22:48 Pursatlar -2: Ýolda | |
PURSATLAR
Hekaýalar
▶ ÝOLDA Günorta çagy. Tüp yssy. Añrysy gözýetim bilen sepleşýän sähralyk. Çölüñ bagryny zowwam kesip geçýän nowhana. Uzakdan salgym atýan oba barýan ýolda tenha iki sany ýolagçy. Bir-ä men, beýlekisem taýak atym öñden barýan boýy ýeten gyz. Ol erñek-gyrasy bilen dolup-daşyp duran akara ýetip daýandy. Töwerek-daşyna, yzyna-öñüne göz aýlady. Köpri gurnalman, enjamlaryñ çalam-çaş bolup ýatanyna nazary düşende, başyny çalaja ýaýkap, endişä galdy: "Emelsizler-ä, henizem gurnamandyrlar-ow, indi nätse bor?!" diýen terzde bir-ä arna, birem maña gabak asty bilen gözläp goýberdi. Düşündim, ýigriminiñ dälijesi bolup, gelin-gyzlaryñ köýünde ýanyp-bişip ýören boý ýigitleriñ biri bolanym üçin, boýy-syraty, kaddy-kamaty, reññi-roýy gelen nätanyş gyz şo mahal: "Özüñi derýa okla!" diýse-de, men hiç gaýdarly däldim. Şonuñ üçin geplemän, sözlemän, jalbarymy dyzyma deñeç çermäp, suwa girägedin elimi uzatdym. - Gel, bärik, ber eliñi! Ýüzi al-elwan bolup giden gyz ýoluñ yzyna-öñüne nazar aýlandan soñ, näziksiräp elini uzatdy. Onýança men hereketime derñew etmän, "Suwda Süleýman, dagda dalaýman gördüm" diýlenini edip, bilinden iki elimi orap alagadin, bäbek göteren ýalu etdim. Ana, şomaha, aýny şomahal gyzyñ birhili goýazy goñursy ysy burnuma uranda, başym aýlanyp gitdi. Ýöne kelläme gelen aýbygadym pikirden tiz aýñalsam-da, ajaýyp şol pursadyñ tükeniksiz wagta çekmegini däli göwnüm islef etdi. Gyz muny añan bolsa gerek. Gaşyny çytyp, ýüzüni äñşidende, birhili tüýsi üýtgäp gitdi. Onýança gyra çykdyk. Men hil bir uly iş bitiren şekilde bişow bälçirän boldum. - Iş hakyma näme berersiñ, gyz?! Soragyma çöwre düşünen bolsa gerek, gyzyñ ýüzi üýtgäp gitdi. "Şarp". Ýöne şonuñ bilen iş tamam bolmady. Men özüme gelýänçäm, jenan gyz meni otdan alyp, suwa saldy, ýüzüni turşardyp, dodagynyñ ujy bilen şarpyk degen çekgämi göwünsiz ogşanda, begenjimiñ çeni-çaky bolmady: "Hudaý berse guluna, getirip goýar öñüne" diýleni bold-ow bi diýip, birhili mylaýym uýgunlykdan aýñalyp, gabagymu galdyrsam, gyz hol añrydan ädimini ýygjamlap gidip barýardy. Naýynsap melek şonda bir saparam yzyna seretme-dä... Ýöne, näjüre bolsa-da, şol ajaýyp pursat meniñ bagtymyñ binýaty bolupdy... Hangeldi GARABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |