06:13 Söz köpeldi, çörek azaldy | |
SÖZ KÖPELDI, ÇÖREK AZALDY
Publisistika
• ýa-da Bahreýn duşuşygynda edilen bellikler Panelde Saud Arabystanynyñ patyşasy Salman bin Abdyleziz (çepde), duşuşygyñ şu ýylky öý eýesi Hamed bin Isa el-Halife (sagda), Arap bileleşiginiñ Manamada geçirilen 33-nji duşuşygynda, 15.05.2024 ýyl / Fotosurat: Mazen Mahdi / AFP Arap dünýäsinde "Bahreýn-1964" bilen "Bahreýn-2024"-iñ arasynda iki parallel ugur bar, ugurlaryñ birinjisi syýasat, oñşuksyzlyk, liderlik ugrundaky göreş we başgalaryñ agalygyna we parahatçylygyna hüjüm etmek, ikinjisi bolsa durnuklylyk we ösüş boýunça öñegidişlikler gazandy. Saud Arabystany Hyzmatdaşlyk geñeşiniñ ikinji ugrundady. Birem monarhiýanyñ elden giderlen, daýanç nokadyny we halkyñ agzybirligini sarsdyran rewolýusioner döwlet agdarlyşyklarynyñ bolup geçen ýurtlary bafdy. Liwiýa we Marokko muña mysal. Yrak we Siriýa ýaly ajaýyp tebigu baýlyklara eýe ykdysadyýetler ýok edildi. Müsür ykdysadyýeti sarsdy. Öñi-ardy ýok çykyşlar nutuklar köpeldi, çörek azaldy, ösüş togtady. Nutuk-söz sözleýiş industriýasy ösdi we iş mümkinçilikleri azaldy. Araplar biri-birlerinden daşlaşdy. Daşarymyz barada aýdanda bolsa, "Sowuk uruşda" ikä bölündiler we Palestinada haýsydyr bir ýeñiş gazanma arzuwy bilen Sowet Soýuzynyñ tarapyna geçdiler, ýöne ol äpet döw hem wagty-sagady gelende dyzyna çökdi oturyberdi. Dünýä üýtgände, özgerende bize garaşmady, pikirimizi-de soramady. Ýewropa ýüzlerçe ýyl geçenden soñ sebitden çykdy, soñra ýüzlerçe ýyla çeken uruşlaryñ yzyndan ýeke-täk ýurda öwrüldi. Onuñ ornuny ABŞ we "ýüñi ýeten" syýasaty aldy. Rewolýusioner liderleriñ arasynda forma we çykyş taýdan "agzybirlige" çagyrylyp başlananda, Arap dünýäsi boýunça umuman alanda diñe şu hakyky we çynlakaý bileleşikler öñe çykdy: Birleşen Arap Emirlikleri we Pars aýlagy ýurtlarynyñ hyzmatdaşlyk geñeşi. Şol ikiarada Oman döwleti täsin imsalalygy başdan geçirýäne meñzeýärdi - geografiki ýerleşişiniñ daşdalygy çatryk nokatlaryndaky jemendeden we günüñ gozgalañlaryndan daşda durmsgyna ýardam edýärdi. Bahreýnem "problemalardan" daşda durmaga synanyşdy. Hatda dartgynlylygyñ we duşmançylyga iterýän ýagdaýlaryñ öñüni almak maksady bilen territoriýasy babatdaky meselesini-de Gaagadaky Halkara suduñ garamagyna goýdy. Döwleti sessiz we asuda dolandyrdylar. Sebit halky häzirem Bahreýne dynç almak ýa-da asudalygyñ hezilini görmek üçin gidýär. Bahreýn has köp gury ýere eýe bolmak üçin häzirem deñiziñ has köp ýerini tutýar. Bu ýer hemmeleriñ halaýan we gowy adamlaryñ synlap göwnüniñ açylýan kiçijik ýurdy. Emma Pars aýlagynda indi galkynyş we ýyldyrym çaltlygynda ösüş babatynda öñ görlüp-eşdilmedik bäsdeşlik bar. Bahreýn indi ýeke-täk birleşdiriji, merjenleriñ gadymy bazary we huşum meni ýalñyşdyrmaýan bolsa, deñiziñ ortasyndaky "Aýn el-Azari" bolan datly çeşme däl. Emma bäsdeşlikde ýeke bir zadyñ ýeri ýok: olam Bahreýniñ adamlarynyñ söýgüsini gazanjak bolmak güýji. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 18.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |