21:52 Ruhy ezýet | |
RUHY EZÝET
Edebi makalalar
(ýa-da terjimeçi Anna Muhadowyň ömründen bir sahypa) – "Annany ýygnapdyrlar", "halk duşmany" eken" diýen şum habary eşidemizde, öýümizde kyýamat gopdy. Ejem Ogulnuryň aglap-eňräp döken gözýaşlary bagryňy paralaýardy. Bütin Ahal etrabynda atly, abraýly kakam şondan soň aýňalyp bilmedi. Ýürek keseline duçar boldy. Uruş başlanmazyndan üç-dört gün öň şo keseldenem ýogaldy. Daýaw, görmegeý adamdy. Hawa, onsoň, ejem bilen gelnejem zol-zol Aşgabat türmesine gatnap başladylar. Olara bir gezegem Annany görkezmändirler. Diňe Sibire iberiljek wagty ýekeje gezek görkezipdirler. Ejemiň şo gün Aşgabatdan gelip, «Anna tanar ýaly däl. Urlup-ýenjilipdir. Hor» diýip, gözýaş döküp gürrüň berşi ýadymda – diýip, söhbetdeşim Nury Muhadow sözüne dyngy berdi. (Ol tanymal kompozitor. Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty, professor). – Anna tutulandan soň kakam kän içini hümledip gezdi. Obadaşlarymyzyňam köpüsi bizden ýüz öwürdiler diýen ýaly. Günde-günaşa aýdym-saz ýaňlanýan öýümiz ýashana öwrüldi. Kakamyň Moskwa hat ýazdyrýany, özem Staliniň adyna däl-de, Mikoýanyň adyna birnäçe gezek hat ýazdyrýanyny bilýän. Şondan bir ýyl dagy geçensoň Annany araba salyp getirdiler. Ol arabaň içinde süýnüp ýatyr. Özem iňňä sapaýmaly, hor. Ýüzünde-gözünde reňk-pet galmandyr. Ýigrimi bir ýaşly ýigit däl-de, bir mejaly gaçan garry adamyň bar-da. Gijelerine ejemiň ýatman, aglaýan sesi häzirem gulagymda. Anna türmedäki durmuşy hakda gürrüň bermezdi. Sibirde agaç çapyp ýörkä, özüni agajyň basandygyny hemem Aşgabat türmesindäki sülçiniň sapança bilen kellesine kän gezek urandygyny aýdardy. Ol inçekesel bilen keselläpdir. Şo keselem ony alyp ýatdy. *** Ýaňy durmuşyň bosagasyndan ätlän Anna Muhat «halk duşmany» diýlip türmä basylýar. Şo wagtlar ol «Sowet Türkmenistany» gazetinde işleýän eken. Gazetiň redaktory şahyr Oraz Täçnazarow «halk duşmany» hökmünde basylandan soň, döredijilik işgärleriniň hem birtoparynyň daşyna geçip ugraýarlar. Ata Nyýazow, Şaly Kekilow, Hojanepes Çaryýew, Allaberdi Geldiýew, Anna Muhadow... Bu spisogy ýene-de uzaltsa bolardy. Elbetde, döwür galagopludy. Her kim birek-birege müňkürlik duýgusy bilen garamaga başlady. Men 1937-nji ýylyň 26-njy awgustynda çykan «Sowet Türkmenistany» gazetiniň sahypalaryny agdaryp otyrkam «Halkyň duşmanlaryny ahyryna çenli paş etmeli» diýen ýazgyda gözüm eglendi. Ýazgynyň awtory ady belli ýazyjy Beki Seýtäkow. Bu ýazgy şo döwrüň ýüzüni hiç bir düşündirişsiz mälim edýär: «..şeýle duşmanlardan ýene biriniň, Täçnazarowyň ýakyn dosty we onuň pikirdeşi çüýrük liberal Şaly Kekilowyň hem üsti açyldy. Şaly Kekilow Täçnazarowyň bütin antisowet işleri bilen tanyş bolsa-da, onuň bütin hyýanatçylyklaryny bilse-de, ony öz wagtynda paş etmändir we bu-da onuň Täçnazarow bilen pikirdeş bolandygyny pugta tassyk edýär. Şaly Kekilow üsti açylan troskist Ata Niýazow we Çaryýewler bilen dyngysyz arak içip, pýan bolup we her hili ýaramazçylyklar edipdir. Ol haramzadalar bilen birigip, biziň ýoldaşlarymyz hakynda hapa sözler aýdyp gelipdir. Köçeden geçip barýan ýaragly gyzyl esgerleri görkezip, Şaly Kekilow özüniň ýanynda bolan bir adama «şu ýaraglary görýärmiň, bu ýaraglar adam öldürmek üçin öndürilýärler...» diýip, antisowet gürrüň aýdypdyr. Sowet Soýuzynda ýarag goranmak maksady üçin ýasalýar. Biz adam öldürmek maksady bilen ýarag ýasamaýarys diýip gaýtawul berilse hem ol ýene-de bu pikiriniň üstünde durupdyr... Biz mundan buýana hüşgär bolmak bilen, her bir ýere burnuny sokup girip galan duşmanlary we olaryň lagerine geçip, biziň Watanymyza hyýanatçylyk edýän haramzadalary ahyryna çenli paş etmelidiris». Şeýle «paş etmeler» sowet halkyna ýeňil düşmedi. Millionlarça günäsiz adamlar türmelerde çüýredi, olaryň köpüsiniň mazary hem belli bolman galdy. — Biz doganymyz Annanyň nämüçin türmä basylanyny bilmän geldik. Bu hakda Anna hiç haçan gürrüň edip berenokdy. Sorasaňam «Aý, bolýa-da, ýatlamaly-la» diýip oňaýýardy. Onuň nämüçin basylanyny şu ýylyň sentýabrynda bilip galdyk – diýip, Nury Muhadow meniň elime bir kagyzy tutdurdy.. TSSR Içeri işler halk komissarlygynyň üçlüginiň 1938-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndaky karary esasynda Anna Muhadow antisowet agitasiýasyny ýöredendigi üçin on ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Soň onuň işine täzeden seredilipdir we jenaýat işiniň tassyk bolmanlygy üçin ol ýatyrylypdyr. Sprawkada TSSR Prokuraturasynyň 1989-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda çykaran karary bilen Anna Muhadowyň aklanýandygy dogrusynda habar berilýär. – Ine, Anna nepesse ömrüniň iň soňky günlerine çenli göz astyna alnyp ýaşapdyr. Ol segsen altynjy ýylda, altmyş bir ýaşynda ýogaldy — diýip, Nury Muhadowiç uludan demini aldy. • ŞAHYR ANNA GURTGELDIÝEW ÝATLAÝAR: – Atdaş bilen biz köp wagtlap duz-emek bolup gezdik. Örän medeniýetli, salyhatly adamdy. Heniz ýaş ýigitkä nähak töhmediň pidasy bolan atdaşymyz şo ýerde agyr kesele duçar bolupdyr. «Şo kesel zerarly men öz obadaş gyzlaryma-da öýlenip bilmedim» diýip, ahmyr edýärdi. Onuň maňa ýetmiş dördünji ýylyň ýanwarynda Ýaltadan iberen hatyny okap görüň. Şonda onuň ömürboýy çeken hasratyna göz ýetirersiňiz. Ol maňa hatynda şeýle ýazýar: «...Häzir özümi oňat duýýaryn. Belki, ýagşy bolaryn. Ýöne welin geň-taň zat-da, oturyp-oturyp öz günüme hem aglaýaryn, hem gülýärin-munuň yzy-ardy ýok, şo nähoşluk, nähoşluk gidip otyr, gidip otyr. Ýöne nähoşdugym hakynda öýe zat ýazamok, goý, derdimi tenha-täk özüm çekeýin. Şu yhlasly kesel zerarly işläbem bilmedim. Hydyr diýip ýapyşanym hyrs bolýar, oňa-da nerwlerim dartylyp, gaharym gelýär. Belki-de, bu zatlar meň harlyga ýugrulan iglije ömrümiň dergazap paýawydyr?! Köňlüm aýdar: besdir, dünýä saňa dar, Eziz Olgaň ýanna saňa bir öý bar. Häzir ol senden daş, saňa bigäne, Duşuşykdan şirin zat barmydyr jana. Hoşlaş «lälik» saklan zamanaň bilen, Bar-da tapyş mährem zenanyň bilen, Ol seni gujaklap, gözlerin nemlär, Ol seni sypalar, derdiňi emlär!.. Aý atdaş, bu birden joşup ýürekden çykaýýan hakykatyň totudyr, dumanydyr. Oňa kän pikirem bermeli däldir welin...» Goşguda Olga diýýäni onuň aýalydy. Ol ökde çagalar wraçydy. 69-njy ýylda Moskwada ýogaldy. Atdaş ony gaty gowy görýärdi. Ýassykdaşy ýogalansoň köp wagtlap onuň zaryny çekip gezdi. Perzende-de ýüzleri düşmedi pahyrlaň. Bir gezegem şeýle waka boldy «Atdaş, ýagdaýlar niçik?» diýip, onuň hal-ahwalyndan habar almak üçin öýüne bardym. Keýpsiz otyr. — Atdaş, köne kitaplarym bar. Şolary ýerleşdirip bolmazmyka? Men özüm ýeke baryp tabşyrmagy birhili görýän – diýdi. Menem: – Atdaş oň kynçylygy ýok – diýdim. Meň maşynyma münüp, baryp bükinistik magaziniň müdiri bilen gepleşdik. Kitaplaryň köpüsi hiç ýerde tapdyrmaýan kitanlardy. Barybir ony öz bahasyna satyn aldylar. Men öz maşynymda ýedi-sekiz gezek gatnadym. Iki müň manat pul berdiler atdaşa. Ýolda gaýdyşyn hapa bolup: – Görýäňmi, atdaş, men düşen ýagdaýyma – diýdi – ne aýal, ne çaga bar mende, üstesine-de keselbent – diýip, özüniň şeýle ýagdaýa düşmeginiň günäkäri hökmünde otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugyny näletledi. Ömrüniň soňky on bäş ýylyny keseli sebäpli işlemedi. Muň üçin ol pensiýa-da alyp biljekdi welin, nämüçindir şoň ugruna çykmady. Özi üçin baryp bir zat haýyş etmezdi. Hatda özi birnäçe ýyllap neşirýatda wezipeli orunda işlese-de goşgularyny özbaşyna kitap edip çykartmady. Anna Muhat biçak tämiz adamdy. Çaga ýaly arassady. • NURY MUHADOWYÑ ÝATLAMASYNDAN: – Soňky wagtlarda Annaň halys mejaly gaçypdy. Segsen altynjy ýylyň sentýabrynyň ahyrky günleriniň birinde Anna maňa: – Meni Bagyra äkitseň – diýdi. Şo günüň ertesem oglumyň ýylyny bellejek bolamyzsoň, başagaýrakdym. Onuň haýyşyna men: – Bolýa, Anna, ertmän näme. Gidip geläýeris – diýip, ony maşynyma mündürip, dogduk obamyza gitdik. Elbet, adam öňünden bir zatlar syzýandyr-da, ol nebsewürlik bilen mellegiň içindäki baglara syn etdi. Başyny aşak salyp ep-esli dymyp oturandan soň: – Men – diýdi. – Ol ösüp oturan ullakan nar agajyny görkezdi-de – keçe atsalar, şo naryň aşagynda ýatjak – diýdi. Ýatdy, zat etdi. Ep-esli wagtlap gumur-ýamyr edip oturdyk. Agşam howasy çigrek bolansoň, onuň düşegini öýde ýazdyk. Gije birçene baransoň, Annaň ýagdaýyny bileýin-le diýip, onuň ýatan otagyna girdim. «Anna, ýagdaýyň nähili?» diýdim. Ses-seda ýok. Ýanyňa baryp ellerini saklaşdyrdym. Görsem, demi gelenok. Ine, şeýdibem, bir dogandan jyda düşdük. Öz wesýet edişine görä, ony Bagyryň ýokarsynda, beýik dagyň düýbünde jaýladyk. Anna Muhadow türkmen sowet edebiýatynda öz kämil terjimeleri bilen yz galdyrdy. Ol N.Gogolyň, M.Lermontowyň, L.Tolstoýyň, A.Çehowyň, M.Gorkiniň... köp eserlerini türkmen diline geçirdi. Genrih Geýneden, Şandor Petefiden eden terjimeleri türkmen okyjylarynyň göwnünden turdy. Onuň türkmen diline geçiren çeper kinofilmleriniň sany iki ýüzdenem geçýär. Ýok, bu-da hemmesi däl. Biz şu ýazgymyzda Anna Muhadowyň döredijiligi hakda gürrüň etmegi öz öňümizde maksat etmänimizden soň, edilen işler dogrusynda käbir zatlary ýüzugra aýdyp geçdik. Baryp ýigrimi iki ýaşlaryndaka «halk duşmany» diýlip yglan edilen Anna Muhadowyň kalbyna bitmejek ýara salnypdy. Kyrk ýyla golaý wagtlap ol şol ýarany göterip gezdi. Kyrk ýyla golaý wagtlap ol ruhy ejir çekdi. Şol agyr derdini hiç kim bilen paýlaşmadyk Anna Muhadow ony özi bilen bakyýa äkitdi. 1989 ý. Noýabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |