1
3
mango
(12.10.2021 10:51)
651
Käte arzuw ummanynda azaşyp, Ýitip giden böleklermi tapmasam, Balykçy mysaly çeññegim oklap, Bu derýadan öz-özümi topladym.
gowy goşgy Gyzylgül hanym. (pikirimçe) böleklere bölünmegiň gorkunç göründi. ýogsa ol bölekler seniň pikir-hyýalyňamdyr welin... ýöne, özüň özüňi derýadan çykarmagyň gyzykly bir zat bolupdyr. --- Sebäbi, bu derýa meñ dünýäm üçin, Adamlardan alysdaky şalykdy.
Allah barada "älemleriň Rabby" diýilýär. şol "älemleriň" diýýän ýerine üns çekesim gelýär. biziň umumy bilýän älemimezem bir topar älemlere bölünýär... asmandaky janlylaryň älemi, toprak astyndaky janlylaryň älemi, suwdakylaryň älemi, jynlar älemi, biziň älemimiz... biziň älemimizde-de näçe ynsan bolsa şonça-da älem bar... gyzylgüliň älemi, mangoň älemi, siziň her biriňiziň älemi.... ol älemleriň ählisini eýesi, terbiýe edijisi, Rabby bar... uly bir älem, kiçijek sanýetmez älemlere bölünýär. hersi tapawutly, hersi goragly, serhetli.... goşgyň soňlamasy bu zatlary kellä getirdi... minnetdar. üstünlikler.
|