00:21 Sary sähralaryñ aýdymy / hekaýa | |
SARY SÄHRALARYŇ AÝDYMY
Hekaýalar
Parzdepede eline ok-ýaý alany awçy hasap edilmeýär. Sen awçymyň, miltiň bolsa, ilerki daglara baryp, gär bürgüt Gyzyrgany tutup getir. Şonda seniň Ärmämmetdigiň belli bolar. Gär bürgüdi entek tutup bilen ýok. Ogullanyň kakasy ony ir döwürler tutupdyr diýip gürrüň edýärler. Şo döwürler Parzdepede adamlar uzak ýaşapdyrlar. Ony bürgüt guşuň – Gyzyrganyň gudraty diýip düşünýärler. Sebäp haýsy oba gola salsa, bürgüdiň ruhy şo oba geçip, adamlar bürgüt kimin uzak ýaşaýar. Parzdepäniň Ogullasam kakasy altmyş ýedi ýaşyndaka bolupdyr. Şonda Ogullanyň ejesi utanjyndan tä bäbejikleri aýaklanýança Parzdepä gelmän mak üstünde geçiripdir. Gyzyrgany sag-aman gola salyp bilene, taňryýalkasyn aýtjak kän. Parzdep-ä, Parzdepe o hakda gürrüňem ýok. Heýem, ömri uzaltjak adamy – uly ile ýagşylyk etjek adamy sylaman bolarmy? Onsoňam, ýene bir zat. Ogulla gyzyň kakasynyň ornuny tutan adama biperwaý garamajagy görnüp duran zat. * * * Şol gün güýz gününiň tutuk howasyna siňenler ýene Üpük mergen ikimiz bolmady. Beýlekiler öňňin ýola çykdy. Başga-da, oň gözlegine çykanlar köp boldy. Kim ony goparyp bilse, Parzdepäniň Ogullasyny nesibesinde biläýmeli. Şonuň üçin gidenleriň göz-ä gara daglarda, ýüregi bolsa... – Çaltyrak ýöre, bi ýeri seniň sähraň däl... Meniň dag ýurduny ilkinji ýola görşüm. Şonuň üçin aýagymyň aşagynda ýylmanyp barýan daşlaryň ählijesine oglan bilesigelijiligim bilen seredýärin. Olar biziň sähramyz ýaly mährem görünmeýär, garasöýmez. Her bir gara daş saňa öçli seredýän ýaly... Özlerem şeýle bir kän, şeýle bir kän, göwnüňe bolmasa, ähli ýeri doňňara daşlar eýeläne meňzeýär. Ýöne olaryň biri-birine gol ýapyp oturyşy göwnüňe giňlik salýar. Biziň entegem ýapgytlap gidip oturyşymyz, ýene-de, näçe ýörejegimiz belli däl. Üpük mergen heniz ýola düşmänkäk, keýikleriňem aýagy düşmedik ýerine – gär bürgüdiň mekanyna barmaly boljakdygymyzy ýatlatdy. Gär bürgüt bolsa, has ýokarda – özüne mynasyp ýerde heniz ýörelmedik ýodalarda, ýylçyr gaýalaryň depesinde ýaşaýar. Bir döwürler Üpük mergen haýwan-u-ynsan özüniň dünýä beren nepine görä orun tutmaly diýipdi. Bürgütler uly dünýä has köp zat beren borly... Daýanykly güýz eýýämler ýetip gelipdi. Bi ýeriniň oýy biziň sähramyzyňky ýaly däl, ir güýeýän eken. Şemal jan giren ýowşanlaryň hoşroý ysyny jomartlyk bilen alyp gelýär. Golaý bir ýerden dag çeşmesiniň owazly şildirdisi eşidilýär. Hamana, gyz jorasyna söýgülisi hakda süýjedip gürrüň berýän ýaly. * * * – Näme üçin Allatagala bürgütleriň ömrüni gorkan gargalaryňkydan az berdikä?.. Üpük mergen eşitmeýän ýaly, perwaýsyzlyk bilen ädimini ätleýär. Haçan-da biz dereleriň dar jülgesine düşenimizde, ol ho-ol aşakda maslyk çekeläp duran iki sany şagalyň agzyndan galanyna gultunyşyp oturan bir topar gargany görkezip şeýle diýdi: – Görýärmiň olaryň hantama bolup oturyşlaryny. – Bürgüt kowmuna Taňry näçe ömür beren bolsa, kişä hantama edip bermändir. Bir gün ýaşa – bürgüt bolup ýaşa. Bürgüdiň bir günki soltanlygy, gargalaň bütin ömründen zyýatdyr... Şol gün biz uzak günläp leýli kakanam bolsak, gär bürgüdiň höwürtgesini tapyp bilmedik. Darykmagyň deregine Üpük mergen joşgunly gürledi. – Baryp, ganatyndan tutup gaýdybermeli bolsa, oňa bürgüt diýmezdiler. Bürgüdi diňe bürgütler awlaýarlar... Men minnetdarlygyny sähelçe-de gizlemän oň ýüzüne seretdim. Üpük mergen arkasyny gara daşa ýaplap oturyşyna çilimiň burum-burum bolýan tüssesinden süýji günleriň takdyryny okaýan ýaly gözlerini süzýär. Belki ol häzir Parzdepäni görýändir, belki-de tapylgysyz gyzy Ogullasyny... Dyrnaklam döküldi, çüňküm sürüldi, Onda-da diýmerin, eý bende aman, Bürgüdem men, bürgüt bolup öterin... Bu gamly aýdym maňa tanyşdy. Uzak ilde, kesekiniň golunda bendi bolan oguz ogly, sary sähralary, gök asmany, çyrpynyp gezilen günleri, Parzdepäni, köşek sürlen takyrlaryny küýseýär. Ol hernä asmanda erkin gaýyp ýören bürgüt guşy görende şol aýdymy aýdýar... Aýdymyň soňky setiri hasam gussaly. Ýöne näme üçindir Üpük mergen ony aýtmady. Meniň dodaklarym öz-özümden tapyşdy. «Kysmatym ne hal bolsa-da ýaman...» * * * – Ganatsyzlar gara ýeri depeleşip ýörler. Ganatlylar öz ornunda – ýokarda gezýär. Gör, biz nähili, edil bürgütler ýaly... Bürgüt yzynda gezenler bürgüde meňzeýärler... Üpük mergen meni aşakda galdyryp ýokarlygyna dyrmaşyp ugrady. Men onuň keýpiniň çaglygyndan Gyzyrganyň höwürtgesini tapanlygyny aňdym. Onuň begenji maňa-da goşuldy. Men Üpük mergendenem beter begendim. Ýöne munuň şeýle ýowuz gutarjagyny bilen bolsam ömürem heşelle kakmazdym. Eger biri eli bilen edenem bolsa beýle bolmazdy. Sähelçe salymyň içinde çökgün bulutlar şeýle bir golaýjaga geldi welin, ökjäňi galdyrsaň depäň degermikä öýdýäň. Birdenem güýz ýüňi ýaly iýmeşek bulutlar bü tin tümlügiň üstüni örtüp, dünýe ak boşlugyň içinde ýaly boldy. Indi töwerek şeýle bir aklyga öwrüldi, hamala ähli daşlara urba çalnan ýaly... Bi dag ýurdunyň oýnudy. Dagda her hili ýagdaýlaryň bolýandygyny Üpük mergenden eşidipdim. Awçylaryň ebedilik buzlaryň aşagynda galýandyklaryny, ümür-dumanlaryň üýtgewsiz ýagdaýda bir aýlap, ondanam köp wagtlap saklanýandygy hakynda-da, gürrüň ederdiler. Gadym wagtlarda bir awçy borandan gaçyp gowaga girýär. Soňam, howa sowap, gowagyň agzy ebedilik buzlar bilen örtülýär. Soň şol awçy hakynda gördüm-bildim bolmaýar. – A-h-a-w-w-w!!! Men «haw» diýip ýetişmänkäm, Üpük mergen ýene gygyryp nämedir bir zatlar diýişdirdi. Men bölünip-bölünip gelýän sözlerden onuň asyl-asyl bolup durandygyny hiç zat seljerip bilmänsoň, ne ýokaryk, ne-de aşak düşüp bilýändigini bildim. Ýumruk ýaly oglanyň elinden näme gelsin. Ýalňyz bir zada bil baglap boljak, o-da bahymrak ümrüň sowulmagy. Ýagdaý bolsa gowulanmagyň deregine demsaýyn güýjeýär. Indi alnyňda duran gara daşlaram sermeläp tapmaly. Üpük mergen soňam iki ýolam gygyrdy. Men ýene onuň näme diýýänine düşünip bilmedim. Wagt elhenç gara basýan düýş ýaly haýal geçýär. Töwerek bolsa entegem çaýkanan çal ýaly bolup dur. Men öňler diňe gara zatlardan gorkardym. Häzir ak tümlükden gorkýaryn. Onda-da çynym bilen gorkýan. – A-ho-w-w-w!.. Men jogap edip gygyrdym. Ýöne öz sesimden özüm gorkdum. Häzir meniň ýüregime teselli berýän Üpük mergeniň sesi. Onuň näme diýýänini aňlamasamam sesiniň gelip durmagyny isleýän. Adamyň ýüreginde gorky ýokka, ol asudalygy küýseýär. Häzir bolsa asudalyk ýüregime howp salýar. Üpük mergenden esli wagtlap ses gelmedi. Bi ýagdaý meni öňküdenem beter gorkuzdy. Töweregiň bolsa entegem dymmak bilen haýbat atyşy. Ne yns görünýär, ne-de jyns. Soňam Üpük mergenden ses çykmady. Meniň bogazyma sygdygyndan gygyranymam puç boldy. Uzak ýadawlykdan usurgapdyryn. Adam şeýle bolanda onuň ýalňyz guwanjy düýşi bolar eken. «Mergene aýdaweri, birden... Awuny ile aldyraýmasyn...» Bi Ogullanyň gaýtmankam gulagyma pyşyrdap aýdan sözleridi. * * * – Men Ogullanyň kimi gowy görýänini bilýän!.. Men şeý diýip birküç ýola gygyrdym. Soň ýene gygyrdym. Soň ýene-de... Soňam... – Kimi!!! Ysgynsyzam bolsa ol Üpük mergeniň sesidi. Men sesimi çykarmadym. – Saňa diýýän aýt, kimi gowy görýär? Dünýede adamy ýaşaýşy iterýän güýçler barada eşidipdim. Megerem, şeýle güýçleriň iň çürbaşysy, ertekilerdäki owadandan-owadan edip, beýan edilýän söýgi bolsa gerek. – Aýt diýýän saňa, bol tizräk gürle. Ol kimi gowy görýär? Üpük mergen gaharlanýardy, özelenýärdi, haýyş edip ýalbarýardy. Men muňa gynanýardym. Bu ägirt uly dünýe bilen Üpük mergeni imrindirýän uly güýjüň Ogulladygyna begenýärdim. Üpük mergeniň durmuşynda bolup biläýjek iň aýylganç zadyň bolanlygyna-da, ýatyplar aglaýardym. Gamly pursatdaky aglanan agy, gurakçylykda ýagan ýagyş ýaly bolýan eken... Ýürege düşüjilik bilen uzalyp gidýän wagtlaryň hasaby ýitdi. Indi Üpük mergeniňem sesi gowşady. Ol diňe: – Aýdaýsan-a, aýdaý-da – diýen sözleri neresse çaganyň: – Maňa-da beräý, azajyk beräýsen-e – diýip, özelenişi ýaly, özelenip haýyş edýärdi. Men indi diňe bir zadyň pikirini edýärdim: – Söýgi ýaşasa, ýaşaýyş ýaşar – ýaşaýyş ýaşasa, söýgi ýaşar... Bu ýeke-täk adalatly kanundy. Soň näme bolanyny bilmedim. Gözümi açsam daň şapagy begençli hem sabyrsyz öwşün atýar. Üstesine-de Üpük mergen abanyp dur. Onuň ýüzi hyrsyzam bolsa, garaz ýylgyrýardy. Men begençdenmi, gorkudanmy aglap başladym. Kepäp duran göz bilen pugta gysylan dodakdan gözýaşyň gowudygyna Üpük mergen düşündi. * * * Gär bürgüt Gyzyrgan gola salyndy. Ogullanyňam göwni awlandy. Ýöne onuň bilen Parzdepäniň aladasy gutarmady. Biz ene bürgüt – Gyzyrgan bilen tas ýedi ýyla golaý ýoldaş bolduk. Oguz ilinde däp bolup gelýän ata-baba ýörelgä eýerip, ýedi ýyldan soň ony ýowşanlara jan girip ugranda erkinlige goýbermelidi. Ýöne ol edilmedi. Öňem ýüregi ýaraly Göwher gelnejemiň soňky bolan bäbejigi «kyrkçileden çyksyn» diýlip, – Kesellemän kyrkçileden çykan çaga uzak ýaşaýar diýlip düşünilýär – ony onuň gapysynda örklendi. Honha indi ol boýurganyp urnup dur. Muňa diňe meniň kijijek oglan ýüregim awaýar. Göwher gelnejemiňem öňräkden bäri başyndan başatgyjy aýrylanok. Onsoň men olaryň haýsysyny bijebaşy etjegimi bilemok. Olaňky dogrumy, ýa... Men indi her gün Göwher gelnejemiň ene bürgüdiň öňünde edýän nalyşly sesini eşidýärin. Ony eşitmeg-ä däl, biri gürrüň berse-de iniňi jümşüldetjek. Şonuň üçin men ony bolmalysy ýaly beýan edip bilmejegimden özümi günäli duýýaryn. Gorky diýen zat adamyň üstüni bassa, ol bezgek bolaýýan eken. Göwher gelnejem sähelçe zada dagdy bolupdyr. Bäbejigi aglasa hamana ene bürgüt boşanyp gidäýen ýaly, ylgap onuň duran ýerini barlaýa. Ene bürgüt gozgansa-da, çagasyna bir zat bolaýjak ýaly elewreýär. Häzir ol bütin durky bilen ynanja – ene bürgüde uýupdy. – Şonuň üçin ol bir seretseň, neresse çaga ýaly hamsygyp otyr, bir seretseňem gülüp. Soňky bir döwür bolsa, nähilidir bir hiňlenmäni çykardy. Gyzyrganym bürgüt guşum, Eşitgin sen nalamy meň, Ene bürgüt algyr guşum Aman sakla balamy meň... Aýdym Parzdepä eýýäm uzak ýollar ýaly tükezzybanyna tutdurýardy. Käte-de ol, ýowuz hem zarynlyga öwrülýärdi. Ony diňlesem, bäbejige-de, Göwher gelnejeme-de, ene bürgüde-de nebsim agyrýardy. Hasam ol gijelerine gamgyn ýaňlanýardy. Käte-de men, nalanyň arasyndan düşnükli hem dartgynly sözleri eşidýärdim. – Ene bürgütden, bürgüt guşdan çagama aman diläweriň. Goý, ol meniň şujagazymy bir özüme goýsun... Şeýle sözlerden soň ol, çiňňerilip, şuglasyz ullakan gara gözlerini maňa gönükdirýärdi. Ol gözler Göwher gelnejemiňkem bolsa, meniň üçin ýat, gorkulydy. Şonuň üçin ümdüzine gaçyp gidesim gelýärdi. Käteler ol çirkin sesi bilen gygyryp, tüýs kakynyny tutdurýardy. – Ýetiň, ene bürgüt boşanjak bolýar, ol boşanaýsa, bäbejigim... Kim onuň tanapyny beýle uzaltdy... O sözler meniň oglan ýüregimde ötgür hesreti döredýärdi. Şonuň üçin tanapy ketleltjek bolup, ene bürgüdiň ýanyna ylgaýardym. Ene bürgüdiň gözündäki hasraty görübem ýene Göwher gelnejemlere öwrülýärdim. Öýe girseň-ä, Göwher gelnejemiň haraý isleýji telbe gözleri maňa gönügýärdi, daş çyksamam ene bürgüt ahmyrly, garynçgaý nazar bilen garşy alýardy. Onsoň... Onsoň men durmuşyň äpet tabagyndan çakdanaşa zäher iýen ýaly telbä öwrülýärdim. * * * Ene bürgüdiň örki bir gulaja diredi. Ol indi ne idili towsup bilýär, ne-de daranyp. Tanapyň ujyny sähel uzaltsaň, Göwher gelnejemiň ýüregiňi awundyrýan ýangynly pyşyrdysy eşidilýär. – Birden ol boşanaýsa, bujagazynam... Onsoň meniň ellerim-ä ene bürgüdi bogýar – tanapyny gysgaldýar, dilimem bäbejigiň aman galmagy üçin köne tümmeklere ýalbarýan ýaly oňa ýalbarýar. – Başyňa döneýin, ene bürgüt, öz ruhuňy bäbejige geçir, goý ol bürgüt ruhly uzak ýaşasyn... Şeýdip men ömrümiň iň eziz, iň zabun günlerini başdan geçirýärdim. Şeýle gün kalby päk adamlaram hasrat çekýändir. Men pukarada bolsam, ile garylmaga hakym bardy. Sebäp dözümsizdim. Dözümsizlik bilen nebsi agyrmaklyk maňa ene bürgüdiň hasratly gözlerinden bäri ýoldaş bolup gelýärdi. Belki, has öňräkdir... Şol ýagdaýam meni bet hyýala iterdi. Bu meniň özümi bilelim bäri bilip eden günämdi. Şol gün ene bürgüdiň gözleri ýene maňa süýji agyry bilen seretdi. Ol gussaly gözlerden men oň maňa ýat bolan, hiç wagt duş gelmedik güýji görüpdim. Oňa seredenimde gözümi gyrpmana-da gorkupdym. Bäbejik entek kyrkçilesinden çykmandy. Ýöne men belli-külli karara gelipdim. Garaňky gatlyşdygy ene bürgüdi azat etjegim çynymdy. Men ýüregime düwen zadymy amal etmek üçin ýaramaz düýş görýän ýaly uzakly gün leýli kakyp gezdim. Agşam, pyçak tanapa ýetiberende, öýden ýarawsyz bäbejigiň zägildisi eşidildi. Yz ýanyndanam edil erteki aýdyp berýän ýaly Göwher gelnejemiň mylaýym hüwdi sesi çykdy. Soň hüwdüniň sesi gamgyn aýdymyň tukat owazy bilen utgaşdy. Tanap kesilmän galdy. * * * Sähradan maňa tanyş bolan ys – ajy ýowşanyň ysy gelýärdi. Ene bürgüdi indi saklasaň günädi. Ýöne bäbejigiň çileden çykmagyna ýene üç gün galypdy. Dünýede bet iş etmek ýaly myrtar zat ýok borly. Ynha bu günem men, gadym ertekileriň döreýän ýerine barýan ýaly gidip barýaryn. Sary sähralaryň ümsümligi sessiz aýdym bolup ýüregime guýulýar. Haýsydyr bir ýalta it – megerem Baltakdyr ýaramaz üýrüp, ümsümlik bilen biderek ýaňkalaşdy. Ho-ol alysda meniň ýeke bolşum ýaly ýalňyz Aý görünýär. Akmaýanyň ýolam edil oguzlaryň bil guşagy kysmy uzalyp ýatyr. Men gijeligem bolsa, ene bürgüdiň gözündäki begenji görüp ýetişdim. Ertesi Üpük mergeniň bar aýdan sözi şu boldy. – O seniň işiňmi? * * * Gije ýene öz ertekisini otardy... Öwezmyrat ÝERBENDI | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |