10:25 Pellehana | |
PELLEHANA
Goşgular
Ylgamak kyn. Ýollar durşuna çäge. Sen wagtyňy däl-de, Ädimňi sana. Gyssanýan ýok, Howlugýan ýok ýetmäge... Hawa, Şeýleräk-dä bu pellehana. Irden suwa barýan ulugyz ýaly Aýagyň burnuna paýhasly garap, Seresap ädimläp, Saýhally ýöräp: Gaşyň çytsaň — doňup, Ýylgyrsaň — eräp. Kelebiň ujuny beýniňe sarap, Gidiber külterläp bu täsin ýoly. Büdremegiň mümkin — Zeýrenme ýöne, Mümkin azaşmagyň — Sabyrly bol sen. Köteller, Öwrümler... Bu zatlar köne Olara çykyşyň täzeräk bolsun. Bu kyn ýaryş — Taýynlykly gelmeseň. Bäsdeşem ýok; Çekýänem ýok ýeňiňden. Aýlanyp-dolanyp, Ýetip bilmeseň, pellehanaň özi çykar öňüňden. A sen gudurama sähelçe zada: Sähelçe zat üçin gaşyňam çytma. Bilmedim, Gör haçan ýazylan kada; «Dinden çykanyň hiç, Ilden bir çykma». Ýagşyňy ýamandan ýaşyryp ýaşa; Ýaşa ýamanyňy ýagşydan gizläp. (Ah, ozal-a paltañ degmesin daşa. Degdimi? Çyňsama çykalga gözläp!) Gizle şat bendeden gara günüñi Gizle şat günüňi aglap durandan. Dörjeme ojagyň sowan külüni — Gizle perzendiňi «Hudaýurandan». Gelse işigiňden zürýatsyz bende, Çagalaryň daşarlarda oýnasyn. Bir öýüň bazarna gözi düşende, Başga öýüň mazardygyn duýmasyn... Jany ýanan kişä maslahat salma Agyrdyr, Göterme kişi günäsin... Gaýyn eneňi görmän ýassykdaş alma, «Telpegi aganlañ» diňläp gör käsin. Gara baş ýekedir - Kyn günüñ egme: Aç günüñ şükür et tapanyñ iýip... Garrylyk dert bolup, gonanda egne, Öwünme: "Biz, ynha, şeýderdik!.." diýip. Hawa, Aýagyñdan aslyşýa çäge, A sen barýañ: Garşylyklar güýjeýä. ... Tizräk ulalmagy isleýä çaga, A ulular çagalygyny küýseýä... Guzy diş, Gara saç... Amanat bular. Juda ýowuz bu ýaşaýşyñ şertleri. ... Durmuş diýeniñ bir Jadygöý bolar, Özi saýlar namartlary, mertleri. Şert köpmi? Mert köpmi? Zor bolsañ sana! Ýazylmadyk kanun ýazylandan kän... Hawa Şeýleräk-dä bu pellehana: Ýolda azaşýan kän. Galan ýok ýetmän. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |