jykyr gülerdi. Maý tapsa ony oýnajak bolardy. Käte sähel zat üçin haýbat atardy. Begmyrat bolsa oňa jogap bermegiň ebeteýini tapman, sakawlap, ýuwdunybererdi. Ejesi oňa: «Kime öýlendireli?» diýip sala salanda Begmyrat bilgeşleýinden Sülgüni salgy beripdi. Öz ýanyndan: «Içiňi bir ýakaýyn-la seniň. Duluma bir geç, soň göreris, kimiň jedirdemelidigini!» diýip pikir öwrüpdi. Tapan çykalgasyna monça bolup ýylgyrypdy. Ol ýalňyşandygyna Sülgün bilen ýaşaşan ilkinji aýynda göz ýetiripdi. Sülgün şol öňki rüstemligini etdi. Bir üýtgeýän zat – ol adamsyna gaharlansa-gaharlandy welin, jikir-jikir ýaňsysyny goýdy. Adamlar Begmyradyň üstünden güljek bolduklary hem gaharlanyp, olar hernäçe daýaw bolsalar-da, hekirtmeklerinden ýapyşarly göründi. Begmyrat aga bu zatlary diňe degişme hökmünde ýatlardy. Özi welin, aýalyndan müň keren razydy. Çepiksije bolsa-da, rozugär diýip gije-gündiz gydyrdanyp ýören aýalyna seredip şükür ederdi. Käte bolsa onuň horlanyşyna nebsi agyrdy. Gurbatynyň çatdygyndan kömek bererdi. Uzynly günüň hysyrdylaryndan soň adam ýadaýjak ýaly welin, aýaly çaýdan ýaňy turan ýaly, şol gydyrdanyp ýör. Janyna berekella onuň! Öňem-ä göre-göre gelýär welin, mundan bir aý öň keselläp agyr ýatanda aýalynyň çydamlylygyna Begmyrat aga has açyk göz ýetirdi. Sülgün eje adamsy bäri bakýança onuň daşynda hozanak boldy. Gijelerine çirim etmän çykdy. Agzyna nahar tutup iýdirdi, çaý içirdi. Goja keýwanysyna haýpygelijilik bilen bakdy: «Dynjyňy al, Sülgün. Horlanma beýdip! Meniň ýagdaýym gowy indi. Biraz ukla. Bar, bar!». Sülgün eje: «Bor!» diýse-de, şo gydyrdandy ýördi. Goja mejalsyz ýatyşyna aýalynyň ömrüniň uzak bolmagyny dileg etdi. Goja sagalansoň, nämüçindir, mährigöýlügi galyp, hyrsyzlanan ýaly boldy. Şonda-da başyň syzlamasyn hernä! Deň-duşlarynyň käbiri Begmyrat aganyň çetine degerdi. Olaryň üç-dördüsiniň başy birikse, oňa hökman henek atylyp, ýaňsa alnardy. Aýallaram şeýledi. «Şu günler-ä iňňä sapaýmaly bolupsyň, Begmyrat! Sülgün seni horlaýar öýdýän?» diýip, ilki aýallaryň biri başlardy. Beýlekilerem hikirdeşip şo gürrüňi alyp götererdi. Soň o ýerden ümsüm gaýdyberenden gowusy ýokdur. Begmyrat aga oturardy-da, öz-özüne igenerdi: «Gepýassygy bolduň, samsyk diýsänim! Herýeten seni oýnamakçy. Bu seniň mysapyrlygyňdan däl-de, samsyklygyňdan. Ras, seniň üstüňden gülýärlermi, et jogabyny nagt. Ýa ber biriniň kempaýyna. Soň-a saňa biderek ýere degsinjek adam bolmaz. Dünýäde gowşak özüň bolma. Gowşakdygyňy bilseler, saňa duýgudaşlyk etjek, kömek berjek adam ýok. Oňarsalar, diňe üstüňden güljekler». Özüniň bu ýagdaýynyň sebäbini Begmyrat aga ýaşlykdan keselbent bolanlygyndan görerdi. Beýlekilerçe işläp bilmeýändigine müýnürgärdi. Nähili gepem bolsa çekerdi. Käbir adam hem şundan peýdalanardy. Indi büs-bütin başgaça: gelin-gyzlara onuň işläni däl-de, aralarynda armaçy bolup ýöreni gerek. Olar ähli işleri etmäge taýyn. Goja bilen degişmek olaryň biriniň hem göwnünde ýok. Hana, gör, dili gijäp ýören ýelýaňňy Bossan bilen Mähri-de üýtgäpdir: öňküleri ýaly bälçirejek bolanoklar. Olar Begmyrat aga mähir-hormat bilen seredýärler. Häzir erkekler bolanda, belki, olar goja bir ýaňsyly gep aýdardylar?! Begmyrat aga käte özüne edilýän hormat barada oýlanýar. «Aýalyňky şeýle-dä. Ol hökman birine mähir siňdirmeli, hyzmatyny etmeli. Şony edip bilmese, aýalyň gününiň geçmesi görgi». Gelin-gyzlaryň boluşlaryna Begmyrat aganyň haýpy gelýär. Urşa gidenleriň saglykda tizräk dolanmagyny isleýär. Urşa gitjek bolup iki gezek raýonyň harby komissariatyna barşyny, «Saglyk ýagdaýyň gowy däl» diýip yzyna gaýtaryşlaryny hyrçyny dişläp ýatlaýar. Herhal, obada özüniň erkeklerden ýeke däldigi oňa teselli berýär. Brigadir Ahmet lagyr, arabaçy Akmyrat bilen ol käte derdinişýär. Ol iki deň-duşy hem öňküleri ýaly däl. Begmyrat aga ýeňles degişmelerini etjek bolup duranoklar. Bu onuň, näme üçindir, içini gysdyrýar. Göwni şol öňki bolşy küýseýär. Käte onuň özi ýanyndakylara henek atyp görýär. Barybir, onuň üstünden güljek bolýan ýok. Goja bu zatlary hakydasynda aýlap, gelinleriň günortanlyk edinýän ýerine – şatuda ýakynlady. Ol el-ýüzüni ýuwup, görkezilen ýere geçdi. Öňüne alan tüňçesinden bir käse çaý guýundy-da, haýaljakdan owurtlady. Oturanlaryň çaýlaryny howul-hara içip, işe gyssanyşlaryna syn etdi. – Siz arkaýyn ça içiberiň, Begmyrat aga! Suwa özümiz serederis – diýip, gelinleriň biri dillendi. – Taňry ýalkasyn, keýgim! Meni gaýgy etme. Käsämdäki çaýy içdigim bararyn. – Şujagaz nabady çaýyňa ataý, Begmyrat – diýip, Mähri eje saçak ýerine ýazylan ýaglygyň gyrasynda bir tokga nabat goýdy – Sen nobady gowy görýäň ahyry. – Özüň iýäýmeli ekeniň-dä, Mähri... – Bizi gaýgy etme, Begmyrat. Itjanlydyrys biz! Çaýyňy arkaýyn içiber – diýdi-de, Mähri eje gelinleriň yzyndan ýetmäge howlukdy. «Ynha-da, bularyň boluşlary!» diýip, Begmyrat aga içini gepletdi. Işe aýallar ýaly ir gelip bilmeýşine, gelýänçä oňly işiň galmaýandygyna ol gyýylýar. Munuň üçin kineli sözüň aýdylaryna garaşýar. Hemme zat düýpden başgaça bolýar. Şonda-da ol mydarynyň ýetdiginden işe güýmenýär. Işleýär. Bu gün-ä birneme ýadadam. Öň ol işe eşeklije gaýdýan bolsa, bu gün o-da bolmady. Sülgün eje ir bilen eşegi gaňňalap dur. Goja muňa geňirgendi: – Keýwany, ugur hanjak? – Çekire baryp gaýtmasam boljak däl. Agşam düýşüme aýal doganym Gyzylgül girdi. Göwnüme bolmasa, oňa bir zat bolan ýaly. – Pyýada gideňde-de uzak däl ahyryn. Sen pyýada gidibersene. Agşama çenli dolanyp gelseň bor-da. Pyýada gitsem, men işe gijä galaryn. Adamsynyň bu sözüne oňytly jogap tapmansoň, Sülgün eje her sapar çykgynsyz ýagdaýdan alyp çykýanja bahanasyna ýapyşdy: – Näme, eliňe suw akydýan gelinleriň ýanyna howlugýaňmy? Howlukma, babaý, olar häzir işdedir. Günorta çenli barsaň bor! Oňa çenli bolsa olar işlärler. – Wah, meniň ol ýere aşarlyk gurbatym barmy näme?! Bu gün biz kanal gaýrada işleýäs ahyryn – diýip, goja hüňürdedi. Aýalynyň gepe gulak gabartmajagyny bilip, işe pyýadaja ugrady. Begmyrat aga köp işläp bilmese-de, her gün işe wagtynda barmaga, beýlekilerden gijräk gaýtmaga çalyşdy. Ol şeýdýärdem. Bu gün işe gijä galyp gelşine, onuň aýalyna gahary geldi. Ýok, ondan biçak göwni galdy. Ýolboýy aýalyna hüňürdäp gitdi. Ol çaý içip oturşyna, ömür ýüpüniň göwşüllänligindenmi ýa howanyň yssylygyndanmy-nämemi, özüni ýadaw duýdy. Sähel salym irkilip turmagy müwessa bildi. Ýöne bu sähel salym bolmady. Zeminiň günbatar tarapyna degjek-degjek bolup duran Gün Begmyrat aganyň üstüne salkynlyk ýapynjasy bolan kölegäni gündogaryna geçiripdir. Goja tarsa ýerinden turdy-da, gapdala tigirlenen şyrdagyny kellesine ildirip, suw tutýan peline bakan düwdenekläp ugrady. Pel suwarylypdyr. Hälki açyp giden böwedi-de ýapylypdyr. Begmyrat aga böwediň ýanyndaky kiçeňräk depede oturdy. Çygjaran maňlaýynyň derini ýaglygyna syldy. Gelin-gyzlara garamat bolup ýörşüne namys etdi. Ýanjübüsinden nas kädisini çykaryp, ony birki gezek dyzyna urdy-da, nas atdy. Alysdan özüne tarap gelýän eşeklini görüp, Begmyrat aga çiňerildi. Aýalynyň gelýändigini aňyp, ýerinden galdy. Sülgün eje aňyrdan geliş ugruna dillendi: – Babaý, otyrmyň? Eşegiňi äkidip, senem horlaýdym öýdýän? Ynha, getirdim muny. Mün-de öýe gaýdyber. Näme iş etmelidigiňi bolsa maňa aýt. Özüm edip bararyn. Begmyrat aga uludan demini aldy. Özüniň alada edilmegi ony ýene oňaýsyz ýagdaýa saldy. Ol judabir gowy bolmasa-da, hakyky öz durmuşyny – üstünden gülünýän şol öňki günleriň gelmegini isledi. Şol günlerde ol öz hakyky keşbini görýärdi. Goja obanyň gül ýaly ärleriniň ömrüni ýaşamaly bolýandygy üçin urşy näletledi. Süýji hem bolsa özgäniň ömrüni ýaşamak tiz irizýän eken... 1986 ý. Osman ÖDE. | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |