12:31 "Perwana" barada bellikler | |
«PERWANA» BARADA BELLIKLER
Edebi tankyt
Halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň «Perwana» powesti «Sowet edebiýaty» žurnalynyň şu ýyldaky 5-6-njy sanlarynda çap edildi. Bu eser okyjylaryň ünsüni bada-bat özüne çekdi. Onuň sebäbem powestiň biziň döwürdeşlerimize, durmuşyň wajyp meseleleriniň birne bagyşlanandygy üçin bolsa gerek. Öz döwürdeşlerimizi – günde-günaşa duşup ýören adamlarymyzy çeper edebiýatda synlamak gyzykly bolýar. Olaryň durmuşynda öz oý-pikirleriňi görýärsiň. Olardan öwrenýärsiň, hereketlerine, gerek ýerinde, düzedişler berýärsiň. Şeýle oý-pikirleri emele getirendigi üçin hem bu eser dogrusynda kelam agyz söz aýtmakçy bolduk. Adatça bizde eser hakda syn ýazmak, pikir ýöretmek ol kitap görnüşinde neşir edilensoň başlanýar. Bu däbe öwrülen hakykatdyr. Şeýle-de bolsa, biz bu «däpden» çykyp, eseriň žurnal neşirine öz belliklerimizi aýtmagy makul bildik. Biziňçe, umuman, şeýle ýörelge «däbe» öwrülse, gaýtam, gowy bolaýjak ýaly. Şu usul ýazyjy üçinem, okyjy üçinem edebiýat üçinem peýdaly bolardy. B.Seýtäkowyň bu eseri söwda işgärleriniň durmuşyna bagyşlanypdyr. Baş gahryman Orazmyrat Saryýew söwda tehnikumyny gutaryp, raýon merkezleriniň birindäki uniwermaga işe barýar. Ol taýýar geýimler satylýan bölümiň müdirligine bellenýär. Orazmyradyň çagalygy ýetimlikde geçipdir. Bar gören durmuşy çagalar öýi, soňra tehnikum. Başgaça aýdanyňda ol durmuş ýoluna, ýaşaýşa ýaňy gadam basýar. Onuň üçinem hemme zat täzelik. Orazmyrat Saryýew ynsan ýaşaýşy diňe zähmet bilen, päk zähmet bilen gurnamaly hem dowam etdirmeli diýen terbiýä ýugrulan ýigit. Ol bolsa gahrymanyň durmuşynda ýönekeý bir krowatdan, çaklaňja stoldan hem oturgyçdan, çäýnekdir käseden başlanýar. Ol häzirlikçe şeýle durmuşa müňde bir gezek razy. Çünki onuň uzak durmuş ýoluny zähmet bilen bezemeli diýen öz ideýasy bar. Ol şoňa hem wepaly. Ýazyjynyň powestde meseläniň hut şu tarapyna düýpli üns bermegi göwne makul. Bu ýagdaý awtoryň gürrüňleri arkaly ündelmän hut gahrymanyň başdan geçirenleri, içgepletmeleri arkaly aňladylýar. Dogry, käýerlerde Orazmyrat gysyljak bolubam başlaýar. Hatda bir gezek yzyna – şähere gaýdarmanam bolýar. Emma onuň alan terbiýesi oňa ýol bermeýär. Mugallymlarynyň, aýratynam, eserde nygtalyşy ýaly, tehnikumyň direktory Meret Garryýewiň atalyk maslahatlary, öwüt-ündewleri oňa «ýürekse» bolýar. Orazmyrat kynçylygy ýeňmeli diýen ýeke-täk pikir bilen ýaşaýar. Ýazyjynyň dogry delillendirişi ýaly, bu onuň hakykat ýoly bolýar. Powestde Orazmyradyň obrazy köp çylşyrymly wakalaryň içi bilen ösdürilýär. Dürli häsiýetdäki dürli dünýägaraýyşly adamlar bilen sataşýar. Ilkinji tanşan adamsy Durdy göni. (Onuň bilen ýolda, heniz iş ýerine barmanka tanyşýar). Diýseň parasatly, adamkärçilikli. Iň esasy zat hem Durdy göni dogry sözli hem arassa. Onuň hem durmuş programmasy öz zähmetiň bilen ýaşap, zamanaňa ak ýürekden hyzmat etmek Şu häsiýetleri üçin hem ol köpçüligiň hormatlaýan adamsy. Bu hoşniýet adam Orazmyrada hem köp oňaýly täsir edýär. Durdy göniniň obrazy biziň gündelik durmuşymyzda duş gelýän ençeme mährem adamlaryň tipi hökmünde eserde-de okyja özüni söýdürýär. Onuň şeýle häsiýetleri Orazmyrada berýän öwüt-nesihatlarynda, özüniň ýolbaşçylyk edýän restoranyna, agşamlaryna boş wagtlarynda işlär ýaly Orazmyrady ykdysatçy edip ýerleşdirende ýüze çykýar. Orazmyradyň şol işiň barlygyndan habaram ýok, meýlem ýok. Emma Durdy göni Orazmyrady atalyk aladasy bilen gurşap, oňa kömek etmek niýeti bilen işe ýerleşdirýär. Bu, elbetde, uly adamkärçiligiň nyşanydyr. Edebi obraz hökmünde awtoryň hem üstünligidir. Eseriň baş gahrymany Orazmyrat Saryýew şeýle adamlaryň kömegi arkaly duş gelen çylşyrymly meseleleri hem üstünlikli çözýär. Bu baş gahrymana duş gelen söýgi, durmuş gurmak meseleleridir. Orazmyrada duş gelen söýgi adatdaky söýgülerden juda üýtgeşik. Başgaça aýdylanda, ol söýgi däl-de, Orazmyradyň daşyna gurulan syk gözenekli tor. Söýgi onuň gaşyna mekirlik bilen gelýär. Bu meseläni çözmekde sähel ýalňyşdygy, Orazmyradyň uly günäleriň üstünden barmagy-da mümkin. Emma onuň päkize terbiýesi, tutanýerliligi bu elhençlikden üstün çykýar. Hemişe gowulygyň garşysynda erbetlik durýar. Bu bir aksioma. Ýöne progressiw güýç ýeňiş gazanýar. Diýmek, durmuşyň akymy haýsy tarapa gitse-de, gowulygy gözleýär. Orazmyradyň daşyna tor gurýanlaram gowulygy gözleýärler ahyryn. Emma... Orazmyrat Saryýewiň işleýän uniwermagynyň direktory Ýarnepes diýseň galp, mekir, öz nebsiniň guly bolup ýören adam. Ol başaryp bilse, halal çörek iýjek adam däl. Ýarnepes durmuşyň bar manysy baýlyk toplamak diýip düşünýär. Onuň öz ogly Atanepesiň ondan ýüz dönderip gitmegi-de şol zerarly. Ýazyjy şu detaly esere girizip köp zat utupdyr. Ýarnepes ýaly tipleri il-güniň ýigrenýändigi tebigy zat. Emma öz oglunyň onda-da hülli-hülli edilip saklanýan oglanyň atasyna garşy çykmagy gyzykly fakt. Atanepesiň beýle etmeginiň sebäbini hem ýazyjy dogry görkezipdir. Ony töwerek-daşy, deň-duşlary gysyp-gowrup barýar. Atanepes bolsa mundan dogry netije çykaryp, atasynyň«depseň deprenmeýän» baýlygy bilen hoşlaşyp gidýar. Bu durmuşda bolýan ýagdaý. Gülem tikenden döreýär ahyry! Ýarnepesiň durmuşynda ýüze çykýan şu aýylganç wakanyň ony ýekeje-de pikirlendirmezligi onuň baryp ýatan zandyýamandygyny kepillendirýär. Bolmasa, guwanyp oturan ýekeje oglunyň ýüzüne gelip, içerisini depip gitmegi Ýarnepesiň içki dünýäsinde harasat gopduranjak ýaly welin, ol beýle zatlar hakynda pikirem etmelidir öýdenok. Ol ýene-de şol baýlyk toplamak hakda täze-täze planlar çekýär. Onuň Orazmyradyň daşyna tor gurjak bolmagynyň baş sebäbi-de şol açgözlük bilen baglanyşykly. Ýarnepes bu plany öz gyzy Aýbölegiň üsti bilen amala aşyrmakçy bolýar. Şu ýerdei hem «söýgüli» kyssa başlanýar. Bu ýerde başga bir mesele, ýagny Aýbölegi durmuşa çykarmak meselesi has öňe sürülýän ýalam bolup görünýär. Sebäbi Aýbölek eýýäm ýigrimi ýaşapdyr. Onuň deň-duşlary öýli-işikli bolupdyrlar. Olaryň gapysyndan bolsa bir adam hem sözaýdyjy gelenok. Ýarnepesiň göwnüne getirişi ýaly, şeýle uly baýlygyň eýesi bolan adamyň Aýyň bölegi ýaly maşgalasy näme üçin bigadyr? Şu mesele hem Ýarnepesi gysyldyrman duranok. Ýöne, esasy maksat: täze işgärine öz gyzyny çatyp bilse, geljekki baýlyklara ýol açmak. Elbetde, ýazyjy bu pikiri köp hetjikläp duranok. Ýöne, geçirilýän çärelerden şu netije anyk ýüze çykýar. Aýbölegiň dünýägaraýşy-da, durmuş baradaky düşünjesi-de edil atasynyňky ýaly. Bularyň pikiriçe, barly adamlaryň çagasy okamalam dälmişin, zähmet çekmelem dälmişin. Bu zatlar diňe ýeter-ýetmez ýaşaýan maşgalalar üçin mahsusmyşyn. Ine, şu hem Aýbölegiň atasyndan alan tälim-terbiýesi. Ol söýgi mesele- sinde-de baýlyk bilen ýigitleriň gözüni gapjak, baýlyga hormat goýmaýana durmuşa çykjak däl. Onuň durmuş tragediýasy şundan ybarat. Bu meseläniň eserde yhlas bilen beýan edilmegi okyjyda uly täsir döredýär. Çünki bu ýagdaýlar biziň gündelik durmuşymyzda duşup duran «gaýmak bilen eklenen» gyzlaryň gözgyny durmuşy ahyryn! Olaryň köpüsiniň ykbalam okyja belli. Aýbölek atasynyň görkezmesi bilen ilde ýok eşikler geýip, altyn-zere bezenip, Orazmyradyň iş ýerine baryp, onuň ýüregini awlamagy başarýar. Her gün dürli geýimler, bezegler içinde şol «ýörişini» gaýtalaýar. Orazmyradyň ünsüni has köp çekmek üçin, ýanyna ýüzüni mama dişlän, horaşarak jorasynam alyp gidýär. Aýbölege bu bihaýalygam atasy öwredýär. Görnüşi ýaly, olar öz maksatlaryna ýetmek üçin adamlary kemsitmekdenem gaýtmaýarlar. Dürli wejeralyklara baş goşýarlar. Bu pirimlerden bihabar bolan Orazmyrat Aýbölegiň günde telim dürli bezenmegine üns bermän duranok. Ol hakda pikirlenýär hem. Bu pikir Orazmyrat olara myhmançylyga baransoň has hem güýjeýär. Muny Ýarnepesiň özi hem aňýar: «Şeýle garyp ýigide meniň öýümiň baýlygy güýçli täsir etmelidi... Agzyny açyp, geň galmalydy. Beýitmedi. Meniň baýlygymy üns bilen synlamady». Eseri okanyňda betniýet, harsydünýä, baýlygy-gazanjy namysyndan, abraýyndan has ýokary goýýan adamlaryň asylly adamlar tarapyndan moral urga sezewar edilmegi hem okyjyny çuňňur pikirlenmäge mejbur edýär. Orazmyrat Aýbölegi näçe söýse-de, olaryň baýlygyndan tutuş ýüz öwürýär. Bulam ýeňiş. Ol Aýbölege öýlense-de, olarda ýaşajak däl. Bulam Ýarnepese urgy. Diýmek, durmuşyň ähli mazmuny baýlyk toplamak bilen kesgitlenmeýär eken. Ýarnepes muňa iň soňunda göz ýetirýär. Ýazyjynyň Orazmyradyň şol matlabyny: özbaşdak ýaşamak, öz zähmetiň bilen ýaşamak ýaly pikirlerini onuň Aýbölek bilen bolan duşuşyklarynda ýüze çykarmagy gaty ýerlikli. Çünki durmuşa dürli düşünje bilen garaýan adamlaryň geljekki ykbalyny diňe olaryň özüniň çözmegine bermeseň, başga güýç täsir edip biljek däldi. Aýbölegiň atasy öz planyny amala aşyryp, Orazmyrady özlerine boýun egdirmekçi. Orazmyrat bolsa muňa çürt-kesik garşy. Bu pikirini ol Durdy göni bilen maslahatlaşanda oňa aýdýar. Diýmek, Orazmyradyň durmuş gurmak baradaky pikiri köpçülige mahsus zat. Muňa Aýbölek Orazmyratdan aýgytly jogap eşidip, paltasy daşa degenden soň düşünýär. Bagtyň gözbaşynyň galplyk bilen ýygnalan baýlykda däl-de, eýsem halallyk bilen çekilen zähmetdedigi powestde düşnükli dil bilen nygtalypdyr. Eserde esasy ündelýän ideýa hem şondan ybarat. Munuň ýaşlaryňdurmuşy bilen baglanyşykly edilmeginiň hem özboluşly sebäpleri bar. Orazmyrat ýaly päkize ahlakly ýaşlar Durdy göni ýaly arassa matlaply adamlardan görelde alyp, olaryň durmuşyna guwansalar, Ýarnepes ýaly öz baýlyklary bilen bile garyp dünýägaraýyşlarynyň içinde ryswa bolup çüýräp barýan adamlara ýigrenç bildirýär. Biziň durmuşymyzdaky mysal alnan Durdy göni öz ýolbaşçylyk edýän restoranynda «gyly gymyldatman» işlese, şonuň bilen bir syrgynda ýaşaýan uniwermagyň direktory Ýarnepes defisit harytlary magazinde satdyrman, öz «şägirdi» Garamyrada gizlin ýol bilen gymmat bahadan satdyrýar. Şol gazanjy hem il arasynda onuň abraýyny döküp, gapysynyň mäkäm ýapylmagyna sebäp bolýar. Şu real kartinalar hem ýaşlaryň hut gözüniň öňünde bolup geçýär. Onuň gymmatly tarapy hem şundan ybarat. Biz şu ýerde ýazyjynyň zehin siňdirip ýazan bu eseriniň şowly taraplary bilen bir hatarda käbir ýetmezçilikleriniň hem bardygyny aýdasymyz gelýär. Powestiň käýerlerinde wakalar juda süýndürilýär. Meňzeş mazmunly sözlemlere hem köp duş gelmek bol ýar. Aýratynam, Aýbölegiň egin-başlaryny, şaý-seplerini taryplanda, bu ýagdaýa köp ýol berlipdir. Eseriň 3, 5, 6, 7, 10-njy bölümlerinde bu hakda öwran-öwran gürrüň edilýär. Bu gaýtalanmalar olaryň galp emlägini nygtamak üçin emele gelse-de, okyjyny ýadadýar. Köpsözlülik emele gelýär. Ýarnepes gyzyny Orazmyrada görünmek üçin gidende ýanyna Bibigüli hem alyp gitmegini sargaýar. Bulam gyzyň birneme bigörkligi Aýbölege kömek eder diýen niýet bilen. Beýle pikiriň Ýarnepes ýaly bihaýa adamyň dili bilen aýdylmagy onçakly geňirgendirmese-de, käýerde awtoryň sözleri arkaly aýdylmagy okyjyda nägilelik döredýär. Şahsyýeti kemsitmek bolmaýar. Powestiň bellenmeli kemçilikleriniň ýene-de biri: ýazyjy gahrymanlary sypatlandyrjak bolanda, birbada olaryň göze ilerlikli ähli zadyny aýdyşdyrýar. Soňra gürrüňiň dowamynda ýene-de şol sypatlary gaýtalaýar. Soňky gezeklerde gahrymanyň diňe adyny, ýa kärini aýtmagam ýeterlik. Mysal üçin, Bibigülüň, Garamyradyň atlaryny agzanda, hatda Aýbölegi sypatlandyranda-da gaýtalanmalar bar. Ýarnepesiň aýalyny kemsidýändigini aýtjak bolanda-da, awtor telim ýerde nygtaýjy sözleri gaýtalaýar. Aýalyň şol içerde hukugynyň ýokdugy gyzynyň şeýle pes kakasyna kybapdaşterbiýelenişinden belli ahyryn. Aýbölegiň soňky duşuşykdan soň, paşmadyk pirimden soň, syrkawlaýşy, onuň sebäbi okyja düşnükli, maňzyňa oturýar. Soňra ejesiniň Atanepeslere özüniň hem Orazmyradyň ýanyna gelmegi gowy tapylan, garaşylmadyk çözgüt. Ýöne şu ýerde ýazyjy Aýbölegi «tanalmaz» ýagdaýda özgertjek bolubam durmaly däl eken. Bu ownuk-uşak kemçilikler eseriň ideýasyna zeper ýetirip duranok. Şeýle-de bolsa, möhüm temadan ýazylyp şowly çykan eser şu kemçiliklerden hem saplansa, örän gowy bolardy. Bular kitap görnüşinde çapa taýýarlananda ýüzugra düzedilmegi mümkin bolan ýetmezler. Hormatly ýazyjy şeýle eder diýen tamamyz hem bar. 1972 ý. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |