17:56 Pynhan pikirler / hekaýa | |
PYNHAN PIKIRLER
Hekaýalar
Şäheriň bag-bossanlyga bürenip oturan şu künjüniň aýratyn bir ter howasy bardy. Gara baglaryň arasynda gurulan toý mekany bu ýeriň gelim-gidimini gün-günden artdyrýardy. Tutulýan toýlarda aýdym-sazyň owazy, adamlaryň şatlyk-şagalaňy çar tarapa ýaňlanýardy. Bu ýeriň golaýynda gyralary mermer düşekli köl bardy. Mawy asmanyň astynda ýaýylyp ýatan göm-gök kölüň asudalygyny synlap dynç almaga gelýänleriň sany-sajagy ýok. Kenarlary gögümtil mermer bilen jäheklenen kölüň dört tarapynda ösüp oturan daragtlar töwerege salkynlyk ýaýradýardylar. Ol daragtlaryň aşagyna Gün şöhlesiniň düşjek gümany ýok. Emma bir uzynak ýigit indi köp wagtdan bäri daragtlaryň astynda gözüne geýen gara äýnegini çykarman otyrdy. Toý mekany tarapdan bir gyz göründi. Gyzyň agsaýandygy uzakdan hem görünýärdi. Olar belent baglaryň aşagynda goýlan oturgyçlarda mesawy gürrüň edip uzak oturdylar. Oglan gara äýneginiň aňrysynda gizlenen gözüni gyzdan aýryp bilmän otyrdy. Gyz onuň özüne garaýandygyny kän bir aňşyrmaýan ýalydy. Onuň owadan ýüzüne görk berýän şadyýan ýylgyryşlar oglany hem biygtyýar özüne çekýärdi. Emma gyz näme hakda gürrüň berse-de oglan özüne ynjalyk bermeýän pikirlerinden daşlaşyp bilenokdy. Gyzyň garaluw gözleri, saçlaryny örüp goýşy, giň maňlaýy... bularyň bary oglanyň pikirlerini garjaşdyrýardy. «Şunça görk-görmek beripsiň jan Allam! Bir aýagyny şikesli etmänem bilerdiň ahyr. Öňrak bir kitapda şuňa meňzeş agsak gyz barada «Otyrkaň aşyk bolan, turaňda gaçar gider» diýen ýaly goşgy okapdym. Şonda-da bir ýüregim gyýlypdy». Soňra gyz oglana garap: - Hany, baýaky wakany gürrüň bersene- diýdi. - Şol gezek hemmäni gyzyl-gyran edipsiň. Seni gaty dilewar diýip baý öwdüler-ä - Aý ýok ho-ow, beýle bolmagy mümkin däl. - Oglan başyny ýaýkap ýylgyrdy. - Meniň oň ýaly geplemäge söz baýlygymam ýog-a! Şol aralykda oglan ýene oý-pikire çümüp ýetişdi. «Wah-h... Elimden gelsedi, bu gyzyň aýagyny bejerdip bilsedim. Arman ol dogabitdi şeýle eken-dä, wah...» Olaryň arasyna birhowa dymyşlyk düşdi. Sebäbi gyz hem oglana garap, ol hakda pikire çümüpdi: «Wah... her egninde bir adam oturybermeli çynar boýly ýigit. Allajan gül ýüzüne görk berip duran goşa didesini abat edniňde bolaýmaly ahyr. Çagalygyndan bir gözüň Aýa, bir gözüň Güne bakyp dur, bir gözüň şetdaly kakyp dur diýip kän kemsidilensoň indi ulalansoň gara äýnek geýýän boldy biçäre. Şol gara äýnegini gyşyn- ýazyn gözünden çykaryp bilenok» Oglan gyzyň özi hakdaky pikirlerinden habarly ýaly. Dymyp, ýüzüni kese sowup, köli synlan bolup otyr. «He-eý, men şu gyzyň aýagynyň beýlekileriňki ýaly bolup gitmegi üçin bar zadymy gurban etmeli bolsamam gynanmazdym ». Oglan edip oturan pikirlerini jemläp bilmän özüne garap oturan gyza tarap ýüzüni öwürdi. «Ýöne... Eger aýagy şikesli bolmanda meň ýaly çaşy haýrana seredermidi?!» Oglan ýylgyryp uludan dem aldy. Gyz hem onuň ýüzüne garap oturşyna şeýleräk pikir ýöredip otyrdy. «Ah-h... eger gözleri bitin bolanda meň ýaly çolaga gararmydy. Meniň ýaly aýagyny süýräp ýören bagtygara bilen ýolda-yzda pete-pet gelse sowlup geçerdi. Ýekeje joram, boýdaşymam ýog-a meň.» Howzuň mermer kenarynda göm-gök suwa seredip oturan oglan hem, gyz hem bir-birsiniň pikirlerini bilenokdylar. Olaryň ikisi hem bu pikiri ýürekleriniň pynhan ýerinde gizleýärdiler. Pynhan saklaýan pikirleriniň aýan bolmagyndan gorkup, ikisi hem bir-birine hoşamaý ýylgyrýardylar... Belki bu hem olaryň howzuň suwy ýaly köňülleriniň tämizligindendir. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |