PURSATLAR
▶ ATDAŞYM
Atdaşym Atamyrat ikimiz geçen uruşda başdan-aýak bile bolduk. Onda-da Allatagalanyñ eradasy bilen ikimiziñem bitimiziñ burny ganamady. Ýogsam, jan alnyp, jan berilýän ýowuz darkaşlaryñ set müñi başymyzdan geçipdi.
Atdaşym oba oglanlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetli, sada ýigitdi. Gepinde-sözünde, hereketinde birhili haýal-ýagallyk, çekinjeñlik duýulýardy. Ýöne, şonda-da, ol meniñ üçin iñ mähriban hem gadyrdan ýoldaşdy. Mydama jeñe bile girip, elimizden geldigiçe bir-birimize pena bolardyk.
Bir sapar biziñ duran ýerimize şübheli imi-salalyk aralaşdy. Ne duşman öñe süründi, ne-de biziñkiler. Bu haýsy-da bolsa bir ýowuzlygyñ buşlukçysydy. Şonuñ üçin biz gün ýaşyp, göz baglanan çemesi golaýdaku ýalpak jara baryp, nagym gazdyk. Asudalygy ir bilen faşistler bozdy. Birden ýer-zemini sarsdyryp ugran tanklara buýsanýan göçgünbaş leşgerler äsgermezlik bilen örboýlaryna galyp geldiler. Golaýymyza getirmek üçin birbada jogap bermedik. Muña beleñ alan faşistleriñ biri maña tüpeñ çenände, müñ janymdan bir janym galmandy.
- Eý, Alla, ýa Hezreti Ysmamyt ata, herne ýetişeweriñ!
Bar aýdanym şo boldy. Ýoldaşym egnimden basyp, şeýtan çalasynlygyny etdi-de, añrydan ýetip gelen ölüm buşlukçysyny gapyp alyp, yzyna oklady...
Men ajala garşy tedbir tapan Atamyradyñ aşa howply pursatda ýeser emel edenine häli-şindilerem haýranlar galýaryn.
Hangeldi GARABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Hekaýalar