POÇTADA
Ýeňsä atan elli ýaşynyň içinde şeýle görmegeý gyzy görmändigini bada-bat aňan Rozy aga gyzy synlap durşuna gulluk edip ýören ogluny ýatlady. Şeýle gyz ogly bilen goş birikdiräýse, oglunyň gelinden tüýs oňjakdygy hakyndaky pikir ony biygryýar tolgundyrdy. Gyzyň owadandygy Rozy aganyň kalbyny gozgalaňa salandygy üçinmi, nämemi, onuň ogul öýermek baradaky arzuwyny ör-boýuna galdyrdy. Nämedir bir zatlar bilen meşgullanyp oturan gyz onuň pikiriçe ýönekeý gyz däldi, duran bir bagtdy. Şonuň üçinem, ol oglunyň gelni bolaýsa, onda onuň gökdäki dileginiň ýerde gowuşdygy boljakdy.
Gapynyň agzynda şeýle pikirlere özüni aldyran Rozy agany oslagsyz çykan gyz sesi aýňaltdy.
– Näme hyzmat?
– Aý, gyzym, ogluma şujagaz sowgady iberäýsem diýýän. Tiz onuň ýigrimi bir ýaşy dolýar. Gulluk edýän ýerine gidäýjek weli, iş-alada bilen wagt tapyp bolanok.
Gyz nämedir bir zada güýmenip durşuna, esli salymdan soň dillendi.
– Biraz garaş.
Ol stoluň üstünde dagaşyp ýatan kagyzlary eliniň tersi bilen bir gyra süýşürdi-de, agras ýerinden turdy. Köp oturyp ýadan borly, keýp edip gerinjiredi. Töweregine perwaýsyzlyk bilen garap, gapdaldaky stoluň üstündäki duran telefonyň trubkasyna el ýetirdi. Nomer saýlap kimedir birine jaň etdi. Ilki yhlasly hal-ýagdaý soraşdy, soňundanam oňa geçen agşamky gören söýgi hakdaky kinosyny birin-birin sozukdyryp gürrüň berdi. Kinonyň wakalaryny gürrüň berip bolandan soň, gürrüňdeşi oňa gülküli bir zady aýdan bolarly, owadan gyz şeýle bir güldi, Rozy aganyň göwnüne bolmasa jaý sarsyp giden ýaly boldy. Ol aljyraňňylygyny biriniň görmeginden howatyr edýän ýaly töweregine gorkuly seretdi, der basan maňlaýyny eliniň tersi bilen howlukmaç süpürdi. Daşaryk çykdy. Köp säginip durmanam şäheriň beýleki çetindäki poçta tarap ugrady. Gyzyň gülküsi poçtadan arany ep-esli açandan soň hem Rozy aganyň gulagyna eşidildi durdy...
1980 ý.
Hekaýalar