00:19 Sallançak / hekaýa | |
SALLANÇAK
Hekaýalar
Indi biziň obamyzda-da aýagy gara kaloşly gelinler azaldy. Şonuň üçin hemişekiler ýaly köp çagaly hojalyklar ýok. «Bäşim-ä» agzabam oturmaly däl, «Çary» adynyň ýitenine-de niçeme ýyllar geçdi. Indi şol atlarygündiziň güni eliň çyraly gözleseňem tapjak gümanyň ýok. Olaryň şo hamrak gelinler bilen gidişi-gidişi.Gaýdyp gara bermediler. Ýogsam obamyzda bir obanyň gelniçe gelin bar. Şükür, rysgallaram ýagşy. Ýöne näme üçindir olaryň dörtlän-bäşlän çagany yzyna tirkeýäni ýok. Iki sany gara kelläni dünýä berensoňlar, bolany, goltuklaryndakyny bäbek edinişip ýörler. Bir döwürler, heniz gumly gelinleriň gülli jorapdyr gara kaloşy aýaklaryndan çykarmaýan döwürleri obamyzda gol doly maşgalalar ýaşapdyr. Ogluň sany Dokuzgula ýetipdi. Hatda obamyzda Ondörtgulynyň adyny göteren adamam bar eken. O döwürler gelinler gözedoly bolupdyr. Dünýä ynamly aýak basypdyrlar. Ýekeje günem sallançak boş üwrelmändir. Asla şo döwürler sallançak boş dursa, aýyp görlüpdir. Sallançakdan bir bäbejik düşse, ikinji bäbek münüpdir. Şeýdip, dünýä ýaşaýyş alnyp gelnipdir. Ümmülmez giň sähralar bezelipdir. Sähralaryň iň nepis nagşam gara galpak bäbekler bolupdyr. Şonuň üçinem, bäbekleri hut, sähranyň özi hüwdüläpdir. Sähra hüwdüsi bolsa, hemişe bolşy ýaly tukat hem gussaly bolupdyr. Soň sähra her dogan çaga üçin sözen agajy gögeripdir. Şeýdibem sözen agajy ýaly berdaşly çagalar ösüpdir, kiçijek gumlular döräpdir. Şol döwrüň gelinleri ýowuz tebigatyň özi ýaly sagdyn bolupdyr. Arly gyşy ýekeje don bilen geçiripdirler. Sähel-mähel çyrçygy bilmez ekenler. O ýerim agyrýa, bu ýerim agyrýa diýen söz asla bolmandyr. Äwip-säwip dümew beýleki ýokuşaýsa-da, içine burç atylan unaş derdi bejeripdir. Garry eneler ak gyňaç daňnyp uzakdan-uzak ýaşapdyrlar. Namazlarynyň soňunda ýene obamyzyň köpelmegini−sähralaryň hüwdüsini diläpdirler. Gojalar garry bolansoňlar sähralardan gelýän ajy ýowşanyň ysyna nepeslerini durlapdyrlar. Sähralar bolsa, bir seretseň gyz nazary ýaly ýumşak, bir seretseňem hyjuwdan doly zenan ýüregi ýaly tupanly ýaşaýşy bilen olary söýgüläpdir. Indiki gelinleriň ýany ýerden galanok. Haçan görseň sona syrkaw. Jüýten kempir ony olaryň az çaga dogurýanlygyndan−sallançaklary sähralaryň boş üwreýanliginden görýä. Sähralar seçir-gaçyry halamaýar. Olaryň goltugynda örlejek bolsaň, çöp-çör ýaly köpelmeli. Iňňäbäbegiň sesini eşidip durmasa, janly tebigat sazlaşygyny ýitirýär. Sazlaşyk ýitensoň bela-beterler, her hili görlüp-eşidilmedik kemler köpelýär... Jüýten kempiriň şeýle manydaky sözleri meni gorkuzýardy. Sebäp soňky bir döwür obamyzda bilniksiz çyrçyklar köpelipdi. Ol nägehan ýaşamsylanok, garrynam. Hatda ýaňy dünýäniň gyrasyndan giren neresse çaga-da ýolugýar. Bu bolup geçýän zatlar bu jelagaýlarda görlen düýş bolmansoň, ak saç eneler ýakalaryny tutup elheder edýärler. Gojalar seslerini çykarman, agyr başlaryny yraýar. – Eý, ho, bu ne hekaýat... Onsoň meniň oglan göwnüme, bäbekler köpelse, dertler dep bolaýjak ýalydy. Şonuň üçin käte, heý sowsany köýnegiň öň etegini galdyrýany ýokmuka diýip, aýybam bolsa ogrynça gelinlere seredýärdim. Ýöne olaryň saýgyç ýaly şol birsydyrgyn gezip ýörüşleridi. Bi boluş meniň kijijek oglan ýüregime syganokdy. Onsoň men kimdir biri adalatsyz göwnüme degen ýaly bolýardy. * * * Şol döwürler men durmuşyň täsin bir geň ýodasyna düşüpdim. Haýsydyr bir zat – özüme mydam syn edip ýören ýaly,ýüregimiň golaýynda ýaşaýan ýaly bolýardy. Men onuň nähili heserdigine düşünip bilmän kösenýärdim. Onsoň öz ýanymdan küt-küt kitaplary galdyryp giden ýazyjylar hem, ilki eline galam aljak bolanlarynda şeýle ýagdaýy başlaryndan geçiren bolaýmasyn diýip, kagyz-galama howlugýardym. Ýüregimde düşündirip bolmajak harasat gopýardy. Bolmanda, ýekeje setir, birje jümle ýazasym gelýärdi. Ýöne güýjüm ýetmeýärdi. Käte-de kalbymda püre-pür bolup dursa-da, ony kagyza geçirsem, boş zat bolup duruberýärdi.Şonda men özümiň hiç haçan illeri begendirjek zady ýazyp bilmejegimi bilipdim. Hasam maňa gijelerine kyn bolýardy. Berk çaga ukusyna giden mahalym, möjegiň uwwuldysyna meňzeş, bir hili eýmenç sese gijäniň bir wagty oýanyp Jüýten kempire gysmyljyraýardym. −Ýatyber, bi sähralaryň sesi, ol rahatlyk tapanok... Jüýten kempiriň endirewük sesi meni gorkuzyp gaýyp bolýardy. Onsoň men gorkmajak bolup, kiçijik göwrämi ýygryp aglamajak bolýardym. Ýöne aglaýardym. Göwnüme ol ses ýagty dünýä geljek bolýan, ýöne gelip bilmän kösenýän bäbejikleriň sesi ýalydy. Olar zaryndan-zaryn ses edip, gezekli-gezegine aglaýardylar... Onsoň meniň göz öňüme hemmelere mähirli ýylgyryp duran bäbejikler gelýärdi. Soň men hemme ýerde nurana bäbejikleri görýärdim. Hemem jüýten kempire eşitdirmejek bolup, aglamjyrap pyşyrdaýardym... – Heýem bir çagany ýigrenip bormy... Alla-da köpeleniňi gowy görüpdir-ä... Meniň ýene bir gorkýan zadym, bäbekleriň dogulmasy seýreklänsoň, sähralaryň göwsünde bitýän sözen agajam seýrekleýän ýalydy. Men sözen agajyny gowy görýärdim. Olar guwançly başlaryny asmana uzadýarlar. Häzir bolsa, sähralardan kowlan ýaly ýalňyz otyrlar... * * * Obamyza täze gelin çykyp gelende, gülli joraply, gara köwüşli gelerdi. Men ony görüp, asuda begençden mährim ganan ýaly bolardy. Hem öz ýanymdan indi öňki gara kaloşly gelinler ýaly olam obamyza köp bäbek getirer, onsoň dert-belalar ýok bolar öýderdim. Ýöne täze gelin gaýdyp gelensoň, bahym kaloşyny ýitirim ederdi. Soňam birki çagany yzyna tirkänsoň, oňam sallançagy boş durardy. Şonda men hasam erbet bolardym. Göwnüme obamyza ýene bir bilniksiz kesel geläýjek ýaly bolýardy. Nägehan kesel Gülsün ejä-de per bermedi. Ol haçan görseň dükge düşüp ýa-da maňlaýyny tutup oturandyr. Onsoň meni görüp, hemişe eşidýän sözümi ýene gaýtalardy. −Öwekge, howa bulaşaýdymy? Şu gün-ä kelläm hasam gaty agyrýar, ýogsam iki dermanam atdym... Men ilkinji dogup gelýän ýyldyzy görjek bolýan ýaly depäme seredýärdim. Asmanda ganatlaryny geren ägirt guşa meňzeş täsin sudurly gara bulut görünýärdi. Sähradan enesini emjek bolýan bäbejigiň çyrlap aglaýan sesine meňzeş aglaýan ses gelýärdi. Günler göze ilmeýän ýumakdan çöşlenýän çalymtyk sapaklar ýaly uzyn-uzynbolşup biri-biriniň yzyndan uzalyp gidýärdi. Meniň mekdepde-de bar küýüm-köçäm öz pikirlerimdi. Şonuň üçin mugallymyň berýän sowallaryna-da özümçe jogap berýärdim. −Berdimyradow, gowy görýän zadyň näme? −Bäbekleň sesi... −Ýigrenýän zadyň? −Gülsün ejäniň kelle agyrysy.... Mugallym ylalaşýan manyda başyny atardy. Sebäbi, onuňam kellesi agyrýardy. Sähralar käte gündizki oýundan ýadan çaganyň ýüregi ýaly asuda dem alýardy. Şonda men ol nähilidir bir aýdyň düýş−özem hökman bäbejikler hakyndaky düýş görýändir öýdýärdim. Şeýdibem ol ýüregini ynjaldýandyr diýip pikir ederdim. Käte-de ol bäbekleriň sesini eşitjek bolup diňşirgenýän ýaly bolýardy. Şonda dymma dünýe bilen ylalaşýan ýaly sähralara agyr tukatlyk düşerdi. Bu hasam ýürekgysgynç bolýardy. Şonda men ýowzam bolsa, sähralaryň sesiniň gelip durmagyny isleýärdim. Bardy-geldi, äwip-säwip obamyzda bäbegiň sesi eşidiläýse, meniň oglan göwnüme şol gün sähralar, bagtly enäniň ýüzüne ylhamly seredip, haýsydyr bir tolgundyryjy heňi bilen dünýäniň iň täze adamsyny−ýaşajyk gumlyny huwwalaýan ýaly bolýardy. Şeýle ýagdaý ertesi, birigüni, tä toý pişmesiniň ysy ýitýänçä dowam ederdi. Soň-soňlaram sähralar, ýene bäbek sesini eşitjek bolup, tamakin ýagdaýda ene begenji bilen begenerdiler. Şonda men göýä bir gum-gukluk ýurtdan başga bir şagalaňly ýurda düşen ýaly bolýardym. Soň ýene sähralaryňgamgyn heňi eşidilerdi. Öz sazlaşygyny tapmansoň, janly tebigat ýene möçbersiz hasrata gaplanardy. Onsoň sähralar bilen bile meniň oglan ýüregimem tükeniksiz ýowuz hasrata gark bolýardy. Şeýle pursatda men nähilidir bir gaýgyly aýdymy ýatlap, ýitirimçölüň içine tutduryberesim gelýärdi. Käte ykbal gyňyrragam bolsa, ýylgyrýardy. Men şu gün gulagym bilen bäbek dileýän sesi−obamyzyň gelniniň sesini eşitdim. Bi Göwher gelnejemdi. Ol meni görüp ýalbaryjy äheňde şeý diýdi: − Öwekge, Towmanjana taýjagaz diläweri, sallançagymyzyňam şol boşlugy. Alla ýetim oglanyň dilegini gowy kabul edermiş diýýärler... Göwher gelnejemiň sözi mendenem beter Towmanjyga berk täsir eden borly. Ol çaga höwesi bilen egnindäki ap-ak köýnegini maňa güjeňledi, soňam nähilidir bir mata dolanan «jigisini» aýagynda yralap, ejesine gamgyn garady. Sözen agajynyň gabygynyň özüne gelşişi ýaly, akja köýnek Towmanjyga gelişýärdi. Ýöne entegem ol gaýgyly gözlerini Göwher gelnejemden aýranokdy. Oň gözleriniň hesreti çaganyň gözüne meňzemeýärdi. Göwher gelnejem geçmişindäki gowy zatlary ýadyna salýan ýaly lezzetli hem gamgyn ýylgyrýardy. Şol gün men çaga gözüniň gamgynlygyny ýüregim bilen alyp gidipdim. Garaja öýden daşlaşmankam Towmanjygyň «jigisini» allalaýan sesi – inçejik çaga sesi eşidildi. «Meniň jigim ýatypdyr...» Ol keşp soň-soňlaram gözümiň öňünden gitmedi. Häzirem gözümi ýumsam ilki gum depeleri,guýynyň töweregindäki adamlar, soňam Towmanjygyň uly adamyňky ýaly hesretli nazary göz öňüme gelýär... Şol gün men uzakly gije nämedir bir zatlaryň pikirini edip oturanym ýadymda. Gündogardan garaňkylyk öz perdesini örtüp, ýuwaşja süýnüp gelýärdi. Alysdan daraýy depeler görünýär. Sähralaryň içinden maňa tanyş bolan ýol−düýeleň ýoly süýnüp gidýärdi. Şol ýol bilen dünýäniň iň eziz adamsy− gara kaloşly hamrak gelinler, bir topar çagany yzyna tirkäp bärik – obamyza tarap geläýjek ýaly bolýardy... Ertesi men begençli oýandym –dükanyň agzy adamdan doludy. Ýelli ýetişikliniň ogly nämedir bir zat hakda çyny bilen gürleýärdi. Adamlar gürrüň diňlejek bolup biri-biriniň öňüne süýşýärdiler. Ol obamyzda gazete ony-muny ýazýan ýeke-täk adamdy. Onuň ýazýan zatlaryny yzly-yzyna tirkeseň obamyzdan şähere ýetjek diýip gürrüň edýärdiler. Ýöne şeýle hem bolsa ol henize çenli ýekeje söz aýdanokdy. Oňa derek, şähere ýygy-ýygy gidip-gelensoň, her gezek gelende görüp-eşiden zatlaryny gürrüň berýärdi. Geçen gezek ol haýsydyr bir adamyň gowy hekaýa ýazýanlygy üçin oňa heýkel dikendiklerini aýdanda, men çynym bilen begenipdim. Arada-da şo gezekol şäherde iki gün dagy eglenipdi. Şäherde görlen düýşüň, obada görülýän düýşden has süýjüdigini aýdypdy. Şonda men süýji düýş görmek üçin bolmanda ýekeje gün şäherde ýatmagy oglan göwnüm bilen arzuw edipdim. Belki ol bu gezegem süýji zadyň gürrüňini eder. Şäherşäher boýar. Ol ýerde akylly adamlar ýaşaýar. Akylly adamlar bolsa täzelik tapagan bolýar. Ýöne bi gezek, o hörpden gopulmady. Ol hemmämiziň ýüzümize birlaý seredip çykdy-da, şeýle sözleri agzyndan sypdyrdy. −Nesil bolmasa, ýazyjylyk nämä gereg-äý... Ol sözüni soňlaman, elindäkini zyňyp goýberdi. Kimdir birem ony makullap, ysgynsyz dillendi. −Biz öňem az-a... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |