ÖZÜM BILEN IKIÇÄK
Kowalama bagty!
Ol geljek bolsa,
Özi seň yzyňdan kowalap ýeter!
Ýazaly galamym ýazaly gowsy,
Bolmanda, şu şygryň dowamyn gutar!
Ýogsa, peder ruhy tirsegne galmaz,
Dogumly ädimiň hiç yzy solmaz.
Halal ömri utup biljek zat bolmaz,
Owal-ahyr utup bilse wagt utar.
Akyl eýle!
Paýhas – ömrüň humaýy,
Ömrüň durky – gyz kamatly – suraýy.
Ser sämände ýatlaweri Hudaýy,
Nebsi otukdyrsaň haram mal tutar.
Alma, alma!
Kişi malyny alma!
Hökman bişer seň bagyňda-da alma!
“Bu günüm ötdi” diýp, arkaýyn bolma,
Bir salymdan ýene täze daň atar.
Gelmediň sen bu barlykda ykmaga,
Dik nazaryňy, ýaşap bolmaz jyklab-a.
Ömür dile, saglyk dile ykbala,
Wagtdan öň peýmanyň dolmagy hatar.
Diýdigim däl, “Başa saman sowruň!”
Kalpda alow barmy, çoýsun howuruň.
Ýaz, galamym aýdym bolsun şygyryň,
Gursakda çüýrese, ine, şu beter!..
Azymberdi Kakaýew
Goşgular