18:27 Parahoruñ monology | |
PARAHORUÑ MONOLOGY
Goşgular
Hawa, Men parahor! Sözüñiz barmy? Meni ýazgarmaga ýüzüñiz barmy? Kim meni ýazgarsa alnyna gelsin! - diýip, elim salgap gargynmasam-da Bu zatlaryñ niçik, nirden başlanyn Gowy bolardy kem-käsleýin ýatlatsam... Ilki maña "Haram näkes, parahor, Siziñ köküñizi çapyp ýok edip, taşlamaly" diýen gedemje dostum Gel, hany, gadyrdan, senden başlaly. Nirde işleýäñ? Isläñokmy wezipe? Müşgili ýok, Meseläñi dök orta Ýöne hajatyñy çöp döwen ýaly Bitirtmek isleseñ, eden işimiñ Göwrümine görä aýdan pulumy Getirmeli borsuñ gaşyñy çytman Bilemok, ol puly nädip tapsañam Maña gyzykly däl, ol öz meseläñ. Gerek bolsa it bol, At bol, Eşek bol. Burnuñda poh daşa, Elekde suw çek. Durmuş keşiginden ýagyra dönen Arkañy ýassyga goýman gijeler Çirim etmän ak dañlary atyrsañ Gündiz kelläñ yzasyna döz gelmän Diwary ýumruklap, şagal deý "uww" çek... Bu zatlañ barsy erteki maña, Sebäbi bir haýyş bilen gelseñiz, Aklyk üçin getir diýlen "göklügi" Jemläp getirýäñiz, diýmek adamlar Näçe zeýrense-de güzeranyndan Urup aglaýarlar. Ýa ýalanmy nä? Her gapyda keserip dur "Mersedes", "BMW", "Kia", "Wolkswagen", "Toýota" Indi orsuñ maşynyny münýän ýok Sargyt bilen getirdýärler ýörite. Döwürler üýtgedi, durmuş özgerdi Döwrany dolandy parahorlaryñ. Gün güýçliñki! Şonuñ üçin agzyñda Indi ýeke dişiñ bolsa-bolmasa Gowurga-da güýçliñki... Ne peýda bar hakykaty sözleýän Ne peýda bar adalaty gözleýän Ne peýda bar hata sözi eşidýän Lakgy dilden, Çakgy ýaly gözlerden Jam ýaly gulakdan?! Iñ beteri-de, bolara-bolmaza nebsin agyrdyp Wyždanlysyraýan ejiz ýürekden... Puluñ barmy - ýaşa! Puluñ ýokmy - öl! Maña gyzykly däl, näm bolsañ şo bol! Nyrhy kesilensoñ pylança diýip, Sen o puly gije-gündiz haltyldap Iýen bilen iýmän Geýen bilen geýmän Gözmonjugy ýaly okuwçy çagañ Apgyrdy bireýýäm çöken köwşüni Çalyşmaga dözmän toplanam bolsañ... Maña gyzykly däl, aýdan pulumy Has öñräk düwnük derdine ýolgup, Iñ soñky deminde reanimasiýa düşen Ejeñi aýaga galdyrjak bolup Soñky teññesine çen derman-däriniñ syrtyndan dannaman ötrenem bolsañ... Ýarpy bahasyny bergi edip alan Awtoulagyñ buferini urduryp Gaçyp giden bir näkesiñ ýetiren Zyýanyndan ýañy dynanam bolsañ. Goşuñam arkañda her aý bir ýerde Kireýine ýaşap ýetde-gütdede On ýyllap jaý nobatynda duransoñ Çagalam bir gowy ýaşasyn diýip Ýigrimi-otuz ýyllyk şertnama bilen Ak mermerli belent jaýlañ gatyndan Köpleñ gözi gidýän tünek edinip Süýthorlygy kesp edinen banklara Ömürlik bergidar galanam bolsañ... Ýadyña düşýämi, belki okansyñ? Bardy Krylowyñ suwuñ başynda Duran guzyjugy iýen möjegiñ Hekaýatyn gürrüñ berýän basnýasy: Biçäre guzujyk ölmejek bolup "Möjek aga, günäm näme?" diýende Rehim-şepagatsyz açgöz möjegiñ "Señ günäñ - meñ açlygymda!" diýeni... Özüñi şol guzujygyñ ýerne goý, Meni-de hasap et ýalmawuz möjek. Müñ gaýgy etseñem bir işiñ bitmez Getirmeseñ diýlen puly bahymjak... Düşün, menem toplan bilen pulumy Hum küýzä gapgaryp gömjek bolamok. Özüñiz bilýäñiz, kürsi baky däl Belki bir hepdeden, belki bir ýyldan Bellisi ýok, eger meniñ ýerime Ganymatja emlän birin tapsalar Peşmek ýaly pyzyp goýbermänkäler Süýşürmesem birki million dollary Kim okuwa salar ogul-gyzymy, Kim olary ýerlär gowja wezipä, Kim olara alyp bersin kotteži? Hem gapdaldan ogryn saklap ýörenje Oýnaşyma kim esewan etmeli? Düşün, şepe! Meñem günim señkiden Gowy ýeri ýok. Gaýtam soñky döwürler Söbügim sypdyrman yzarlap ýörler... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |