15:17 Peder / hekaýa | |
PEDER
Hekaýalar
Türkmen adynyñ yzy ata-baba lakamly bolguç. Ata aganyñky hem şeýle eken. Ol irräk döwürde Balkan dagynyñ töwereginden Etrek ýakasyndaky biziñ obamyzyñ çetine göçüp gelipdir. Ýakyn dogan-garyndaşlary bolmansoñmy ýa-da gyrada orun tutansoñmy garaz, oña "ýeke" lakamy berlipdir. Goja yzynda üç gyz, bir ogul galdyryp, bu ýagty jahan bilen hoşlaşýar. Ýöne dirikä, gyzlaryny durmuşa çykaryp, ogluny öýli-işikli edýär. Gyzlar goñşy obalara düşüpdirler. Onuñ "ýeke" lakamly ogly Nepese geçýär. Munuñam aýalynyñ çagasy durman-durman, ýaşy bir çene baranda ogly bolup, ýaş üstünde ýogalýar. Kiçijik Aýragy az mahallyk goñşy gelinler emdirip, garaşyk edipdirler. Soñra Nepes ýekäniñ özi süýt gözlemeli bolýar. Ilki düýe süýdüni berýär. Şorumtyk, güýçli düýe süýdi çaga ýokmaýar. Içini bozýar, ýüzüni çişirýär. Onsoñ bir garry enäniñ maslahaty bilen geçi süýdüni berip başlaýar. Ýuwanrak, tagamly hem ýeñil geçi süýdüni Aýrajyk işdämen içip, ugruny düzeýär. Emma ene mährewliginiñ, perwanalygynyñ öwezini niçik doljak?! Käte çyrlap aglanda, Nepes aljyraberýär. El-aýakda durmajak bolýan pursatlaram döreýär. Şonda gündizine-hä daş çykyp, golaý-goltumda gara-çyra görünmese, öýe girip, bilýän ýekeje bent hüwdüsine ýuwaşjadan hiñlenýär: Mañlaýyñdan öpeýin, Ýumşak mahmal ýapaýyn, Oba giden ejeñi-ow, Men nireden tapaýyn, Huwwa, balam, huwwa, huw! "Aldamaga çaga ýagşy" diýleni-dä, ejesiniñ oba gezmäge gitmänligi belli zad-a. Aýrajyk aglap-aglap, ýadamakdanmy ýa-da peder hüwdüsine imrigipmi, ahyry ymyzganýar. Nepesem egninden agyr ýük düşüren şekilli, uludan dem alýar. Azabynyñ reýgan bolmandygyna şükür edýär. Ýöne ene hüwdüsi bilen peder hüwdüsiniñ deñ däldigi küýüne hem gelenok. Getirjegem bolanok. Bir öýüñ deñesinden geçip gelýärkä, enesiniñ çagasyny hüwdüleýşini eşidip, kürtdürdi. Doly ýatda saklap bilmedi. Eneler bir hüwdini ikinji gezek gaýtalamaýan eken. Şol hüwdä meñzedip özüçe goşdy. Ýogsam, ýedi pyşdynda iki setiriñ başyny gowşuryp bilýän ýokdy. Durmuş adamy şahyr etjek eken: Peder göwnüni ýykman, Aýragym öýde bukman, Bedewini segredib-ow, Duşmanyn çapar hökman. Huwwa, nerim, huw-wa, huw! Ýuwan arlyklaryny ilki-ilkiler öýüñ içinde serdi. Ýöne beýdende wagtynda gurap ýetişmezdi, soñra daşarda serdi. Päheý, utanyp näme? Il-günem bilýär-ä, başga hossarynyñ ýoklugyny? Çyrçykdanam açylmady. Bir gezek gijäniñ ýary geçende irkildi. Daña golaý hähläp, oýandy. Görse, Aýrajyk aglap-aglap daljygyp gidipdir. Özüne käýinip, çaga höre-köşe etdi, düzen hüwdüsine hiñlendi. Ene bolmak ýeñil-ýelpaý däl-ow. Bir saparam öýüne gelip, rehimdar gojanyñ biri şeý diýdi: - Nepes, göwnüñe alma, sen öñem ýeke ýigit. Beýdip, horlanyp ýörme: "Gyz bilen duza gytçylyk ýokdur" diýerdi köneler. Gyz bolmasa-da, dul tapylar. Rugsat berseñ, ugruna çykaýyn. Öz obamyzda-da bilýäñ, Sähet goturyñ dul galan maýa ýaly gyzy bar. Öñräk agzyny ysgamda, Gotur: "Pukara ýer bolsa, beräýjek" diýdi. Aýalsyzyñ dat gününe. Dowzahdyr. Degnä degen garry däl, sen. Öýlen. Örñärsiñem. Nepes pikire çümüp, birhaýukdan soñ jogap berdi: - Tañryýalkasyn, häzir öýlenmek niýetim ýok. Onuñ pikiriçe, öweý ene Aýraga oñly seretmän, hor-homsy saklaýjak ýalydy. "Aý, ýok, Aýragy öýli-işikli edeýin. Onsoñ bir mazalyrak towuk duşsa, alaýaryn-da" diýip, içini gepletdi. Aýragyñ oglanlyk döwri geldi. Ol ürç edip oýnardy. Ynha, bu günem çaý-çöregini edinip ör turdy. Nepes onuñ nirä howlugýanlygyny bilse-de, sorady: - Ugur hanjak, oglum? - Aşyk oýnamaga. - Heýlemi? Oýnasañ, oýna weli, gapydaky geçä peçek ýygyp getireweri. Bolýamy? - Bolýa. - Şo geçiniñ süýdüni içip ulalypdyñ. Ýadyña düşýämi? - Bilýän. - Ol indi garrapdyr. Hurşluk etmeli welin, saña süýt berensoñ, elim baranok. Indi sen oña hyzmat etmeli. Garnyny doýursañ, häzirem süýt berer. Süýtlüdir janawar welin, şu mahal-a owlagynam ekläp bilenok. Aýrak düwdenekläp gitdi. Günortanlar öwrülip boş geldi, Nepes ondan sorady: - Hany, peçek getirmediñmi geçiñe? Aýrak guşuny gaçyran ýaly, gözlerini elek-çelek etdi. Onsoñ az-kem gyzardy-da gönüledi: - Ýadymdan çykaýypdyr-da. - Gaýdyp, beýtme inerim. Aýrak burnuny çekip aşak bakdy. Nepes näme üçindir gürrüñiñ hörpüni üýtgetdi: - Aşyk utduñmy? - Hawa. - Näçe oýnam? - Iki oýnam. - Bo-uw, ökdeläpsiñ-ow. Oglunyñ başyny sypady. Aýrak ýazygyny şol bada unutdy. Gylawlandy. Nepes içini gepletdi. "Ene mährini görmedik çaga-da..." Aýrak ikindinara demi-demine ýetmän, sojap aglap geldi. Köýnegi ýyrtyk, üsti-başy gan. Burnundan häzirem gan akýar. Nepes aljyrap saññyldady. Ol güñleç seslendi: - Wuruşdyñmy? Aýrak baş atdy. - Hany köşeş. Kim wurdy? - Ik... iki boldular. - Köşeş, erkek göbekl-ä sen. Ol sowuk suw bilen Aýragyñ burnuny ýuwup, ganyny duruzdy. Rahatlanmansoñ, ýene sorady: - Kimler, o wuranlar? Sojamasyny goýan Aýrak düşündirdi: - Nazar bilen Seýit. Bir-ä elimi tutup saklady. Beýlekem kenegi bilen burnuma wurdy. - Häý, siziñ bir eşegatalylar... Nepes bu sözleriñ dilinden sypanyny bilmän galdy. Aýrak kem-kemden köşeşdi. Gözleri ar almaga ýardam bermegi sorady. Edenlerini öñünden geçirseñ, olaryñ gaýtalajagy şeksiz. Beýleki oglanlaram gylawlanarlar. Onsoñ Aýragy it ýenjene dönderdiler. Nepes ogluna ýüzlendi: - Başa-baş wuruşsañ, galmarsyñ gerek? - Galmaryn. - Ýör onda! Ataly-ogul tirkeşip ugrady. Nepes öñden, Aýrak yzdan. Ilki Nazarlara barmalydy. Olar daş däldi. Üç gün geçäýmelidi. Seýitleriñ öýleri añyrrakdady. Bular baranda, Nazaryñ ejesi öýde eken. Saglyk-amanlyk soraşmagam unudyp: - Hany ogluñ? - diýdi. - Wiý, Nepes, bi senmi? Mesjemiñ? Gel, geç! - Ogluñ gerek? - Haýsysy? Ýedi dagy bar-a, olar. - Nazaryñ gerek. - Nämetjek, ony? - Iki bolup, Aýragy wurupdyrlar. Başa-baş goýberip göräýjek. - Beýdişip ýörmäli, Nepes. Bilýäs-ä, Aýragy nädip ese-boýa galdyranyñy. Dädesi geler, agşam. Bizem iki bolup, geçeris Nazaryñ daşyna. Gaýdyp, barmagyny batyrmaz Aýtak jana. - Bolýa, onda. - Otur, Nepes, nahar bişýä. - Tañryýalkasyn! - Hany, saklanyñ. Aýal bir gysym kempudy Aýragyñ jübüsine guýdy: - Aýrak jan, hakyllyjadyr, al, beýgim. - Azar edinmesene, Maral. - Aý, azary bolmaz onuñ. Ataly-ogul daş çykyp, Seýitlere ýöneldi. Ýetip barýarkalar, gapylarynda köwejekläp ýören Seýit bulara gözi düşenden öýlerine sümüldi... Nepes bu sapar içerä salam berip girdi. Ýüzi düýäniñ dabany ýaly, galyñ aýalyñ küti dodaklary müñküldedi. Bu Nepesiñ howalasyny basdy. Seýidem ejesiniñ añyrsynda bukulyp otyrdy. Yssy garşylanmajagy sözsüz aýdylsa-da, Nepes ýaýdanybrak habaryny mälim etdi: - Dogmañ Aýragy wur... Aýal onuñ sözüni şarta böldi: - Hawa, uranda näme bolupmyş? Erkek adam halyña şeýdip, aýal üstüne gelip durmalymy? - Onda dädesi hany? - Hudaý saklasyn, Seýidiñ dädesi oglan urşunyñ arasyna düşmez. Nepesiñ boýny buruldy: - Bilýäñ-ä, Aýragyñ ejesi... - Ony Hudaýdan gör. Sakgalyñdan ak girse-de, añ girmändir. - Äýt, heleý, agzyñy ýyg. Sakgala ýetiberme. - Ýetende nädersiñ? Päheý... Ol ör turdy: - Göteril, ýogsa-da milisgäni çagyrýan. - Bar, çagyr, aýjyn! - Waý, il-gün-uw! Sögýär-uw!! - Haýýarlyk edýäñmi? Heýlemi? Ýöne bilip goý. Gaýdyp şeýdäýse, ýere sokaryn dogmañy! - Bo-uw, Görogla bak, Görogla! Seýidiñ dädesi gelsin bakaly. Tomaşany şonda görersiñ! - Goý, gelsin! - Çyk, öýden, pisiñi aşyryp durma. Eý, señ erkek kişi bolaýşyñy. Nepes ýolboýy başyny galdyryp bilmedi: "Ýaman heleýden aždarha gaçanmyş. Wah, heleýe heleý ýagşy sögüşmäge". Aýragyñ enesi elini çermäp duranlygynda, ol aýalyñ dili damagyna giderdi. Bu wakadan ep-esli gün geçensoñ Aýrak gapydan okdurylyp girdi-de, gyşaryp çaý içýän dädesiniñ arkasynda bukuldy. Onuñ bolşy gyrgy gören serçä meñzeşdi. - Näme boldy, oglum? - Seýidi wurdum. - O, nä? - Aşygymy aljak bolup yrsarady. - Nämä gizlenýäñ? - Ejesi gelýä. Nepes ýerinden galanyny bilmän galdy: "Bi, heleýiñ garşysyna gideniñden, Çingiz hanyñ sülsatlaryna baş götereniñ ibaly" diýip pikirlendi. Birden ýene howalasy basyldy. Aýraga göz aýlady. Ol galpyldap otyrdy. Nepesiñ ýüregi awady. Galawutlylak gepledi: - Tur, oglum, beýdip oturma. - Gorkduñ-ä, däde, o heleýden öñki sapar. - Göwnüñedir. Gelsin, bakaly. Nepes ýüz-gözüni buza dönderdi. Galmagallap gelýäniñ sesini eşidip, sakgalynyñ uçlary titreşiberdi. Ol işikden ätledi: - Hany o ýetimçäñ. - Diliñi otuz ikiñden añyrda sakla. Näme boldy? Aýal gañrylyp, gabatdaky Seýidi öñe çykardy: Onuñ köýnegi dilkaw-dilkaw, mañlaýam göm-gök, aşyk ýaly çişipdir. Nepes: "Edenini alnyna getiripdir" diýip, Aýrakdan razy boldy. - Ikiçäk wurşup, asgyn gelen bolsa, özünden görsün. - Bi gezek Maralyñ çöpdüýbüsi Seýit janyñ elini tutupdyr. - Ajymy süýj... Onýança aýal Aýraga topuldy. Lañña galan Nepes güýjüni jemläp, ony itekläp goýberdi. Serrelip gaýdan aýal aýaklaryny depirjikledip, walalaýlady: - Waý, il-gün ýeteweriñ! Bi, dul, sakgaly ütülmiş el urd-uw! Ol birmahal Aýraga "geçi süýdüni ber" diýip maslahat beren Nepesiñ duldegşir goñşusy garry enäni işikde gördi: - Senem şaýat bol! Waý-waý-eý... - Turaweri, gyz. - El urdu-ýeý-ýeý... Ýeýe ýezid-eý... - El uranok, gördüm özüm. Çagasyny gorady. Şaýadam boljakgä, bi ýaşdan soñ. Ol eglip söýget berdi: "Jeren aýyp bor, gyz, tur" diýip az-kem mährewlendi. Jeren gelşi ýaly, galmagallap gitdi. Tupan sowlana döndi. Nepes haşlap dem aldy. - Nepes, oglan-oglanjyk däl-ä, senem. Ýamandan boýuñy satyn alarlar. O heleýiñ aýbygadymdygyny bütin oba bilýär-ä - diýip, çykyp gitdi. Nepes pikire çümüp, ahyry şeýle diýdi: - Aýrak jan, oglum, ertir awa gideli. Onuñ käte köneje hyrlysy bilen aw awlamasy bardy. Bu gezek ol bir okda iki towşan urmagy ýüregine düwdi. Ilkinji gezek gidýän Aýragyñ-da, şähdi açylar. Daşda bolmadyk gumlugyñ añrysynda ulaşýan çaklañja baýyrlyklarda keýikler süri-süri. Olar goş-golamlaryny erkege ýükläp, saba bilen ýola düşdüler. Ukudan oñly açylmadyk Aýrak hatabyñ toýnujagyndan gaýym ýapyşyp otyrdy. Nepes beletje dereleriniñ birinde goş ýazdyrdy. Aýrak dädesiniñ tabşyrmagy bilen, ýeñseden baryp, keýikleri onuñ üstüne ürküzip goýberdi. "Tark"... biri ýykyldy. Şeýdip ikisini urdular. Ertirem dördüsini. Awa gyzygsañ, wagtyñ geçenligem bildirenok. Köze goýanyñda jyzyrdap, duran şarany iýmek Aýragyñ keýpini göterýärdi. Gaýtjak uçurlarynda ol gumreñk tokgarkygy göterip getiräýdi. Ogluna garaşyp duran Nepes ýüzüni keseräk sowup dillendi: - Nireden tutduñ? - Ho-ol, gaýraky dereden. - Goýberäýseñ, nädýä? - Aý, ýok... Aýrak tokgary gursagyna berk gysdy. Ol garaja üzüm şekilli gözjagazlaryny petredip durdy. - Enesi bardyr muñ. Goýberäý, oglum. - Barybir, ulalañda awlarlar. Goýberjek däl. Nepes oña tarap ýöneldi. Aýrak aglamjyrady. Dädesi säginip: "Enäniñ nämedigini bilmese düşünmez, bi" diýip, içini gepletdi-de, oglunyn raýyny ýykmaga bogny ysmady. Birden garşydan tüweleýleýän topbajyk tozan göründi. Nepes oña tarap ümläp goýberdi: - Aýtdym-a, hal-ha, enesi gelýä. - At, däde, ataýsana. Keýik golaýrak gelip, eýläk-beýläk okkessirme geçdi, añyrrak çekildi: - Näme beýdýä, bi? - Al salyp, balasyny äkitjek. Ýa özüni tüpeñledip, ölüme kaýyllygyny sözsüz aýdýa. Garaz, o, tokgaryny halas etmeli. - At onda, däde, ataýsana. E-e-e... - Aýrak aglap başlady: - Hökman wurgun! Oglunyñ göwnüni ýykmagy küýüne getirmeýän Nepes gülle gyrba-gyradrak geçer ýaly, tüpeñlemegi, şeýdibem, ürküzip görmegi ýüregine düwdi. Üstaşyr atsañ, keýigem gorkmaz. Aýrak-da, biler. Birden gaçyp gidäýse? Ogly öýkelär. Göwni synar. Keýik weli, okdurylyp gelýärdi. Garaja burnuna düşen çañjagazlaram görnüp dur. - Bolsana, däde! ... - Tar-rk... Keýik aşyrylyp gitdi. - Alaly, däde. Nepes birbada sesini çykarman, tüpeñini ýygnady. "Gaýdyp, keýik awlamaryn" diýip, tas daşyndan aýdypdy. Ýöne, dilini dişläp, derçigen ýüzüni syrdy oñaýdy. - Haram ölýä, damagyñy çal, tizräk däde. - Tokgaryñ ölen enesi alynmaýa. - Näme diýip? - Şeýle-dä. - Oglan dädesiniñ üýtgän aýylganç ýüzünden çekindimi ýa ynanmadymy, garaz, dymdy. Nepes erkegi idip, ýola düşdi. Çagalyk hunaba ýuwutdyryp, jahyllyga orun berdi... Nepesiñ özem pygamber ýaşyndan geçdi. Aýragy öýli-işikli etmegiñ küýünde. Asyl, Aýragyñ göwün söýlän gyzy dagy bolaýmasyn? Agzyny ysgap görmek gerek. Örän seýrek gelýän aýal doganlarynyñ biri öýüne görme-görşe gelende, ol muny ýañzytdy. Olam ikiçäk galanda Aýraga: - Bally, öýem garañky dur. Nepes gelin edinmek isleýä - diýdi. Aýrak birneme gyzaryp, keçäniñ gülüni dyrmaşdyrdy. Ejekesi dowam etdi: - Habar gatyp ýöreniñ barmy? Aýrak baş atdy. - Kim? - Dawudyñ gyzy. Aýragyñ göwün küýsegini aýal dogany Nepese ýetirdi. Ol muña begenmän, geñirgendi. Gözleri öçügsilenip, ýüzüne kül urlan şekilli boldy. Gulaklarynyñ eşidenine-de ynanmak islemedi. Onsoñ Aýraga gönüledi: - Oglum, Dawudyn gyzyny agzapsyñ. Bilýäñ-ä Jereniñ biz bilen mäşi bişişmänini. - Aý, şony... däde. - Razylaşjagym, gümana. Aýrak sesini çykarman, ýüzüni kese-kese sowdy, dommaryldy. Ýaşulynyñ bady gaçdy. Içinden özüne käýindi: Raýyny ýykman munça gezdim. Bir kel gyrnagyñ üstüne barmakdan çekinip beýtmeli däldim. "Ol özüne teselli bere-bere sähetli gün ýeriñ aşagy bilen Jereniñ öýüne bardy. Ýaýdana-ýaýdana habaryny zordan berdi. Ýogsam: "Birmahalky köne saman agtaryp ýörmälem" diýdi. Jeren gulak asmady. Yzyna it salyp kowdy. Aýrak işiniñ şowlamanlygyny dädesiniñ çytawun, solgun ýüzünden añdy. Öýkeläp, çykyp gitdi. Oñly iýip-içmän, ýaşulysy bilen gepleşmedi. Bu pederi üçin aýylganç urgudy. Ol gözüniñ alnynda horlandy. Barybir, ogul gowşamady. Nepes: "Gaýratyñ bolsa, alyp gaç" diýmäge küýlendi. Ýöne muña-da, dili barmady. Ahyry obada has ýüzliniñ birini öñüne salyp, Jerenlere ikinji gezek bardy. Çekeleşik uzaga çekdi. Nepesiñ tapan adamsy aşa dilewar eken. Jereni yrdy. Ýöne galyñy agyr saldy. Etekletjek boldular. Bolmady. Il-gün bir arkadag. Kim goýun, geçi, çebiş, kimsem keçe, kilim... kömek etdi. Nepesiñ karz alan ýerlerem boldy. Ýöne, Jereniñ öñünde bir gysym bolup kiçelişi welin, ogluny öýerenden soñam ýadyndan çykmady... Ynha, birden uruş turdy. Obada erkek göbekliler azalyberdi. Aýragyñam gitmeli güni bellendi. Şol aralykda oba Sowetiniñ sekretary gabat geldi. Ol: - Nepes aga, harby komissar bilen aram saz. Maşgala ýagdaýy şeýle-şeýle... bir garrysy bar, eklemäge gerek diýsem, alty aý frontdan alyp galar - diýdi. - Ýöne... Nepes oña sowally nazar aýlady: - Bir dowar bermeli borsuñ. - Aý, inim, mugtuna düşse-de galmasyn. Sekretar muny Aýraga aýdan bolmaga çemeli, ol müzzerilip gezdi, dädesine hem kän ýüz bermedi. Nepesem gaçgaklady. Ýöne deñi-duşlary Nazar, Seýit... dagy bilen ugramaly bolanda, gözlerini çygjardyp: "Garryñy unutma, hat ýaz. Paşistlerem gaýgyrma" diýdi. Esli wagt geçdi. Aýrakdan hat gelenokdy. Nepes Nazaryñ, Seýidiñ öýlerinden habar tutdy. Olaryñ her haýsy bir gezek hat ýollapdyr. "Ilerki Ýakubyñ ogly turuwbaşdan jeñe gidipdir. Şondan bärem ýekeje gezegem hat-petek gelmänmiş" diýip, Nepes öz howsalasyny gizläp, gelnine basalyk berýärdi. Gapy jygyldap açylan ýaly boldy. Nepes muña kän pitiwa etmedi. - Däde, salawmaleýkim. Ol bu ses göwnünedir öýtdi. Herhal, başyny galdyrdy. Saç-sakgaly ösgün, egni köneräk güpbüli, üstüne abanyp duran Aýrakdy. Atanyñ öwelen agzy şonlugyna galdy. "Waleýk" diýmäge dili barmady. - Geläýdim, men-ä. - Niçiksi halda? - Gaçdym. Dikelen dädesi yrandy. Ýykylmazlyk üçin ýeri söýgetledi. - Däde, saña dözmedim. Birden frontda bolmaz iş bolaýsa, neslimizden zat galjak däl. Häzir oba süýji ukuda. Serhetden aşaly. Gulaklary gapylara gelen ýaşuly entirekläp ýokary galdy. Ýüzüniñ hamy ýanan ýaly, ýañaklary awuşap gitdi. Saññyldady: - E-e-e... häzirem bir pelle. Aklyña aýlan. Git, puranta. - Wagt az, dañ atar basym. Gyssan. - Häý, señ...köpeý ogly! Bu onuñ ömründe ogluna aýdan ilkinji ýakymsyz sözleridi. Tutynyñ añyrsyndan bürenjekli gelni çykdy: Aýrak oña tarap birki ätdi. - Senem, bi taýdamy? Tiz, bol, serhetden geçmeli! Gelni yza çekildi. Aýrak aýylganç haýkyrdy: - "Bol" diýýän, basymm! Boýun sunmady. Aýrak topuldy. Nepes ara düşdi. Gahary bokurdagyna gelen ogly ony añyrsyna öwrüp, güýçli itekledi. Atasynyñ mañlaýy tärime şaplap degdi. Aýrak gelniniñ eli bilen saçlaryny gabatlap, tutup, süýrekledi. Çala señselän Nepes ol öýden çykanda, özüni raslady. Mañlaýyndan akýan gana üns bermän tärime söýenip, ýerinden galdy. Syryp çuwala bardy. Ondan köneje hyrlysyny alyp, daş çykdy. Aýrak gelniñ ýeñsesine gamany diräp, alyp barýardy. Çöññelişen gözler muny saýgardy. Ogluna töwella edip, adaja seslendi: - Äýt, Aýrak, dolan yzyña. Namartlama. Ogly gulak asman, barha gyssandy. Atasy iñ soñky ýapyşalgasyny aýdyp, elhenç gygyrdy: - A-ata-rynn! Aýrak çylkasyz gülüp goýberdi: - Ba-şar-marsyñ, garry mülhit. - Tarkk... - tüpeñiñ iniñi düýrükdiriji sesi dañyñ alagarañkysyna obany sarsdyrdy... Annatagan NURGELDIÝEW. #edebiyatwesungat | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |