18:02 Sartryñ öýi nämüçin bombalandy? | |
SARTRYÑ ÖÝI NÄMÜÇIN BOMBALANDY?
Taryhy makalalar
Sartr kyn wagtlarda hakykaty aýtmagy başaran namysjañ intelligentdi. Elbetde, namysjañ ýaşamagyñam çekmeli güzaby bardy. Onuñ öýi bombalandy, "watan dönükliginde" aýyplandy, dürli kemsidilmelere sezewar boldy. Žan-Pol Sartr / Fotosurat: Wikipedia Fransuz edebiýatynyñ we filosofiýasynyñ görnükli wekillerinden Žan-Pol Sartryñ Pariždäki öýi atalygyndan miras galypdy. Bonapart köçesiniñ dik garşysynda ýerleşen kiçijik jaýdaky 42-nji belgili kwartira çepçi intelligentleriñ iñ köp üýşýän gelim-gidimli ýerleriniñ biridi. Başyny Sartryñ çekýän birnäçe belli žurnal şu kwartirada dünýä inipdi. Žan-Pol Sartr Simona de Bowuar bilen birlikde Bu öýe gelip-gidýänlerden Simona de Bowuar bärde belli bir wagta çenli bolupdy. Raýmon Aron, Moris Merlo-Ponti, Alber Kamýu hem bu öýe gelip-gidenleriñ biridi. 1962-nji ýylda Sartryñ bu öýi bombalandy. Aslynda muña Sartryñ özem, başgalaram geñ galmady. Çünki bu teraktdan birnäçe gün öñ fransuz nasionalistleri "Fransuz Alžiri" sloganlary bilen bu öýi her minutda diýen ýaly awtoulag signallaryny berip bimaza edipdi. Sartryñ öýüniñ nämüçin bombalanandygyna düşünmek üçin lentany biraz yza saramaly bolýar. Sartryñ öýüniñ bombalanmagy • Sartr: "Biziñ hemmämiz ganhor!" Ikinji jahan uruşyndan soñ Fransiýa sebitdäki koloniýalaryny ýeke-ýekeden elinden giderip başlapdy. Ellinji ýyllarda Alžirde garaşsyzlyk ugrundaky göreş başlanda fransuz nasionalistleri şobada herekete geçip, Alžiriñ fransuzlaryñ ýeridigini öñe sürdüler. Sosialist ýolbaşçy Fransua Mitteran hasam öte geçip: "Alžir - Fransiýa diýmekdir we Fransiýa öz ýurdunda özünden başga häkimiýeti ykrar edip bilmez" diýse, premýer-ministr Pýer Mendes Mejlisde şeýle diýipdi: - Alžir welaýatlary Fransiýa Respublikasynyñ bir bölegidir. Uzak wagtlap Fransiýanyñ düzüminde bolup geldi we üýtgewsiz ýagdaýda şeýleligine galmalydyr. Olar bilen ata watanymyz Fransiýanyñ arasynda haýsydyr bir bölünişigiñ bolmagyny pikirem etmäñ. Fransiýa gös-göni alžirlilere duýduryş berýärdi we beriljek islendik gaýtawuly ganly görnüşde basyp ýatyryljakdygyny nygtaýardy. Ahyrynda 1955-nji ýylda ýüze çykan "Filippewill wakasy" bilen millionlarça alžirliniñ ölmegine getiren wakalar başlapdy. Sartr bu uruş başlan pursatyndan başlap hakyky intellektuallygyny etdi-de, alžirlileriñ tarapyny tutdy. Köp kişi bolsa Sartry Frans Fanonyñ "Ýer ýüzüniñ lagnatkerdeleri" eserine ýazan sözbaşysy bilen tanaýardy, diñe şol sözbaşynyñ özem azyndan ady agzalan kitapçarak gymmatlydyr. Belki-de, Günbatar dünýäsiniñ şol döwürde ýaşan iñ beýik akyldary bolan Sartr Fanonyñ hakykatlaryny ak adamyñ ýüzüne nädip basýandygyny aýdyp berýärdi. Sartr Fanonyñ agressiýasynyñ añyrsyndaky meýilnamany düşündirende azyndan awtoryñ özi ýaly radikal kesgitlemeleri beripdi: "Bir ýewropalyny öldürmek - bir okda iki towşan urmak, bir gezekde ezýäni bilen ezilýäni ýok etmekdir: yzda bir-ä öli, birem azat adam galar - diri galan adam ilkinji gezek aýagynyñ aşagynda öz ýurdunyñ topragynyñ bardygyny duýar". Sartryñ bu kesgitlemesi nasionalizmiñ ýetjek derejesine ýeten fransuz jemgyýetinde uly gowur turzupdy. Sartr özüne garşy gönükdirilen tankytlara bolsa gaty gödek dilde jogap beripdi: "Agressiýa garşy çykýanlaryñ sypaty ne ajaýyp: ne gurban, ne ezýetkär... Ses berýän hökümetiñiz we doganlarymyzyñ gulluk edýän goşuny gypynç etmezden we hiç hili wyždan azaby duýmazdan genosid edip ýörkä, siz gurban däl bolsañyz, onda hökman ezýetkärsiñiz... passiwligiñiz sizi ezijileriñ hataryna goýmakdan başga maksada hyzmat etmez". Fanon we Sartr Ol kolonizatoryñ absolýut erbetliginiñ üstünde berk tankydy bellikleri etmekdenem çekinenokdy. Kitabyñ sözbaşysyna ýazan käbir bellikleri fransuzlaryñ ganyny depesine urdurjak jynsdandy. Sartr sözüne Günbataryñ koloniallaşdyrmak prosesindäki assimilizasiýa syýasatyny tankyt edip başlaýardy: "Ýewropaly elita ýerlilerden elita gatlak döretmäge girişdi. Olar ýaşlaryñ arasyndan saýlanyp alynýardy, olaryñ mañlaýyna gyzgyn demirler bilen Günbatar medeniýetiniñ tagmalary basylýardy. Agyzlaryna gaba, pöwhe, ýalp-ýulp, içi boş sözler gysdyrylýardy". Ol fransuzlaryñ ikiýüzlüligini we nägileligini gullary saýýan kolonial halklarynyñ erk-ygtyýarynyñ garşysynda nähili gazaba münüşlerini şeýle beýan edýärdi: "Näme! Öz başlaryna gürlemäge başladylarmy? Öz elimiz bilen nämeleri döreden ekenik, seretseñizläñ!" Sartr fransuz jemgyýetiniñ wakalary zorluk bilen basyp ýatyrma teklibine şeýle diýipdi: "Kolonializmiñ bilýän ýeke-täk zady bar - zorluk, agressiýa. Ýerlileriñ bolsa ýeke-täk çykalgasy - ýa gulçulyk ýa agalyk etmek. Siz bu kitaby okanyñyzda-okamanyñyzda Fanona näme peýda? Bu kitap onuñ doganlary üçin biziñ gullaşdyrylan hilegärliklerimizi paş edýär, ätiýaçda başga hilegärliklerimiziñ galmandygyna ynanýaryn". Onuñ bu inçe mesele boýunça ýazan ýene bir eseri bardy: "Biziñ hemmämiz ganhor!" Sartr Alžiriñ Fransiýa degişli ýerdigini öñe süren prezidentiñ agdyraln harby döwlet agdarylyşygyna synanyşygyñ bolup geçen fransuz jemgyýetinde ilkinji nobatda berk kolonial kesgitlemesini berýär we ähli meseläni birküç sany üýtgeşme bilen çözüp biljegini pikir edýän çemeleşmäni şeýle ýañsylaýardy: "Siziñ "täze kolonialistik aladawaç" diýip boljak zada garşy oýanmagyñyzy isleýärin. Täze kolonizatorlar gowy kolonizatorlaryñ we has erbet kolonizatorlaryñ bardygyny pikir edýär. Erbet kolonizatorlaryñ eden jenaýatlary sebäpli koloniýalaryñ ýagdaýy erbetleşipdir. Aldawaç şundady: sizi alyp Alžire aýlaýarlar, halkyñ içindäki gorkunç sepilligi meýletin görkezýärler, erbet kolonizatorlaryñ musulmanlary nädip kemsidişlerini gürrüñ berýärler we şeýle diýýärler: Şol sebäpli-de iñ gowy alžirliler ýaraga ýapyşdylar, olar mundan artyk çydap bilenokdylar. Eger ukyp-başarnyk ýerbe-ýer edilen bolsa şu ynanç bilen gaýdyp gelersiñiz: Alžir problemasy ilkinji nobatda ykdysady problemadyr. Oýlanyşykly reformalar bilen dokuz million adamy eklemeli bolýarys. Alžir problemasy ikinji nobatda sosial problemadyr: lukmanlaryñ sany we derman serişdeleriniñ mukdary artdyrylmalydyr. Alžir problemasy ahyrynda psihologiki problemadyr: Ezýet gören, güzerany pes, okap-ýazyp bilmeýän alžirli hojaýynlarynyñ ýanynda kemsinme duýgusyny başdan geçirýändir. Eger bu üç faktora seredilse, kemsinme duýgusyny gowşadyp bolar: Ýeterlik iýmiti we gowy işi bolsa, okap-ýazmagy bilse pes derejeli adam bolmakdan utanmaga mejbur bolmaz we bizem öñki fransuz-arap dostlugyna täzeden gowuşarys. Gowy kolonizatorlaryñ, birem beýlekileriñ, ýagny erbet kolonizatorlaryñ bardygy dogry däldir. Diñe kolonizatorlar bar. Bolany! Eger şuña düşünsek, alžirlileriñ bu ykdysady, sosial, syýasy sistema garşy nämüçin ilki syýasy göreş başlandyklaryny we hem-ä olaryñ azatlyga gowuşmagynyñ, hemem Fransiýanyñ azatlyga gowuşmagynyñ nämüçin diñe kolonializmiñ ýykylmagyndan soñ döräp biljekdigine düşüneris". Alžiriñ Milli Azat-edijilik uruşy Ahyrsoñunda Sartr öldüriji zarbany urýar. Ol fransuzlaryñ ösen medeniýetiniñ eksplutatirlenýän alžirlilere ullakan haýyr-yhsandygy hakdaky pikire gözüni gyrpman hüjüm edipdir. Fransuzlary ösen añ-düşünjeli, garaşsyzlyk ugrundaky göreşýänleri bolsa yzagalak nadanlar edip görkezýän fransuz reaksionerleriniñ ýüzüne görnüp duran hakykatlary bazyrdadyp basypdyr. Ol fransuzlaryñ alžirlileriñ diline çenli iñ mährem çäklerini biperwaýlyk bilen depgiländiklerini aýdýar: "Şanly medeniýetimiz barada aýdanda, alžirlileriñ bu medeniýeti edinmek üçin aýratyn islegleriniñ bardygyny-ýokdugyny bilýärsiñizmi? Biziñ öz medeniýetimizi olaryñ boýnuna zor bilen dakandygymyzy bilmeýän ýog-a. XIX asyryñ başlaryna çenli hereket eden kanun bilen garaýagyz gullara okap-ýazmagy öwretmegi jezalandyrmak haýbaty bilen gadagan eden kanuna eýe ABŞ-nyñ günorta ştatlary ýaly bihaýalyk bilen hereket edýändigimizi aýdasym gelýär. Emma soñky analizde "musulman doganlarymyzy" okap-ýazyp bilmeýän halka öwürmegi ýene-de başardyk. Alžirde ilatyñ 80%-i häzirem okap-ýazyp bilmeýär. Eger olara diñe biziñ dilimizi ulanmagy gadagan eden bolsak, dogry düşünse bolardy. Emma koloniallaşdyrylan halkyñ taryhy öwrenmeginiñ öñüni almak kolonial režimde öñden gelýän üýtewsiz däpdir: Ýewropada döwlet talaplary dil birligine esaslanýandygy üçin musulmanlaryñ öz dillerine gürlemegi gadagan edilipdi. 1830-njy ýyldan bäri Alžirde arap dili daşary ýurt dili ýaly görülýär. Arap dilinde şindizem gürlenýär, emma gepleşikden dilinden has beter örän gizlin ýazuw diline meñzeýär. Hemmesi şu: Araplaryñ birleşmeginiñ öñüni almak üçin fransuz hökümeti dillerine el urdy". Sartr häzir Gazadaky wakalarda-da görnetin görnüp duran "Günbatar ikiýüzliligini" şu setirler bilen suratlandyrýar: "Ezýet berilen çaganyñ dady-perýatlaryny ini düýrükmän diñläp biljek derejede düýpsüz batgalyga batamzok. Bu dady-perýatlar bir gezek, diñe bir gezek gulagymyza gelip ýeten bolsady, hemme zat şolar ýaly añsatlaşardy, hemme zat nähili añsat düzelerdi. Bize ýagşylyk eden bolup, bu dady-perýatlary basyp ýatyrýarlar. Bizi ýabanylaşdyrýan zoñtarlyk däl, ýigrenç däl. Ýok, bizi içinde saklanýan emeli gapyllygymyz ýabanylaşdyrýar. Döwlet ýolbaşçylary asudalygymyzyñ bozulmazlygy üçin bize bolan ýakynlyklaryny pikiriñi beýan edip bilme erkinliginiñ aşagyny köwlemäge çenli alyp barýarlar: hakykat gizlenýär, ýa-da bulandyrylýar. "Fellahlar" (arap daýhanlary) ýewropaly birini öldürse, uly gazetler bizi hiç zatdan zeper almadyk jesetleri görmekdenem saklamaýarlar. Emma bir arap hukukçysy sütem edýän fransuzlaryñ garşysynda öz janyna kast etmekden başga alaç tapmadyk ýagdaýynda bolsa, bu hadysany bize ýüregimizi agyrtmajak bolup bary-ýogy üç setirde habar berýärler". Sartr kyn wagtlarda hakykaty aýtmagy başaran namysjañ intelligentdi. Elbetde, namysjañ ýaşamagyñam çekmeli güzaby bardy. Onuñ öýi bombalandy, "watan dönükliginde" aýyplandy, dürli kemsidilmelere sezewar boldy. Indi makalanyñ adyndaky soragy gaýtadan bereliñ: Ýogsa-da, "Sartryñ öýi nämüçin bombalandy?" Ýöne şuny nygtamak gerek: şol döwrüñ jemgyýetçilik gowury we fransuz nasionalizminiñ garşysynda Sartryñ duran pozisiýasy göz öñüne tutulanda, ol öýüñ bombalanman galmagy geñ bolardy. Mehmet MAZLUM ÇELIK @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Duşenbe, 04.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||