09:36 Saglyk bolsun! / hekaýa | |
SAGLYK BOLSUN!
Hekaýalar
Saçak törki otagda ýazyldy. Özem giňden ýazyldy. Ertekilerdäki waspy ýetirilýän nazu-nygmatly, jürbe-jür tagamly saçaklaram bolubilse şeýlerärdik-le! Iki adam üçin beýle köp zadyň gerek däldigini öý bikesem bilýär. Ýöne oturanyňda oturan şekilli oturmaly! Saçak, ine, şu niýet bilen doldurylypdy. Onsoňam, bu öýde näme kän, dürli-dümen zat kän. Zadyň kändigini bildirmeli ahyryn. Goý, myhman iýsin! Esen Halmedowiç arzyly myhmanyň amatlyja oturmagy üçin pižama çykardy: – Her gezek gelenimde şu pižamany geýenimden soň, özümki ýaly boldy gitdi. – Nury Saryýewiç pökgüje garnyny sypalap, öwrenişen törki otagyna ýöneldi. – Bir hepde duşuşmadyk welin, göwnüme, bir ýyllap duşuşmadyk ýaly bolup dur. Biri-birimize halys öwreişäýipdiris. – Aramyz uzak-da, Esen jan. Ýogsam günde-günaşa duşuşsagam, oturyşsagam boljak. Özüň bilýäň, işden soň: «Oturyşmak üçin» diýip iki ýüz kilometr ýol sökmek aňsadam däl. Ýöne, adam birini küýsese, iki ýüz kilometr dagy hiç zat eken. – Ýassyklardan tirsek edinsene. Ynansaň, birki gün bäri nirede oturyp-turjagymy bilemok. Sekretarşamam: «Size bir zad-a bolýar, Esen Halmedowiç?» diýýär. Oňa hemme zady aýdyp bolýarmy?! Seniň ýanyňa gidibereýinem diýdim. Içim gysyp alyp barýar. Bu ýerde ýürekden oturyp-turşar ýaly ýekeje-de adam ýok. Öz diýen adamyň bilen hümmüldeşip oturmasaňam, oturyşlygyň bahasy kör köpük. – Bir zatlar aýdaýynmy? – Nury Saryýewiç garysyna galyp, arakly bulgury eline aldy. – Aýt, aýt! – Esen jan, onda näme, saglyk bolsun, dostluk bolsun, asmanymyz dury bolsun. Iň erbet günümiz şunuň ýaly bolsun. Içýänimiz ajam bolsa, durmuşymyz süýji bolsun. – Diýeniň gelsin. – Bulgury agzyna ýetiren Esen Halmedowiç gapynyň agzynda eşigi hopul-sopulrak, köne telpegini omrakaý geýnen tokgaja kişiniň ýylgyrjaklap durandygyny görüp, gözlerine ynanmajak boldy. — Bu näme boldugy?! – diýip, ol laňňa ýerinden galdy. – Bumy? Ikimiziň duşuşdygymyz boldy – diýip, iç işikde duran tokga kişi ýylgyrjaklady. – Bäri nädip geldiň? – Gapy açyk eken, girdim. – Gülle, aý, Gülle! – diýip, Esen Halmedowiç gygyrdy. – Ol musor äkitdi. Yzyndan görüp galdym. – Näme hyzmat? – Torsuk jan, tanamadyňm-aý? Gelen myhmanyň habaryny gapydan alyp başladyňyzmy? Mürähediň-zadyň bolmazmy seniň? Ýaman tanalmaz ýaly üýtgäpdirinmi? – Tanadym, şo-o Öwwüje-dä sen! – Dogry, men Öwwüje – diýip, Öwwüje biraz arkaýynlandy. – Gel, geç... – Esen Halmedowiç bu sözi nähili aýdanyny hem bilmän galdy. Diline gelen bu söz üçin özüne müň kerem käýindi. – Ine, munyň başga gep! – Öwwüje Esen Halmedowiç bilen, Nury Saryýewiç bilen elleşip salamlaşdy, saçak başyna geçdi, özüne geňirgenip, soragly bakan göreçlere üns bermedi: – Ýak, walla, Torsuk jan, men-ä senden närazy. Men saňa şony aýtmaga geldim... – Obadaşyňmy? – diýip, goşa per ýassyga tirsekläp ýatan Nury Saryýewiç öý eýesine ýüzlendi. – Obadaşym. – Törki otaga geçip oturypsyňyz-ow. Tapar ýalam däl sizi. – Öwwüje işdämenlik bilen saçaga göz aýlady. – Gaýyn enem-ä meni söýýän eken. «Biz ýaly ýigit tapsa, gaýynlar söýmänem bir görsün!» diýsene, Torsuk?! – Söýer... – diýip, Esen göwünli-göwünsiz jogap berdi. – Torsuk jan, duşuşman ýörenimize näçe wagt bolduka? – Öwwüje birden myhmanyň ýüzüne bakdy. – Men: «Torsuk, Torsuk!» diýip otyryn welin, myhmanyň ýanynda birhili bolaýmasyn? – «Esen Halmedowiç!» diýäý. – Be, Hammy dädemiň ady Halmetdimi? Birinji gezek eşidýän. Esen Halmedowiç diýdiň-ow?! Aý, büý-ä birhili gelşiksiz. Ýöne Esen diýýäýeýin-le. Onsoňam, Torsuk jan, myhmanyň bilen tanyşdyrjak dälmi! – Başlyk... – diýip, Esen Halmedowiç oňa bir käse çaý uzatdy. – Al, çaý iç! – Be, gowy ady bar eken. – Öwwüje omaça gemrip ugran agyr ýüzli kişini synlady. Esen rahatlanyp bilmedi. Töweregine garanjaklady, öwhüldäp demini aldy. – Bir zat getirmelimi? – diýip, Gülle içeri girdi. Öwwüjäni görüp geňirgendi, onuň beren salamyna çala baş atdy. – Hiç zat gerek däl – diýip, Esen Halmedowiç azgyryldy. – Gaharlanmasana, Torsuk. O bendede näme günä bar? Nämäniň gerekdigini soramak – aýalyň borjy. Soramasa, üns bermese, ana, şonda erbet bolardy – diýip, Öwwüje janykdy. – Gülle, sen Torsukdan öýkeleme. Ýaşka-da käte-käe gyzybermesi bardy munuň. Kem zadymyz ýok, arkaýyn bolaý! Gülle Öwwüjäniň sözüni soňlaryna garaşman, beýleki otaga geçdi. Nury Saryýewiç bilen Esen Halmedowiç başlaryny aşak salşyp, nahara güýmenen boldular. Öwwüje oturanlara ýüzlendi: – Näme, dymyşyp otyrys-aý? Hany, şäherli bolsaňyz, nyzyklyja gürrüň tapsaňyzlaň. – Biz-ä gürrüňi senden eşitmekçi. Obada ýaşaýan bolsaň, sende gürrüň köp bolmaly – diýip, Başlyk gözlerini güldürdi. – Bizde näme gürrüň bolsun?.. – Näme kär eden bolýaň? – Meniňkiden oňat kär ýok. – Ady ýokmy onuň? – Nämäniň? – Şol oňat käriň? – Näme üçin ýok. Bar... – Traktor sürýär – diýip, Esen Halmedowiç hüňürdedi. Gürrüň şunuň bilen gutardy. Ýene dymyşlyk. Öwwüje oturlyşygy janlandyrmak isledi: – Başlyk, dogrymy aýtsam, Torsuga käýemäge geldim men. – Bä-ä. Hany, käýesene! – Esen Halmedowiç diýäý. – Öý eýesi obadaşyna gaşlaryny bürüşdirip seretdi. – Esen Halmedowiç diýmeli diýipdiň-ow. Bagyşla! Ýadymdan çykarypdyryn. – Gyzykly gürrüňi özüň tapaýjak ýalyň-la. Öwwüş. – Ha gyzykly bil, ha-da gyzyksyz, Başlyk. Şu şäherjigimizden obamyz on alty kilometr uzaklykda. Pyýada bolanyňda-da aşmaz ýaly aralyk däl. Ýöne biziň Torsugymyz oba köp barmaýar. Baranda-da başlygyň öýünden turup gaýdýar... – Eý, sen-ä kitaplardaky položitel gahrymanlara meňzäp barýaň. – Aýdýanlam nädogrumy? – Dogrudyr-la. – Oba barmaly. Obadaşlaryň arasynda bolmaly. Goý, Esen... Esen Halmedowiç biz ýaly ýaga bulaşyp ýören köne dostlarynyňka barmasyn, ýöne dogan-garyndaşlaryňka baryp, olaryň hal-ýagdaýyny soramaly ahyryn. «Olar haçan öler, ana, şonda ýetişip bararyn» diýip ýörmeli däl. Senem şeýdýän dälsiň, Başlyk. Men Eseniň köne dosty. Şonuň üçinem göni ýüzüne aýdýan. – Oňarýaň. Şeýtmeli. Esen Halmedowiç ýerinden turup, biraz durdy-da, beýleki otaga geçdi. Esli salymdan soň gelip, haşşyldap aşak çökdi. Gapdalynda ýatan gazete güýmenem boldy. Dym-dyrslyk. Öwwüje oýkanjyrap, nämä güýmenjegini bilmedi. Ýanyndakylaryň gürlärine garaşdy. Gürlejege meňzänok olar. Gaty arkaýyn. – Indi men traktor süremok, Esen. – Ösdürendirler-ow seni!.. – diýip, Nury Saryýewiç ýylgyrdy. – «Meni traktorymdan aýyrmaň!» diýip özelenmek özelendim. Etmediler. Garaýaga bulaşyp, garaderimi saçyp ýörmesem bolanok meniňki. – Bä, başlyk saýladylarmy? – Ýok, başlyk, başlyg-a däl. Traktorçylar brigädiniň birgädi. – Baý, ösdüripdirler-ow seni. Ýene bir ýyldan glawinžener bolarsyň. Öwwüje Başlygyň äheňini halamady. Ýuwdundy. – Ýa bir ýyldan başlyk bolaýjakmy? Ha-ha-ha! Baý, gürrüňiň gyzykly seniň, Öwwiş. Özüňem bize: «Gyzykly gürrüň tapyň» diýen bolýaň. «Traktorçylaň brigädi boldum» diýdiň-ow. Onda arassaja gezýänsiň. Işe maşyn gatnadýandyr onda seni? Ha-ha. – Öwwüjede gürrüň kändir – diýip, Esen burnuna salyp gürledi. – Öwwiş, biz degişýäs. Sen ýene birden bizden öýkeläýmegin. Ha-ha! – Nury Saryýewiç gülki gözýaşyny süpürdi. Nury Saryýewiçiň ýaňsyly gürrüňine, gülküsine Öwwüjäniň gahary geldi. Göräýmäge, onuň gülküsi mylaýym, ýakymly. Ýakymly zat hem myrtarlyga öwrülip biljek eken. Başlygyň gülküsi, ýaňsysy üçin Öwwüje bir ýakymsyz söz aýtmaga hyýallandy. Birdenem hyrçyny dişledi. – Öwwüje, çaýam içip otur! – Esen obadaşynyň öňüne çaýly çäýnegi süýşürdi. – Meniň adym Öwwüje däl-de, Öwezmyrat... – «Öwezmyrat» diýdiňmi? Ha-ha-ha! Öwezmyrat! Gowy adyň bar eken. Baý-ba! Häliden bäri aýtman oturdyň. Ha-ha! Öwwüje Başlygyň ýüzüne şeýle bir garady welin, ol gülküsini tapba kesip, çaý içmek bilen boldy. Esen Halmedowiç ellerini owkalaşdyryp ardynjyrady: – Wiý, Öwezmyrat, bir zady aýtmak ýadymdan çykypdyr. Sen şu gün Serdara duşan dälsiň? Obadaşymyz Serdara? «Bir zawodda operator bolup işleýän» diýdi öz-ä. – Süýt zawodynda. – Hä, şol. Gören dälsiň? – Göni siziňkä geldim. – Birki günlükde Serdary gördüm. Şonda ol seni ýatlady. «Öwezmyrady begendirer ýaly gowy habarym bar» diýdi. «Näme habaryň bar?» diýip soramagam gelşiksiz, özi aýtmasa. Men-ä oňa: «Oba gidip geläý» diýdim. «Işim kän» diýdi. Öýüni bilýäňmi Serdaryň? – Bilýän-le? Şu ýerden gitseň, üçünji köçe bolmaly. Be, onuň menlik näme işi barkan-aý? – Bilmedim-dä. Öz-ä: «Hoş habar» diýdi. Öň araňyzda bir gürrüň bolandyr-da. – Ýadyma düşenok... Onda men gideýin, Serdara duşaýyn – diýip, Öwezimyrat agyr ýük gerdeninden aýrylan ýaly, ýerinden ýeňil turdy. – Çaý içip oturmalydyň-da. – Ýene bir sapar ýolum düşende geläýerin. Özüňem gaçyp ýörmän, oba aýlan. Başlyk dostuňam alyp bar. Onuň owadan gülküsi bar eken. Gülküsini diňläp hezil edeli. – Ýör onda, men seni ugradaýyn – diýip, Esen Halmedowiç onuň yzyna düşdi. Uzak eglenmän dolandy. – Ha-ha-ha! Üýtgeşik obadaşyň bar eken. – Nury Saryýewiç arkan düşüp güldi. – Sada-da. Medeniýet görmedik. – O bende seniň bile obadaşlygyna begenýär. – Obalylar şeýle-dä. «Garrylaryň halyny soraýyn» diýip käte oba barýan welin, tanyş-bilişleriň bary ýygnanýar. «Esen Halmedowtç-de, Esen Halmedowiç» diýip daşyňa aýlanýarlar. «Sag-aman işläp ýörmüň? Biz-ä saňa kesesinden guwanyp ýörendiris. Biziň duzumyzy datman gitseň gaty göreris!» diýýärler. Hemmesiniňem saňa işi bar. Olaryň hemmesiniňem işini bitirer ýaly däl, bitirjek bolsaň, şäherdäki gurluşyk edaralaryny oba göçürip eltäýmeli. Obadaşlaryňa ýüz bererligi ýok. Ýüz berdigiň, soň olar öýüňe Çingiz hanyň leşgerleri ýaly, sürleşinip gelýärler. Öýüňde goş basyp ýatyrlar ap-arkaýyn. Şähere gelen seniň öýünde çaýlap gitjek. Bir çaýhana-da ýetişmeýär olara hyzmat edip. Çynymy aýtsam, bizar boldum olardan. – Wah, meniňem derdim seniňki ýaly. Şäherde eli ullakan sumkaly daýza görsem, obamyzdandyr öýdüp bukdakladym ýördüm. Soň bir alajyny tapdym. – Alajyny? – Olary gelmez ýaly etmek isleseň, aýalyňa iňirdäbermeli eken. Öýüňe myhmanyň köp gelip-gelmezligi aýalyňa bagly eken. «Myhmanlara ýüz berýäň, ýogsam gelmezdiler» diýip iňirdäberseň, aýalyň ýarak ite öwrülýär. Asyl, soň öýüňe adam gelenok. – Geň galýan zadym – gelenleriň saňa minneti. Duluňa geçirip goýan birgiden zady bar ýaly. – Ýaranmak görgi olara. – Aý, bolýa-la. Hany, şuny götereli! – Götereli, götereli! – Nury Saryýewiç bulguryna seredip tost aýtdy: – Esen jan, saçaklarymyzyň bereketi egsilmesin! Gatnaşygymyz galmasyn! Asmanymyz dury bolsun. Saglyk bolsun! Günümizi görübilmedigiň iki gözi patlap çyksyn! Dostluk ýodamyza ot bitmesin! – Dogry aýdýaň. Dostluk, gatnaşyk galmasyn! – Esen Halmedowiç aragy gaşlaryny çytyp içdi. – Şu günki dostuň käte ertir duşmanyň bolaýýar. Şeýle bolmasyn hernä. Alty Sähedowiçi örän gowy görýärdim. Bir mekdepde, bir klasda on ýyl bile okadym. Instituty-da bile okadyk. Bile ýaşadyk. Çöregimizi paýlaşyp iýdik. Eşigimiziň azdygyny gyzlara duýdurmazlyk üçin biri-birimiziňkini çalşyp geýdik. Işde-de köp arkalaşdyk. Onuň menden artyk ýeri ýokdy. Soň birden nähili boldy? Bagty çüwüp, ministrlige işe çekildi. Öňki Alty büs-bütin üýtgedi, meniň bilenem gatnaşygyny kesdi. – Ol indi has ulurak welipeli bilen oturyp-turýar, Nury jan. Biz ýaly PMK-nyň naçalünikleri kiçi bolýar oňa. – Esen Halmedowiç başyny ýaýkady. – Onuň ýaly zatlara öwrenişip gitdik. Taýyr ýadyňdamy? Okuwy gyzyl diplom bilen gutarypdy. Hemmämiz oňa ministr bolar öýdýärdik. Şol wagt biz samsyk ekenik. Öň onuň bilen hem içen suwumyz aýry gitmezdi. Wezipesinden pyzyldy welin, näme üçindir, bizden daşlaşdy. Ýogsam men-ä onuň bilen mydama gatnaşyk etmäge taýýar. – Indi näme kär edýärmiş ol? – Otdel kadr öýdýän. Onuňam gatnaşýan adamlary bardyr. Bilýäňmi näme, her kim öz deňi bilen gatnaşar eken. Prorablar ussalaryň oturyşlygyna goşulmaýan eken. Prorablar bilen prorablar, işçiler bilen işçiler oturyp-turuşýan eken. «Gara zähmet çekip, tozana bulaşyp ýörenler» diýjeksiň, ynanaý, şolaryň hem hiç kime göwünleri ýetenok. Her kim özüni dünýädäki ýeke-täk akylly adam hasaplaýar. Işçiler naçalünikleriň, ministrleriň kemçiliklerini tapyp otyrlar. Ellerine ygtyýar berseň, ähli zady düzedäýjege meňzeýärler. – Olar biziňem gürrüňimizi edýändirler, Esen jan: «Hersi bir raýonyň PMK-synyň naçalnigi bolup, gatnaşyk edýärler» diýip?! Goý, gürrüň etsinler! Ýöne biziň gatnaşygymyz ýürekden. Göwün açyp oturyşmak üçin iki ýüz kilometr ýol geçýäs ahyryn her hepdede. Esen Halmedowiç bulgurlary täzeden doldurdy: – Götereli. – Özüňem bir zat diý. Diňe men aýdyp oturmaly bolmaýyn. Ýöne bu ahyrky tost boldugy däldir-how. Ha-ha-ha! – Dogry aýdýaň. Howlugýan ýerimiz ýok. Nury jan, geldiň, gowy boldy. Dostlugymyz galmasyn! Içýänimiz ajy bolsa-da, durmuşymyz süýji bolsun! Iň erbet günümiz şunuň ýaly bolsun! Asmanymyz arassa bolsun!.. Daşardan Öwwüjäniň: «Aýryl alnymdan, aýryl!» diýen gaharly sesi eşidildi. Sesiniň yzysüre özi kürsäp içeri girdi. Oturanlar zöwwe ýerinden galdy. Öwwüje Esen Halmedowiçiň alkymyna dykylyp bardy. Ony gözleri bilen lak-lük ataýarly göründi: – Aldanyň üçin tüf ýüzüňe, ýoldaş Esen Halmedowiç! – Gör, ojagazyň gaharlanan bolaýşyny! – diýip, Esen Halmedowiç Öwwüjäniň yzyndan seredip durşuna, tüýküligi süpürdi. – Ha-ha-ha! – Nury Saryýewiç garnyny tutup, togalanyp, gözlerini ýaşardyp güldi. – Nädenini bileňokmy? Ýüzüňe tüýkürdi. Ha-ha-ha! Hezil berip gitdi ol porsuja birgäd. O-da gaharlanyp bilýän eken-ow?! Sen ony aldapmydyň? – Men nädeýin? «Git!» diýmeg-ä türkmençilikde bolanok. Oba baryp uly gürrüň etjegi bes-belli. Aý, gitdigi bolsun! Gahary näme, özi näme onuň. – Dogry aýdýaň, onuň ýaly samsyk köp dünýäde. Üns berme. – Menem onuň öýüne baramok. Goý, olam meniň öýüme gelmesin! – Hany, indi goýaly-la şol porsujanyň gürrüňini. – Barja keýpimizi-hä aldy näme diýseňem. Täzeden başlamasak bolmaz. Gülle, aý, Gülle! Hyzmata gaýym Gülle ylgap geldi. – Saçagy täzele. Gapydan hut Hudaýyň özi gelse-de goýberme. «Ýok!» diý. – Goýbermen! Oturlyşyk täzeden başlandy. 1987 ý. Osman ÖDE | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |