12:05 Roman žanry hakda kelam agyz | |
ROMAN ŽANRY HAKDA KELAM AGYZ
Edebiýaty öwreniş
Edebiýatyň nazaryýeti dersi “roman” diýen düşünjä, şeýle kesgitleme berýär: “Epiki kysymyň uly görnüşi bolan romanyň powestden tapawutlanýan tarapy onda esasy gahrymanlaryň we suratlandyrylýan wakalaryň köp bolmaklygydyr. Başgaça aýdanda, poweste garanda romanda durmuşyň töwerekleýin alnan giň bölegi suratlandyrylýar. Romanda ençeme gahrymanlaryň durmuşy, ideýasy, aragatnaşygy, keşbi giňden suratlandyrylýar. Romanda esasy gahrymanlaryň şu hili köp bolmagy olardaky sýužetiň, kompozisiýanyň hem powestdäkä garanda has çylşyrymly bolmagyna sebäp bolýar.” Şeýlelikde, şu kesgitlemeden ugur alsak romanyň beýleki eserlerden tapawutlylygy şu aşakdakylardan ybarat: 1.Bir ýa-da birnäçe gahrymanyň durmuşynyň ep-esli bölegini şekillendirmeli; 2.Gahrymanlaryň ruhy taýdan özgerişlerini suratlandyrmaly; 3.Sýužet ýordumy, wakalaryň sazlaşygy hökman berk üpjün edilmeli. Göwrüm babatda aýdylanda bolsa, minimalizm stilinde ýazylýan romanlar juda gysga bolýar. Mysal üçin, Erik-Emmanýuel Şmittiň “Oskar we Gülgüne hanym” atly romany bary-ýogy 62 sahypadan ybarat. Iň iri romanlaryň mysaly hökmünde bolsa Marsel Prustyň 1913-nji ýylda ýazyp tamamlan “Ýitirilen wagtyň gözleginde” atly eserini ýatlamak bolar. Bu roman 3031 sahypa göwrümli ekeni. Atajan aganyň (Atajan Taganyň) “Kyrk ýylda ýazylan kitap”-da türkmen edebiýatynda roman ýokdugy hakynda aýdan sözleri barada pikirimi aýtsam, ilki bilen-ä nusgawy düşünjedäki “roman” diýlen žanr, asla häzirki zaman türkmen prozasy, biziň halkymyzyň özeninde emele gelen duýgulary we pikirleri beýan ediş usuly däl. Häzirki beýan ediş usuly bize Günbatardan gelip gowşan. Günbataram roman ýazmak bilen eýýäm takmynan 10 asyra golaý wagt bäri meşgullanyp gelýär. Biziň edebiýatymyz bolsa günbataryň bu önümini ulanyp başlanyna heniz bir asyram dolmady. Onsoňam, edil beýle çürt-kesik: “roman ýok” diýibem bolmazmyka diýip pikir edýärin. Günbataryň romanlary bilen bäsleşip biljek eserlerimiz bar. Mysal üçin, Ýazmyrat Mämmediniň “Şapagy”, Osman Ödäniň “Altynjan hatyny”, Atajan Taganyň “Kesekisi”, Agageldi Allanazaryň “Ojagy”, Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimi”, Hydyr Derýaýewiň “Ykbaly”. Elbetde, bu eserlerdäki intriganyň, döwrüň çylşyrymly ýagdaýlaryny beýan etmegiň häsiýetli aýratynlyklary başga gürrüň. Deňeşdirmek barada ýene-de bir söz: Günbataryň eserleriniň kämilligini nygtaýarys. Elbetde, söz ýok. Kämil. Ýöne, şol bir wagtda-da, Gurbannazar şahyryň: “Gündogar sazyny diňle günbatar, diňlärçeräk bardyr sazy dutaryň” diýşi ýaly, eserlere baha kesmekde-de köplenç tarapgöýlüge ýol berilýän ýagdaýlaryna duşmak bolýar. Mysal, Çingiz Aýtmatowyň “Asyrdan-da uzak güni” kiçijek adamyň içki tragediýasyny görkezmegiň üsti bilen halkyň ykbalyny beýan etmekde, Knut Gamsunyň eserlerinden nämesi kem? Emma, Çingiz Aýtmatowa Nobel baýragyny bermediler. Sebäbi ol şol döwürler Günbataryň antagonisti bolan öz ýaşaýan jemgyýetiniň üstüne tüýkürmedi. Onuň bilen ylalaşmaga we onuň gowusyny gowy, erbedinem mümkin boldugyndan ýumşadyp erbet görkezmäge çalyşdy. Ýa-da meniň şahsy pikirime görä, Warlam Şalamowyň eserleri Solženisynyň eserlerinden müň-ä däl, million esse güýçli, milliard esse çeper realizme ýugrulan. Emma, Günbatar, Şalamowdan wasan (daş heýkel, idol, kumir) ýasamaýar. Sebäbem, Şalamow öz ýaşaýan jemgyýetini terk etmedi. Şol jemgyýet ony hernäçe inkär etse-de, şonuň içinde ýaşamaga çytraşdy. Üstesine-de onuň hekaýalarynda çyp-ýalaňaç hakykat ähli dogrulygy bilen berilýär, Solženisynyň “Arhipelagyndaky” ýaly, özüne saýa berenleriň göwnünden turmak üçin artdyrylyp, bolşundan has mojuk edip ýazylmaýar-da... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |